Sep 22, 2025 17:19 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1032, süre Galam, aýat 1-7

bölüm 1032, süre Galam, aýat 1-7

راهی بسوی نور (1032)

Galam süresi

Galam süresi 52 aýatdan ybarat bolup gurhanyň Mekgi sürelerinden hasaplanýandyr bu sürede hezret resuly äkrem(s)ň ahlak ýöritelikleri hakda we duşmanlaryň ýaramaz gylyk häsiýetleri barada gurruň ara gelýär . bu süräniň kä bir aýatlary hem kapyrlara we kyýamaty inkär edýänlere duýduryş berýär.

Galam süresi, 1 we 2-nji aýatlar :

ن وَالْقَلَمِ وَمَا يَسْطُرُونَ (1) مَا أَنتَ بِنِعْمَةِ رَبِّكَ بِمَجْنُونٍ (2)

<< Nun we Galam we onuň ýazýanyna ant bolsun // sen perwerdigäriň lutfy bilen däli- telbe dälsiň. >>

Bu süre hem gurhany kerimiň beýleki 28 süresi ýaly mugatta ýa şol kesik-kesik haryplar bilen başlanýar . geçen sürelerde hem aýdyşymyz ýaly bu hili haryplaryň süräniň deslabynda gelmeginden maksat , alla tagalanyň öz kitabyny ynsanlaryň erkinde bolan ýönekeý haryplar bilen ýazga geçirendigini , emma şol bir ýagdaýda hem bu kitabyň mugjyza bolyp şu mahala çenli hem hiç bir ynsanyň bu hili mugjyzany döredip bilmändigini nygtamak bolsa bolamalydyr . bu süre , galam we ýazga ant içmek bilen başlanýar, bu mesele hem yslamyň , sowat , ylym we medeniýete neçende ünis berýändigini belli etmek bilen , galama eýe bolanlaryň we alym şahsyýatlaryň yslamdaky hormatyny görkezýär . hezreti resuly äkrem (s) inen deslapky aýatlarda hem okamaklyga perman berilenisoň galamyň , ylmyň ösüşinde bolan täsiri şeýlede adam oglunyň nadanlykdan gutulmagynyň neçende ahmiýetlidigi nygtalýar. Elbet hezreti resuly äkrem (s) mektebe gitmändi we galam alyp hem hiç bir zady ýazmandy bu mesele hem onuň wahi kelamyny , beilekilerden ögrenipde geçmişdäki kitaplary okumak arkaly ýazan bolmaly diýen aýyplamany ondan daş etmek üçindi. Galama we galam arkaly ýazylýan zatlara ant içmekden soň perwerdigär kapyrlar arkaly pygamberlere ýaýylýan aýyplamalara dimek olaryň pygamberleri däli telbe diýip atlandyrmaklaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: perwerdigäriň lotyf we merhemeti bilen sen we sagdyn akyldan paýly dyrsyň emma sen bilen terisleşýän topurlar seni däli telbe diýip adlandyryp saňa gara ýapýandyrlar . geçen zamanlarda ýaşap geçen araplaryň arasynda şahirlar ýada paryhly sözleri aýtýan kişi , jynlaryň täsiri astynda galypda olaryň aýtýan sözleri jynlardan göz ýaş alýandyr diýen guman bardy şu esas boýunça mejnundan maksat jyn uran bolsa bolamalydir we ahmak ýada akly az dimek manasynda däldir.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :

1- gurhanyň galama ant içmegi , yslam mektebinde galamyň we ýazyjylaryň we alymlaryň neçende orna eýedigini we olaryň ähmiýetini beýan edýär.

2- galama ant içmek , yslamyň ilaty , sawad ögrenmeklige we ýazyp pozmak işlere şowhlandyrýan dygynyň nyşanasydyr şol zamanda ilatyň köpisi sawadsyz bolup ylym nygmatyndan mahrum bolandyrlar.

3- alla tagala , pygamber äkrem(s) wähi aýatlaryny başga düşünmekden aýry we päk aýlandyrandyr we bu meseläni özi kepil geçendir şeýlelik bilen wähi aýatlary , her hili öýtgeleňden we gyşarnyklardan aman bolup adam ogulyna gawşandyr.

Galam süresi, 3 we 4-nji aýatlar:

وَإِنَّ لَكَ لَأَجْراً غَيْرَ مَمْنُونٍ (3) وَإِنَّكَ لَعَلى خُلُقٍ عَظِيمٍ (4)

“We dogurdan hem seniň üçin gutarnyksyz pay padaşlar bardyr.// We dogurdan hem sen ýagşy we hormatly ahlakdan paýlydyrsyň.”

Hezret resuly äkrem (s)ň bütin ahlagy gylyk häsiýetlerde ýokary orn mertebeden paýly bolan dygy bellidir ol diňä beýleki ynsanlaryň ýanynda dälde eýsem özge pygamberleriň barabarynda hem kämil şahsyýatdan we ýagşy ahlakdan paýlydyr. Ol ylahy pygamberleriň soňkysy bolsada alla tagala ony wasyp etmekde onuň ýokary ahlak degerliklerden paýly bolan dygyna yşara edip hezret muhammad (s) şeýle bir ýagşy sypatlar bilen tanytýar. Dogurdan hem hezret resül äkrem(s) bütin gözülliklere we öňin gylyk häsiýete eýe ýolansaň ol hezretleri ilaty haka tarap çagyrmakda ýeňişli bolandyr alla tagala bu meseläni nygtap ýene bir aýatda şeýle permaýyş edýär : eger sen gaharjaň we gaty ýürek bolan bolsadyň onda ilat seniň daşyňdan çaşypda seniň sözleriňe hem gulak asmardylar indi saňa iman getirmeklerä bärde dursyn.

Elbet ýaramaz ýoly saýlapda beilekilere yza ezýet berýänler bilen çykyş etmek onçakly rahat iş däldir we şeýle bir ynsanlar bilen ýüz be ýüz bolmak üçin adam hemä sabyrly bolmaly hemde giň gursak bolmaly bolýandyr. Alla tagala şol sebapli hem hezret rasul äkrem (s)ň kynçylyklaryň garşysynda zähmete duşup durum görkezmegi zerarly oňa yzy kesilmez paý padaş garaşýandyr diýip permaýyş edendyr.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary:

1- ylahy paý padaşa üns bermek ynsany kynçylyklaryň garşysynda çydamly we durumly edýändir.

2- ilaty dogry ýola çagyrmak üçin hak ýolunda bolupda haky sözlemek ýeterlik däldir eýsem bu ýolda ýagşy gylyk häsiýete eýe bolupda sabyr we durum görkezmek hem gereklidir.

3- iman ähli bolanlar , hudaý resulundan ülňi alyp öz jemgiýetçilikli we içeri maşgaladaky gatnaşyklarynda beýlekiler bilen söýerli suratda we ýagşy gylyk esasynda çykyş etmelidirler.

Galam süresi, 5, 6 we 7-nji aýatlar :

فَسَتُبْصِرُ وَيُبْصِرُونَ (5) بِأَييِّكُمُ الْمَفْتُونُ (6) إِنَّ رَبَّكَ هُوَ أَعْلَمُ بِمَن ضَلَّ عَن سَبِيلِهِ وَهُوَ أَعْلَمُ بِالْمُهْتَدِينَ (7)

<< onda basymlykda görjeksiň we olar hem görjekdirler// siziň hasy biriňiziň däli- telbedigini? // şeksiz perwerdigäriň kimiň onuň ýolundan çygyp gümra bolandygyny, kimiň onuň ýolundan heret edip dogry ýoly tapandygyny gowyrak bilýändir. >>

Geçen aýatlarda , müşrükleriň pygamberi däli-telbe diýip aýdan sözleri ret edildi. indi bu aýatlar şeýle permaýyş edýär : ýakyn geljekde kimiň däli diwanadygy belli boljakdyr siz hudaý resuluna gara ýapýandyrsyňyz. eý pygamber! seni däli-telbe hasaplanýan Mekge müşrüklerine aýt "geljekde meniň gümralyga duş bolandygym ýada siziň ýoly ýitirip azaşandygyňyz açyk belli boljakdyr men hedaýat bolup dogry ýolda bolandyrynmy ýada siz? Bu mesele zamanyň geçmegi bilen äşgär boljakdyr.

 Indi şeýle bir aýatlaryň inmeginden 1400 ýyldan gowyrak wagyt geçip barýar we bar şaýatlyklara görä yslam dinine garşy bolan duşmanlaryň yzy giderli bolan piltiklerine we duşmançylyk etmeklerine garamazdan yslam dini dünýede ösüp ýaýrap barýandyr emma But parazlyk we şirk pysada duş bolup düňderilip barýandyr . ýene bir ybaratda gün-günden gurhan we yslamyň hakdygy adam ogluna belli bolýandyr . onuň täsirinde hem durly ýurtlaryň ilatynyň päk dine bolan ymtylmalary we höwesleri artyp barýandyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- garşylar bilen gürrüň etmekde özümizi hedaýat tapan hasaplap olary gümra bilmeli däldiris eýsem şeýle aýtmalydyrys : geljekde kimiň berhak we kimiň hem nähakdygy belli boljakdyr.

2- beýlekiler we olaryň geljekleri hakda , dünýe we ahyretleri barada gazawat etmeli däldiris we ony allanyň ylmyna tabşyrmalydyrys.

 

/////////////