May 05, 2018 21:55 Asia/Ashgabat

bölüm,770,süre Ähzap,aýat 55-58

برنامه راهی بسوی نور( 770)

Ähzap süresi, 55-nji aýat :

‏ لَّا جُنَاحَ عَلَيْهِنَّ فِي آبَائِهِنَّ وَلَا أَبْنَائِهِنَّ وَلَا إِخْوَانِهِنَّ وَلَا أَبْنَاء إِخْوَانِهِنَّ وَلَا أَبْنَاء أَخَوَاتِهِنَّ وَلَا نِسَائِهِنَّ وَلَا مَا مَلَكَتْ أَيْمَانُهُنَّ وَاتَّقِينَ اللَّهَ إِنَّ اللَّهَ كَانَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ شَهِيداً (55)

<< olara diýmek ( zenanlara ) atalarynyň , ogullarynyň , doganlarynyň , doganlarynyň ogullarynyň , erkek ýegenleriniň we ( dindaş ) zenanlaryň şeýlede gyrnaklarynyň ýanlarynda örtgini başlaryndan almaklarynda hiç hili ýazyk bolmaz emma Alladan gorkyň çünki Alla her bir zada şaýatdyr. >>

Geçen gepleşikde nämähremiň garşysynda musulman zenanyň örtgili bolmalydygy baradaky yslamyň çykaran hökümne yşarat etdik gurhan kerim bu aýatda bir zenana kimleriň mährem bolýandyklaryna yşarat edip bir zenanyň atasy , dogany , ogly oňa mährem bolýandyrlar bir içeri maşgalada ýaşaýan ene- atalar we ogul- gyzlar , bir- birleriniň ýanynda azapda bolmazlar ýaly olar bir- birlerine mähremdirler diýip aýdýar.

Elbetde musulman zenan , keseki erkekleriň ýanynda kä zenanlaryň ýanynda şol sanda kapyr zenanlaryň ýanynda özlerini basyrmalydyrlar, sebäbi olaryň, örtgisini taşlan musulman zenandan gören zatlarny başga erkekleriň ýada öz başdaşynyň ýanynda aýtmagy mümkindir.

Elbetde gurhan kerimiň bu tabşyryklary musulman zenanlaryň her hili hapalykdan daş durup ahlagy taýdan özlerini päk salmaklary üçin gereklidir . munuň üçin bolsa musulman zenanda hökman takwaçylyk bolalydyr we ol Alladan gorkmalydyr.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- yslamyň hökümleri musulmanlar üçin kynçylyk döredýän däldir. bir içeri maşgalada ýaşaýan ene- ata we gyz - ogul bir birlerine mähremdirler we olaryň öz aralarynda örtgili bolmaklaryna hajat ýokdur.

2- köpçülikde we içeri maşgalada ýaşaýan adamlaryň ara-baglanşyklary indi bir birlerine mährem bolsynlar ýada nämährem bolsynlar parh etmeýär hökman takwa esasynda we päklik esasynda bolmalydyr örtgiň we hejabyň hökümi hem şol esasdadyr.

Ähzap süresi, 56-njy aýat:

إِنَّ اللَّهَ وَمَلَائِكَتَهُ يُصَلُّونَ عَلَى النَّبِيِّ يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُوا صَلُّوا عَلَيْهِ وَسَلِّمُوا تَسْلِيماً (56)

<< dogurdanda Alla we onuň perişdeleri pygambere salam- salawat ýollaýandyrlar, (onda) eý iman getiren adamlar ! siz ( hem ) oňa salawat iberip salam aýdyň we ( onuň emrine ) boýun egiň .>>

Gurhan kerim bu aýatda we bu aýatdan soň gelen iki aýatda , Resulullanyň we beýleki möminleriň hormatlarynyň gorulmagyny nygtap imanly adamlarda hemişe pygamberiň emrine eýerip oňa salam- salawat ýollamaklaryny isleýär.Taňry tagala bu aýatda musulmanlardan yslam pygamberne salam- salawat ýollamagy islemekden ozal , özüniň şeýlede perişdeleriniň hem yslam pygamberne salam- salawat iberip onuň çekýän zähmetleriniň gadyrny bilýändigini aýdýar.

“Pygamber sizi dogry ýola saljak bolup özüni zähmete düşürýändir we munuň üçin hem sizden hiç bir zada garaşýan däldir onda , haçanda onuň adyny eşideňizde salawat aýdyň” diýip gurhan kerim bu aýatda aýdýar .

Yslamy rowaýatlarda gelşine görä yslam pygamberiniň ýaranlary we sahabalary ol hezretden , oňa nähili salawat ibermek barada soraýarlar şonda yslam pygamberi maňa salawat iberjek bolsaňyz “ **********” diýip aýdyň diýýär.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

  1. Alla tagala we onuň perişdeleri Resulullanyň çeken zähmetleriniň gadyrny bilip oňa salam- salawat iberýän ýagdaýlarynda , Resulullanyň ymmaty bolan biz musulmanlar hem , ol hezretiň çeken zähmetleriniň gadyrny bilýändigimizi bildirmek üçin ol hezrete salawat iberip onuň buýruklaryna amal etmelidiris .
  2. ýüregimde bir kişini söýýän diýmek ýeterlik däldir eýsem oňa bolan söýgimizi we yhlasymyzy dilde hem beýan edip başgalara bildirmelidiris.

Ähzap süresi, 57 we 58-nji aýatlar :

  1. إِنَّ الَّذِينَ يُؤْذُونَ اللَّهَ وَرَسُولَهُ لَعَنَهُمُ اللَّهُ فِي الدُّنْيَا وَالْآخِرَةِ وَأَعَدَّ لَهُمْ عَذَاباً مُّهِيناً (57) وَالَّذِينَ يُؤْذُونَ الْمُؤْمِنِينَ وَالْمُؤْمِنَاتِ بِغَيْرِ مَا اكْتَسَبُوا فَقَدِ احْتَمَلُوا بُهْتَاناً وَإِثْماً مُّبِيناً (58)

<< Alla we onuň Resuluna azar ýetirýän adamlary Alla dünýäde we ahyretde lagnatlandyr we olara uly azaby taýýarlap goýandyr .// şeýlede eden etmişleri bolmadyk mömin zenanalara we erkeklere azar berýän adamlar şübhesiz olar , äşgär günäň we myjabatyň Ýükini öz gerişlerine alandyrlar .>>

Gurhan kerim geçen aýatda , möminleri , Resulullanyň çeken zähmetleriniň gadyrny bilip oňa salam- salawat iberip durmaklyga çagyrandyr . gurhan şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda :

“Ýöne özleriniň ajy sözleri bilen ýada ýaramaz işleri bilen Alla we onuň Resuluna azar ýetirýän adamlary Taňry tagala dünýäde we ahyretde özüniň lutfy kereminden mahrum etjekdir” diýip aýdýar.

Alla azar ýetirmekden maksat , onuň halamaýan işlerini etmeklikdir şonuň üçin hem Allanyň etme diýen işlerini etmeklik onuň gahar-gazabyny yzyna tirkeýändir . rowaýatlarda hem gelşine görä , Allanyň ýaradan bendelerine her hili azar ýetirmeklik Allanyň özüne azar ýetirmek hökmündedir şonuň üçin hem Gurhan kerim , Allanyň bendelerine karz bermekligi Allanyň özüne karz bermek hökmünde bilendir.

Şeýlede her kim Resulullany inkär edip onuň ber-hak pygamberligini ýalan bilse ýada ol hezrete töhmet ýapsa şeýlede ol hezret hakynda edepsizlik etse ol adam özüniň bu hili işleri bilen resululla azar berendir hemde allanyň gazabyna münmegine sebäp bolandyr.

Şeýlede pygamberiň ähli beýtine azar ýetirmek hem rowaýatlarda gelşi ýaly Resululla azar ýetirmek hökmündedir .

Gurhan kerim hem Resululla we beýleki möminlere azar ýetirmegiň erbetligine yşarat edip: “diňe bir Resululla däl eýsem beýleki möminlere hem hormat edilmelidir we bir musulman hakynda telek gümanlar edip oňa bi hormatçylyk etmeklik , oňa töhmet ýapyp oň abraýny dökmeklik dogry däldir bu iş Allanyň ýanynda uly günä işlerdendir we Alla bu hili günäleri edýän adamlara agyr azaby berjekdir” diýip aýdýar.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- öz gepimiz we işmiz bilen başgalara azar ýetirmäli, sebäbi bu iş bizi Allanyň lutfy kereminden mahrum etjekdir.

2- bir musulman adama myjabat ýapyp ony halkyň ýanynda masgara etmeklik uly günä işlerdendir we bu günä iş diňe kyýamatda dälde eýsem şu dünýäde hem biziň ýakamyzdan ýapyşjakdyr.

 

////////////