Sep 27, 2025 09:12 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1060, süre Kyýamat, aýat 16-30

bölüm 1060, süre Kyýamat, aýat 16-30

راهی بسوی نور (1060)

Kyýamat süresi, 16, 17, 18 we 19-njy aýatlar :

لَا تُحَرِّكْ بِهِ لِسَانَكَ لِتَعْجَلَ بِهِ (16) إِنَّ عَلَيْنَا جَمْعَهُ وَقُرْآنَهُ (17) فَإِذَا قَرَأْنَاهُ فَاتَّبِعْ قُرْآنَهُ (18) ثُمَّ إِنَّ عَلَيْنَا بَيَانَهُ (19)‏

<< (eý pygamber! wähi inen zamanynda) howlugyp ony okajak bolup diliňi (agzyňda) oýnatma. // sebäbi (gurhanyň aýatlaryny) ýygnamak we okatmak biziň boýnumyzadyr // onda haçanda ony okamyzda onuň okalşyny yzarla // soňda ony beýan edip açyklamakda biziň boýnumyzadyr. >>

Bu aýatlar , kyýamata degişli aýatlar arasynda aýry bir ybaratlardyr we onuň ozalky we soňraky aýatlaryna baglanşykly ýeri ýokdur. Göýä hezreti resuly äkrem(s) jebreýl , wähi aýatlaryny oňa inderende ol hezret jebreýl bilen hemra aýatlary gaýtalapda gurhan aýatlaryny okamakda hawlugan bolmaly “ şol sebäpli hudaý tarapyndan bir perman gelip , eý biziň resulumyz aýatlary almakda howlukma we jebraýyl aýatlary kämil suratda okamagy üçin rugsat ber diýlip aýdylýar . bu aýatlarda ýene şeýle gelýär : aýatlary unudar mykam diýip gaýgyly bolma sebäbi biz ony yzy giderli we bitewi suratda seniň ýüregiňde gorap saklajakdyrys we sen onudarsyň mykam diýip bu aýatlary çalyt okajak bolup howlukma eýsem aýatlar kämil suratda inen soň ony okamaklyga sabyrlylyk bilen amal et. aýatlaryň dowamynda şu mesele nygtalýandyr welin aýatlary indermek we olary ýygnamak biziň boýnumyza bolşy ýaly ony beýan edip manalaryny açyklamak hem biziň boýnumyzadyr tä ilat ony hezreti resuluň sözleri bilen ýalňyşyp olary adam oglunyň sözleri bilezler ýaly.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- gurhan her hili üýtgeleň we gyşarnykdan amandyr we perwerdigär aýatlary ýygnapda ony goramaklyga kepil geçendir.

2- gurhanyň labyzlary , perwerdigär tarapyndan inendir we hudaý resulynyň aýatlaryň sözlerini saýlamakda roly bolan däldir.

3- diňe aýatlaryň lapzy dälde eýsem aýatlaryň syrlary we hakykatlary hem hudaý tarapyndan resül äkrem(s)ň galbyna inip beýan edilendir.

Kyýamat süresi, 20, 21, 22, 23, 24 we 25-nji aýatlar :

كَلَّا بَلْ تُحِبُّونَ الْعَاجِلَةَ (20) وَتَذَرُونَ الْآخِرَةَ (21) وُجُوهٌ يَوْمَئِذٍ نَّاضِرَةٌ (22) إِلَى رَبِّهَا نَاظِرَةٌ (23) وَوُجُوهٌ يَوْمَئِذٍ بَاسِرَةٌ (24) تَظُنُّ أَن يُفْعَلَ بِهَا فَاقِرَةٌ (25)

<< kyýamat, oňa delil ýok diýip güman edişiňiz ýaly däldir eýsem siz çalt geçip barýan bu dünýä köňül berensiňiz // we ahyret bilen işiňiz ýokdur // şol günde ýüzleri gülüp duran adamlary görersiňiz // (olar ýüzleri gülüp duran halynda) perwerdigärlerine ser eterler // we şol günde käleriň ýüzleri hem tutukdyr // sebäbi adamyň bilini omurjak azabyň olara garaşyp durandygyny bilýärler. >>

Bu aýatlar ýenede kyýamata degişli bolan gürrüňlere dolanýar we deslap hem kyýamaty inkär etmegiň kökleriniň birisine yşarat edip şeýle permaýyş edýär : bu diňe çenden aşa dünä ýürek baglap onuň owadanlyklaryna aldanan kä ynsanlaryň ahyretden gapyl galyp dünýä ýapyşmaklaryna sebäp bolýar . olar öz haý-höweslerine ýetmek üçin çeni çaky bolmadyk çäksiz azatlyklaryň yzynda bolýarlar şol sebäpli rahatlykda öz nebis isleglerine ýetmek üçin kyýamaty inkär edýärler.

Aýatlaryň dowamynda ýagşylaryň we ýamanlaryň kyýamatdaky ýagdaýlary beýan edilip şeýle permaýyş edýär : ýagşy kişileriň keşipleri şat we gülkiden doludyr olaryň keşiplerinde bar bolan şatlyk hem nygmatlaryň köplügi üçindir olar ylahy lutfy rahmata göz tikendirler. şol wagtda olaryň elgerjek lezzetleri çäksiz we wasp ederli däldir. olaryň garşysynda hem bir topar bardyr welin olar dünýede eden telek işleri sebäpli , ýaramaz ýagdaýda bolup keşipleri tutuk boljakdyr. Olar özleriniň ýagşylykdan boş bolan amal depterlerin şaýat bolup azabyň nyşanalaryny we alamatlaryny görenleri soň perişan we tukat boljakdyrlar. sebäbi nähili elhenç jezalaryň olara garaşyp durandygyny bilýändirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- dünýe we onuň nygmatlaryndan paýly bolmak erbet däldir eýsem diňe hetden aşa dünýä ýürek baglap ahyreti unutmaklyk ýaramazdyr.

2- ynsanyň dünýedäki ömri gysgadyr özümizi dünä satypda ahyretde elimiz boş bolaýmasyn diýip habardar bolmalydyrys.

3- dünýede ýaşaýyşlarynyň boýunda bütin ünsleri bilen alla tagala bilen bolan adamlar ahyretde hem behiştiň nygmatlar olaryň gözlerini doldurjak däldir. Eýsem olar diňe allanyň lutfy rahmatyna göz tikjekdirler.

Kyýamat süresi, 26, 27, 28, 27 we 30-njy aýatlar:

كَلَّا إِذَا بَلَغَتْ التَّرَاقِيَ (26) وَقِيلَ مَنْ رَاقٍ (27) وَظَنَّ أَنَّهُ الْفِرَاقُ (28) وَالْتَفَّتِ السَّاقُ بِالسَّاقِ (29) إِلَى رَبِّكَ يَوْمَئِذٍ الْمَسَاقُ (30)

<< (müşrik ynsan) jany karkara gelýänçä dünýäni baky bilip iman getirmeýär (ýöne dünýä baky däldir) // we(hassanyň garyndaşlary) Bu hassany bejerýän kim? diýerler// şonda dünýäni terk etmegiň hakdygyny aýan biler // şonda jan ajygyndan baldyrlary bir-birine çolaşar // Şol günde hemmler perwerdigäriň goran mizan-terezisine tarap ýola düşerler. >>

Bu aýatlar , kyýamaty inkär edýänleriň agyr salymlary bolan jan berýän ýagdaýlaryna yşarat edip şeýle diýýär: olar , ölümden soň ýene bir dünýäň barlygyna iman getirmeýärler emma olüm ýagdaýynda jan bermeli bolanlarynda perdeler gyraga sowulup olar ýene bir dünýä barýandyklaryna şaýat bolup öz amallaryna jogap gaýtarmagyň wagtynyň gelip ýetendigine göz ýetirjekdirler. Şonda olar öa döweregindäki adamlaryň , olary ölümden halas etmek ugurda bir ýoluň gözleginde bolup gaýgydadyklaryny görýärler emma iş işden geçendir we hiç bir tebip olary ölümden alyp galyp biljek däldir.şol ýagdaýda olar dünýä öwrülmekden numyt bolup özleriniň kowum hyşlaryndan we dost ýarlaryndan aýrylyşmak pursatlarynyň gelip ýetendigini bilýändirler . şeýlelik bilen bu adamlar hudaýa tarap öwrülýändirler we allanyň adyl diwanynda taýýar bolup işlerine ýetişiklik edilmegine garaşmalydyrlar.

Gurhanyň aýatlaryndan belli bolşyna görä ölüm pursatlary ynsan üçin agyrdyr sebäbi olar bu dünýeden indiki dünýä göçmelidirler. Ýagny ynsanyň jenin äleminden bu dünýä gelmegi renç we dert we kynçylyk bilen hemra bolşy ýaly olaryň ýene bir dünýä geçmegi hem şeýle boljakdyr . elbet bu ýagdaý diňe imansyz adamlar üçin we çenden aşa dünýä ýürek beren ynsanlar üçin erbet we howplyrakdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanyň ölümi we ýaşaýyşy hudaýyň erkindedir we hiç kim ynsany ölümden halas edip başarýan däldir.

2-ölüm zamany , ynsanyň öz malyndan , perzentlerinden , gowum hyşlaryndan we beýleki degişli zatlaryndan özülmek mahalydyr. şol sebäpli her kim bu dünä köpräk bil baglan bolsa onuň ölüm ýagdaýy we dünýeden aýryşmagy hem kynrak we agyrrak boljakdyr.

3- ölüm ynsanyň işiniň soňy däldir eýsem täze bir başlangyjyň başydyr.

 

///////////