Sep 22, 2025 17:08 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1030, süre Mülk, aýat 20-24

bölüm 1030, süre Mülk, aýat 20-24

راهی بسوی نور (1030)

Mülk süresi, 20-nji aýat :

أَمَّنْ هَذَا الَّذِي هُوَ جُندٌ لَّكُمْ يَنصُرُكُم مِّن دُونِ الرَّحْمَنِ إِنِ الْكَافِرُونَ إِلَّا فِي غُرُورٍ (20)

<< ýada, özi goşun ýaly bolup sizi goldaýan rahman alladan aýry kim bardyr? Kapyrlar ulumsylyk belasyna giriftardyrlar. >>

Gaçan aýatlar , allanyň asman we zemindäki gutarnuksyz gudraty hakdady. bu aýat adam oglunyň natuwanlygyny beýan edip onuň ne-çende ejizdigini nygtaýar we şu ýerlikde allanyň barabarynda kufyr aýdyp togýan etmegiň sebäpleriniň birine yşarat bolup şeýle gelýär: Özlerini üstem saýyp menliklenýän kişiler , uly gudratdan paýly mykam diýip guman edýärler şol sebäpli hem allaga boýun bolmaga taýyn bolmaýarlar. Käler hem öz ylym , gudrat ýada baýlyklaryna magtanyp allany inkär edýärler we şeýle dýarlar: hudaý ýokdur , eger bar hem bolsa ol biziň mümkinçiliklerimiziň garşysynda hiç bir iş biziň tersimize edip başarjak däldir olar öz gudratlaryna ynanyp pahyrlanýarlar emma eger taryha göz aýlap görseler onda köp zatlara göz ýetirjekdirler . grçmişde kä bir göiçler we guşunlar , gudratly häkimleriň tersine aýaga galyp olary düňderendirler we kä wagytlarda hem alla tagala öz azabyny indermek bilen olary heläk edendir . käpyrlar , öz puç gudratlaryna daýanypda ylahy yradaň garşysynda durup başarar mykan diýip oý edýärlermi? Olar ,allanyň guşunlaryndan bolan , suw , ýel we ot ýaly tebigy fakturlar bilen hiç haçan ýüz be ýüz bolupda üstüm çykyp başarjak däldirler.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- öz maddy we ýüzleý mümkinçiliklerine we gudratlaryna aldanýan adamlar , allanyň barabarynda kapyrlyk edip özlerini ýeňilmez mykam diýip oý edýärler.

2- ejiz ynsan haýsydur bir gudrata we goşuna daýanyp allanyň gudratynyň barabarynda durup başarjakdyr we özüni ýeňişli biljekdir.

 

Mülk süresi, 21-nji aýat :

أَمَّنْ هَذَا الَّذِي يَرْزُقُكُمْ إِنْ أَمْسَكَ رِزْقَهُ بَل لَّجُّوا فِي عُتُوٍّ وَنُفُورٍ (21)

<< perwerdigär öz berýän ryzkyny sizden kesse size ryzyk berjek barmydyr? Şonda-da olar (allanyň emrinden) boýun gaçyryp jedel edýärler. >>

Geçen aýatlaryň dowamunda bu aýat , ynsanyň öz ryzkyny üpjün etmekde ejizligine yşarat edýär we şeýle diýär: eger bir ýyl ýagyn ýagmasa , we ýerden ösümlik gökermese nädersiň ? eger gahatçylyk we gorakçylyk ýer şarynyň boýdan başyny gurşap alsa ýada äpetler we tebigy belalar siziň baglaryňyzy we ekiş ýerleriňizi dargatsa nähili öz gerek imit damaklaryňyzy taýýarlap başararsyňyz?

Hakykat şudur welin ynsanyň durky tutuşlykda ejizdir we ol özüniň iýjek işşek zatlaryny üpjün etmekden ejiz we natuwandyr şonda-da ol öz ýaradan hudaýy bilen duşmançylyk we jedel edip özünden uly gudrat ýok mykam diýip oý edýändir we allaga boýun bolup bendelik etmekden saklanýandyr . ýene bir ybaratda , maddy we ýüzleýin gudratlaryň görünmegi , köp ynsanlaryň gözüni , allanyň gutarnyksyz gudratyny görmekden alyp galýar, şol sebäpli hem perwerdigäri inkär edip öz şeýle bir inkäri hakda aýak direýär. göýä bir kimsäniň öz öýüniň howlysynda durup çyraklary görmegi üçin asmandaky ýyldyzlaryň nuryny görüp başarmaýan kişi ýaly bolýar we onuň gözleri asmandaky azamatlary görüp başarýan däldir.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- adam oglunyň ýaşaýyşy we onuň gün oňşugy diňe uly hudaýyň erkindedir şol sebäpli allanyň permanynyň garşysynda serkeş bolmaklyk ynsanyň zýan çekmegine sebäp bolýandyr we onuň serkeş bolmagy perwerdigäre hiç bir zyýany ýokdur.

2- eger biziň erkimizde bolan nygmatlary , geljekde elden bermegimiz mümkin diýip ätimal bersek we şeýle bir işiň öňüne geçip başarjakdygymyza göz ýetirsek onda allanyň garşysynda menlikli bolup pahyrlanjak däldiris eýsem pes päl boljakdyrys.

3- Dogrudan-da gurhan tutuşlygyna nur we ýagtylykdyr bu asmanlyk kitapda ynsana gerek bolan bütin taglymatlar açaçan beýan edilendir her kimse gurhanyň nury bilen bolup ýaşaýşyny ýagtylandyrsa hiç haçan ýalňyşlyga duçar bolup hak ýoluny ýetirjek däldir.

 

Mülk süresi, 22-nji aýat:

أَفَمَن يَمْشِي مُكِبّاً عَلَى وَجْهِهِ أَهْدَى أَمَّن يَمْشِي سَوِيّاً عَلَى صِرَاطٍ مُّسْتَقِيمٍ (22)

<< düňderlip baş aşak ýöreýän kişi hedaýet bolan kişimi? Ýada dik durup dogry ýoldan ýöreýän kişi? >>

Bu aýat iman ähli bolanlar bilen kapyrlary deňeşdirip bir ajaýyp meňzetme bilen olaryň ýagdaýlaryny şeýle beýan edýär: Biri aýak üstünde dik durup ýerklik bilen ýaşaýşyň dogry ýolunda ädim ätýär we ýene biri ýer ýüzünde süinüpde hereket edýär. Ilkinji kişiň deslapdan ýoly tanapda öňündäki bewetleri saýgaran dygy bellidir şol sebäpli ýolda dogry suratda ýüräp ädim ätýändir emma ikinji adam ýoly ýagşy tanaman dygy sebäpli zähmet tagalla bilen hereketde bolup ýoluň gidişinde saga we sola hem gyşarýar we ýoluny dogry tanap başarman dygy sebäpli maksada ýedýän däldir.

Taryha ser salyp görüňde hakyky möminleriň garşysynda köp kynçylyklar we böwetler bolsada olar öz akydalarynda mäkäm bolansaňlar dogry ýolda bolan hereketlerinden dänmändiklerine göz ýetirse bolýar emma ölümi özleriniň bu dünýedäki soňky maksatlary bilýän kişiler öz dünýedäki lezzetlerine elgermek üçin her bir işe baş goşýandyrlar we öz amallaryna hiç bir kada karara we ahlak usullaryna boýun bolmany gümralyga giriftar bolýandyrlar . allany inkär edýän kişi , öz işleriniň okuny , özi garar berýär tekepbir bolýar we hiç bir kanuna boýun bolmany öz nebs isleglerine elgermek ugurda tagalla edýär ol özüni hudaý diýip oý edýär ol perwerdigäriň emir ýada nehi eden zatlaryna boýun bolmaýar şeýle bir adam üçin dogry ýada egri iş onuň düşümine we ýüreginiň isleglerine görädir.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- hak bilen duşmançylyk we jedel etmeklik ynsanyň hakdan gaçmagyna sebäp bolýar , şeýle bir kişi diňe özüni görýär şol sebäpli hem ýaşaýyşyň dogry ýoluny saýgaryp başarmaýar we dogry maksatdan galýar.

2- din ýolunyň göni we aýdyň maksady bardyr. hakyky dindar hem bu ýolda berklik bilen hereket edip maksada ýetip başarýar.

Mülk süresi, 23 we 24-nji aýat :

قُلْ هُوَ الَّذِي أَنشَأَكُمْ وَجَعَلَ لَكُمُ السَّمْعَ وَالْأَبْصَارَ وَالْأَفْئِدَةَ قَلِيلاً مَّا تَشْكُرُونَ (23) قُلْ هُوَ الَّذِي ذَرَأَكُمْ فِي الْأَرْضِ وَإِلَيْهِ تُحْشَرُونَ (24)

<< eý pigamber! aýt: sizi ýaradyp sizlere göz- gulak we ýürekler beren (alla)dyr. Onda näme üçin az şukur kylýarsyňyz ? // aýt : sizi ýer ýüzünde ýaýradan oldur we ahyrda hem oňa tarap mähşur bolup dolanjaksyňyz. >>

Geçen aýatlarda kapyrlaryň jedelkeşlik edip hak bilen duşmançylyk etmekleri ýazgaryldy. bu aýatlar şol gürrüňiň dowamynda şeýle permaýyş edýär: perwerdigär , haky duýmagyň esbaplaryny hemmelere bagş edendir. Göz , gulak , akyl we ýürek, ynsanyň saýgaryp başarmak we oýlanmagnyň wesileleridir we hakykatda adam oglunyň bütin ylmy netijeleri hem şeýle bir uly nygmatlar arkaly toplanandyr . kä bir adamlar diňe öz maddy grekliklerini üpjün etmek üçin şeýle bir abzallardan haýyrlanyp öz dünýelerini abat edýärler emma käler hem kyýamata elgermek ugurda öz göz , gulak , akyl we ýüreklerinden haýyrlanýarlar . ynsanyň , akyl , göz we gulaklary , uly we degerli nygmatlardan hesiplenýändir we olaryň şükrüni kylmak hem iki hilidir . biri olardan ösmek we dogry ýoly tapmak üçin peýdalanmak we ýene biri hem şeýle bir nygmatlary ynsana merhemet eden uly we dana perwerdigäriň buýruklaryna boýun bolmakdyr.

Aýatlaryň dowamy , ölümden soň ýaşaýşyň bardygyna we ynsanlaryň kyýamat sahnasynda taýýar boljakdyklaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: siz toprakdan galypda ýene ölüm bilen topraga dolanýan bolsaňyz hem bu mesele siziň işlerňiziň soňy däldir eýsem siz ýaňadan diýreldilip kyýamat meýdanynda we mähşär gününde huzurly boljakdyrsyňyz.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- alla tagala , ynsana gerek bolan mümkinçilikleri we abzallary bagş edendir we ynsan şeýle bir abzallardan haky saýgarmak ugurda haýyrlanmalydyr ýene bir ybaratda perwerdigär bu iş bilen hüjjeti tamam edendir we ynsana hiç bir bahana galan däldir .

2- her nygmatyň şükri beýleki nygmatlaryň şükürleri bilen parhlydyr dil bilen şükür etmeklik iň azajyk şükürdir amalda hem şükürli bolmak zerurdyr we her nygmatdan öz ýerinde haýyrlanmak gereklidir.

3- ölüleri direltmek ugurda bolan allanyň gudratyna şek etmeli däldiris, ol ynsany jansyz toprakdan ýaradandyr we oňa görmek , eşitmek we düşünmek güýçleri bagş edendir.

///////////