bölüm 1029, süre Mülk, aýat 15-19
bölüm 1029, süre Mülk, aýat 15-19
راهی بسوی نور (1029)
Mülk süresi, 15-nji aýat :
هُوَ الَّذِي جَعَلَ لَكُمُ الْأَرْضَ ذَلُولاً فَامْشُوا فِي مَنَاكِبِهَا وَكُلُوا مِن رِّزْقِهِ وَإِلَيْهِ النُّشُورُ (15)
<< ýer ýüzüni size aram aýlandyran ol (alla)dyr, onda onuň (ýeriň) ýüzünde geziň we allanyň ryzkyndan imitleniň we bilip galyň , kyýamatda diňe oňa tarap örüljeksiňiz. >>
Ýer şary näçe hereketden paýly bolsada şol bir ýagdaýda ol aramdyr, eger ýer şary elmydama güýçli hereletlere gabat gelip aram karar bolmasady onda ol , hergiz ýaşaýyş üçin mynasyp mekan bolmazdy. Hakykatda allanyň uly nygmatlarynyň birisi-de ýer şarynyň öz ýaşaýjylary üçin aram bolmagydyr. hakykatda ýer şary adam ogluna gerek bolan bütin mümkinçilikleri taýýar edýändir. Ýeriň bir bölümi gury ýerler bolup ynsanyň ýaşamagy üçin mynasypdyr , ýene bir bölümi hem ekerançylyk , maldarçylyk we sanagat ýaly işleri etmek üçin gowydyr, bulardan daşgary ýer astynda köp magdanlar we baýlyklar bardyr we ynsanyň ýaşaýyşyna gerek bolan ilkinji matyrýallary taýýarlaýandyr. Elbetde şeýle bir nygmatlardan paýly bolmak üçin hem ynsan iş talaşa meşgul bolup kynçylyklar garşysynda jydamly bolmalydyr . şol bir ýagdaýda hem dünýe we onuň nygmatlaryna hedden aşa ýürek baglamak dogry däldir sebäbi dünýe panydyr we kyýamatyň pikrinde bolmak gereklidir.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- alla tagala , ýer şaryny ynsan üçin öz gerekliklerini üpjün eder ýaly mynasyp we asuda mekan aýlandyrandyr.
2- ryzyk we gün-oňşuk , allanyň tarapyndandyr emma eger talaş edmesek şeýle bir nygmatlardan haýyrlanyp biljek däldiris.
3- ynsanyň dünýedäki talaşlary we ýaşaýyşdaky ýeňişleri onuň kyýamatdan gapyl bolmagyna sebäp bolmaly däldir ýogsa mynasyp netijeden paýly boljak däldir.
Mülk süresi, 16 we 17-nji aýatlar:
أَأَمِنتُم مَّن فِي السَّمَاء أَن يَخْسِفَ بِكُمُ الأَرْضَ فَإِذَا هِيَ تَمُورُ (16) أَمْ أَمِنتُم مَّن فِي السَّمَاء أَن يُرْسِلَ عَلَيْكُمْ حَاصِباً فَسَتَعْلَمُونَ كَيْفَ نَذِيرِ (17)
<< özüňizi asmandaky kimsäniň gahar gazabyndan , amanda mykam diýýärsiňizmi? amanda bilýärsiňizmi ýer sizi sorup birdenkä sarsan mahaly? // Ýada özüňizi asmandaky kimsäniň (gazabyndan) amanda duýýarsyňyzmy? Ol siziň üstüňize ownuk daşly tupany iberjekdir. Şonda basymlykda meniň berýään duýduryşymyň nähilidigini biljeksiňiz. >>
Bu aýatlar , ynsanyň , ylahy yradaň garşysyndaky ejizligine yşarat edip şeýle permaýyş edýär : eger ýeriň ýüzi aram karardan çykyp bölünip sizi özüne tarap çekse onda siziň eliňizden näme iş geljekdir? ýada eger agyr we howply tupanlar siziň ýaşaýan ýeriňizi gurşap alsa , siz näme işi edip biljekdirsiňiz ? onda , ýer sarsmasy ýa tupan ýaly tebigy gudratly güýçlere garşy durup başarmaýan ynsan nähili bolupda özüni dünýede ylahy jezadan amanda görüp biljekdir? We näme üçin ylahy buýruklardan boýun gaçyryp başarjakdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- ylahy jeza we gahar gazap diňe kyýamata has däldir alla tagala , ynsanlara ybrat we duýduryş bolar ýaly dünýede hem olary jezalandyrýandyr.
2- asman , ýeri we ýer şarynda ýaşaýanlaryň işlerini dolandyrmagyň mekanydyr.
3- tebigat we onuň bütin güýçleri , perwerdigäriň permanynda we yradasynyň astyndadyr we onuň yradasy bolmasa hiç bir zat ýüze çykýan däldir.
4-ýer şaryna aramlyk bermekde bolan perwerdigäriň gudraty onuň hökmürowanlygynyň jilwesidir.
Mülk süresi, 18 we 19-njy aýatlar :
وَلَقَدْ كَذَّبَ الَّذِينَ مِن قَبْلِهِمْ فَكَيْفَ كَانَ نَكِيرِ (18) أَوَلَمْ يَرَوْا إِلَى الطَّيْرِ فَوْقَهُمْ صَافَّاتٍ وَيَقْبِضْنَ مَا يُمْسِكُهُنَّ إِلَّا الرَّحْمَنُ إِنَّهُ بِكُلِّ شَيْءٍ بَصِيرٌ (19)
<< olardan ozal mem inkär edenler boldy, onda ser et meniň azabym olara nähili boldy?// depelerindäki guşlary görmedilermi? kä mahallar ganatlaryny ýaýyp kä mahalar hem ganatlaryny kakýan mahallary. rahman hudaýdan başga hiç kim olary asmanda saklaýan däldir. elbetde alla her bir zady görýändir. >>
Ilkinji aýat , kapyrlara we hudaýy inkär edýänlere karap şeýle permaýyş edýär : geçmişde ýaşap geçen kowumlaryň taryhyny barlap elgatyjy we serkeşlik eden kowumlaryň ýazgytlaryndan ybrat alyň. olar , hudaýyň gahar-gazabyna giriftar bolup heläk boldurlar we olardan, dargan ymaratlardan başga hiç zat galmady. aýatlaryň dowamunda ýene şeýle gelýär: olar , guşlaryň asmanda uçup başarýandyklaryna ser etmeýärlermi ? guşlar kä mahallarda gaty uzak ýollary aşýandyrlar olara şeýle bir gudraty kim berenka? Perwerdigärden başga kişi hiç bir kimsäniň bu haýwanlara şeýle bir uçup başarmak gudraty berip başarmak güýçden paýly däldir we hiç bir kimse dana we hekim perwerdigärden başga olara uzak ýollary aşyp başarmak ylmy berip başarjak däldir . guşlar müňlerçe kilümetir ýoly hiç bir abzalsyz aşyp ýollaryny ýitirmäni maksada ýetip başarýandyrlar.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ylahy pygamberleriň pygamberçiligini inkär etmeklik , dünýede we ahyretde ylahy jezany we gahary yzyna tirkejekdir.
2- geçmişde ýaşap geçen serkeş kowumlaryň taryhy , ybrat sapagydyr .
3- guşlaryň asmanda , ýollaryny ýitirmäni birek-birek bilen çakyşmany uzak ýollarda uçmaklary perwerdigäriň gudrat we azamatyndan nyşandyr.
4- älemiň işlerini dolandyrmak we ýaradylmyşyň çeşmesi , hudaýyň gutarnyksyz rahmatydyr we ol bütin närseleri öz içine alýandyr.
/////////////