Sep 22, 2025 16:47 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1027, süre Mülk, aýat 1-5

bölüm 1027, süre Mülk, aýat 1-5

راهی بسوی نور (1027)

Mülk süresi

Mülk süresi Gurhanyň Mekgi sürelerinden bolup onuň 30 aýaty bardyr. bu sürede ýaradylmyş älemiň baş çeşmesi , towhydy gürrüňler, jahanyň ajaýyp düzgüni , ynsanyň ýaradylmyşy şeýlede mayad we kýamat we günäkärleriň jezalandyrylmagy hakdaky meseleler ara atylýar.

Mülk süresi, 1 we 2-nji aýatlar :

تَبَارَكَ الَّذِي بِيَدِهِ الْمُلْكُ وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ (1) الَّذِي خَلَقَ الْمَوْتَ وَالْحَيَاةَ لِيَبْلُوَكُمْ أَيُّكُمْ أَحْسَنُ عَمَلاً وَهُوَ الْعَزِيزُ الْغَفُورُ (2)

<< hökmürowanlyk onuň erkinde bolan hudaý köp haýyrly , bereketli we belent orunlydyr we ol her bir zada başarjaňdyr. // ol sizi synamak üçin we siziň haýsy biriňiziň ýagşy iş edýändigini saýgarmak üçin ölüm we ýaşaýyşy ýaratdy we ol eziz we magfyrat edijidir. >>

Adam oglunyň , hudaýyň durkyny tanamakdan ejizdigi bellidir . şol sebäpli Gurhany kerim durly sürelerde , allanyň sypatlaryny tanadyp onuň jahan we ynsan bilen arabaglanşygyny beýan edýär . jahanyň hakyky eýesi we häkimi alla tagaladyr we onuň yradasy bütin älem jahana häkimdir hiç kimse we hiç bir zat onuň gudratyndan we hökmürowanlygyndan gaçyp bilmez, ebediýet diňe alla degişlidir we ondan başga hemme zat pany we gutarnyklydyr. alla tagala arkaly ýaradylan bütin närseleriň arasynda diňe ynsan , akyl paýhas , düşüm we erk- ygtyýara eýedir şol sebäpli ol elmydama ylahy synawlar bilen ýüz be ýüz bolýandyr ynsan özi , özüne tutum tutup haýsy ugur ýolda bolmalydygyny saýylýandyr we şeýle bir saýlamak hak , onuň dogulyş zamanyndan , ölzm wagtyna çenli dowamlydyr . ynsanyň degerligi onuň saýlawlaryna baglydyr ol her näçe ýagşy we gymmatly zatlary saýlasa şonça-da degerliräk bolýandyr. Üns bererli nokat şudur welin amalyň köpdigi ýada azdygy allanyň ýanynda möhüm däldir eýsem ynsanyň niýeti we amaly ähmiýetli bolup onuň işlerine ygtybar berýändir.

Gurhany kerimiň bu aýatyň öwredýän sapaklary:

1- ynsana degişli bütin gudratlar we kökümetler elmydama ýok olmak howpy bilen ýüz be ýüzdirler baky we dowamly häkemiýet diňe allanyň kökümeti we hökmürowanlygydyr.

2- ölüm ýok olmagyň manasynda däldir eýsem ol alla tagala arkaly ynsanyň ýaşaýyşynyň dowamly bolmagy ugurda ýaradylandyr we ol bu dünýeden indiki dünýä geçmek üçin bir ýoldur.

3- ýaşaýyş we ölüm ynsanlaryň synalmagyna bir ýerlikdir we bu mesele arkaly adamlaryň ýaşaýyşyň inim çykymly ýagdaýlary bilen ýüz be ýüz bolup başarmak hakdaky başarjaňlyklary belli bolýandyr.

Mülk süresi, 3 we 4-nji aýatlar :

الَّذِي خَلَقَ سَبْعَ سَمَاوَاتٍ طِبَاقاً مَّا تَرَى فِي خَلْقِ الرَّحْمَنِ مِن تَفَاوُتٍ فَارْجِعِ الْبَصَرَ هَلْ تَرَى مِن فُطُورٍ (3) ثُمَّ ارْجِعِ الْبَصَرَ كَرَّتَيْنِ يَنقَلِبْ إِلَيْكَ الْبَصَرُ خَاسِأً وَهُوَ حَسِيرٌ (4)

<< asmany birek- biregiň östünde ýaradan halykdyr , rahman perwerdigäriň ýaradan zatlarynda kemçilik we bi düzgünlik ýokdur. onda Ýene bir gezek gözüňi aç , hiç bir kemçiligi we düzgznsizligi görýärsiňmi?// Ýene yzly- yzyna gözüňi öwür. gözüň natuwan we ýadaw bolan mahalynda ýenede saňa tarap öwrüljekdigini görjekdirsiň. >>

 alla tagala ynsanlary , çäksiz düne hakda we ýaradylmyş düzgüni barada , barlak edip oýlanmaklyga çagyrýar. jahanda ýer , daglar , jeňgeller , akarlar bardyr we ýer ýüzünde hem köpi jandarlar ýaşaýarlar we şu jähetden diseň azamatlydyr. Bu aýatlar , ynsandan öz depesinde bolan asmana ser etmeklige çagyrýar şeýlede ondan asman hakda barlak etmekligi talap edýär dogrudanda perwerdigäriň gudraty gutarnyksyzdyr we hiç kimse ondan başga şeýle bir çäksiz dünýäni ýaradyp başarjak däldir. Ätom ýaly mikrüsküpi we kiçi maddalardan tä uly ýyldyzlar ýaly asmanlyk şarlaryň hemmesi , mäkäm düzgün esasynda ýaradylandyrlar we ynsanyň ylmynyň ösmegi bilen hem her günde diýen ýaly şeýle bir uly älemiň täze ajaýyp taraplary oňa äşgär bolýandyr. aýtmak ýerli maddyçyl ynsanlar dini adamyň nadanlygyndan gözbaş alýan mesele hasaplaýarlar we olaryň pikirleri boýunça ylmyň ösmegi bilen , din olaryň we adam köpçiliginiň ýaşaýyşyndan ýok olup aradan aýryljakdyr. Emma olaryň garaýşlarynyň tersine bu aýatlar , ynsany , ýaradylmyş älem hakda oýlanyp öz ylymlaryny köpeltmeklige çagyrýar we şeýdip hem olaryň ylmynyň köpelmegi bilen , hudaýa bolan imanlarynyň bekimeklerini nygtaýar . hakykatda bu aýatlar , ylym eýelerinden , ýaradylmyş älemiň azamatyna esaslanyp kapyrlar bilen mujadyla etmeklerini talap edýär.

 Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- jahanyň ýaradylmyşy , ylahy lutfy rahmat esasynda bolandyr, närseleriň hudaýa bolan haky boýunça ýaradylan däldir alla tagala öz ýaradan zatlaryna hiç haçan mätäç däldir.

2- düzgün delili , hudaý tanjylyk burhanlaryň biridir we bu aýatda oňa ençeme gezek yşara bolandyr.

3- jahanda bar bolan düzgün iň ýagşy düzgündir we onda hiç hili kem köslik we nuksanlyk ýokdyr.

4- ýer titireme , sil , tupan we gurakçylyk ýaly tebigi hadysalara ser edip görüňde , olaryň ýaradylmyş älemde bar bolan nuksanlar we ýaramazlyklar boýunça däldiklerine eýsem , olarda hem adam ogly arkaly tanamaly täsirler bardygyna göz ýetirse bolýar we ynsan özüni şeýle bir düzgün bilen sazlaşykly etmelidir.

Mülk süresi, 5-nji aýat:

وَلَقَدْ زَيَّنَّا السَّمَاء الدُّنْيَا بِمَصَابِيحَ وَجَعَلْنَاهَا رُجُوماً لِّلشَّيَاطِينِ وَأَعْتَدْنَا لَهُمْ عَذَابَ السَّعِيرِ (5)

<< we dogrudan-da biz dünýäniň asmanyny Çyralar bilen bezedik , we ony şeýtanlary kowmak üçin bir apzal etdik we olar üçin ýanyp duran azaplary karar berdik. >>

Gaçan aýatlarda , asmanyň gat- gatdygyny beýan edýän asmandan we ýaradylmyş älemiň azamatyndan gürrüň boldy. bu aýat şeýle permyýş edýär : sziň görýän ýyldyzlaryňyzyň bary asmanyň aşakdaky gatyna degişlidir we ol sizler üçin gijelerine çyra ýaly gözel bolup ýalpyldap durýandyr we siziň depäňizi çyralar bilen bezeýändir.

Mysal hökmünde aýdar bolsak ak maýanyň ýoly asmanyň gözel we ajaýyp görmeli zatlaryndandyr . çaltlykda ýer şaryna tarap gelýän asmanlyk şahaplar hem allanyň gudratyndan üzňe däldir alla tagala şeýle bir zatlar bilen , asmanlara ornajak bolýan şerçy närseleri ýok edip heläkleýändir . bu närselere saffat süresiniň 7-nji we 8-njy aýatlarynda hem yşarat bolandyr.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- jahanyň düzgüni berk we dekkatly ýaradylmagynyň ýany bilen ýörite gözellikden hem paýlydyr we alla tagala asman we ýeri ýaratmakda onuň gözel bolmagyna hem üns berendir.

2- bu jahanda şerçi närseler bardyr. olar ýaradylmyş älemine ornap onda bükdençlik döretjek bolýandyrlar emma allanyň yradasynyň garşysynda ejizdirler.

 

/////////////