Sep 22, 2025 16:36 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1025, süre Tährim, aýat 6-8

bölüm 1025, süre Tährim, aýat 6-8

راهی بسوی نور (1025)

Tährim süresi, 6-njy aýat

يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُوا قُوا أَنفُسَكُمْ وَأَهْلِيكُمْ نَاراً وَقُودُهَا النَّاسُ وَالْحِجَارَةُ عَلَيْهَا مَلَائِكَةٌ غِلَاظٌ شِدَادٌ لَا يَعْصُونَ اللَّهَ مَا أَمَرَهُمْ وَيَفْعَلُونَ مَا يُؤْمَرُونَ (6)

<<Eý iman getiren adamlar! özüňizi we içeri maşgalaňyzy , oduny adamlar we daşlardan bolan otdan saklaň, ol oda , işlerinde gaýym we berk bolan perişdeler gorakçydyrlar, olar allanyň beren permanyndan boýun gaçyrýan däldirler we her näme olara buýrulsa, ýerine ýetirýändirler.>>

Tährim süresiniň ilkinji aýatlarynda , içeri maşgala degişli meseleler hakda kä bir tabşyryklar ara atyldy. bu aýat ynsanyň içeri maşgala agzalary hakdaky jogapkärçilikleri barada bolup şeýle permaýyş edýär : iman ähli bolanlar diňe özlerini dowzah odundan gutuldyrmagyň pikrinde däldirler eýsem olar öz maşgala agzalary hakda jogapkärçilik duýup olary , ýaramaz işlerden alyp galmak ugurda tagalla edýärler . är- heleý birek birek hakda , ylaýtada perzentler hakda jogapkärdirler . olar , içeri maşgala agzalaryny we onuň örisini her hili ýaramazlyklardan daş saklap bulaşyklardan päklemek ugurda tagalla etmelidirler . olar (ene- atalar) dine garşy bolan medeniýetiň ýada içeri maşgala agzalarynyň gylyk häsiýetlerini soslandyrýan meseleleriň öýlerine ýol açmagyna rugshat bermeli däldirler . ene atalar , perzentlerini ýagşa çagyryp ýamandan alyp galmak ugurda talaş etmelidirler . ýene bir garaýşdan perzentleriň imit damaklaryny taýýarlap olaryň jisimi sagdynlyklaryny üpjün etmek ene atalara borç bolşy ýaly , çagalary ruhy taýdan terbiýeläpde olaryň pikri gerekliklerini dogry ýoldan taýýarlamak hem ene atalaryň tekliplerindendir . tebigi suratda eger ene atalar şu ugurda keýeň dursalar perzentleriniň pikri we amaly taýdan gyşarnyga duş bolmaklaryna sebäp boljakdyr. Dowzah ody hakda şeýle permaýyş edilýär : dowzahyň oduny , dowzahy bolanlaryň jisimidir bu oduň ody , günä arkaly ölçerilýändir onuň ýanynda ergin daşlar bardyr we ol daşlar , ot pyşgyrýan daglaryň ergin daşlary ýaly gyzgyndyr.

Gurhany kerimiň bu aýatyň öwredýän sapaklary:

1- ynsanyň nefsi , serkeş we köp islijidir we ony ýaramazlyklara tarap iterýändir. şol sebäpli bütin ýagdaýlarda ynsan öz nefsine esewan bolmalydyr.

2- kyýamat we dowzah oduna ynamly bolmak , ynsanyň özüni kantrul edip özgeleri hem düzeltmeginde möhüm roldan paýlydyr.

3- düzedişliklerde ilkinji ädim , özüňi şeýlede öz ýakyn garyndaşlaryny düzetmekdir köpçüligi düzeltmek soňraky tabgyrdadyr.

4- perzentleriň dini terbiýesi , içeri maşgala başlygynyň borçlaryndandyr.

5- perişdeler , ýaradylmyş äleminiň dünýe we ahyretdäki buyrukçylarydyrlar we olar behişt we dowzahy , ylahy permanyň esasynda dolandyrýandyrlar.

 

Tährim süresi, 7nji we 8-nji aýatlar:

يَا أَيُّهَا الَّذِينَ كَفَرُوا لَا تَعْتَذِرُوا الْيَوْمَ إِنَّمَا تُجْزَوْنَ مَا كُنتُمْ تَعْمَلُونَ (7)‏ يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُوا تُوبُوا إِلَى اللَّهِ تَوْبَةً نَّصُوحاً عَسَى رَبُّكُمْ أَن يُكَفِّرَ عَنكُمْ سَيِّئَاتِكُمْ وَيُدْخِلَكُمْ جَنَّاتٍ تَجْرِي مِن تَحْتِهَا الْأَنْهَارُ يَوْمَ لَا يُخْزِي اللَّهُ النَّبِيَّ وَالَّذِينَ آمَنُوا مَعَهُ نُورُهُمْ يَسْعَى بَيْنَ أَيْدِيهِمْ وَبِأَيْمَانِهِمْ يَقُولُونَ رَبَّنَا أَتْمِمْ لَنَا نُورَنَا وَاغْفِرْ لَنَا إِنَّكَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ (8)

<< olar kapyrlara şeýle diýär : eý kapyr kişiler! eger şu gün , ötünç soramasaňyz , diňe baş goşan amallaryňyz esasynda jezalandyryljaksyňyz. // eý iman getiren adamlar! hudaýyň dergahyna yhlas bilen toba ediň, şeýle toba eden ýagdaýyňyzada perwerdigär hem siziň ýaramazlyklaryňyzy ötüp sizi agaçlarynyň astynda akarlar akyp duran behişte dahyl etmegine umyt dörejekdir. Şol günde , perwerdigär , pygamberi we oňa iman getirenleri harlajak däldir nur we ýagtylygy olaryň öňünden we sag tarapyndan öňe äkitjekdir . şonda olar aýdarlar : eý bar hudaýa! biziň nurumyzy kämil et we bizi magfyrat et, dogrudan-da sen her bir işe başarjaňsyň “ diýip. >>

Geçen aýatyň dowamunda bu aýatlar , deslap kapyrlara ýüzlenip şeýle diýär : kyýamatda hiç bir bahana we ötünç kabul ediljek däldir, sebäbi kyýamat amallaryň görnüşe çykýan sahnasydyr we ynsanyň durkynda bar bolan ýaramaz gylyk häsiýetler egerde toba we magfyrat talap etmeklik bilen päklenmese ol ynsanyň dowzahda jezalandyrylmagyna ýerlik taýýarlajakdyr . geçen aýatda hem bu meselä yşarat bolup dowzahda ot adamlaryň öz durkyndan döräp tutaşýandyr diýlip ýatlanandyr.

Aýatlaryň dowamynda dünýe ögrülip möminlere ýüzlenip şeýle permaýyş edýär : ynsanyň gutulyp halas bolmak ýoly , onuň toba edip halys suratda çyny bilen perwerdigäre tarap dolanmagydyr şeýle bolan ýagdaýynda alla tagala onuň günälerinden geçip ynsany magfyrat etjekdir . her kimse günäden arassa we päk bolsa onuň behişte ýol açyp başarjakdygy we ylahy rahmatyň çygyrynda ýerleşjekdigi tebigi zatdyr . nusuh tobasy diýlip bu aýatda nygtalan toba , haakykatda ynsanyň janyndan gözbaş alýan hakyky tobadyr we ol ynsanyň ýürekden puşman dygynyň alamatydyr ýene bir ybaratda hakyky toba , ynsanyň indiden soň şol işi hiç haçan gaýtalajak däl diýip tutum tutmagydyr.

Aýatlaryň dowamy hudaý resuluna eýerýänleriň we möminleriň kyýamatdaky ýagdaýlaryna yşarat edip şeýle diýär: dowzahdaky günäkär ynsanlaryň ötünçde we puşmanlykda bolan günlerinde , möminler , baş ýokarydyrlar iman nury olaryň durkynda jylwalanjakdyr we olar şol nuryň kämil bolup dowam etmegini alla tagaladan talap etjekdirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kyýamatda toba edip ötünç soramagyň peýdasy ýokdur biz dünýäde barkak we pursatymyz barka toba edip öwrülmek bilen , geçmişimizi düzeltmek ugurda talaş etmelidiris.

2- kyýamatda dowzah we jezaň ody , ynsanyň ýerine ýetiren işlerinden başga zat däldir.

3- ynsan günäden gaçmalydyr, eger-de gyşarnyga duş bolsa çaltlykda toba etmelidir.

4- mömin kişi , günäden aman däldir we kä mahallarda onuň günä işlere baş goşmagy mümkindir emma onuň imanynyň nyşanasy toba edip puşman bolmagydyr .

5- ynsan ýaramazlyklardan we günälerden päk bolmasa ol behişte elgerip başarjak däldir sebäbi behişt päk ynsanlaryň mekanydyr , günäkärleriň jaýy däldir.

6- toba edip magfyrat talap etmek hemä ynsanyň garaňky geçmişini päkleýändir hem-de onuň kemal tapyp nurana bolmagyna sebäp bolýandyr.

7- ynsanyň dünýedäki ýagşy işleri , kyýamatda nur görnüşinde aýan boljakdyr.

 

/////////////