bölüm 1059, süre Kyýamat, aýat 1-15
bölüm 1059, süre Kyýamat, aýat 1-15
راهی بسوی نور (1059)
Kyýamat süresi:
40 aýatdan ybarat bolan kyýamat süresi Mekgede inendir we bu süräň aýatlarynda hem köplenç mayad we kyýamat hakynda gürrüň bolýar. kyýamat süresinde jahanyň soňlap kyýamatyň gopmagynda ýüze çykjak elhenç wakalar we agyr ýagdaýkar, ynsanlaryň ömrüniň soňky salymlary, onuň jan berip ýene bir äleme göçmegi şeýlede ýagşylaryň we erbet ynsanlaryň ýazgytlary beýan edilýär.
Kyýamat süresi, 1, 2, 3, 4, 5 we 6-njy aýatlar:
لَا أُقْسِمُ بِيَوْمِ الْقِيَامَةِ (1) وَلَا أُقْسِمُ بِالنَّفْسِ اللَّوَّامَةِ (2) أَيَحْسَبُ الْإِنسَانُ أَلَّن نَجْمَعَ عِظَامَهُ (3) بَلَى قَادِرِينَ عَلَى أَن نُّسَوِّيَ بَنَانَهُ (4) بَلْ يُرِيدُ الْإِنسَانُ لِيَفْجُرَ أَمَامَهُ (5) يَسْأَلُ أَيَّانَ يَوْمُ الْقِيَامَةِ (6)
<< kyýamat günine ant içýärin // we käýinji nefse ant içýärin // ynsan onuň süňklerini hergiz ýygnap bilmeris mykam diýip oý edýärmi? // biz hatda onuň barmaklarynyň ujundaky çyzyklaryny hem ýene bir gaýtar bejerip biljekdiris // ynsan , kyýamata şek edýän däldir eýsem ol ömür boýy arkaýyn günä etjek bolup // kyýamatyň wagty haçan diýip soraýar. >>
Bu süre 2 ant bilen başlanandyr biri kyýamat günine, ýene biri hem ynsanlaryň wyždanlaryna ant içmek bilen başlanýandyr . göýä her bir ynsanyň wyždany , kyýamat gününiň bir jilwesy ýaly bolup ýagşy işi ýerine ýetirende oňa içgin şadlygy padaş berip erbet işe baş goşan zamanynda hem ony käýeýändir.
Kyýamatda hem perwerdigär , ynsanlara bagyş eden şol akyl we wyždanlarynyň esasy boýunça , olary diwana çekýändir netijede olar , ylahy gazawatçylygy kabul edip ylahy hökme boýun bolýarlar. pygamber äkrem(s) öz ýaranlaryna şeýle permaýyş etdi : kyýamatda hemä ýagşylar hemde ýamanlar ikisi hem puşman bolýarlar . ýagşy kişiler , näme üçin köpräk gowy işleri etmedikleri sebäpli we ýamanlar hem öz telek we erbet işleri üçin. aýatlaryň dowamy , umum ynsanlarda bar bolan , esassiz bir gumana yşarat edip şeýle permaýyş edýär: ynsan nähili , biz ölümden soň onuň çüýrip topraga ögürlen süňklerini ýaňadan bejerip başarmarys mykam diýip guman edýär eýsem biz hatda ynsanyň barmaklaryndaky çyzyklary hem deslapgysy ýaly edipde ýaňadandan ýasap başarjakdyrys.
Aýtmak gerekli , her ynsanyň barmagynyň başynda näzik hatlar we çyzyklar bardyr. ol çyzyklaryň hersi bir ynsana mahsusdyr we hiç mahal 2 ynsanyň barmaklarynyň çyzyklary birek birege meňzeş däldir şol sebäpli bu günki gün , adamlaryň barmaklarynyň eserlerinden , olary tanamak ýollarynyň biri hökmünde peýdalanylýandyr . bu häsiýet şeýle bir ýüritelige yşarat edip şeýle permaýyş edýär : kyýamatda perwerdigär , diňe ynsanlary dälde eýsem bu dünýedäki ýaly , hatda barmaklarynyň başyndaky çyzyklary hem her kişiniň özüne has boljakdyr.
Soňraky aýatlar , kyýamaty inkär etmegiň kökleriniň birisine yşarat edip şeýle dyýar : käler , dünýede öz isleg-arzularyna ýetipde her hili fysyk fujurlyga baş goşupda soň hem öz işleri hakda allanyň garşysynda hiç bir jogapkärçiligi boýun almajak bolýarlar we kyýamaty inkär edýärler . ýene bir ybaratda bu adamlar , öz haý höwesleriniň we pysatçylyklarynyň garşysynda hiç hili böwediň bolmazlygyny talap edýärler sebäbi kyýamata imanly bolmak , olaryň edýän pysatlarynyň öňünde böwet döredýändir. olar özleriniň şeýle bir inkär etmelerini duşyndyryş bermek üçin möminlere şeýle diýarlar: eger kyýamat bar diýip dogry aýdýan bolsaňyz onda bu hadysaň haýsy bir zamanda boljakdygyny aýdyň we bu şoragyň jogabyny hem hiç bir kimse bilmän seň olar kyýamat ýokdur diýip aýdýandyrlar . emma bir wakaň haçan gopjakdygyny bilmesizlik onuň ýokdygyna delil däldir mysaly alymlar kä bir bölgelerde ýer sarsgynyň ýüze çykjakdygyny bilýändirler emma onuň haýsy bir zamanda ýüze çykjakdygyny bilmeýärler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- ahlagy wyždan , perwerdigäriň ynsana bagyş eden uly ylahy nygmatlaryň biridir. We olar kyýamat dywanda huzurly bolmakdan öňürti şu dünýede öz gowy we telek ýerlerini saýgarypda öz işleri hakda gazawat edip başarjakdyr.
2- kyýamata ynamly bolmak , ynsany , fysyk fujurdan alyp galmalydyr we eger şeýle bolmasa imanyň sos we ejizdiginden nyşandyr.
3- kyýamaty inkär edýän adamlar kyýamatyň ýüze çykmagynyň mümkin däldigine hiç hili delilleri ýokdur we olar diňe öz gumanlary boýunça bu wakany inkär edýändirler .
4- köpiler diňe öz haý höwüslerine ýetmek üçin ýoluň açyk bolmagyny isleýärler we şol sebäbpli öz hýallary boýunça kyýamaty inkär edýärler.
Kyýamat süresi, 7, 8, 9, 10, 11, 12, 13, 14 we 15-nji aýatlar:
فَإِذَا بَرِقَ الْبَصَرُ (7) وَخَسَفَ الْقَمَرُ (8) وَجُمِعَ الشَّمْسُ وَالْقَمَرُ (9) يَقُولُ الْإِنسَانُ يَوْمَئِذٍ أَيْنَ الْمَفَرُّ (10) كَلَّا لَا وَزَرَ (11) إِلَى رَبِّكَ يَوْمَئِذٍ الْمُسْتَقَرُّ (12) يُنَبَّأُ الْإِنسَانُ يَوْمَئِذٍ بِمَا قَدَّمَ وَأَخَّرَ (13) بَلِ الْإِنسَانُ عَلَى نَفْسِهِ بَصِيرَةٌ (14) وَلَوْ أَلْقَى مَعَاذِيرَهُ (15)
<< şol günde gözleri gorkudan hanasyndan çykara geler // aý garaňky bolar // gün bilen aý birigerler // şol günde ynsan gaçalga nirde? Diýip gaçalgaň gözleginde bolar // ýöne oňa gaçalga tapylmaz // şol günde baralga diňe seniň perwerdigäriň dekägi bolar // we şol günde ynsan, öňden ýada yzdan iberen amallaryndan habarly ediler // belki ynsan özi öz ýagdaýyndan habarlydyr // herçen bärde öz amallaryna bahana getirse-de. >>
Bu aýatlar , kyýamatyň ýüze çykmagyndan öňürti boljak hadysalara yşarat edip şeýle permaýyş edýär : şol zamanda , jahanda , uly özgerişler ýüze çykjakdyr , aý garaňky bolup aý-gün bir ýerde birikjekdirler. Onuň manasy şudur welin bu dünýede tutuş çaşyp häzirki düzgin ýok boljakdyr. Şol wagtda gözler gorkydan hanasyndan çykara geljekdir. şol salymlarda her kim özüni halas etmek üçin gaçalgaň gözleginde bolup ylahy diwanda huzurly bolmakdan gutuljak bolar. emma hiç kime gaçalga tapylmaz we esasan hiç kimiň ylahy häkemiýetiň astyndan gaçyp başarmajakdygy bellidir . beýleki aýatalarda hem bu meselä yşarat bolandyr we ynsanlar allanyň yradasy bilen barlyk dünýesine gadam goýup soňda hemmeleriň ugur ýoly hudaýa baryp çatjakdyr. Bakara süresiniň 156 nji aýatynda hem şeýle gelýär : biz hudaýa degişlidiris we oňa tarap öwrüljekdiris.
Ynsanyň ylahy diwanda taýýar bolmany soň , ol öz bütin amal eden işlerinden we onuň eserlerinden we iz gelimlerinden ägä bolýar. We ol hemme zadyň adyl esasyndadygyna we hiç bir zadyň unudylmajakdygyna göz ýetirýär. Elbet her bir ynsan ylahy diwanda huzurly bolmazdan öňürti hem öz ýagdaýyndan ägädir we dünýede näme işleri eden digini bilýändir ol öz ýaramaz işleri hakda bahanaň gözleginde bolsada we beýlekileriň ýanynda öz işlerini we amallaryny duşundyryş berjek bolsada emma özi içinden öz işiniň digry däldigini bilýändir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwreýän sapaklary :
1- jahanda bar bolan häzirki düzgin kyýamatda çaşjakdyr.
2- kyýamat diwanynda , günäkärleriň ýazyklary olara duşundyryş berilýär . olaryň öz ýaramaz işlerinden ägä bolup ylahy hökmüň garşysynda boýun bolmaklary üçin.
3- ynsanyň wyždany , kyýamat diwanynda iň oňat şaýad berijidir.
4- dünýede bahana getirmek kä wagtlarda çözgit bolsada kyýamatda bu işiň hiç hili täsiri boljak däldir.
//////////////