bölüm 1035, süre Galam, aýat 34-41
bölüm 1035, süre Galam, aýat 34-41
راهی بسوی نور (1035)
Galam süresi, 34, 35 we 36-njy aýatlar :
إِنَّ لِلْمُتَّقِينَ عِندَ رَبِّهِمْ جَنَّاتِ النَّعِيمِ (34) أَفَنَجْعَلُ الْمُسْلِمِينَ كَالْمُجْرِمِينَ (35) مَا لَكُمْ كَيْفَ تَحْكُمُونَ (36)
<< dogrudan-da takwa adamlar üçin perwerdigärleriniň ýanynda , nygmatly baglar bardyr // onda biz emre boýun bolanlary günäkärler ýaly karar berjekmy? // sizlere neme bolupdyr? Nähili gazawat edýärsiňiz? >>
Geçen gepleşikde , mätäç we ýoksullary öz baglarynyň miwelerinden mahrum eden bagyň eýeleriniň nähili şum agybata duçar bolandyklaryndan gürrüň boldy . bu aýatlar , ýagşylary we telek adamlary deňäp şeýle permaýyş edýär : dünýedäki ýaşaýyşlarynda päk we dogruçy bolup ýaşan kişiler allanyň nygmatyndan paýly bolup perwerdigär olary iň ýagşy nygmatlardan paýly etjekdir. Dünýede bag-bakçaň eýesi bolup baglary öz bagynyň miwelerinden mahrum etmegi zerarly onuň bagy oda ýanyp kül boldy emma dünýede bagy bolmasada laýyk işleri ýerine ýetiren kişi , ahyretde ýagşy işleri sebäpli gözel we miweden bol bolan baglardan paýly boljakdyr. geň bolup durýan ajaýyp nukat şudur welin dünýedäki baglara äpet degip ka mahallarda miweleri çüýreýändir emma behiştdäki nygmatlara hiç haçan äpet we zyýan ýetişjek däldir.
Bu aýatlaryň dowamy kä bir ýazykly we telek baranda adamlaryň batyl hýallaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : we olar hem dünýede şol hili durly nygmatlardan paýly bolup möminler ýally behişte baryp başarar mykam diýip guman etdiler ýöne perwerdigär olaryň şeýle bir nädogry gumanlaryna jogap berip şeýle aýtdy : nähili dogruçy we ýagşy adamlar asy we günäkär adamlar ýaly bolmalymyş? siz nähili şeýle bir ýalňyş gazawat edip ýersiz ýere zatlara garaşyp hantama bolýarsyňyz?
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- ynsan dünýede bag bustana eýe bolup asudalykda we bolçulykda ýaşaýan bolsada ýada ýoksul bolup golydarlykda gün-oňşugyny aýlaýan bolsada paryk etmeýär, her ýagdaýda hem ol päk we dogruçy bolup takwany göz öňüne alsa dünýede we ahyretde bagtyýar boljakdyr.
2- ylahy jeza we padaş , adalat esasyndadyr we hiç haçan allanyň ýanynda ýagşylar we telekeler deň däldirler.
Galam süresi, 37, 38, 39, 40 we 41-nji aýatlar:
أَمْ لَكُمْ كِتَابٌ فِيهِ تَدْرُسُونَ (37) إِنَّ لَكُمْ فِيهِ لَمَا تَخَيَّرُونَ (38) أَمْ لَكُمْ أَيْمَانٌ عَلَيْنَا بَالِغَةٌ إِلَى يَوْمِ الْقِيَامَةِ إِنَّ لَكُمْ لَمَا تَحْكُمُونَ (39) سَلْهُم أَيُّهُم بِذَلِكَ زَعِيمٌ (40) أَمْ لَهُمْ شُرَكَاء فَلْيَأْتُوا بِشُرَكَائِهِمْ إِن كَانُوا صَادِقِينَ (41)
<< siz üçin bir kitap barmy? şonda şeýle aýdylsyn: // ol dünýede her näme isleseňiz siz üçin taýýar ediljekdir? // ýa siz üçin äşgär ähtler biziň üstümizemi? Kyýamata çenli her näme esteseňiz ony siz üçin üpjün eder ýaly ?// olardan sora : olaryň haýsy birisi şeýle bir toslama kepil geçýär" diýip ? // ýa olar üçin kyýamatda datlaryna ýetişer ýaly şärikler barmy? Onda egerde dogurçy bolsalar şol şärikleri getirsinler. >>
Geçen aýatlarda kä bir adamlaryň özleri hakda bolan nädogry gazawatlaryna yşarat boldy indi bu aýatlarda şeýle gelýär : olar özlerini behişti hasaplaýarlar we olaryň ynamlaryna görä olar üçin allanyň ýanynda paý-padaşlar bardyr.
Şeýle bir ynsanlaryň öz ynamlaryna görä delilleri barmy? Ýada asmanlyk kitaplardan şeýle bir gumanlary üçin şaýatlary barmy we olar kyýamatda iman ähli bolanlar we ýagşy kişiler bilen deň bolar mykan dýarlarmy? Ýada olaryň isleýän zatlary bolupda talap edýän zatlary taýýar bolsun diýip hudaý bilen ähdi peýman bagladylarmy? Haýsy bir kimse , şeýle bir üçin olara söz berid ? soňky nukat şudur welin ýaradylmyş düzgüninde hudaýa şärik tutunyp oňa sygynýan we pena getirýän zatlaryňyz kyýamatda araçy bolup olary isleglerine ýetirjek mykam? Hakykatda bu aýatlar soraga çekmek arkaly , öz dünýedäki baýlyklary we mal-mülkleri zerarly pahyrlanyp özlerini üstem görýänleri ýazgarýar we olary näçe tarapdan sorag astyna alýar? Birinjiden siz haýsy akyl bilen kyýamatda ýagşylaryň ýanynda bolarsyňyz mykan diýip höküm edýärsiňiz ikinjiden haýsy kitaplaryň elbet asmanlyk kitaplaryň esasyna görä özüňizi ylahy paý padaşlara ylaýyk görýärsiňiz ? üçünjiden , haýsy ähdi peýmana ynam edip özüňizi ylahy behişte munasyp bilýärsiňiz? We soňda kim size ynam berdi kyýamatda allanyň öwliýalarynyň derejesinde orun tapar ýaly size şypagatçy bolar.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
- özümiz hakda puç gumanlara duçar bolmajak bolsak esewan bolalyň we özümizi akyl ýüzünden ýada nakyl ýüzünden bolan hiç bir delilsiz , behiştiň ählinden hasaplap ylahy nygmatlardan paýly bolar mykam diýip pikir etmäýliň.
- Perwerdigäriň yradasy we islegi adam oglunyň isleglerine we talaplaryna eýerýän däldir we biz her näme guman etsek bolar mykam diýip oý etmeli däldiris.
- Ynsanlaryň dünýedäki işleri we ahyretdäki agybatlary barada hakyky suratda gazawat etmek hudaýyň elindedir we hiç bir kimse özi hakda ýada beýlekiler barada gazawat etmäge hakly däldir.
///////////