Sep 22, 2025 16:17 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1022, süre Talak, aýat 1-7

bölüm 1022, süre Talak, aýat 1-7

راهی بسوی نور (1022)

Talak süresi

Geçen gepleşikde gurhany kerimiň mübärek tägabun süresiniň tefsiriniň gutarmagy bilen gurhan magarypy diýen gepleşigiň bu sanynda talak süresiniň ilkinji aýatlarynyň talawaty , terjimesi we tefsiri bilen hyzmatyňyzda bolarys.

Gurhany kerimiň talak süresi Medinede inip 12 aýatdan ybaratdyr . bu süräniň ilkinji aýatyndan 7-nji aýatynyň soňuna çenli talak meselesine we onuň hökümlerine yşarat bolýar. talak süresiniň 8-nji aýatyndan 2 toparyň agybaty hakda gürrüň bolýar. biri , ylahy permandan boýun gaçyryp jezalandyrmaklyga laýyk gelen topar we ol biri hem ýagşy işlere baş goşup ylahy paý padaşlara gabat gelen topardyr.

 

Talak süresi, 1, 2 we 3-nji aýatlar:

يَا أَيُّهَا النَّبِيُّ إِذَا طَلَّقْتُمُ النِّسَاء فَطَلِّقُوهُنَّ لِعِدَّتِهِنَّ وَأَحْصُوا الْعِدَّةَ وَاتَّقُوا اللَّهَ رَبَّكُمْ لَا تُخْرِجُوهُنَّ مِن بُيُوتِهِنَّ وَلَا يَخْرُجْنَ إِلَّا أَن يَأْتِينَ بِفَاحِشَةٍ مُّبَيِّنَةٍ وَتِلْكَ حُدُودُ اللَّهِ وَمَن يَتَعَدَّ حُدُودَ اللَّهِ فَقَدْ ظَلَمَ نَفْسَهُ لَا تَدْرِي لَعَلَّ اللَّهَ يُحْدِثُ بَعْدَ ذَلِكَ أَمْراً (1) فَإِذَا بَلَغْنَ أَجَلَهُنَّ فَأَمْسِكُوهُنَّ بِمَعْرُوفٍ أَوْ فَارِقُوهُنَّ بِمَعْرُوفٍ وَأَشْهِدُوا ذَوَيْ عَدْلٍ مِّنكُمْ وَأَقِيمُوا الشَّهَادَةَ لِلَّهِ ذَلِكُمْ يُوعَظُ بِهِ مَن كَانَ يُؤْمِنُ بِاللَّهِ وَالْيَوْمِ الْآخِرِ وَمَن يَتَّقِ اللَّهَ يَجْعَل لَّهُ مَخْرَجاً (2) وَيَرْزُقْهُ مِنْ حَيْثُ لَا يَحْتَسِبُ وَمَن يَتَوَكَّلْ عَلَى اللَّهِ فَهُوَ حَسْبُهُ إِنَّ اللَّهَ بَالِغُ أَمْرِهِ قَدْ جَعَلَ اللَّهُ لِكُلِّ شَيْءٍ قَدْراً (3)

<< eý pygamber! zenanlaryňy talak berjek mahalyň olaryň Edde wagtlarynda talak beriň we edde günleriň hasabyny saklaň , we siziň perwerdigäriňiz bolan hudaýyň permanyndan boýun gaçyrmakdan gorkuň. edde günlerinde siz olary öýlerinden çykarmaň we olar hem daşary gitmekden saklansynlar , meger äşgär suratda telek işe baş guşmasalar , ( şeýle bir ýagdaýda olary öýden kawup çykarmak bolýandyr) bu permanlar , allanyň hududydyr we her kimse allanyň bellän hedlerinden aşa gitse ol özüne sütem edendir sen bilýän däldirsiň mümkin şondan soň olaryň arasynda ýaraşyk berkarar bolar ýaly alla , täze wakalary ýüze çykarsyn// onda eddegutarmagyna golaý baraňyzda ýa olara dolanmak üçin ýagşy suratda olary saklaň ýada mähriýe we beýleki hak-hukuklaryny tölemek arkaly laýyk suratda olardan aýryşyň , we talak mahalynda , iki adyl kişini özüňize şaýad we güwä tutuň , we güwäligi alla üçin dikeldiň , her kimse hudaýa we kyýamat gününe imanly bolsa şu hil pend we nesihat berilýändir we her kimse alladan gorkup perwaý etse perwerdigär oňa kynçylyklardan gutulmak ýollary açyp goýýandyr// we oňa oý etmeýän ýerinden ryzk berýändir we her kimse alla tüwekgel etse onuň özi ýeterlikdir. perwerdigär öz permanyny ýerine ýetirýändir dogrudan-da perwerdigär her bir zat üçin belli ölçekleri karar berendir.>>

 

Yslam dini , baş çatyşyp içeri maşgala gurmaklygy köp nygtaýar we gurhanyň durly aýatlarynda hasda gurhany kerimiň mübärek nesa süresinde onuň hökümlerini beýan edendir . emma kä mahallarda är-aýalyň öz ýaşaýyşlaryny dowam bermekleri gaty kyn bolýar we onuň dowamly bolmagy mümkin bolmaýar . şol sebäpli yslam talak we aýyrşmak ýoluny- elbet onuň hududlaryny göz öňüne almak bilen- açyp goýupdyr we şeýle bir hak başdaşlara hormatly bilinipdir.

Bu aýatlar hudaýyň resuluna ýüzlenip talagyň hökümlerini beýan edýär we musulmanlara bu meseläniň neçende ähmiýetlidigini we onuň hududlarynyň dykkat bilen ýerine ýetirmegiň gereklidigini tabşyrýar.

Ýaňky aýatlaryň deslabynda şeýle gelýär: egerde başdaşyňy talak berjek bolsaň talak sygasy onuň her aýda ýüze çykýan dowrunyň gutaran wagtynda ýerine ýetmelidir we ondan soň hem oňa ýakynlyk etmeli dälsiňiz we zenanyň üç gaýtar öz her aýda ýüze çrkýan döwresinden arassa we päk bolmagy soň talak durmuşa geçmelidir. Elbet şu müddetiň boýunda zenanyň ýaşaýyş jaýynyň we näfäkasynyň üpjün edilmegi erkegiň boýnuna düşýändir we ol öz zenanyny öýden kowup çykarmaklyga hakly däldir zenan hem näfäka alýan wagtynda öýi terk etmeklige hakly däldir . elbet adamlar köplenç gahar gazapda bolýan mahallarynda talaga tutym tudýarlar we egerde zenan we erkek näçe aýlap birek-biregiň ýanynda bolsalar olaryň ýaraşypda öz ozalky ýaşaýyşlaryny dowam berip başarmaklaryna ýerligiň döremegi mümkindir elbet zenanyň edde müddetinde öz äriniň öýünde galyp başarmagynyň şerti şudyr welin ol öz ýaramaz sözleri we çykyşlary bilen ärine yza ezýet bermesin ýada arassalyk we päkligiň tersine bolan işlere baş goşmasyn.

Ýaňky aýatlarynyň dowamy şu meseläni nygtaýandyr welin edde döwrüniň gutarmagyndan ozal , başdaşlara talakdan yza çekilipde birek- birege dolanyp hem başarýandyrlar emma egerde aýyrşmak hakdaky tutumlary çynlakaý bolsa onda bu iş gelşikli we laýyk suratda bolmalydyr şol sebäpli başdaşlar birek- birege ýaramaz sözleri dile getirmekden saklanmalydyrlar we kanuny we şergi tekliplerini hem kämil suratda ýerine ýetirmeklige borçlydyrlar. Başdaşlar, egerde talak mahallarynda ylahy hududlary ýerine ýetirseler we her hili telek gylyk- häsiýetden gaça dursalar onda allanyň olar üçin bir ýoly açyp goýjakdygyny bilmelidirler we perwerdigär olaryň oýlanmaýan we guman etmeýän ýerlerinden haýry we ýagşylygy olara nesip etdirjekdir. Bu , perwerdigäriň müdimlik sünnetidir we her kimse perwerdigäre töwekgel edip takwany göz öňüne alsa perwerdigär hem onuň ýaşaýyşyna ýeterlikdir we alla tagala , gysmat esasynda we belli we dogry ölçek esasynda oňa haýry mukadder etjekdir.

Gurhany kerimiň Bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- baş çatyşmak yslamda mukaddes zatdyr, şol sebäpli zenan we erkek her haçan talak we aýryşmaklyga tutum tutan ýagdaýlarynda olar çaltlykda birek- birekden aýryşmaýarlar sebäbi bu tutumyň durmuşa geçirilmegi üçin näçe aý pursat gerekli bolýar şol pursatda hem kine küdüretleriň we gahar gazaplaryň köşimegi we olaryň öz tutumlaryndan dänmekleri we ýaraşmaklary mümkindir.

2- talak we aýryşmak zamanynda , ýaşaýyşdan numyt bolmaly däldir we alla töwekgel edip perwerdigäre umytly bolmalydyr.

3- başdaşlaryň birek- birek bilen çykyşlary laýyk we ýagşy suratda bolmalydyr we hema ýaraşyk mahallarynda hemde gahar gazapli bolup aýdyşýan mahallarynda , perzentleriniň hawuplardan azrak zyýan görer ýaly olar birek bilen gowy çykyş etmekleri gerekli bolýär .

4- talak mahalynda iki adyl şaýadyň huzurly bolmagy gereklidir we bu mesele hem yslamyň , başdaşlaryň hak hukuklaryny göz öňüne almaklyga üns berýändiginden hekaýat edýändir.

5- ýaşaýyşyň dartgyllyklaryndan we goşa sebjiklerinden gutulmak üçin iki mesele gerekli bolýar biri günäden gaça durup takwaly bolmak we ol biri hem perwerdigär , töwekgel etmekdir hakykatda takwa we töwekgel , ýaşaýyşyň kynçylyklaryndan gutulmak üçin iki mühüm apzaldyr.

 

Talak süresi, 4 we 5-nji aýatlar:

وَاللَّائِي يَئِسْنَ مِنَ الْمَحِيضِ مِن نِّسَائِكُمْ إِنِ ارْتَبْتُمْ فَعِدَّتُهُنَّ ثَلَاثَةُ أَشْهُرٍ وَاللَّائِي لَمْ يَحِضْنَ وَأُوْلَاتُ الْأَحْمَالِ أَجَلُهُنَّ أَن يَضَعْنَ حَمْلَهُنَّ وَمَن يَتَّقِ اللَّهَ يَجْعَل لَّهُ مِنْ أَمْرِهِ يُسْراً (4) ذَلِكَ أَمْرُ اللَّهِ أَنزَلَهُ إِلَيْكُمْ وَمَن يَتَّقِ اللَّهَ يُكَفِّرْ عَنْهُ سَيِّئَاتِهِ وَيُعْظِمْ لَهُ أَجْراً (5)‏

<< we öz her aýda ýüze çykýan döwürlerinden numyt bolan zenanlar indi ýaşlary ýada syrkawçylyk ýada göwreli bolmak zerarly bolsun, eger olar hakda şübheli bolsaňyz olaryň eddesi 3 aýdyr, şeýlede haýyz ýaşynda bolupda haýyz görmedik zenanlara “ we göwreli zenanlaryň eddesiniň gutarmagy olaryň çaga dogyrýan zamanyna çenlidir. we her kimse alladan gorksa perwerdigär onuň işlerini aňsatlaşdyrjakdyr.// bu hudaýyň size tarap ýollan permanydyr we her kimse hudaýdan gorksa , perwerdigär onuň telekelerini ýok edip paý padaşyny artdyrjakdyr. >>

Geçen aýatlarda alla tagala gurhany kerimiň talak süresinde talak mahallarynda umum zenanlaryň eddelerini saklamaklarynyň gereklidigini beýan etdi. indi bu aýatlar zenanlardan bolan 3 ýürite topary edde hökümlerini beýan edýär:

Birinji topar , ýaşlaryň ulalşmagy zerarly , göwrümden galan zenanlar, ikinjiden serkawçylyk ýaly deliller sebäpli bu meselä gabat gelmeýän zenanlar we üçünjiden hem göwreli zenanlardyr.

Deslapky 2 topar , olaryň göwreli bolmak ähtimaly bar bolsa onda 3 aýlap eddelerini saklamaklary gereklidir we göwreli zenanlar hem dogutlary dünýä gelýänçä sabyr etmelidirler soň olaryň talak mümkinçilikleri ýüze çykýandyr.

Talak we aýryşmak mahalynda , başdaşlaryň arasyndaky menjeşikleriň ýüze çykmak ähtimaly bolansoň ahlak usullarynyň göz öňüne almasyzlyk we birek- biregiň hak hukukyny aýak aşaga taşlamak mümkinçiligi köp bolýandyr. Bu näçe aýatda , 4 gezek talak mahalynda takwanyň göz öňüne almagynyň zerurlygy we onuň oňat täsirleri nygtalýar. geçen aýatlar hem takwaly bolmagyň , ýaşaýyşda asudalygyň ýüze çykmagyna sebäp boljakdygy beýan edilýär şeýlede bu aýatlarda ynsanlaryň takwany göz öňüne almaklary olaryň ýalňyşlyklarynyň basyrylmagyna we durmuşlarynda täze çözgüd ýollaryň tapylmagyna sebäp boljakdygy beýan edilýär .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ylahy hökümler , ynsanlaryň şeritlerine görä paryhly bolýar we alla tagala bütin adamlara , meňzeş hökümleri çykaran däldir.

2- perzent hatda enesiniň (göwresinde) hem bolsa hak hukukdan paýlydyr şol sebäpli göwreli zenan , ýene bir erkege baş çatyşyp bilýän däldir.

3- içeri maşgalada we ortak ýaşaýyşda, hatda talak we aýryşmak wagytlarynda hem takwaly bolmak , we hudaýdan gorkmak , işlerde , kynçylyklaryň çözülmegine sebäp bolýandyr sebäbi ylahy taglymlar , başdaşlaryň hak hukuklaryna laýyk suratda kepil geçendir.

4- iň ýagşy toba , ylahy takwany göz öňüne almakdyr, sebäbi hema ýalňyşlary basyrýandyr hemde ýagşy işleriň paý padaşlaryny arytdyrýandyr.

 

Talak süresi, 6 we 7-nji aýatlar :

أَسْكِنُوهُنَّ مِنْ حَيْثُ سَكَنتُم مِّن وُجْدِكُمْ وَلَا تُضَارُّوهُنَّ لِتُضَيِّقُوا عَلَيْهِنَّ وَإِن كُنَّ أُولَاتِ حَمْلٍ فَأَنفِقُوا عَلَيْهِنَّ حَتَّى يَضَعْنَ حَمْلَهُنَّ فَإِنْ أَرْضَعْنَ لَكُمْ فَآتُوهُنَّ أُجُورَهُنَّ وَأْتَمِرُوا بَيْنَكُم بِمَعْرُوفٍ وَإِن تَعَاسَرْتُمْ فَسَتُرْضِعُ لَهُ أُخْرَى (6) لِيُنفِقْ ذُو سَعَةٍ مِّن سَعَتِهِ وَمَن قُدِرَ عَلَيْهِ رِزْقُهُ فَلْيُنفِقْ مِمَّا آتَاهُ اللَّهُ لَا يُكَلِّفُ اللَّهُ نَفْساً إِلَّا مَا آتَاهَا سَيَجْعَلُ اللَّهُ بَعْدَ عُسْرٍ يُسْراً (7)

<< talak berilen zenanlary eger başarýan bolsaňyz eddeleri gutarýança öz ýaşaýan ýeriňizde saklaň we olara zyýan ýetişdirmäň we olara ýaşaýan mekanlaryny terk etmez ýaly, kynçylyk döretmäň we eger göwreli bolsalar , dogutlary dünýä inýän zamanyna çenli näfäkalaryny beriň , eger siziň dogutlaryňyza süýt berseler , haklaryny beriň we dünýä inen çaga hakda ýagşy suratda geňeşip maslahatlaşyň we eger ylalaşmak kyn bolsa onda ýene bir zenan oňa süýt bersin// her kimsäň maly taýdan ýagdaýy bar bolsa ol öz baýlygyna we ýarawyna görä näfägä bermelidir we her kimse gün oňşugy kyn we agyr bolsa onda allanyň oňa beren zaty boýunça we güýjine görä enfak etmelidir sebäbi perwerdigär hiç bir kimsäni oňa berlen zatdan artykmaçrak , teklipli edýän däldir . geljek golaýda perwerdigär , kynçylykdan soň aňsatlygy we asudalygy ýüze çykarjakdyr.>>

Bu aýatlar , ýene bir gezek edde döwründe başdaşyň hak hukukyny göz öňüne almaklygyň gereklidigini nygtap şeýle permaýyş edýär: siz şol edde zamanynda dimek näçe aýyň boýunda , ýaşaýyş jaýy we näfäka hakda başdaşyňyza kyn tutmaly dälsiňiz , göwreli zenanlar , ýürite ýagdaýlary sebäpli köpeňräk idege mätäç bolýarlar şol sebäpli olara ýetişiklik etmekde keýeň durmaly dälsiňiz . we çaga dünýä gelýän zamanyna çenli olaryň bütin gerekliklerini üpjün etmelidirsiňiz. Çaga dünýä geleni soň hem oňa süýt berilmegi we saklanmagy hakda birek- birek bilen arkadaşlyk etmelidirsiňiz we çagany ene süýdinden mahrum etmeli dälsiňiz . eger ene öz dogudyna süýt bermeklige taýyn bolmasa onda ony ýene bir zenana emdirmek üçin tabşyrmalydyrsyňyz.

Bu aýatlaryň dowamy ýaşaýyşda ýene bir möhüm usula yşarat edip şeýle diýýär : allanyň teklipleri , ynsanlaryň başarjaňlyklary boyunçadyr” onda zenanlar , erkekleriň güýç- gutratyndan artykmaçy , olardan tamaly bolmalydäldirler. Erkekler hem eger baýlyklary bar bolsa bahylçylyk edip öz içeri maşgalalardan gysganmaklyga hakly bolýan däldirler.

Gurhany kerimiň Bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- talagyň edde döwründe , erkek , zenany harlamaga we näfäkadyr ýaşaýyş jaýy hakda kyn tutmaklyga hakly däldir we ozalkylar ýaly başdaşyna ýaşaýyş mümkinçilikleri taýýarlamalydyr ol talak beren zenanasyna , zyýan ýetirip ýada ony agyr ýagdaýlarda goýmaklyga hakly däldir.

2- näfäka we ýaşaýyş jaýy hakda bolan ölçeg , erkegiň güýjine görädir zenanyň tamasyna we islegine görä däldir.

3- yslam perzentler hakda , we olaryň ýazgydy barada ene- ataň geňeşmeklerini tabşyrýandyr.

4- adamlar , öz başarjaňlyklary boýunça tekliplidirler we yslam hakykatlary göz öňüne alýan dindir we adamlaryň başarjaňlyklaryndan köpräk teklipi talap edýän däldir.

 

  •  

 

 

  •