Sep 27, 2025 09:34 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1061, süre Kyýamat, aýat 31-40

bölüm 1061, süre Kyýamat, aýat 31-40

راهی بسوی نور (1061)

Kyýamat süresi, 31, 32, 32, 34 we 35-nji aýatlar:

فَلَا صَدَّقَ وَلَا صَلَّى (31) وَلَكِن كَذَّبَ وَتَوَلَّى (32) ثُمَّ ذَهَبَ إِلَى أَهْلِهِ يَتَمَطَّى (33) أَوْلَى لَكَ فَأَوْلَى (34) ثُمَّ أَوْلَى لَكَ فَأَوْلَى (35)

<< (şol gün oňa aýdylar:) ol ne iman getidi nede namaz okady // eýsem tekzyp edip ýüz öwürdi “ diýip // soň menliklenýän halynda içeri maşagalsynyň ýanyna dolandy // (şu boluşyň bilen) ylahy azap saňa gelişip durandy // ýenede ylahy azap saňa gelişip durandyr. >>

kä bir adamlar , hudaý we kyýamat ýaly dini ynamlar hakda şek- şübhä düşýärler. olar ne kyýamaty kabul edýändirler nede ret edýändirler . emma kä adamlar , delil we mantyksyz, tekepbirlik edip şeýle bir dogry ynamlary inkär edýärler, bu mesele bolsa olaryň hakyň garşysyndaky duşmançylyklaryndan we jedelkeşliklerinden bir nyşandyr.

Bu menlikli ynsanlar perwerdigäriň aýatlaryny äsgermesizlik edip pygamberi hem tekzyp etmek bilen uly üstünlige elgeren mykam diýip guman edýärler. Olar özlerini aklly pähimli we aýdyň görejly oý edip iman ähli bolan adamlary hem sada ynsanlar hasaplaýarlar we Özlerini uly görüp möminleri hem harlaýarlar. Emma hakykatda olaryň özleri har bolup käýinje laýykdyrlar sebäbi delilsiz haky kabul edip oňa boýun bolmaýarlar . elbet menlik we pahyrlanmak ýüzünden haky inkär edýän bu hili ynsanlaryň , ylahy jezalara gabad geljekdikleri belli zatdyr sebäbi olar allanyň dergähinden ýüz öwrüp jurum we günä işlere meşguldyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- namazy terk etmek kapyrlaryň we müşrileriň nyşanlaryndandyr. Oňa görä namaz okamaýan musulman şu jehetden kapyrlar ýalydyr.

2- namaz okamazdan hudaýa iman getirip kyýamaty tasdyklamak, ýeterlik däldir . şeksiz iman amaly talap edýändir we namaz hem hudaýa bolan imanyň ilkinji nyşanlaryndan we dine bolan ynamyň alamatydyr.

3- köp adamlaryň kapyrçylyklarynyň köki , nadanlyk we ägäsiz bolmak ýüzünden däldir eýsem bir hili hakyň garşysynda menlikli bolmakdan göz baş alýandyr.

4- kapyrlar özlerini akylly- düşümli we uly saýyp möminler bilen harlyk ýüzünden çykyş edýärler emma hakykatda bu hili çykyşlar olaryň özlerine laýykdyr we alla tagala olaryň şu hili çykyşlarynyň jogabyny dünýede we ahyretde berjekdir.

Kyýamat süresi, 36, 37, 38, 39 we 40-njy aýatlar:

أَيَحْسَبُ الْإِنسَانُ أَن يُتْرَكَ سُدًى (36) أَلَمْ يَكُ نُطْفَةً مِّن مَّنِيٍّ يُمْنَى (37) ثُمَّ كَانَ عَلَقَةً فَخَلَقَ فَسَوَّى (38) فَجَعَلَ مِنْهُ الزَّوْجَيْنِ الذَّكَرَ وَالْأُنثَى (39) أَلَيْسَ ذَلِكَ بِقَادِرٍ عَلَى أَن يُحْيِيَ الْمَوْتَى (40)

<< Ynsan öz erkine goýberler mykam diýip oý edýärmi? // ol , bir damja suwdan emele gelen nutfa dälmidir? // soň dopa gana öwrüldi we alla ony halk edip düzgünleşdirdi // we ondan jübitläp zenan , erkek ýaratdy // indi şeýle bir gudratly hudaý ölüleri direldip başarmazmy? >>

Hudaýy inkär edip kyýamaty ynanmazlygyň täsirleriniň birisi-de şudur welin ynsan jahany eýesiz we hasap kitapsyz we maksatsyz zat bilýändir ol şeýlede dünýädäki närseleriň şol sanda ynsanyň ýaradylmyşyny maksadsyz bilýär . elbet mäbdä bilen meada, diýmek hudaýy bilen kyýamata ynamy ýok ynsan özüni amallary we çykyşlary hakda hem jogapkär bilýändir we bu mesele ruşen we äşgärdir . şeýle bir ynsan özüni dünýedäki ýaşaýyşda çäklendirip ölümi hem ýaşaýşyýň soňy hasaplaýandyr. şeýle bir garaýyşdan paýly bolan ynsan öz akly boýünça , dünýedäki bar zatlardan haýyrlanmakçy bolýar. Hatda eger onuň şeýle bir işi beýlekilere zülüm edip olaryň haklaryny aýak aşaga taşlamak bilen hemra bolsada şeýle bir işden çekinip gaýra durmaýar. onuň akly şeýle diýär: dünýede bar zatlardan aňyrbaş peýdalan emma köpçülige häkim bolan kanunlara habardar bol we hökümet arkaly jezalandyryljak işlerden daş dur. emma hudaýa imany bolan ynsan , alla hekimdir we bütin işleri maksatnama esasynda ýerine ýetirýändir diýip ynanýandyr. ol alla tagala şeýle bir azamatly we giň dünýäni hak ýüzünden we maksatnama esasynda ýaradandyr diýip ynanýar. Şol sebäpli hem imanly ynsan özüni erk- ygtyýardan paýly bolan jogapkär ynsan hasaplaýar. Şeýlelik bilen hudaýa ynamly bolan ynsan özüni hudaý tagalaň garşysynda bütin işleri hakda jogapkär bilýändir.

Aýatlaryň dowamy hem perwerdigäriň gudratyna yşarat edip hudaý tagala , enäň räheminde bolan bir damja suwdan ynsany ýaradandyr we şondan hem zenan we merdany halk edendir diýip ýatlara berýär. Şu ugurda üns bermeli mesele şudur welin , adam oglunyň köpçüliginde zenan we erkegiň arasynda bir hili deňlik gürünýändir kä bir köpçüliklerde zenanlaryň sany erkeklerden, kä köpçüliklerde hem erkegleriň sany zenanlardan köp bolsada esasan adam oglunyň köpçüliginde şu ugurda bir hili deňlik we sazlaşlyk bardyr.

Dogrudam-da bir gymmatsyz suw damjadan täze bir ýaşaýyşy halk edip oňa jan berýän perwerdigär ölüleri hem ýaňadan direldip biljek dälmidir? diýip aýtmalydyr. şol sebäpli adam oglunyň ýaňadandan halk edilmegi barada şek şübhe bolmaly däldir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- eger ynsanyň ölmeginden we topraga öwrülmeginden soň onuň işi guturýan bolsady onda hudaýyň ynsany ýaratmakdaky hikmeti sorag astyna girjekdir.

2- gurhan medeniýetinde , hudaý tagalanyň bütin işleri, maksad nama esasyndadyr we ynsan bu dünýede her bir işe baş goşar ýaly öz erkine goýberlen däldir eýsem ol teklipli we jogapkärli närsedir we bütin işleri we amallary hakda jogap bermeli boljakdyr.

3- ynsanyň enäň räheminde ýaradylmagy, onuň ýaňadan halk edilmeginde , hudaý tagalanyň ylym we gudratyna iň kämil delildir.

4- adam oglunyň köpçüliginde erkek oglan bilen gyz oglan – dünýä gelen mahallary-  san taýdan olaryň arasynda bir hili deiklik bardyr. Bu deňlik bolsa allanyň hikmetinden we gudratyndan bir nyşandyr.

////////////

Kyýamat süresiniň soňy