bölüm 1026, süre Tährim, aýat 9-12
bölüm 1026, süre Tährim, aýat 9-12
راهی بسوی نور (1026)
Tährim süresi, 9-njy aýat :
يَا أَيُّهَا النَّبِيُّ جَاهِدِ الْكُفَّارَ وَالْمُنَافِقِينَ وَاغْلُظْ عَلَيْهِمْ وَمَأْوَاهُمْ جَهَنَّمُ وَبِئْسَ الْمَصِيرُ (9)
<< eý pygamber! kapyrlar we munafyklar bilen jyhat et we olara kyn tut we olaryň jaýy dowzahdyr we ol ne erbet ýazgytdyr.>>
Geçen gepleşikde kyýamatda kapyrlaryň harlanyp zilletde bolýandyklaryna we möminleriň hem hezzetli we baş ýokary boljakdyklaryna yşarat boldy. Bu aýat hezreti resuly ekrem(s) ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: kapyrlar we munafyklar bilen jyhat et we gerekli bolan ýagdaýynda olara kyn tut , dogrudan-da kapyrçylygyň we iki ýüzliligiň soňy dowzahdyr.
Kä bir beýik tefsirçiler şu ugurda şeýle dýarlar : bu aýatda jyhatdan maksat , kapyrlar we munafyklar bilen harby uruşa girişmek däldir sebäbi hudaý resuly hiç haçan öz ýaşaýyşynyň bouýnda munafyklar bilen söweşen däldir eýsem jyhatdan maksad , pikeri jyhatdyr. Allatagala furkan süresiniň 52 nji aýatynda hem şeýle diýar : eý pygamber! kapyrlaryň ugur-ýollaryna eýerme we gurhan arkaly olar bilen uly jyhada giriş .” bu aýatda hem perwerdigär öz pygmberine kapyrlar we olary mantyk we aýdyň deliller bilen perwerdgäre tarap çagyr we eger olar garşylaşmaga dursalar onda olara güçli suratda gaýtawul ber diýip permaýyş edýär.
Gurhany kerimiň bu aýatyniň öwredýän sapaklary :
1- dininiň hakykaty ýürekden ynamly bolmakdyr, munafyk ýüzleý suratda musulmandyrlar emma batynynda kapyrdyrlar we onuň ýürekden imany ýokdur.
2- mähribanlyk we gaty durmak her gaýsy öz jaýynda gereklidir elbet mähribanlyk we rähimly bolmak elmydama gahar gazaply bolmakdan öňräkde durýandyr .
3- duşmanlar bilen jyhat etmegiň durly bölümleri bardyr pikri jyhat, harby we ýaragly uruşdan öňde durýandyr.
Tährim süresi, 10-njy aýat:
ضَرَبَ اللَّهُ مَثَلاً لِّلَّذِينَ كَفَرُوا اِمْرَأَةَ نُوحٍ وَاِمْرَأَةَ لُوطٍ كَانَتَا تَحْتَ عَبْدَيْنِ مِنْ عِبَادِنَا صَالِحَيْنِ فَخَانَتَاهُمَا فَلَمْ يُغْنِيَا عَنْهُمَا مِنَ اللَّهِ شَيْئاً وَقِيلَ ادْخُلَا النَّارَ مَعَ الدَّاخِلِينَ (10)
<< perwerdigär , kapyrçylyk edenlere , Nuhuň başdaşyny şeýlede Lutuň başdaşyny mysal getirendir, olaryň ikisi-de biziň iki ýagşy bendämiziň başdaşy bolupdyrlar emma olara dönüklik etdiler we ol iki pygamber perwerdigäriň olara bolan azabyny dep eden däldirler we olara şeýle aýdyldy "dahyl bolýanlar bilen siz hem oda dahyl boluň" diýip. >>
Bu süräniň ilkinji aýatlary , pygamberiň kä bir başdaşlary hakdady. olar hezreti muhammet(s)ň syrlaryny beýlekileriň ýanynda paş edip ol hezretiň ynjymagyna sebäp bolýardylar. bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: geçen pygamberleriň zamanynda hem şeýle bir başdaşlar bolupdyr. Olar Nuh we Lut ýaly pygamberleriň öýlerine ýaşasalar-da olaryň duşmanlary bilen hyzmatdaşlyk edip ilaty ol ylahy pygamberleriň sözlerini kabul etmekden saklandyrýanmyşlar. elbetde ylahy adyl düzgüninde pygamberler ýakyn bolmak ýada olar bilen kowum-garyndaş bolmaklyk , bir mazalyk bolup adamlary jezadan halas etmekden alyp galmajakdygy äşgär we bellidir we her kimse diňe öz çykyşlary we sözleri babatly jezalandyryljakdyr ýada oňa paý- padaş beriljekdir . şol sebäpli bu iki zenan diýmek Nuh bilen Lut pygamberleriň başdaşlary bolsalarda kyýamatda dowzahy boljakdyrlar.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- pygamberiň başdaşy ýä perzendi bolmak ynsanyň gutulmagyna sebäp boljak däldir . hakykatda her bir ynsanyň , dünýe we ahyretde sagadatly bolmagy ýada betbagytçylyga uçarmagy onuň saýlaýan ýoluna baglydyr.
2- ynsan hä zenan bolsun hä erkek , erk- ygtýarlydyr we mejbur däldir we hatda pygamberiň zenanasy hem öz başdaşynyň tersine bolan ugur- ýoly saýlap başarmaga erklidir.
3- päk we salyhy ynsanlar öz içeri- maşgalalaryny goramalydyr sebäbi kapyrçylyk we dinsizlik hatda pygamberleriň öýlerine hem ornap bilýändir.
Tährim süresi, 11-nji aýat :
وَضَرَبَ اللَّهُ مَثَلاً لِّلَّذِينَ آمَنُوا اِمْرَأَةَ فِرْعَوْنَ إِذْ قَالَتْ رَبِّ ابْنِ لِي عِندَكَ بَيْتاً فِي الْجَنَّةِ وَنَجِّنِي مِن فِرْعَوْنَ وَعَمَلِهِ وَنَجِّنِي مِنَ الْقَوْمِ الظَّالِمِينَ (11)
<< we perwerdigär iman getiren adamlar üçin fyrownyň başdaşyny mysal urandyr. ol şeýle diýipdi : bar hudaýa! meniň üçin behiştde bir saraý gur we meni fyrowndan we onuň etmişlerinden halas et we meni sütemkärleriň elinden gutuldyr. >>
geçen aýatda Nuh we Lutyň zenanlary iki sany belli kapyr zenan hökmünde mysal getirlendirler. indi olaryň garşysynda bu aýat we indiki aýat , 2 zenany imanyň kämil ülňisi adynda tanytýar : biri fyrownyň başdaşy we ýene biri hem hezreti Merýem (s). Fyrownyň başdaşynyň ady Asiýedi. ol fyrownyň köşgünde ýaşap asudalygyň bütin mümkinçiliklerinden paýly bolsa-da hezreti Musa(a)ň hakdygyna göz ýetirip oňa iman getirdi we fyrownyň bütin haýbat atmalarynyň garşysynda durdy soňda fyrownyň adamlarynyň güýçli gynamalarynyň astynda şehit boldy. hezreti Merýem(s) hem bir ömür beýtulmukaddese hezmat edip tagat ybadata meşgul bolansoň perwerdigäriň merhemetine duş boldy we alla tagala hezreti Ysany oňa ata etdi. bu iki zenan parhly şeritlerden paýly bolsalarda ikisi-de allanyň bendsi bolup onuň permanyna boýun bolansaňlar , taryhyň gidişinde imanly zenanlara we merdanlara bir ülňi adynda tandylandyrlar.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- pygamberlerden daşgary ýönekeý ynsanlar hem hudaýyň bendelerine ülňi bolup başarýandyrlar. Hatda zenanlar hem erkeklere ülňi bolup bilýärler. fyrownyň başdaşy hem iman ähli bolanlaryň hemmesine ülňi hökmünde tandylandyr.
2- öýüň we içeri maşgalaň örisi , ýada köpçülikde ýalňyş ynamlaryň we sünnetleriň ýörgün bolmagy kufur we dynsyzlyga bir bahana bolup başarýan däldir. fyrownyň başdaşy köşükde ýaşasa-da hezreti Musa(a) iman getirdi.
3- her kimse hudaýa imany bar bolsa ol perwerdigäriň razylygy ugrunda talaş edýändir we behiştdäki öý , fyrownyň küşgünden we maddy gözülliklerden gawyrak görüp dünýäniň abadanlyklaryna aldanýan däldir.
4- zenan dini işlerde , erkekden garaşsyzdyr we dine garşy bolan işlerde başdaşyna eýermeli däldir.
Tährim süresi, 12-nji aýatyň talawaty:
وَمَرْيَمَ ابْنَتَ عِمْرَانَ الَّتِي أَحْصَنَتْ فَرْجَهَا فَنَفَخْنَا فِيهِ مِن رُّوحِنَا وَصَدَّقَتْ بِكَلِمَاتِ رَبِّهَا وَكُتُبِهِ وَكَانَتْ مِنَ الْقَانِتِينَ (12)
<< we perwerdigär, Emranyň gyzy Merýemi hem mysal urandyr . ol zenan özüni päk saklady . onda biz öz ruhumyzdan oňa ruh berdik tä Ysa ondan dünýä iner ýaly , we ol perwerdigäriniň kelamyny we kitabyny tasdyklady we ol permany kabul edijilerdendi. >>
Bu aýat hezreti Merýem(s)ň häsiýetlerine yşarat edýär ol häsiýetleriň hersi möminler üçin ülňi bolup biljekdir. Deslapky häsiýet onuň päk we arassa bolmagydyr we bütin ynsanllar hatda zenanlar öz yffat we päkliklerini gorap ýukary orunlara ýetip başarýandyrlar. Merýemiň ýene bir ýöriteligi onuň asmanlyk kitaba imanly bolup perwerdigäriň sözlerini tassdyklamagydyr. Şol häsiýetler sebäpli hem alla tagala hezreti Ysa(a) öz pygamberi hökmünde belli etjek bolanda , hezreti Merýemi onuň enesi hökmünde saýlady. sebäbi şol zamanda bäni Ysraýyl kowumynda Merýem iň mömin we päk zenan hesiplenýärdi. zenanlaryň arasynda , gurhanda diňe hezreti Merýem(s)ň ady getirlendir.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- päk bolup yffatly ýaşamak we her hili jynsy bulaşyklardan gaça durmak, bütin ylahy dinlarda nygtalan ýokary degerliklerdendir .
2- päklik we yffat , ylahy merhemeti almak üçin gerek bolan ýerligi döredýändir.
3- enäniň yffatly bolmagy , perzendiň ruhyýasynda oňat täsirleri galdyrýandyr we päk we arassa perzentler , arassa enelerden dünýä gelip eklenýändirler.
//////////////
Tährim süresiniň soňy