Sep 22, 2025 16:57 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1028, süre Mülk, aýat 6-14

bölüm 1028, süre Mülk, aýat 6-14

راهی بسوی نور (1028)

Mülk süresi, 6, 7 we 8-nji aýatlar :

وَلِلَّذِينَ كَفَرُوا بِرَبِّهِمْ عَذَابُ جَهَنَّمَ وَبِئْسَ الْمَصِيرُ (6) إِذَا أُلْقُوا فِيهَا سَمِعُوا لَهَا شَهِيقاً وَهِيَ تَفُورُ (7) تَكَادُ تَمَيَّزُ مِنَ الْغَيْظِ كُلَّمَا أُلْقِيَ فِيهَا فَوْجٌ سَأَلَهُمْ خَزَنَتُهَا أَلَمْ يَأْتِكُمْ نَذِيرٌ (8)

<< we perwerdigärlerine kapyr bolanlara ýaramaz öwrülýän mekan bolan Dowzahyň azaby bardyr. // kapyrlar Dowzaha atylan mahallary , howply we imendiriji sesi eşitjekdirler , onuň gaýnap joşýan ýagdaýynda // Dowzahyň , gahar gazabynyň güýçlidigi sebäpli bölek- bölek bolup bölünmegi ýakyndyr. Haçan-da Dowzahylardan bir topar atylanda , Dowzahyň goraýjylary olara ýüzlenip "duýduryş beriji size tarap gelmedimi" diýip sorajakdyrlar. >>

Yslamy medeniýetde , duşmançylyk we jedelkeşlik ýüzünden hudaýyň barlygyny inkär edip şirke we kapylyga ýüzlenýän kişiler , kyýamatda ylahy jezalara gabat gelip Dowzaha atyljakdyrlar. Şol ýerde otlar joşup howply sesler hem eşdiljekdir. Dowzahyň ody we yssylygy şeýle bir Dowzahylara güýçlidir welin göýä ol ýyrtylyp , partyldapda bölek bölek ýaly boljakdyr. Bir hili gaýnap joşýandyr welin göýä gahar gazaply ynsan ýaly , partyllajak ýaly görünýändir . emma jismi azapdan göiýçliräk gynag , Dowzahyň esgerleriniň käýimekleridir olar Dowzahylara ýüzlenip şeýle dijekdirler : meger size hiç kimse , duýduryş bermedimi we sizleri şeýle bir güýçli azabyň boljakdygy hakda ägä etmedimi?

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- perwerdigär öz hüjjetini ilata gutaran zamany , ylym we ägälik ýüzünden bilgeşleýin suratda permandan boýun gaçyrýanlar jezalandyryljakdyrlar.

2- Dowzahyň azaby , hemä jismi ýakjakdyr hemde Dowzahylaryň käýinmekleri bilen olaryň ruhlary azapda boljakdyr.

 

Mülk süresi, 9 , 10 we 11-nji aýatlar :

قَالُوا بَلَى قَدْ جَاءنَا نَذِيرٌ فَكَذَّبْنَا وَقُلْنَا مَا نَزَّلَ اللَّهُ مِن شَيْءٍ إِنْ أَنتُمْ إِلَّا فِي ضَلَالٍ كَبِيرٍ (9) وَقَالُوا لَوْ كُنَّا نَسْمَعُ أَوْ نَعْقِلُ مَا كُنَّا فِي أَصْحَابِ السَّعِيرِ (10) فَاعْتَرَفُوا بِذَنبِهِمْ فَسُحْقاً لِّأَصْحَابِ السَّعِيرِ (11)

<< Dowzahylar şeýle aýdarlar: dogrudan-da duýduruş beriji bize tarap geldi , emma biz ony ýalanaçy hasaplap tekzip etdik we şeýle diýdik : perwerdigär hiç bir zady indermedi we diňe siz gümrälikdedirsiňiz // we aytjakdyrlar "eger biz , pygamberleriň çakylygyny diňläp ýada onuň hakynda oýlanan bolsadyk (ot) ähliniň arasynda bolmazdyk" diýip. // şonda öz günälerini boýun aljakdyrlar , onda ot ähline lagnat bolsun. >>

Dowzahyň buýrukçy perişteleriniň jogabynda , Dowzahylar , alla tagala tarapyndan olaryň hedaýaty üçin kä adamlaryň iberlendigini ykrar edýärler emma özleriniň şeýle bir çakylygy kabul etmändiklerini aýtýarlar . we ondan hem erbeträgi şudur welin bu adamlar , ylahy pygamberleri , gumra we nadan adamlar diýip atlandyrandyrlar . dünýede özlerini düşümli we açyk pikirli saýýan adamlar , iman ähli bolanlary , sada ilat guman edýärler. olar kyýamatda , eger biz hem pygamberleriň geplerine gulak asan bolsadyk ýada akyl ýüzünden öz haý höweslerimize eýermekden saklanan bolsadyk onda bu günkigün , Dowzah oduna gyryptar bolmazdyk diýip ykrar edýärler . yslamy medeniýetde akyl iki tarapdan degerli hesiplenýändir. Birinjiden , akyl , ylahy wähi we pygamberiň sözlerini düşünmekde ynsana kömek edýändir. Ikinjiden hem ynsan , öz aklynyň mededi bilen , ylahy wähiden garaşsyzlykda , we ýaradylmyşyň ajaýyp taraplaryna oýlanyp dana , başarjaň we hekim bir halygyň bardygyna göz ýetirjekdir . şol sebäpli hem ýaramaz we nädogry işlerinden saklanjakdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- perwerdigär , akyl we wähi arkaly , hak we hakykaty ilata belli we äşgär edendir we hiç bir kimse üçin bahana goýan däldir.

2- pygamberleriň taglymatlary , akyl esasyndadyr şol sebäpli olaryň taglymaty hakda oýlanmak bilen , ynsan , olaryň pygamberçilikleriniň dogrulygyna göz ýetirjekdir.

3- hak we hakykat bilen duşmançylyk edip jedel etmek bilen , ynsan bir ýere ýetjekdir welin pygamberleri gumra adamlar bilip özüni düşümli saýjakdyr.

 

Mülk süresi, 12 , 13 we 14-nji aýatlar:

إِنَّ الَّذِينَ يَخْشَوْنَ رَبَّهُم بِالْغَيْبِ لَهُم مَّغْفِرَةٌ وَأَجْرٌ كَبِيرٌ (12)‏ وَأَسِرُّوا قَوْلَكُمْ أَوِ اجْهَرُوا بِهِ إِنَّهُ عَلِيمٌ بِذَاتِ الصُّدُورِ (13) أَلَا يَعْلَمُ مَنْ خَلَقَ وَهُوَ اللَّطِيفُ الْخَبِيرُ (14)

<< ýaşrynlykda hem öz perwerdigärlerinden howp edýänlere dogrudan-da uly magfyrat we paý padaş bardyr // öz sözleriňizi gizleýin suratda saklasaňyz ýada äşgär etseňiz , ol gusaklarda bar bolan zatlara danadyr // özi ýaradan kişiň , öz ýaradan zadynyň ýagdaýyndan ägä dälmidir? Ol doly dykkatly we ägädir. >>

Kyýamatda , kapyrlaryň we müşrükleriň ýagdaýy beýan edileni soň bu aýatlar , iman ähliniň kyýamatdaky ýazgytlaryna yşarat edýp şeýle diýär: her bir ýagdaýda hasda ýaşryn suratda günä işlere baş goşmakdan gaça durýanlar , ylahy rahmat we magfyrata duş bolup kyýamatda ylahy uly padaşdan paýly boljakdyrlar. Bu topar, indi äşgär bolsun ýada ýaşryn, her bir sözi aýdsalarda perwerdigär bilýändir ondan hem ýokarragy şudur welin , hatda pikirlerinde we ýüreklerinde bolan zatlardan hem perwerdigär habarlydyr . dogrudan-da perwerdigär , öz ýaradn zatlarynyň bütin ýagdaýlaryndan habarly bolup , bütin syrlara hem ýetikdir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- hudaýa bolan iman , bir ýagdaýda täsirlidir welin ynsan diňe äşgärlikde dälde eýsem ýaşrynlykda hem alladan howp edip onuň permanyndan boýun gaçyrmakdan saklansyn.

2- perwerdigär , biziň niýet we pikrimize agädir onda iki ýüzli bolup ýüzleýin işleriň yzynda bolmaly däldiris.

3- alla tagalanyň çüň we ýaýbaň ylmyna imanly bolmak, ynsany günä işlere baş goşmakdan alyp galýan möhüm fakturdyr.

 

///////////