May 05, 2018 22:00 Asia/Ashgabat

bölüm,771,süre Ähzap,aýat 59-62

برنامه راهی بسوی نور( 771)

Ähzäp süresi , 59-njy aýat :

يَا أَيُّهَا النَّبِيُّ قُل لِّأَزْوَاجِكَ وَبَنَاتِكَ وَنِسَاء الْمُؤْمِنِينَ يُدْنِينَ عَلَيْهِنَّ مِن جَلَابِيبِهِنَّ ذَلِكَ أَدْنَى أَن يُعْرَفْنَ فَلَا يُؤْذَيْنَ وَكَانَ اللَّهُ غَفُوراً رَّحِيماً (59)

<< eý pygamber! aýallaryňa , gyzlaryňa we mömin zenanlara aýt: “örtgilerini eginlerine alsynlar, bu olaryň tanalmaklary üçindir we (kesekileriň tarapyndan ) azar görmezlikleri üçin bu iş gowydyr.Alla ýalkawjy we mähribandyr.>>

Geçen gepleşikde Gurhanyň garaýşyndan örtgili bolmagyň ähmiýetine yşarat etdik . Gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda ýene hejap meselesine yşarat edip : “örtgili bolmagyň bir özi ýeterlik däldir eýsem mömin zenanlar we gyzlar örtgili bolmagyň ýanynda bir hili geýinmelidirler weli olaryň bedenleri ýada saçlary görünmeli däldir” diýip beýan edýär . Gurhan kerim bu aýatyň dowamynda : “mömin zenanlaryň örtgili bolup dogry geýinmekleri olaryň kesekiler tarapyndan azar görmezlikleri we namyslarynyň goralmagy üçin gowydyr” diýip nygtaýar .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- zenanlaryň , kesekiler tarapyndan azar görmezlikleri we olaryň abraýlaryna hiç hili ysnadyň ýetmezligi üçin olaryň örtgili we bürenjekli bolmaklary gereklidir.

2- Gurhan kerim we yslam pygamberiniň nygtaýan yslamy köpçüliginiň päkligini goramak üçin zenanlaryň bürenjekli we örtgili köpçülikde huzurly bolmaklary gereklidir.

3- yslam dini “zenanlar öýden çykmaly däl” diýip aýdýan däldir ýöne yslamy köpçülikde görünýän zenanlar , hejap ýaly meselelere üns berip öz päkliklerini goramalydyrlar diýip aýdýandyr.

Ähzäp süresi, 60 , 61 we 62-nji aýatlar:

لَئِن لَّمْ يَنتَهِ الْمُنَافِقُونَ وَالَّذِينَ فِي قُلُوبِهِم مَّرَضٌ وَالْمُرْجِفُونَ فِي الْمَدِينَةِ لَنُغْرِيَنَّكَ بِهِمْ ثُمَّ لَا يُجَاوِرُونَكَ فِيهَا إِلَّا قَلِيلاً (60) مَلْعُونِينَ أَيْنَمَا ثُقِفُوا أُخِذُوا وَقُتِّلُوا تَقْتِيلاً (61) سُنَّةَ اللَّهِ فِي الَّذِينَ خَلَوْا مِن قَبْلُ وَلَن تَجِدَ لِسُنَّةِ اللَّهِ تَبْدِيلاً (62)‏

<< eger munapyklar we içi gara adamlar şeýlede Medine-de myş-myş ýaýradýan adamlar ( özleriniň bu işlerinden ) el özmeseler seni olaryň tersine örüzeris ( şondan soň ) olar bu şäherde seniň ýanyňda ozak wagt galyp bilmezler .// olar melgundyrlar we olary her ýerde görseňiz tutuň we öldüriň // bu , Allanyň ( bu hili ) adamlar üçin mundan ozal ber karar edip goýan sünnetidir, we Allanyň sünnetine hergiz üýtgemeklik bolmaz .>>

Gurhan kerimiň bu aýatlary yslam pygamberiniň zamanynda Medine şäherinde ýaşaýan adamlar hakynda , olar dürli şiweler bilen Medine şäherini bulaşdyrjak bolýardylar,olar içi gara adamlardylar we Medinäň gyzlaryna we zenanlaryna azar ýetirýärdiler .

Aýry bir tarapdan dürli bahanalar bilen yslamyň duşmanlary bilen uruşmakdan boýun gaçyrýan munapyklar Medine köpçüliginiň arasynda myş -myş ýaýradyp musulmanlary duşmandan gorkuzýardylar. Olar bu hili gürrüňler bilen hem duşmany güýçli görkezip musulmanlary ruhdan düşürjek bolýardylar.

Her bir köpçüligiň howpsuzlygyny goramaklyk iň möhüm mesele bolup durýar şonuň üçin hem Taňry tagala bu aýatda musulmanlaryň howpsuzlygyna zarba urjak bolýan bu hili adamlar hakynda yslam pygamberne tabşyryk berip bu hili adamlaryň öňünde berk dur olaryň bir toparyny Medineden kowup çykar gerek bolsa başgalara ybrat bolar ýaly olaryň bir toparyny öldür tä olar her bir zady bahanalap siziň amanlygyňyza zarba urup bilmesinler diýip aýtýar.

Gurhan kerim bu aýatlaryň soňunda hem köpçüligiň amanlygyna zarba urjak bolýan adamlar hakynda Allanyň belli edip goýan kadasynyň üýtgemezligine yşarat edip : köpçüligiň içinden pisatçylygyň köklerini gurutmaklyk bir ylahy kadadyr we her bir zamanda-da bolsa bu ylahy kada yslamy köpçüliginde ýördülmelidir diýip beýan edýär .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1-yslamy köpçüliginiň howpsuzlygyna selteň saljak bolýan adamlaryň ýada toparlaryň öňünde mäkäm durmalydyr. Sebäbi howpsuzlyk dilen zat köpçüligiň dowamaty üçin gereklidir.

2- köpçülikde pitne turuzýan adamlara ýada toparlara , arkaýynlykda özleriniň bu işlerini dowam edip bilerler ýaly olara pursat bermeli däldir eýsem olar elmydam gorkyda bolmalydyrlar .

3- propaganda Işler arkaly yslam köpçüliginde myş- myş döretmeklik duşmanyň ulanýan şiwelerindendir. oňa görä musulmanlar duşmanlaryň bu işine esewan bolmalydyrlar we ozal başda hem myş-myşlaryň öňüni almalydyrlar.

4- yslam köpçüliginiň howpsuzlygyna zarba urjak bolýan adamlara çemeleşmekde gowşak durmaly däldir eýsem olar hakynda Allanyň belläp goýan kararyny mäkäm ýerine ýetirmelidir.

 

////////////////