Sep 23, 2025 15:39 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1036, süre Galam, aýat 42-47

bölüm 1036, süre Galam, aýat 42-47

راهی بسوی نور (1036)

Galam süresi, 42 we 43-nji aýatlar:

يَوْمَ يُكْشَفُ عَن سَاقٍ وَيُدْعَوْنَ إِلَى السُّجُودِ فَلَا يَسْتَطِيعُونَ (42)‏ خَاشِعَةً أَبْصَارُهُمْ تَرْهَقُهُمْ ذِلَّةٌ وَقَدْ كَانُوا يُدْعَوْنَ إِلَى السُّجُودِ وَهُمْ سَالِمُونَ (43)

<< işleriň kynçylygy äşgär boljak gününde sejde çagyryljakdyrlar emma başarjak däldirler. // gözleri , gorky ýüzünden aşak düşüp , harlyk we zillet olaryň durkuny gurşap aljakdyr . olar dünýede sejdä çagyrylýardylar , ýagdaýlary oňatka, emma sejde etmeýärdiler. >>

Bu aýatlar , müşrükleriň kyýamatdaky ýagdaýlaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: müşrük adama , gorky we gaýgy şeýle bir üstüm çykýandyr welin göýä arap dilinde bir nakylda gelşi ýaly aýagynyň injigi äşgär bolan ýalydyr we işi raty kynçylyga we agyr ýagdaýa düşýandir şol ýagdaýda , puşmanlyk we utançda bolmak bir hili müşrüklere häkim bolýandyr welin diýdeleri aşak duşup zillet we harlyk olaryň bütin durkuny gurşap alyp durandyr. Şol howply ýagdaýda iman ähli ylahy azamatyň barabarynda sejdä gidýärler , emma müşrükler we kapyrlar sejdä gidip başarmaýarlar , sebäbi dünýede , sagkalar , allanyň barabarynda namaz we sejde çagyrlan wagtynda , pahyrlanyp allany ybadat edip oňa boýun bolmakdan saklanýardylar we perwerdigäriň öňünde sejde gitmäge taýyn däldiler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- dünýede hudaýyň barabarynda we onuň buýruklary hakda boýun bolmany serkeş bolan adamlar özlerini gudratly mykam diýip oý edýärler emma kyýamatda harlanyp zelil bolýarlar we hatda başlaryny hem ýokary galdyryp bilmeýärler.

2- kyýamat , ynsanyň dünýedäki amallarynyň görnüşe çykan zamanydyr. Dünýede allanyň barabarynda sejde edip başarmadyk adamlar we bu işe taýyn bolmadyk ynsanlar kyýamatda hem allanyň dergähine sejde edip biljek däldirler.

3- sagdyn ýagdaýmyzda , saglygyň gadryny bilip allany bendelik etmek ugurda talaş etmelidyrys.

Galam süresi, 44 we 45-nji aýatlar:

فَذَرْنِي وَمَن يُكَذِّبُ بِهَذَا الْحَدِيثِ سَنَسْتَدْرِجُهُم مِّنْ حَيْثُ لَا يَعْلَمُونَ (44) وَأُمْلِي لَهُمْ إِنَّ كَيْدِي مَتِينٌ (45)

<< Onda meni , gurhany we hudaýyň sözüni ýalana bilýänler bilen goýber. biz olary öz bilmeýän ýollaryndan asta-ýuwaşdan azaba tarap äkideris.// we olara möhlet bereris , elbetde meniň hikmetim berk  we mäkämdir. >>

Bu aýatlar , alla tagalanyň serkeş adamlar bilen bolan çykyşynyň hilini beýan edip şeýle diýär: adamlaryň käleri jedelkeşlik we duşmançylyk ýüzünden hudaý resulunyň pygamberçylygyny we gurhanyň berhaklygyny inkär edýärler. Şol ýagdaýda hem alla tagala dünýede olary öz gahar azabyna giriftar etmeýär eýsem ýenede nygmatlaryny indermegi dowam edýär. Bu münkerler , hudaý olary unudanmykam diýip ýada şeýle bir nygmatlardan haýyrlanmaga özlerini laýykmykam diýip guman etmesinler. bu hakykatda dünýede bir hili ylahy azapdyr we alla tagala olary şeýle bir nygmatlardan doly haýyrlanypda sermest bolup öz günälerini köpeltmekleri üçin öz hallaryna goýberendir soň perwerdigär birdenkä nygmatlary olardan alyp , münkirleri bu nygmatlardan mahrum edýär we olary hasrata duş edip jezalandyrýandyr. Ymam sadyk (a) şeýle permaýyş edýär: eger bir günä iş bolsa we günäkär ynsan ýenede asudalykda we nygmatda bolsa , bu mesele , jezada ylahy Estedrajyň nyşanydyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- gurhan allanyň kelamydyr we her kimse ony tekzyp etse , onuň tarapy hudaýdyr we perwerdigär uly jezany şeýle bir adamlar üçin göz öňüne alandyr.

2- münkür we telek adamlara , nygmatyň inmegi , olara ylahy lotfuň bolmagy manasynda däldir-de eýsem kä mahallarda hudaýyň günäkärlere möhlet bermegi sebäplidir.

3- hudaýdan we onuň nygmatlaryndan gapyl galmak ynsanyň , dünýäň wagytlaýyn nygmatlaryna aldanmaklaryna sebap bolup netijede garaşmaýan jezasyna giriftar bolýandyr.

 

Galam süresi, 46 we 47-nji aýatlar:

أَمْ تَسْأَلُهُمْ أَجْراً فَهُم مِّن مَّغْرَمٍ مُّثْقَلُونَ (46) أَمْ عِندَهُمُ الْغَيْبُ فَهُمْ يَكْتُبُونَ (47)

<< olardan , töläp başarmajak agyr bahany isleýärsiňmi?// ýada Ýaşryn syrlar olaryň ýanyndamy? we olar onuň ýüzünden ýazýarlarmy? >>

Bu aýatlar , sorag şeklinde Iki soragy ara atýar, olda şu : müşrükler tarapyndan hudaý resulunyň we guhany kerimiň tekzyp bolmagy , şu sebäpdenmi welin hudaý resuly öz pygamberçilik teklibi üçin olardan pul we mal isleýärmi we bu bahany bermek olar üçin agyr bolup düşýärmi? Pygamberleriň işleri , köpçülikdäki terbiýeleijileriň we mogallymlaryň işleri ýaly bolsada hiç bir pygamber , ilaty hidaýat etmegi babatly , hiç haçan olardan pul talap eden däldir. ikinji sorag şudur welin müşrükler , kähinler arkaly ýaşryn syrlara el-gerýärlermi? ýada özleri ylahy wähi we ýaşryn syrlary ýazga geçirýärler mykam? We şeýdip-de özlerini gurhandan biniýaz duýýarlar mykam? Elbet bu soraglaryň ikisiniň-de jogaplary belli zat we olar ne ylahy syrlary elgerip bilendirler we ne-de gurhandan biniýazdyrlar. Şeýlelik-de müşrükleriň hudaýyň kitaby bilen terisleşmeklerine hiç bir bahanalary ýokdur.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- dini taglymatlary ilata öwredýän adamlar , hudaý resuly ýaly , ilatdan hiç bir puly islemeli däldirler ýöne eger-de ilatyň özi islese meýletinlik-de olara sugat berip bilýändirler.

2- ýaşryn syrlara elgermegiň ýekeje ynamly ýoly alla tagala tarappydan pygamberler inen aýatlara we asmanlyk kitaplardyr we kähinleriň ýada jadygöýleriň sözleri ýada görülýän dişler ynamly çeşmeler däldir.

 

/////////////