Sep 22, 2025 17:30 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1034, süre Galam, aýat 17-33

bölüm 1034, süre Galam, aýat 17-33

راهی بسوی نور (1034)

Galam süresi, 17, 18, 19 we 20-nji aýatlar:

إِنَّا بَلَوْنَاهُمْ كَمَا بَلَوْنَا أَصْحَابَ الْجَنَّةِ إِذْ أَقْسَمُوا لَيَصْرِمُنَّهَا مُصْبِحِينَ (17) وَلَا يَسْتَثْنُونَ (18) فَطَافَ عَلَيْهَا طَائِفٌ مِّن رَّبِّكَ وَهُمْ نَائِمُونَ (19) فَأَصْبَحَتْ كَالصَّرِيمِ (20)

<< biz Mekge ilatyny synadyk , ol bagyň eýelerini synaşymyz ýaly , ertir bilen bagyň miwelerini ýygjak diýip ant içen zamanlary // we hiç bir zady mätäçlere başgalap goýmadyk // bagyň eýeleri ukydaka, perwerdigäriň tarapyndan bir äpet ol bagy gurşäp aldy // soň ol bag tüm garaňkylyga öwrüldi. >>

Geçen gepleşikde , Mekgede gudrat we baýlyga eýe bolup menlik ýüzünden iman getirmeklige taýyn bolmaýan kä adamlardan gürrüň boldy olar tekepbirlik ýüzünden hudaý resuluny we onuň ýaranlaryny masharalaýardylar . bu aýatlar olara duýduryş berip siz öz mal-perzentleriňize guwanmaň eger hudaý yrada etse onda şol bagyň eýeleri ýaly bir gijede bütin zatlaryňyzy elden berjekdirsiňiz diýip beýan edýär . bu aýatlar ilat arasynda meşhur bolan bir bagyň eýesiniň dessanyna yşarat edýär . aýdylşyna görä şol bagyň eýesi ýagşy we sahawatly adammyş we ol her ýylda öz önümleriniň bir bölümini mätäçlere we garyp-gasarlara bagşlaýan eken emma ol dünýeden gaýdanda , perzetleri bu işden saklanyp mätäçleriň paýlaryny berjek däl diýip tutum tutupdyrlar emma hudaýyň yradasy bilen bir gije ýyldyrym çakyp şol bagyň bütin agaçlaryny ýakyp köl edipdir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- mal we baýlyk , ylahy synag üçin bir apzaldyr we bu synagda mätäçleriň paýlary berilýärmi ýada ýok belli bolýandyr.

2- mätäçleri mahrum etmek ylahy gahar-gazaby yzyna tirkeýändir we mal eýesiniň , ylahy lutfy keremden mahrum bolmagyna sebäp bolýandyr.

3- kä mahallarda ynsan öz ýanyndan özi hasap kitap eden bolýandyr welin onuň isleginiň tersine netije başgaça bolýandyr.

Galam süresi, 21, 22, 23, 24, 25, 26, 27, 28 we 29-njy aýatlar:

فَتَنَادَوا مُصْبِحِينَ (21) أَنِ اغْدُوا عَلَى حَرْثِكُمْ إِن كُنتُمْ صَارِمِينَ (22) فَانطَلَقُوا وَهُمْ يَتَخَافَتُونَ (23) أَن لَّا يَدْخُلَنَّهَا الْيَوْمَ عَلَيْكُم مِّسْكِينٌ (24) وَغَدَوْا عَلَى حَرْدٍ قَادِرِينَ (25) فَلَمَّا رَأَوْهَا قَالُوا إِنَّا لَضَالُّونَ (26) بَلْ نَحْنُ مَحْرُومُونَ (27) قَالَ أَوْسَطُهُمْ أَلَمْ أَقُل لَّكُمْ لَوْلَا تُسَبِّحُونَ (28) قَالُوا سُبْحَانَ رَبِّنَا إِنَّا كُنَّا ظَالِمِينَ (29)

<< daň çagynda bir-birine aýtdylar // "eger miwäni ýygmakçy bolsaňyz ala daňdandan baglara tarap hereket ediň" // bes ýola düşdiler ýuwaşjadan birek- birege şeýle diýýän hllarynda // bu gün bu bagda hiç bir mätäç adam siziň ýanyňyza gelmesin // şeýle niýet bilen ala daňdandan miwe ýygmak üçin baglara tarap ýola düşdiler // bes baga baryp onuň (oda ýanyp dargandygyny görenlerinde) “hukman biz gümra bolupdyrys ýogsa bu bela biziň başymyza gelmezdi" diýdiler // belkide allanyň lutfundan mahrum bolandyrys diýdiler // şonda akylylarynyň birisi " size allany päklikde ýatlaň diýip aýtmadymmy? Diýdi // şonda olar aýtdylar : bar hudaýa! Seni päkligiň bilen sena aýdýarys, dogrudanda biz sütemkärlerden bolupdyrys" >>

Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: Bagyň eýeleri , sähär çaglarynda , we ýoksyllardan ogrynça we pynhanlykda , bagyň miweleri ýygnamak üçin tutum tütüp hereket etdiler emma gijesine ýyldyrym çakyp olaryň baglary oda ýanyp kül bolupdy we olar ondan habarsyzdylar . ir ertir bilen baglara tarap hereket etdiler emma maksada ýetenlerinde oda ýanan baglaryny görünlerinde biz ýoly ýalňyşan mykan diýip guman etdiler emma bir az dykkat edenlerinde ýollaryny ýalňyş gelmän diklerini we eýsem şol oda ýanan bagyň olara degişlidigine göz ýetirdiler . eýsem olar ýaşaýyşda ýollaryny ýitirip gümrä bolup azaaşan dyklaryny bildiler . olar mätäçleri we ýoksyllary mahrum etjek boldylar emma ylahy gahar we asmanlyk ýyldyrym bilen ýüz be ýüz bolup hakykatda özlerini mahrum ediler. Şu aralykda olaryň arasyndan biri akyllyragydy ol doganlaryna ýüzlenip şeýle didi : men deslapda size allaga näşükür bolmakdan saklanyp ýoksyllaryň hakyny beriň diýip aýdypdym. Soňda olar oda ýanan bagy görenlerinde ukydan oýunyp gyflata duçar bolandyklaryny düýüpda ýalňyş tutumi tutandyklaryny boýun alyp ykrar etdiler , olar allaga ýüzlenip bar hudaýa biz hemä özümize hemde mätäçlere sütem etdik biz hemä özümizi hemde ýoksyllary mahrum etdik diýip aýdylar.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary:

1- Alla tagala baýlaryň mallarynda mahrumlara hem bir haky göz öňüne alandyr we eger barandalar şeýle bir haky bermekden saklansalar onda allanyň gazaby bilen ýüz be ýüz boljakdyrlar.

2- yslamy medeniýetde , enfak edip geçirimli bolmak , ylahy bereketiň inmegine ýerlik taýýarlaýandyr . onuň garşysynda heris bolup bahylçylyk etmek , ynsany öz bar zatlaryndan haýyrlanmakdan mahrum edýändir.

3- kä mahallarda puşmanlygyň peýdasy ýokdur we ol zyýanyň ýerini doldurýan däldir . emma ol geljek üçin bähbitli bolup ynsanyň ýalňyşmagynyň öňüni alýandyr.

4- ýaramaz wakalary barlap gözden geçirmekde allany ýazykly bilmeli däldiris eýsem özümiziň haýsy bir ýerde ýalňyşandygymyza pikir edip oýlanmalydyrys.

Galam süresi, 30, 31, 32, 33-nji aýatlar :

فَأَقْبَلَ بَعْضُهُمْ عَلَى بَعْضٍ يَتَلَاوَمُونَ (30) قَالُوا يَا وَيْلَنَا إِنَّا كُنَّا طَاغِينَ (31) عَسَى رَبُّنَا أَن يُبْدِلَنَا خَيْراً مِّنْهَا إِنَّا إِلَى رَبِّنَا رَاغِبُونَ (32) كَذَلِكَ الْعَذَابُ وَلَعَذَابُ الْآخِرَةِ أَكْبَرُ لَوْ كَانُوا يَعْلَمُونَ (33)

<< bir- birlerine ýüzlenip birek- biregi käýäp başladylar // soň şeýle diýdiler : waý bolsun bize, asy bolupdyrys! // perwerdigäriň bizi bagyşlap ondan hem gowyragyny bize berip ýerini doldurmagyna umytlydyrys we biz hudaýymyzy gowy görýäris // dünýäniň , ahyretiň azaby şu hilidir we eger bilseler ahyratyň azaby ulurakdyr. >>

Bagyň eýeleri , ýalňyşlaryny boýun alyp ykrar etseler-de olaryň herisi öz günäsini , ol biriniň üstüne oklap sen şu hödüri berdiň we şeýle bir giriftarçylygy bize düretdiň diýip aýtdy. emma hakykatda beýlekileriň hödür bermegi bilen ynsan şeýle bir meseläniň garşysynda dym-dyrys bolmaga ýada olaryň ýalňyş garaýyşlaryny kabul etmäge hakly däldir we olaryň hemmesi herhilidir bir hili şeýle bir günäde şärik bolandyrlar diýip aýdyp boljakdyr . her halda , bagyň eýeleri öz uly günälerine düşünip eden sütemlerini boýun aldylar we allanyň dergähine ýüzlenip şeýle diydiler : bar hudaýa! biz seniň biziň günälermizi ötmegiňi umyt edýäris we bu bagyň ýerine başga bir bagy bize kysmat edersiň diýip umytlydyrys.

Bu dessanyň soňky aýatynda tutuş bir netije beýan edilendir olda şudur "allanyň azaby şeýledir ýöne ahyretiň azaby ulurakdyr" . diymek siz hem egerde maddy mümkinçilikler we köp baýlyklar sebapli menlikli bolup mätäçleri mahrum etseňiz dünýede we ahyretde erbet ýazgyda duçar boljaksyňyz we elbetde ahyretiň azaby agyrrak we güýçliräkdir.

Gurhany keremiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- öz ýalňyşymyzy düşündiriş bermek üçin beýlekileri ýazykly bilip günälerimizi olaryň üstüne oklamaly däldiris.

2- eger allanyň dergähinde günä işe baş goşandygymyzy boýun alyp ykrar edip puşman bolmak we hakyky suratda toba etmek kabul boljakdyr emma dil bilen edilen toba çäre däldir .

3- allanyň eli , biziň elden beren zatlarymyzyň ýerini doldurmaga açykdyr şol sebäpli günäkärler numyt bolmaly däldirler .

4- ýoksullary öz haklaryndan mahrum etmekligiň dünýede we ahyretde jezasy boljakdyr.

 

/////////////