bölüm 1024, süre Tährim, aýat 1-5
bölüm 1024, süre Tährim, aýat 1-5
راهی بسوی نور (1024)
Tährim süresi
Tährim süresiniň 12 aýaty bar we ol Medinede inen süreleriň sanyndandyr. bu süräniň ilkinji aýatlary , käbir halal imitleri özüňä haram we gadagan etmek hakda bolansaň ol tährim diýen ada eýe bolandyr. bu süräniň soňky aýatlary hem bir salyhy we bir salyhy bolmadyk zenana degişlidir. Salyhy ynsanlar iman ähline ülňi bolup başarýandyr we pasyt adamlaryň barýan ýollary erbet bolanson ynsanlar olardan gaça durup ýaşamalydyrlar.
Tährim süresi, 1 we 2-nji aýatlar:
يَا أَيُّهَا النَّبِيُّ لِمَ تُحَرِّمُ مَا أَحَلَّ اللَّهُ لَكَ تَبْتَغِي مَرْضَاتَ أَزْوَاجِكَ وَاللَّهُ غَفُورٌ رَّحِيمٌ (1) قَدْ فَرَضَ اللَّهُ لَكُمْ تَحِلَّةَ أَيْمَانِكُمْ وَاللَّهُ مَوْلَاكُمْ وَهُوَ الْعَلِيمُ الْحَكِيمُ (2)
<< eý pygamber! näme üçin allanyň saňa halal eden zadyny , öz başdaşlaryň razylygyny gazanmak üçin özüňe haram edýärsiň , perwerdigär bagşanda we magfyrat edijidir.// Dogrudan-da alla içen antyňyzdan gutulmak ýoluny käffara tölemek bilen belli edip goýandyr . we perwerdigär siziň dostuňyzdyr we ol dana we hikmetlidir.>>
Pygamberiň käbir başdaşlary birek- birege göripçilik edip beýleki başdaşlaryň pygamber üçin taýýarlaýan damaklaryna at dakýanmyşlar. mysal üçin şeýle diýänmişler : eý allanyň resüli! iýýän damagyň isi erbetmiş şol sebäpli seniň agzyňyz islendiripdir. Hudaý resuly hem öz başdaşlaryny razy etmek üçin indi şeýle bir damaklardan imerin diýip aňt içipdir. Bu aýatlar , allanyň resuluna inip: eý pygamber! näme üçin özüňi harasata düşürip allanyň saňa halal aýlandyran zatlaryny özüňä haram edýärsiň diýip ýatlaýar we käffarany töläpde öz antyňy dew we şeýle bir özüň arkaly ýola goýlan haramlary gutar diýip beýan edýär. Şol sebäpli allanyň resuly bir guly azat edip özüne haram eden zadyny halal edýär.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
- pygamberler , ylahy taglym- terbiýäniň astynda bolandyrlar we alla tagala öz ýol görkezmeleri bilen olary dogry ýola hidaýat edýärdi.
2- yslamda , rahebeçilik we özüňi käbir halal lizzetlerden mahrum etmeklik kabul edilen däldir sebäbi perwerdigär öz bendelerine halal aýlandyran zatlaryndan olaryň haýyrlanmaklaryny isländir.
3-ant içmek , egerde ylahy hökümler esasynda bolsa degerlidir we adam ant içmek bilen halallary özüne haram edip başarýan däldir.
4- başdaşlaryň birek- birekden bolan islegleri käbir haramlaryň halal bolmagyna ýada käbir halallaryň haram bolmagyna sebäp bolmaly däldir ýene bir ybaratda , içeri maşgalaň örisinde , başdaşyň razylygyny gazanmak , allanyň razylygynyň çarçuwasynda kabul ederlidir.
Tährim süresi, 3 we 4-nji aýatlar:
وَإِذْ أَسَرَّ النَّبِيُّ إِلَى بَعْضِ أَزْوَاجِهِ حَدِيثاً فَلَمَّا نَبَّأَتْ بِهِ وَأَظْهَرَهُ اللَّهُ عَلَيْهِ عَرَّفَ بَعْضَهُ وَأَعْرَضَ عَن بَعْضٍ فَلَمَّا نَبَّأَهَا بِهِ قَالَتْ مَنْ أَنبَأَكَ هَذَا قَالَ نَبَّأَنِيَ الْعَلِيمُ الْخَبِيرُ (3) إِن تَتُوبَا إِلَى اللَّهِ فَقَدْ صَغَتْ قُلُوبُكُمَا وَإِن تَظَاهَرَا عَلَيْهِ فَإِنَّ اللَّهَ هُوَ مَوْلَاهُ وَجِبْرِيلُ وَصَالِحُ الْمُؤْمِنِينَ وَالْمَلَائِكَةُ بَعْدَ ذَلِكَ ظَهِيرٌ (4)
<< we pygamber , öz başdaşlarynyň birine , bir sözi , syr hökmünde aýdanda we ol hem şol syry paş edende , perwerdigär , şol syryň paş bolmagyndan pygamberini habarly etdi . pygamber ol paş bolan syryň bir bölümini , şol zenana aýdyp ýene bir bölümini aýtmakdan saklandy. Onda şol zenana habar berende şeýle diýdi: bir kimse seni meniň paş eden syrymdan habarly etdimi ? pygamber aýtdy: dana perwerdigär maňa habar berdi" diýip// egerde siz iki zenan allanyň dergähinde toba etseňiz siziň peýdaňyzadyr sebabi siziň ýürekleriňiz gyşarnyga duş bolandyr we eger pygamberiň garşysynda birek- birege goldaw we arka bolsaňyz hiç bir işi başarmarsyňyz , sebäbi perwerdigär , jebril we salyhy möminler onuň hemaýatçylarydyr. We perişdeler hem olardan soň oňa arkadyrlar.>>
Geçen aýatlaryň dowamynda , pygamber (s)ň käbir başdaşlarynyň ol hezret hakdaky ýaramaz işleri beýan edileni soň bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: göripçilik we bahylçylykdan başga , hezreti resuly äkrem (s)ň käbir başdaşlarynyň ýaramaz gylyklarynyň biri olaryň syrlary paş etmekleridir. Başdaşlar birek- biregiň syrlaryny saklamaklyga boryçlydyrlar . taryhda gelşine görä hudaý resuly , bir sözi öz başdaşlarynyň birine aýdyp, sen bu gürrüňi hiç bir kimsä aýtmagyl diýip ondan isläpdir emma ol bu syry pygamber(s)ň ýene bir başdaşyna aýdypdyr we ol hem ony paş edipdir. Perwerdigär hem öz pygamberini bu wakadan habarly edipdir. Ol hezret hem öz başdaşyna şeýle bir işiň ne çende ýaramazdygyny ýatlapdyr. emma şol bir ýagdaýda hem ony utandyrjak bolup wakany köp açyklamandyrlar. Aýatlaryň dowamy , ol syry paş eden we ony eşden zenany öz ýalňyşlaryndan toba etmeklige çagyrýar we şeýle permaýyş edýär : bu iş bilen , siziň ýürekleriňiz dogry ýoldan gyşarnyga duş bolandyr eger bu işden elçekipde toba etmeseňiz hakykatda siz pygamberiň tersine agyzy bir bolansyňyz , elbet siz bu hereketleriňiz bilen hiç bir işi başarjak dälsiňiz sebäbi , alla tagala , perişdeler we salyhy möminler hezreti resuly äkrem (s.w) ýar we hemradyrlar , ony hemaýat edýändirler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- syr saklamak , salyhy we ýagşy başdaşlaryň häsiýetlerindendir we başdaşyň syryny paş etmek hakykatda bir hili onuň tersine duşmançylyk edip pitne döretmekdir .
2- hudaý resuly hem kä mahallarda käbir içer maşgalalyk kynçylyklara duş bolýanmyş we käbir başdaşlary ol hezretiň ynjymagyna sebäp bolýan eken emma hezreti resul äkrem (s) öz sabyrly bolmagy we oňşarnykly bolmak ýöriteligi bilen giň gursak bolup olaryň günälerini bagyşladylar .
3-kä mahallarda öý we içeri maşgalada , giň gursak bolmak gereklidir we ýalňyşan adam üçin toba we öwrülmek ýoly açyk bolmalydyr . şol sebäpli içeri maşgala agzalarynyň biriniň tarapyndan bir ýalňyşlyk ýüze çyksa bu mesele öýde menjeşigiň döremegine we içeri maşgala arabaglanşyklaryň çagşamagyna sebäp bolmaly däldir.
- Her haçan hudaý resuluna bi-hormatçylyk edilse ýada oňa dönüklik bolsa onda bütin möminleriň ol hezretden arka çykmaklary gereklidir. şeýle bolan ýagdaýynda duşmanlar hiç haçan hudaý resulunyň ornuna zyýan ýetirip başarjak däldirler.
Tährim süresi, 5-nji aýat :
عَسَى رَبُّهُ إِن طَلَّقَكُنَّ أَن يُبْدِلَهُ أَزْوَاجاً خَيْراً مِّنكُنَّ مُسْلِمَاتٍ مُّؤْمِنَاتٍ قَانِتَاتٍ تَائِبَاتٍ عَابِدَاتٍ سَائِحَاتٍ ثَيِّبَاتٍ وَأَبْكَاراً (5)
<< eger pygamber sizi talak berse onda perwerdigäri onuň üçin sizden gowyrak, musulman , mömin, buýrugyny ýerine ýetirji , toba ediji , ybadatçy we oraza tudýan zenany- doldan , gyzdan- siziň ýeriňize oňa nesip etmegi mümkindir.>>
Hezreti resuly äkrem (s)ň näçe başdaşy bolup kä mahallarda olaryň käleri ol hezretiň ynjymagyna sebäp bolsalarda hudaý resuly hiç mahal olaryň hiç birini talak bermändir we olar bilen oňşup ýaşapdyrlar.
Bu aýat , pygamberiň zenanlaryna duýduryş berip şeýle diýär: eger siz hezreti resuly äkrem (s)ň bagşandalyk hasiýetindenpend we ybrat almasaňyz pygamber hiç haçan sizleri talak bermez mykan diýip guman etmäň eýsem hezret resul äkrem(s) üçin elmydam şeýle bir hak bardyr şeýlede olar , özleri iň ýagşy zenanlar mykan diýip guman etmesinler sebäbi eger pygamber (s) olaryň talagyny berse onda olardan ylaýykrak we ýagşyrak zenanlar hezret resul äkrem(s) bilen baş çatyşjakdyrlar.
Bu aýatda ylaýyk zenanlaryň käbir ýüriteliklerine hem yşarat bolandyr bu häsiýetler , başdaş saýlamakda hem ölçeg bolup başarjakdyr . baş çatyşmak üçin musulman we mömin bolmak ilkinji şertdyr . we musulman kişi , musulman däl kişi bilen baş çatyşyp başarýan däldir . başdaşyň ýanynda , pes päl bolmak , namaz we ruza ählinden bolup toba edijilik şeýle bir aýatda nygtalan ýüritelikleriň sanyndandy. Elbet bu aýatda gyz bolmak ýada ozalda baş çatyşan bolmaklygy zenana ýürite degerlik hesiplän däldir. We bekaratly bolmaklyk zenan üçin gymmatlyk däldir.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň bize öwredýän sapaklary:
1- talak bermeklik içeri maşgala kynçylyklarynda iň soňky çözgit ýoldur , ilkinji ýol däldir . eger başdaş öz ýaramaz işlerine aýak direse we ýan ýoldaşy bilen oňuşmasa we elmydam menjeşik döretse , şol bir ýagdaýda bu ýollaryň biri aýryşmak bolsa bolamalydyr.
- Ärleri ölen ýada talak berilen zenanlar hem baş çatyşmak hakdan paýlydyrlar we olar ömürleriniň soňuna çenli baş çatyşmakdan mahrum edilmeli däldirler.
- Zenanyň hakyky degerligi onuň ýaş bolmagy ýada gyz bolmagy üçin dälde eýsem onuň ahlagy , ynsany we magnawy ýagşy häsiýetlerden paýly bolmagydyr.
////////////