bölüm 1013, süre Säff , aýat 1-6
bölüm 1013, süre Säff , aýat 1-6
برنامه تفسیر نور (صف1)
1013
Säff süresi
Mumtähene süresiniň gutarmagy bilen biz bu gepleşikden gurhan kerimiň mübärek säff süresiniň tefsirini başlamakçy bu süresiniň tesirini başlamakçy bu süre medinede inip onuň 14 aýaty bardyr bu süräniň aýatlary köplenç yslamdan arka çykmak we hudaý ýolunda jyhad etmek hakdadyr .
Säff süresi, 1, 2 we 3-nji aýatlar:
سَبَّحَ لِلَّهِ مَا فِی السَّمَاوَاتِ وَمَا فِی الأرْضِ وَهُوَ الْعَزِیزُ الْحَکِیمُ ﴿١﴾ یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا لِمَ تَقُولُونَ مَا لا تَفْعَلُونَ ﴿٢﴾ کَبُرَ مَقْتًا عِنْدَ اللَّهِ أَنْ تَقُولُوا مَا لا تَفْعَلُونَ ﴿٣﴾
<< asmanlarda we zeminde bolan zatlar allaga tesbih aýdýarlar we ol ýeňilmez we hekimdir.// eý iman getiren adamlar! näme üçin amal etmeýan zatlaryňyzy aýdýarsyňyz?// bir zady aýdyp-da oňa amal etmeseňiz ol hudaýyň gahar- gazabyna sebäp boljakdyr.>>
Bu süre hem beýleki kä bir süreler ýaly allaga tesbih we sena aýtmak bilen başlanýar we hakykat ýaradylmyş äleminde bar bolan bütin närseleriň allanyň her hili aýyp ýetneçilik we kem- köstlikden päkdigini şeýlede zulumdyr nadanlykdan daşdadygyny nygtaýandyr.
Aýatlaryň dowamy hem möminleriň dini taglymatlarda bolan möhüm bir asla önüslerini çekip şeýle permaýyş edýär : aýdyýan sözler egerde amal bilen hemra bolmasa ol degerlikden paýly däldirde eýsem şeýle bir sözler hatda allanyň gahar gazabyny hem yzyna tirkejekdir sizleden käler ýönekei wagytlarda eger allanyň dini baky galjak bolsa hata janynyzy we malymyzy hem pyda etjek diýip aýtýarsyňyz emma duşman hüjümini başlan mahaly we gorakdyr jahada gerekli bolan mahaly yza serpilýärsiňiz we sawaş meýdana girmeýärsiňiz.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :
1- gurhan medeniýetinde ýaradylmyş älemi bir hili ägälikden we düşümden paýlydyr we allany mukaddes bilip oňa tesbih aýtmak bilen perwerdigäriň gudratdyr hikmetine hem şaýatlyk berýärler .
2- diňe imanym bardyr diýipde dindarlygyňy söz bilen aýtmaklyk ýeterlik däldir eýsem amalda hem şeýle bir toslama subut bolmalydyr.
3- eger bir kişi dili bilen dindan himaýat edýän diýip şygar berse emma amal we iş ýüzünde hiç bir işi ýerine ýetirmese ol allany aldap başarar mykan diýip guman etmesin şeýle bir kişi dünýe we ahyratda allanyň gahar gazabyna gyryptar boljakdyr.
Säff süresi, 4-nji aýat :
إِنَّ اللَّهَ یُحِبُّ الَّذِینَ یُقَاتِلُونَ فِی سَبِیلِهِ صَفًّا کَأَنَّهُمْ بُنْیَانٌ مَرْصُوصٌ ﴿٤﴾
<< perwerdigär hatar gorup onuň ýolunda sawaşýanlary gowy görýändir, göýä olar poltdan bolan bena ýalydyrlar.>>
Geçen aýatlarda amalsyz toslamalar bilen allanyň gahar- gazabyna sebäp bolýanlardan gürrüň boldy. bu aýat şeýle permaýyş edýär: emma amal etmekde merd durýan adamlar allanyň ýörite lutfy rahmetinden paýly boljakdyrlar we netijede allanyň söýnigine gabat geljekdirler. dünýede elmydama uruş we çaknaşyk bolandyr we ýenede boljakdyr bu uruşlar hem köplenç köpeňräk baýlyk we gudraty elgermek ýada beýleki ýürtlere höküm sürmek we olaryň baýlyklaryny talamak üçindir emma yslamda jahad etmekden maksad zalymlara garşy göreşmek we tuwhyd şerigatyny ýaýratmak üçindir şeksiz musulmanlaryň arasynda agyzalalyk we çaşgynlygyň bolmagy duşmanlaryň duşmanyň hüjümleriniň garşysynda ejiz bolamklaryna sebäp boljakdyr şol sebäpli bu aýat möminleriň arasynda birleşigiň bolmagyny nygtap ony ýeňişiň syry hesipleýär.
Bu aýatyň öwredýän sapaklary:
1- allanyň razylygyny we dostlygyny gazanmaklyk onuň ýolunda jahad we talaş etmän mümkin däldir.
2- zalym duşman bilen ýüz be ýüz bolmakda bütin mezhebi , kowmy we dil hakda bolan agzyalalyklary gyrakda goýmak gereklidir we agzybirlik bilen duşmannyň garşysynda durmak gereklidir.
Säff süresi, 5 we 6-njy aýatlar:
وَإِذْ قَالَ مُوسَى لِقَوْمِهِ یَا قَوْمِ لِمَ تُؤْذُونَنِی وَقَدْ تَعْلَمُونَ أَنِّی رَسُولُ اللَّهِ إِلَیْکُمْ فَلَمَّا زَاغُوا أَزَاغَ اللَّهُ قُلُوبَهُمْ وَاللَّهُ لا یَهْدِی الْقَوْمَ الْفَاسِقِینَ ﴿٥﴾ وَإِذْ قَالَ عِیسَى ابْنُ مَرْیَمَ یَا بَنِی إِسْرَائِیلَ إِنِّی رَسُولُ اللَّهِ إِلَیْکُمْ مُصَدِّقًا لِمَا بَیْنَ یَدَیَّ مِنَ التَّوْرَاةِ وَمُبَشِّرًا بِرَسُولٍ یَأْتِی مِنْ بَعْدِی اسْمُهُ أَحْمَدُ فَلَمَّا جَاءَهُمْ بِالْبَیِّنَاتِ قَالُوا هَذَا سِحْرٌ مُبِینٌ ﴿٦﴾
<< we Musadan ýad et, ol haçanda öz kowmuna diýän mahaly: eý meniň kowum! näme üçin meniň allanyň tarapyndan gelen resuldygymy bilýän ýagdaýňyzda maňa yza- ezýet berýärsiňiz? Onda hakdan gyşarnyga duş bolanlarynda perwerdigär olaryň ýüreklerini gyşarntga saldy we perwerdigär öz permanyndan boýun gaçyrýan ýaramaz adamlary hidaýat edýän däldir.// we ýene ýat et Merýemiň ogly Isany, ol bäni Ysraýyla şeýle diydi : men allanyň size tarap iberen resulydyryn we menden ozal gelen Turaty tassyklaýaryn we men soňra gelejek we ady Ahmet bolan pygamberiň geljekdigini buşlaýaryn. onda olara aýdyň delilleri getirende aýtdylar : bu äşgär jadygöýlikdir diýip. >>
Bu aýatlar , bäni Ysraýyl kowmunyň iki uly ylahy pygamberleri bolan hezretii Musa bilen hezretii Isa (a) bilen eden çykyşlaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: hrzret Musa(a) iman getiren kä bir adamlar , ýaramaz sözleri sýdyp dönüklik edip permanyndan boýun gaçyrmak bilen ol hezretie ezýet berip ymjytýardylar we agzy bir bolupda ýürekdeş bolmagyň ýerine iman ähliniň çaşgyn bolmaklaryna sebäp bolýardylar . şek siz ony allanyň pygamberi bilýän kişileri bilen şeýle bir ýaramaz we zülüm ýüznden çykyş etmekleri allanyň hidaýatyndan daş düşmekden başga netijäni yzyna tirkejek däldir we soňda ol topur ýaramaz agybata gabat gelen dirler .
Hezreti Isa (a) hem özüni iki ylahy pygamberiň arasynda bolan pygamberiň arasynda bolanpygamber bilýärdi ol özünden ozalky pygamberiň ögredişlerini we kitabyny tassyk edip özünden soňra hem ýene bir pygamberiň geljek digini buşlyk berýärdi . emma şeýle bir halda hem ony tekzyp etdiler we möjezelerini hem jadüweilik adlandyrdylar.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :
1- ozalky kowumlaryň we pygamberleriň taryhy bilen tanyş bolmak ybrat we pend berijidir we imanly ynsany kynçylyklaryň garşysynda jydamly edýändir.
2- ylahy pygamberleriň we öwliýalaryň ynjymaklaryna sebäp bolýan işler we sözler , ynsanyň ylahy hidaýatdan mahrum bolmagyna sebäp bolup ony hak ýolundan daş düşürýändir.
3- pygamberleriň hemmesiniň maksady bir bolandyr şol sebäpli olar hiç haçan birek birek bilen bäsleşen däldirler olar özlerinden soňra geljek pygamberi buşlap ilata hem oňa iman getirmeklegi tapşyrýardylar.
4- ylahy terbiýe düzginde ynsanyň ösüş gazanyp beýik derejeleri elgerip başarmagy üçin durly kylaslar bardyr her kylas indiki kylasyň başlangyjy we her bir ussad hem ozalky ussady tassyk edijidir.
////////////