Sep 22, 2025 17:24 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1033, süre Galam, aýat 8-16

bölüm 1033, süre Galam, aýat 8-16

راهی بسوی نور (1033)

Galam süresi, 8 we 9-njy aýatlar:

فَلَا تُطِعِ الْمُكَذِّبِينَ (8) وَدُّوا لَوْ تُدْهِنُ فَيُدْهِنُونَ (9)

<< onda tekzip edijilere üns berme // seniň ugurdaş bolmagyň üçin olar saňa ugurdaşlyk görkezýändirler. >>

Geçen gepleşikde hezreti resuly äkrem (s)ň uly gylyk häsiýete eýedigi barada gürrüň boldy. ol hezret garşylaryň yza-ezýetleriniň we gara ýapmalarynyň garşysynda geçirimli bolup bagşandalyk ýüzünden çykyş edýänmiş we köpler hem hezreti resuly äkremň şeýle bir gürrüňli gylyk häsiýeti sebäpli öz etmişlerinden pyşman bolup ol hezrete iman getirýänmişler. bu aýatlar hezreti resuly äkrem(s) şu ugurda duýduryş berip garşylary özüňe tarap çekmek üçin ýersiz ýere we hetden aşa ýumşaklyk görkezme we tersleşik bildirýänleriň göwünlerini awlamak üçin kä bir din usullaryndan gaýra durmagyn diýip beýan edýär. kä bir taryhy rowaýatlarda gelşine görä mekkäň başlyklary , yslamyň çaltlyk bilen ýaýrap barýandygyny görenlerinde , hezret resuly äkrem kä bir mazalyklary beripde ony öz işinden we yslam dinini ýaýratmakdan alyp galmak üçin tutum tutupdyrlar . emma alla tagala ol hezrete ägälik berip hezreti resuly äkrämiň duşmanlaryň gyşarnykly teklipleriniň garşysynda berk durmagyny nygtap aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ýagşy gylyk häsiýetden paýly bolmak pasyd adamlar bilen hem oňşup gezmek manasynda däldir.

2- pygamberler ylahy terbiýäniň we gözügçiliginiň astyndadyrlar we alla tagala , olara her hili gyşarnykly şiweler hakda duýduryş berýändir.

3- garşylaryň şiweleriniň biri mazalyk berip tamakinlandyrmakdyr şol sebäpli olaryň hilelerine aldanmajak bolup habardar bolmak zerurdyr.

Galam süresi, 10, 11, 12 we 13-nji aýatlar:

وَلَا تُطِعْ كُلَّ حَلَّافٍ مَّهِينٍ (10) هَمَّازٍ مَّشَّاء بِنَمِيمٍ (11) مَنَّاعٍ لِّلْخَيْرِ مُعْتَدٍ أَثِيمٍ (12) عُتُلٍّ بَعْدَ ذَلِكَ زَنِيمٍ (13)

<< köp ant içýän ýaramaz gylyk- häsiýeteli adama eýermekden saklan // halkyň aýbynyň gözleginde bolup gep gezdirip iki tarapa ylkap ýörän kişiden // halky sogaply işlerden alyp galyp hetden geçýän günäkärlerden // bolardan daşgary bu adamlar ýüreginde kine saklaýan  betzat adamlardyr. >>

Bu aýatlar , uly we ýagşy gylyk-häsiýetler bilen sazdaş bolmadyk ýaramaz gylyk häsiýetlere yşarat edip şeýle permaýyş edýär: ýaramaz we erbet hasiýetlere eýe bolan adamlardan gaça duruň, sebäbi olar bilen hemralyk etmek we olara eýermek dinde gyşarnygyň ýüze çykmagyna sebäp boljakdyr . ýalaň erbet adamlar öz maksatlaryna ýetmek üçin köp ant içýändirler we olar öz garşylaryndaky tarapy yrazy etmek ugurda her bir uly kiçi işler üçin kasam içýärler emma hak söz we amal ant içmeklige mätäç däldir we mantyk we delil bilen öňe gidýändir. Aýbyň gözleginde bolmak we gep gezdyrmek hem ýaramaz sypatlardandyr käler hem 2 adamyň arasyndaky dostluga zyýan ýetirip olaryň arasyny bozmak üçin talaş edip hereketde bolýarlar we şeýdip hem adamlaryň arasynda kine kuduratyň döremegine sebäp bolýarlar. Olar beýlekileri haýyr işlere tarap çagyrmagyň ýerine olaryň öňüni alýarlar we durly bahanalar bilen beýlekileri ýagşy işlerden alyp galýarlar . olar jemgiýatýçylykly aragatnaşyklarda öz hetlerinden aşyp beýlekileri hak- hukuklaryna el gatyarlar we şol bir ýagdaýda hem öz ýaramaz işlerinden puşman we şermende bolýan däldirler . bu hili adamlar gaharjaň we ýaman bolup hemme zady özleri üçin talap edýärler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- garşylaryň we tersleşik bildirýänleriň ant içmelerine aldanyp olara ynam etmeli däldir sebäbi olaryň antlarynyň hiç hili ygtybary ýokdur.

2- hudaýa imanly bolmak , susýal we içeri maşgala aragatnaşyklarda ýaramaz gylyk häsiýete eýe bolmak bilen sazdaş däldir.

Galam süresi, 14, 15 we 16-njy aýatlar:

أَن كَانَ ذَا مَالٍ وَبَنِينَ (14) إِذَا تُتْلَى عَلَيْهِ آيَاتُنَا قَالَ أَسَاطِيرُ الْأَوَّلِينَ (15)‏ سَنَسِمُهُ عَلَى الْخُرْطُومِ (16)

<< onuň köp maly we perzentleri bolansaň ol hetden geçýändir//  haçanda biziň aýatlarymyz talawat bolanda aýdar : bu , geçmişdäkileriň ertekileridir //  çaltlykda burunlaryna , reswalyk möhrini urjakdyrys. >>

Bu aýatlar , din bilen duşmançylyk edip ýaramaz gylyk häsiýete giriftar bolmagyň köklerine yşarat edip şeýle permaýyş edýär: barandalyk we köp mal-mülke şeýlede kuwwatly daýaw kowum garyndaşdan paýly bolmaklik, käleriň allanyň dininiň garşysynda durup iman ählinden hem olara eýermekligi talap etmeklerine sebäp bolandyr . baýlyk we gudratdan göz baş alýan menlik we tekepbirlik häsiýetleri, käleriň gurhan aýatlaryny gadym ertekiler ýaly guman etmeklerine we bu kitaby , pygamberiň zehin güýjünden göz baş alan dessanlar hasaplamaklaryna sebäp bolandyr we şeýdip hem iman ählini hudaý we pygamberden alyp galjak bolýandyrlar . emma alla tagala olaryň öz işlerinde şawsyz boljakdyklaryny wada berendir . we olaryň ýaramaz işleri bilen allanyň dini hiç haçan soslanyp ejiz boljak däldir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- baýlyk we gudratdan gözbaş alýan menlik we pahyrlanmak , diniň gyşarnyga duş bolmaklaryna we haky tekzip etmeklige şert döredýändir . şol sebäpli gudrat we baýlyga eýe bolanlar elmydama pygamber bilen garşylaşmakda öň hatarda durandyrlar.

2- duşmanlar, asmanlyk kitaplary ejizletmek ugurda köp pitnelere gulluk etselerde perwerdigär olaryň naňşalaryny puça çykaryp öz dinini kuwwatlandyrýandyr.

 

///////////