bölüm 1023, süre Talak, aýat 8-12
bölüm 1023, süre Talak, aýat 8-12
راهی بسوی نور (1023)
Talak süresi, 8 , 9 we 10-njy aýatlar:
وَكَأَيِّن مِّن قَرْيَةٍ عَتَتْ عَنْ أَمْرِ رَبِّهَا وَرُسُلِهِ فَحَاسَبْنَاهَا حِسَاباً شَدِيداً وَعَذَّبْنَاهَا عَذَاباً نُّكْراً (8) فَذَاقَتْ وَبَالَ أَمْرِهَا وَكَانَ عَاقِبَةُ أَمْرِهَا خُسْراً (9) أَعَدَّ اللَّهُ لَهُمْ عَذَاباً شَدِيداً فَاتَّقُوا اللَّهَ يَا أُوْلِي الْأَلْبَابِ الَّذِينَ آمَنُوا قَدْ أَنزَلَ اللَّهُ إِلَيْكُمْ ذِكْراً (10)
<< we köp obalar , olaryň ýaşaýjylary , öz perwerdigärleriniň we onuň ýollan resullarynyň permanyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrdylar, onda biz agyr suratda olaryň hasaplaryna ýetişiklik etdik we olary näbelli azaplara duçar etdik// onda olar öz işleriniň ajy netijelerini datdylar we işleriniň soňy zyýandy// perwerdigär olara agyr azaplaary taýýarlandyr onda eý mömin we dana kişiler , hudaýdan gorkuň, dogrudan-da perwerdigär size duýduryş wesilesini iberendir.>>
Geçen gepleşikde , talak meselesi hakda içeri maşgala degişli bolan hökümler beýan edildi bu aýatlarda perwerdigär , eger birin içeri maşgala we ilin işleriňizde ylahy buýruklar boýunça amal etmeseňiz onda ozalky kumlar ýaly , ajy izgelimlere gabat geljekdirsiňiz diýip duýduruş berýär.
Allanyň permanyndan boýun gaçyrmagyň ahyr jezasy boljakdyr we ol dünýede we ahyratda ynsany gyryptar etjekdir. Elbet şeýle bir jeza adyl , hasap we kitap esasyndadyr we şeýlelik bilen hema hiç bir kimsä zülüm boljak däldir hemde ýagşylaryň we ýamanlaryň parhy hem belli boljakdyr.
Aýatlaryň dowamynda şeýle gelýär: allanyň permanyndan boýun gaçyran geçen kowumlaryň ýazgytlaryndan ybrat alyň dogyrdan hem ylahy buýruklardan boýun gaçyran kişileriň soňy zýan we pyşmanlykdan başga zat bolan däldir.
Dünýede öz akyllary we pikirleri bilen ýeňiş gazanan kowumlar utujy bolan mykan diýip guman etmäň sebäbi ynsanyň ýaşaýşy ölüm bilen gutarýan däldir we mühüm bolup durýan zat onuň ahyrat dünýesindäki ýazgydy we ýagdaýydyr . kä bir ynsanlar , dünýede jeza görmeklik , ynsany ahyrat jezalardan halas edýän mykan diýip guman edýärler emma beýile däldir we ol jezalaryň her gaýsy , ynsanyň telek işleri boýunça ony gyryptar etjekdir pikir we entişäň eýesi bolan ynsan , dünýe we ahyratdaky jezalardan gutulmagyň ýolunyň ylahy takwa we allanyň permanindan boýun gaçyrmakdan saklanmakdygyny bilýändir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwerdýän sapaklary:
1- allanyň we onuň iberen resullarynyň buýruklaryndan boýun gaçyrmaklyk , dünýede heläkçilige we zýana sebäp bolup ahyretiň agyr jezasyny hem yzyna tirkejekdir.
2- allanyň garşysynda togýan etmek bilen hasyl bolýan we çalt geçip gitýän läzzätlere we bagtýarlyklara menlikli bolmaýlyň eýsem mühüm bolup durýan zat ynsanyň işiniň soňy we agybatydyr.
3- akyl we iman birek birekden aýry däldir akla eýermeklik ynsany imana iterýär we onda takwadyr perhizkärligiň ruhiýesini döredýär.
4- akyl we wähi , ynsanyň gutulmagynyň wesilesidir bolaryň ikisi , elmydama ynsany , erbetliklerden alyp galyp oňa duýduryş berýärler we şeýdip hem sagadat ýoluny oňa görkezýärler .
Talak süresi, 11-nji aýat :
رَّسُولاً يَتْلُو عَلَيْكُمْ آيَاتِ اللَّهِ مُبَيِّنَاتٍ لِّيُخْرِجَ الَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ مِنَ الظُّلُمَاتِ إِلَى النُّورِ وَمَن يُؤْمِن بِاللَّهِ وَيَعْمَلْ صَالِحاً يُدْخِلْهُ جَنَّاتٍ تَجْرِي مِن تَحْتِهَا الْأَنْهَارُ خَالِدِينَ فِيهَا أَبَداً قَدْ أَحْسَنَ اللَّهُ لَهُ رِزْقاً (11)
<< ylahy ýagtylyk dörediji aýatlary size talawat edýän pygamber , iman getirip laýyk we ýagşy işleri ýerine ýetirýänleri garaňkylykdan nura tarap çykarmakçydyr we her kimse hudaýa iman getirip ýagşy işleri ýerine ýetirse , perwerdigär ony agaçlarynyň astynda akarlar rowana bolan baglara dahyl etjekdir we hemişelik üçin şol mekanda galjakdyrlar . şeksiz perwerdigär onuň ryzkyny ýagşy aýlandyrandyr.>>
Gurhany kerimiň ýany bilen , perwerdigär , allanyň kitabynyň rüşen aýatlarynyň esasyna görä ilaty erbet we telek işlerden alyp galyp ýagşy işlere tarap çagyrmak üçin bir pygamberi hem iberendir ilat dünýede we ahyretde sagadaty elgerjek bolsalar hökman iman getirip salyhy amal bilen şeýle bir çakykygy kabul etmelidirler . aýtmak ýerli , her hili şirk we küpir şeýlede akydada 2 ýüzli bolmaklyk we pysat we günä işlere baş goşmak ynsan üçin garaňkylyk hesiplenýändir şol sebäpli pygamberler ynsany pikir we akydada , towhyda ýetirmek üçin we amalda hem ýagşylyga tarap hidaýat etmek ugurda iberlendirler . şeýle bir ýagdaýda ynsan garaňkylykdan halas bolup hidaýat nury bilen bagtyýarlyga ýetjekdir.
Günä we pysat işlerde bir hili lezzet we hoşluk bar bolsada şeksiz bu hili hoşluklar müdimlik däldir emma salyhy amaly ýerine ýetiren kişi durnukly we müdimlik lezzetleri elgerip başarjakdyr bu hili hoşluklar , bu dünýä degişli däldirde eýsem behiştde we bagky dünýede ynsana nesip etjekdir behiştde perwerdigär iň ýagşy lezzetleri we ryzky , salyhy ynsan üçin taýýarlap goýandyr.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- asmanlyk kitabyň ýeke özi ynsany hidaýat etmek ugurda ýeterlik däldir eýsem , ilaty şol kitabyň taglymlary esasynda hidaýat edipde özi hem ilata ölüňi bolmay üçin pygamberiň bolup durmagy hem gereklidir.
2- batylyň ýoly , çaşgyn we düregeidir. Şol sebäpli zulumat sözi jem suratynda getirlendir emma hakyň ýoly ýekejedir şol zerarly hem nur sözi ýeke suratda beýan edilendir .
3- pygamberleriň , pygamberlige bellenmekden maksady , ynsany garaňkylykdan halas edipde ony hakyň rüşen ýoluna hidaýat etmekdir.
Talak süresi, 12-nji aýat :
اللَّهُ الَّذِي خَلَقَ سَبْعَ سَمَاوَاتٍ وَمِنَ الْأَرْضِ مِثْلَهُنَّ يَتَنَزَّلُ الْأَمْرُ بَيْنَهُنَّ لِتَعْلَمُوا أَنَّ اللَّهَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ وَأَنَّ اللَّهَ قَدْ أَحَاطَ بِكُلِّ شَيْءٍ عِلْماً (12)
<<Ýedi asmany we ýeri hem şonuň ýaly ýaradan hudaýdyr, elmydam onuň permani olara inýändir , perwerdigäriň bütin işlere gudratlydygyny biler ýaly we allanyň amaly bütin zatlary öz içine alýändyr.>>
Bu aýat talak süresiniň soňky aýatydyr we allanyň ýaradylmyş älemdaky azamatyna we onuň çäksiz gudratyna yşara edip şeýle permaýyş edýär : ýedi asman we ýedi zemini perwerdigär ýaradandyr . elbet 7 sözden maksat bu aýatda , mümkin , asmanda ýyldyzlaryň köpdigi ýada ýar şary ýaly ýene köp şarlaryň bolmagydyr ýada mümkin , häzir adam ogluna äşgär bolmadyk , dünýede bar bolan bir hakykata yşarat edýän bolsun we gelejekde ynsanyň ylmynyň ösmegi bilen onuň aýan we äşgär belli bolmagy ähtimaldyr . emma ýaratmagyň ýeke özi ýeterlik däldir şeýle bir azamatly we uly älemiň dolandyrylmagy üçin hekmet we tedbir hem gereklidir şol sebäpli bu aýatda alla tagalanyň gutarnyksyz ylymdan paýlydygy hem nygtalýar.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- biziň oňa imanymyz bolan hudaýymyz hemä ýaradyjydyr hemde perwerdigär dimek hem dünýäň ýaradylmagy onuň eli bilen bolandyr hemde dolandyrylmagy onuň hekmeti esasynda ýerine ýedýändir şol sebäpli gurhanda alla barada hema halyk hemde rap sözler bilen ulanylandyr.
2- ýaradylmyş älemi , allany we onuň azamtyny tanamak üçin iň uly kelamydyr elbet kä adamlar diňe ýaradylmyşa ser edip perwerdigärden gapyldyrlar.
3- allanyň bütin zatlar hakda bolan ylmy kämil we nuksansyzdyr.
Talak süresiniň soňy