May 10, 2025 12:37 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1014, süre Säff , aýat 7-14

bölüm 1014, süre Säff , aýat 7-14

برنامه تفسیر نور (صف2)

1014

Säff süresi, 7, 8 we 9-njy aýatlar:

 وَمَنْ أَظْلَمُ مِمَّنِ افْتَرَى عَلَى اللَّهِ الْکَذِبَ وَهُوَ یُدْعَى إِلَى الإسْلامِ وَاللَّهُ لا یَهْدِی الْقَوْمَ الظَّالِمِینَ ﴿٧﴾ یُرِیدُونَ لِیُطْفِئُوا نُورَ اللَّهِ بِأَفْوَاهِهِمْ وَاللَّهُ مُتِمُّ نُورِهِ وَلَوْ کَرِهَ الْکَافِرُونَ ﴿٨﴾ هُوَ الَّذِی أَرْسَلَ رَسُولَهُ بِالْهُدَى وَدِینِ الْحَقِّ لِیُظْهِرَهُ عَلَى الدِّینِ کُلِّهِ وَلَوْ کَرِهَ الْمُشْرِکُونَ ﴿٩﴾

<< salama çagyrylýan zamanynda allaga ýalan ýapýan kişiden zalymrak kişi barmyka? We perwerdigär sütemkär ilaty hidaýat edýän däldir.// olar allanyň nuruny öz agyzlary bilen söndürjek bolýarlar allanyň öz nuruny kämilleşdirýän ýagdaýynda , indi kapyrlar bu işi halamasalarda// ol pygamberini hidaýat we hak dini bilen hemra ilata tarap iberendir, ony bütin dinlara östem çykarmak üçin. indi müşrükler bu işi halamasalarda. >>

Geçen gepleşikde , hezreti Isa(a)-ň özünden soň geljek pygamberi buşlandygyna yşarat boldy bu aýatlar şeýle permaýyş edýär : hezreti Muhammet (s) arkaly yslama tarap çagyrylýan ähl kitaplaryň käleri , allaga ýalan ýapyp: perwerdigär seni pygamberçilige iberen däldir diýip aýdýardylar olar bu hereketleri bilen özlerini ylahy hidaýatdan mahrum edip özlerine sütem edýärdiler. olar ylahy nur hem şemgyň nury ýaly mykam diýip guman edip öz agyzlary bilen ufläp ony söndürip başararlar mykam diýip oý edýärler. Emma perwerdigär öz hidaýat nurynyň yslam pygamberi arkaly älem jahanyň boýdan başyna çaýmagyna yrada edendir. Şeýlelik bilen yslamy bütin dinlere we mekteplere hem üstün çykarjakdyr we hiç bir kimsäň hem ylahy yradaň durmuşa geçirilmeginiň öňüni alyp bilmejek digi hemmelere ruşen we äşkärdir. Geçen 1400 ýylyň boýunda taryhda hem belli bolşyna gürä yslam dini , duşmanlaryň bütin bewet dörütmeklerine karamazdan gün günden ýaýbaňlaşyp musulmanlaryň jemgyýaty hem älemiň gün dogarynda we gün batarynda köpländir.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :

1-adam ogluna bolýan iň uly sütem , allanyň rüşen kelamynyň ilata ýetmeginiň öňüni almak şeýlede ynsan köpçüliginde ylahy pygamberleriň taglymatynyň durmuşa geçirilmeginiň öňünde böwet döretmeklikdir.

2-Gurhanyň aýtmagyna görä din, nurdyr. diymek ynsanyň ösüşdir herekete elgermegi üçin bir hili abzaldyr.

3-Diniň duşmanlary elmydama hidaýat çyrasyny söndürmegiň niýetindedirler we olar öz maksatlaryna ýetmek ugurda her bir abzaldan hem haýyrlanýandyrlar.

4-bütin mektepleriň arasynda müdimlik bolan mektep , diňe yslam mektebidir we onuň beileki dilere üstüm çyjmagy , onuň hak dygy sebäplidir .

5-şeksiz hakyň batyla üstün çykmagy allanyň islegi we yradasy boýunçadyr we bu yrada kapyrlaryň we müşrükleriň yradasyndan üstün we ýokarydyr.

 

Säff süresi, 10, 11, 12 we 13-nji aýatlar :

 یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا هَلْ أَدُلُّکُمْ عَلَى تِجَارَةٍ تُنْجِیکُمْ مِنْ عَذَابٍ أَلِیمٍ ﴿١٠﴾ تُؤْمِنُونَ بِاللَّهِ وَرَسُولِهِ وَتُجَاهِدُونَ فِی سَبِیلِ اللَّهِ بِأَمْوَالِکُمْ وَأَنْفُسِکُمْ ذَلِکُمْ خَیْرٌ لَکُمْ إِنْ کُنْتُمْ تَعْلَمُونَ ﴿١١﴾ یَغْفِرْ لَکُمْ ذُنُوبَکُمْ وَیُدْخِلْکُمْ جَنَّاتٍ تَجْرِی مِنْ تَحْتِهَا الأنْهَارُ وَمَسَاکِنَ طَیِّبَةً فِی جَنَّاتِ عَدْنٍ ذَلِکَ الْفَوْزُ الْعَظِیمُ ﴿١٢﴾ وَأُخْرَى تُحِبُّونَهَا نَصْرٌ مِنَ اللَّهِ وَفَتْحٌ قَرِیبٌ وَبَشِّرِ الْمُؤْمِنِینَ ﴿١٣﴾

<< eý iman getiren kişiler! sizleri , kyýamatda howply azapdan gutuldyrjak sowda tarap ýol görkezeýinmi?// allaga we onuň pygamberine iman getiriň we öz mallaryňyz we janlaryňyz bilen allanyň ýolunda jahad ediň bu iş eger bilseňiz size gawyrakdyr.// Şeýle bir ýagdaýda perwerdigär siziň günäleriňizden geçjekdir we sizi agaçlarynyň astyndan agarlar rowan bolan behişti baglara dahyl etjekdir. şol baglarda arassa öýler bardyr bu bolsa uly bagtyýarlykdyr.// we siziň gawy görýän ýene bir nygmatyňyzy sizlere merhemet etjekdir, ol hem allanyň tarapyndan basymlykda ýetişjek medet we ýeňişdir. onda eý pygamber! Bu üstünligi möminlere buşla. >>

 

Geçen aýatda duşmanlaryň yslam tersine bolan pitnelerden gürrüň boldy . bu aýatlar , möminleri duşmanlaryň garşysynda dini borçlaryna amal etmekleri üçin şeýle permaýyş edýär : özüňizi hudaý resulunyň ymmatyndan bilip mömin diýip toslaýan bolsaňyz onda allanyň dinini goramak ugurda jahad ediň we şu ýolda öz malyňyzy we janyňyzy pida etmekden gaýra durmaň siz allanyň dininiň ýolunda nämäni berseňiz perwerdigär iň ýokary baha bilen ony satyn almakçydyr.

Eger duşman , yslam we musulmanlary aradan aýyrmak ýolda her bir apzaldan we mümkinçilikden haýyrlanýan bolsa siz hem olara garşy durmak üçin bütin bar zatlaryňyzy çykdaýjy ediň we biliň siziň dünýe we ahyretiňiz jahad we talaşyň saýasynda beriljekdir. Eger öz borjuňyza amal etseňiz onda dünýede ylahy nusrat we medet bilen ýeňişe ýetjeksiňiz we ahyretde hem allanyň rahmatdyr magfyratyna duş bolup dowzahdan gutulyp nygmatdan doly bolan behiştde jaý tutup başarjakdirsiňiz.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary:

1- sowda diňe mady işlere degişli bolup bu dünýä çäkli bolmaýar eýsem alla bilen mamyla edip onuň resullaryna eýermeklik peýdaly sowdalardandyr we ynsana hemä bu dünýede hemde ahyretde peýdaly bolup oňa boýdan baş nygmat we asudalykdan doly bolan ýaşaýyşy kepil geçjekdir.

2- mömin ynsan öz dinini goramakdan daşgary allanyň dinini , duşmanlaryň pitnelerinden aman saklamak ugurda öz malyndan we janyndan hem geçmeklige taýýar bolmalydyr.

3-hudaý ýolunda sawaşýanlar 2 ýagşilyga ýetjekdirler : ýä şehid bolup behişte barjakdyrlar bu bolsa uly bagtýarlykdyr ýada allanyň mede bermegi bilen duşmanlara üstün çykjakdyrlar we şeýle bolan ýagdaýynda hem mühüm we degerli tufykdyr.

4-mömin ynsanyň ýanynda dini gorumaklyk maly we jany goramaklykdan muhumrakdyr şol sebäpli ol öz malyny we janyny hem allanyň ýolunda pyda etmäge taýýar bolýandyr.

 

Säff süresi, 14-nji aýat :

 یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا کُونُوا أَنْصَارَ اللَّهِ کَمَا قَالَ عِیسَى ابْنُ مَرْیَمَ لِلْحَوَارِیِّینَ مَنْ أَنْصَارِی إِلَى اللَّهِ قَالَ الْحَوَارِیُّونَ نَحْنُ أَنْصَارُ اللَّهِ فَآمَنَتْ طَائِفَةٌ مِنْ بَنِی إِسْرَائِیلَ وَکَفَرَتْ طَائِفَةٌ فَأَیَّدْنَا الَّذِینَ آمَنُوا عَلَى عَدُوِّهِمْ فَأَصْبَحُوا ظَاهِرِینَ ﴿١٤﴾

<< eý iman getiren kişiler , allanyň dininiň himaýatçylaryndan boluň , Merýemiň ogly Isaň öz ýörite ýaranlary şeýle aýdyşy ýaly : meniň din ýolunda bolan himaýatçylarym kimlerdir? Hawaryýun aýtdylar biz allanyň dininiň himaýatçy ýaranlaryndandyrys diýip. onda bäni Ysraýyldan bolan bir topar iman getirip bir topar hem kapyr boldular . onda iman getirenlerden bolanlary duşmanlara üstün çykarlar ýaly medet berip ýeňiş gazanýançalar olary goldadyk. >>

 

Geçen aýatlaryň dowamunda bu aýat şeýle permaýyş edýär: öz ömrüňiziň boýunda we her ýagdaýda allanyň dinini goldaýanlardan boluň şeksiz allanyň biziň himaýatymyza mätäç bolýan däldigi belli zatdyr we bu ybaratdan maksat hem allanyň dinine we pygamberlerine we ylahy öwliýalara goldaw bermegiň manasyndadyr. Allanyň dinini goldamaklygyň iki tarapy bardyr: biri dünýede bütin ýaýradyş abzallardan haýyrlanyp yslam dinini ýaýratmak üçin talaş etmeklikdir we ol birisi hem duşmanlaryň pitnelerini we bernamalaryny tanap olara garşy durmak üçin tagalla etmeklikdir. Aýatyň dowamy hem allanyň dininiň goldamagynyň nushalarynyň birine yşarat edip şeýle permaýyş edýär : hezreti Isa (a) hem öz ýaranlaryndan bolan 12 sany hawarylaryndan goldaw sorady we olar hem öz taýýarlyklaryny yglan etdiler emma soňralar olaryň käleri hezreti Isa(a) himaýat ýetirmekden saklanyp ol hezretiň duşmanlarynyň hatarynda boldular emma alla tagala möminleri öz duşmanlaryna üsten çykardy.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary:

1- iman getirip ony goramaklyk ýeterlik däldir eýsem perwerdigäriň dinini dünýede ýayratmak üçin talaş etmek gereklidir.

2- eger allanyň dinini goldap başarjak perwerdigär hem bizi himaýat edip duşmanlara üstün çykarjakdyr.

  •