May 10, 2025 12:52 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1017, süre Munafygun , aýat 1-6

bölüm 1017, süre Juma, aýat 1-6

برنامه تفسیر نور (منافقون1)

  1.  

Munafygun süresi

Munafygun süresi 11 aýatdan ybarat bolup medinede nazyl bolandyr we onuň mazmuny hem munafyklaryň ýüriteliklerine we nyfak ýada şoliki ýüzly bolmak hakdadyr.

 

Munafygun süresi, 1 we 2-nji aýatlar :

إِذَا جَاءَکَ الْمُنَافِقُونَ قَالُوا نَشْهَدُ إِنَّکَ لَرَسُولُ اللَّهِ وَاللَّهُ یَعْلَمُ إِنَّکَ لَرَسُولُهُ وَاللَّهُ یَشْهَدُ إِنَّ الْمُنَافِقِینَ لَکَاذِبُونَ ﴿١﴾ اتَّخَذُوا أَیْمَانَهُمْ جُنَّةً فَصَدُّوا عَنْ سَبِیلِ اللَّهِ إِنَّهُمْ سَاءَ مَا کَانُوا یَعْمَلُونَ ﴿٢﴾

<< munafyklar seniň ýanyňa gelen wagytlarynda , şeýle diýärler seniň hudaýyň pygamberidygyna güwä geçýäris we alla tagala seniň onuň resulydygyňy bilýändir we hudaý tagala munafyklaryň ýalançydyklaryna güwä geçýändir.// Öz antlaryny galkan etdiler we ilaty hudaý ýolundan alyp galdylar dogrudan-da olaryň baş goşýan işleri telekdir.>>

 

Pygamber äkrem (s)-ň Mekgede bolan wagytlary , ol hezrete iman getirmeklik , möminler üçin yza we ezýetden başga zat däldi we müşrükler musulmanlara ruhy we jismy taýdan azar bermekden daşgary olary kä bir susýal mazalyklardan hem mahrum edýärdiler . şol ýagdaýda möminler öz imanlarynda dogyrçydylar . emma hezret resül äkrem (s)-ň we musulmanlaryň medinä hijret edip şol mekanda gudratly bolmaklaryndan soň , kä bir adamlar , ýüreklerinde hezret resül äkrem(s) imanly bolmasalarda emma öz köpçilikli orunlaryny goramak üçin , söz bilen biz musulman diýip toslaýardylar we assa ýuwaş köpçilikde munafyklaryň sany hem artdy , şol sebäpli , medinede inen sürelerde munafyklaryň ýüriteliklerine yşarat bolandyr. Munafyklaryň ýürytelikleriniň biri , olaryň öz maksatlaryna ýetmek üçin dini mukatdesliklerden tersin peýdalanmaklarydyr . olar hata , medinede bir mesjyd gurup allanyň resulyny, bu mesjydy ulanyşa bermek üçin çagyrdylar emma perwerdigär bu mesjydy zerar mesjydy bilip ol musulmanlaryň arasynda çaşgynlygyň we agyz alalygyň dörümegine sebäp bolýar diýip permaýyş etdi . bu aýatlar hem munafyklaryň , ilaty aldamak üçin allanyň adyna bolan kasamdan tersin haýyrlanýandyklaryny beýanedýär.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :

1- nefak kapyrlaryň ýüreginde bolan amaly ýalandyr olar ýürekden imanly bolmasalarda emma dilleri bilen biz musulman diýip beýan

2- ýalçylyk munafyklaryň şywasydyr şol sebäpli käleriň ýüzlei dostlyklaryna we himaýatlaryna göwnimizi huş etmeli däldiris we ýalçy adamlar hakda esewan bolmalydyrys.

3- köp ant içip öz sözlerini köp nygtap aýtýanlardan gaçmak gerek olar köplenç iki ýüzlei we ýalançydyrlar .

4- sözüň dogry bolmagy bir emirdir emma bu sözi aýtýan kişiň dogryçy we sadyk bolmagy ýene bir nukatdyr şol sebäpli elmydama ýüzleý görnişde dogry sözleýän adamlar hakda ägä bolmagymyz zerurdyr.

5- munafyklar her ýoldan başarsalar allanyň ýolyny baglapda hudaýyň dininiň ýayramagynyň öňüni aljak bolýarlar mysaly olar musulmanlaryň arasyndaky agyzy birlige howp awandyrmak üçin zerar mesjidini gurupdylar ýada uruş toplamyny terk edip musulmanlara harby taýdan urugy urandyrlary ýada hata olar ilaty , allanyň dinine kömek etmekden alyp galmak üçin yktysady taýdan kynçylyk dörütýändirler.

 

Munafygun süresi,

 ذَلِکَ بِأَنَّهُمْ آمَنُوا ثُمَّ کَفَرُوا فَطُبِعَ عَلَى قُلُوبِهِمْ فَهُمْ لا یَفْقَهُونَ ﴿٣﴾ وَإِذَا رَأَیْتَهُمْ تُعْجِبُکَ أَجْسَامُهُمْ وَإِنْ یَقُولُوا تَسْمَعْ لِقَوْلِهِمْ کَأَنَّهُمْ خُشُبٌ مُسَنَّدَةٌ یَحْسَبُونَ کُلَّ صَیْحَةٍ عَلَیْهِمْ هُمُ الْعَدُوُّ فَاحْذَرْهُمْ قَاتَلَهُمُ اللَّهُ أَنَّى یُؤْفَکُونَ ﴿٤﴾

<<Ol nefak şunyň üçindir welin olar iman getirip soň kapyr bolandyrlar, onda ýüreklerine möhür urulandyr şol sebäpli düşünýän däldirler// we haçan-da olary göreňizde olaryň ýüzleý keşfinde bolan dogruçylyk we agraslyk seni haýrana goýýandyr. We eger sözleselerde şeýle bir gözel sözleýändirler welin olaryň aýdýanlaryny üns berip diňlärsiň ýöne içi boş guryp ýatan magyzsyz we diwara söýelen çöpler ýalydyr. olar gorkusyndan her bir sesi öz zýanlaryna oý edýärler . olar duşmanlardyrlar. Olardan gaça dur , hudaý olary öldürsin. Olara hak äşgärkä nähili gumra bolýarlar?>>

  1. Bu aýatlar , munafyklaryň içgin dorklarynyň olaryň ýüzleý keşipleri bilen paryhlydygyna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : olaryň ýüzleý keşipleri gözel we sözleri hem ýakymlydyr we her bir diňleýjini özüne tarap darytýandyr emma olar ýüreklerinde , kufur we şirke duçardyrlar . olar imanyň ýolundan daş duşyp ylahy hidaýatdan mahrum galýandyrlar. Olar ruhsyz bolan jesedler ýalydyrlar ýüzlei keşipleri ilatyň gözüne gözel görünsede içleri boş we gorkak adamlaryň sanyndandyrlar olar janlaryndan gorkyp beýlekileriň sözlerini öz zýanlaryna bilip onuň bilen tersleşýändirler . munafyklar diňe özleriniň sözleri eşdilip gepleriniň kabul edilmegini isleýändirler . alla tagala pygambere we oňa eýerýänlere munafyklar hakda esewan we ägä bolmaklaryny buýurýar . sebäbi olar ýürekde möminleriň duşmanydyrlar we diňe sözleri bilen biz siziň dostlaryňyz diýip toslaýandyrlar. olar dünýäde möminleriň lanatlaryna we ýigrençlerine we ahyratda hem ylahy azaplara ylaýykdyrlar.

    Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :

    1- her kimse haky tanasa emma oňa iman getirmese hakykatda öz ýüregine gulup urupda özüni hakykatlary bilmekden mahrum edendir.

    2- munafyklar , möminleriň arasynda ýaşaýan duşmanlardan hem howplyrakdyrlar sebäbi olary tanap saýgarmaklyk aňsat iş däldir we şonuň üçin hem olar bilen garşylaşmak kyn bolýar.

    3- biz adamlaryň ýürekleriniň nähili digini görüp başarmaýarys şol bir ýagdaýda hem olaryň ýüzleý görnişlerine aldanmaly däldiris hata özlerini imanly we ahlakly görkezipde ýüzlei görnişde hem gözel görünýän bolsalarda , hakykatda ölçek adamlaryň amallarydyr.

     

    Munafygun süresi,

     وَإِذَا قِیلَ لَهُمْ تَعَالَوْا یَسْتَغْفِرْ لَکُمْ رَسُولُ اللَّهِ لَوَّوْا رُءُوسَهُمْ وَرَأَیْتَهُمْ یَصُدُّونَ وَهُمْ مُسْتَکْبِرُونَ ﴿٥﴾ سَوَاءٌ عَلَیْهِمْ أَسْتَغْفَرْتَ لَهُمْ أَمْ لَمْ تَسْتَغْفِرْ لَهُمْ لَنْ یَغْفِرَ اللَّهُ لَهُمْ إِنَّ اللَّهَ لا یَهْدِی الْقَوْمَ الْفَاسِقِینَ ﴿٦﴾

    << haçan-da olara geliň allanyň resuly sizler üçin magfyrat talap etsin diýip aýdylanda olar tekepbirlik we masgaralyk ýüzünden başlaryny öwürýändirler.// We olara hä ýalkaw dile hä dileme parhlaryna däldir. Alla hem olary hergiz ýalkamaz, sebäbi alla buýrugyndan boýun gaçyrýanlary hidaýat edýän däldir.>>

     

    Taryhda gelşine görä , medinede ýaşaýan kä bir munafyklar , hezret resuly äkrem (s) we onuň mömin ýaranlary hakda erbet sözleri dile getirýärdiler emma pygamber(s)-ň huzurynda bu sözlerini inkär edip möminlerden we hezret resuly äkrem(s)den ötünç sorumaýardylar olaryň bu çykyşlarynyň köki hem munafyklaryň özlerini üstem görüp pahyrlanmaklaryndadyr olar özlerinden başgalary ejiz we har hesipleýärler . tebigi suratda hem şu hili menlikli adamlar öz etmişlerinden pyşman bolýan däldirler we hiç haçan allanyň olary ýalkamaklaryny hem talap edýän däldirler şol sebäpli hata hezret resul äkrem(s)ň hem magfyrat talap etmegi ýeterlik däl we olar ylahy rahmat we magfyratdan paýly bolup bilmeýärler .

    Bu aýatlaryň bize öwredýän sapaklary:

    1- günäkär adamlary halas etmek ugurda talaş edip toba we alla tarapyna ögrülmek ýoluny olara açyp goýmak gereklidir.

    2- alla tagalanyň resulyna töwessel edip ylahy güzeşt we magfyraty alyp başarmak ýoluny özümize tarap açyk goýaýlyň.

    3- pahyrlanmak we menlikli bolmak , munafyklaryň belli ýüriteliklerindendir. Olar özlerini günäkär hesiplemeýärler we diňe özlerini berhak bilýärler.

    4- menliklenmek we haky kabul etmesizlik ynsany alla tagalanyň sansyz rahmat we hidaýatyndan mahrum edýändir.

     

    •