bölüm 1062, süre Ynsan, aýat 1-11
bölüm 1062, süre Ynsan, aýat 1-11
راهی بسوی نور (1062)
Ynsan süresi
Gurhany kerimiň mübärek Ynsan süresi 31 aýatdan ybarat bolup Medinede inen süreleriň sanyndandyr. Bu süre ynsanyň ýaradylmyşyna we onuň hidaýat edilmegine yşarat etmek bilen başlanýar soň bolsa ýagşy ynsanyň ýüriteliklerini sanamak we kyýamatda ylahy paý padaşlaryň olara haslanjakdygy barada dowam edýär . gurhanyň buýruklaryny ýerine ýetirmekde sabyrly bolup bütin ýagdaýlarda hudaýyň ýady bilen bolmak hem bu süräniň soňky bölümini ybaratlaýandyr.
Ynsan süresi, 1, 2, 3 we 4-nji aýatlar:
هَلْ أَتَى عَلَى الْإِنسَانِ حِينٌ مِّنَ الدَّهْرِ لَمْ يَكُن شَيْئاً مَّذْكُوراً (1) إِنَّا خَلَقْنَا الْإِنسَانَ مِن نُّطْفَةٍ أَمْشَاجٍ نَّبْتَلِيهِ فَجَعَلْنَاهُ سَمِيعاً بَصِيراً (2) إِنَّا هَدَيْنَاهُ السَّبِيلَ إِمَّا شَاكِراً وَإِمَّا كَفُوراً (3) إِنَّا أَعْتَدْنَا لِلْكَافِرِينَ سَلَاسِلَا وَأَغْلَالاً وَسَعِيراً (4)
<< ynsana , zamanaň kä bir döwürleri geçendir welin onda aýdara hiç bir zat ýokdymy? // dogrudan-da biz ynsany bir damja suwdan ýaratdyk we ony synamak üçin oňa göz bilen gulak berdik // biz oňa ýol görkezdik , indi şükürni gylyp kabul etsin ýada näşukur bolup kapyrlyk etsin // biz kapyrlara zynjyrlary we tutaşyp duran ody taýýarlap goýdyk. >>
Bu aýatlar , perwerdigäriň , ynsan hakdaky sünnetleriniň birine diýmek ynsany synamak meselesine yşarat edip şeýle permaýyş edýär: perwerdigär sizi bir damja suwdan ýaradyp size hakykatlary görüp eşider ýaly gulak we göz nygmatlaryny bagyş etdi . bulardan daşgarl sizi dogry ýol tapmak üçin akyl we wähi bilen hidaýat etdi bu işden maksat hem siziň ýaşaýyşyň synaglarynda öz ýoluňyzy erk- ygtýar we yrada bilen saýlamagyňyz üçindi. Elbet ynsanyň bir saýlan ýolunyň onuň üçin kä bir netijeleri yzyna tirkejekdigi belli bir zatdyr . kä bir ilat akyl we wähi nygmatlaryndan ýagşy peýdalanyp bir hili ýaşaýandyrlar welin olar bu uly 2 nygmatyň şükrüni berjaý kylýandyrlar . kä bir ynsanlar hem akyl we wähiň hökümleriniň tersine amal edip öz nebis isleglerine eýerip ýolluryny saýlaýandyrlar. bu bolsa ylahy nygmatlary kufran etmekdir hemde kyýamatda uly we agyr jezany yzyna tirkejekdir .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklar :
1- ynsan öziniň gymmatsyz damja suwdan ýaradylandygyna oýlansa ol perwerdigäriniň garşysynda pahyrlanyp menliklenjek däldir eýsem onuň nygmatlarynyň şükrülerini berjaý kyljakdyr.
2- ynsan jogapkär we teklipli närsedir öz halyna goýberlen jogapkärçiliksiz zat däldir we ol hem her hili islegi boýunça amal edip bilýän däldir.
3- synamak , perwerdigäriň , taryhyň boýundaky bütin ynsanlar üçin belli edep goýan sünnetidir. Onda özüni ylahy synaglarda ýeňiş gazanmak üçin taýýar etmelidir.
4- perwerdigär , akyl we wähi arkaly öz teklibini ynsana tamam edendir . we her kims ylahy hidaýaty kabul etmese bu nygmaty kufran edip şükürsiz bolmak bilen kapyrlyk ýoluny saýlandyr we ahyrda azaba giriftar boljakdyr.
Ynsan süresi, 5, 6, 7, 8, 9, 10 we 11-nji aýatlar:
إِنَّ الْأَبْرَارَ يَشْرَبُونَ مِن كَأْسٍ كَانَ مِزَاجُهَا كَافُوراً (5) عَيْناً يَشْرَبُ بِهَا عِبَادُ اللَّهِ يُفَجِّرُونَهَا تَفْجِيراً (6) يُوفُونَ بِالنَّذْرِ وَيَخَافُونَ يَوْماً كَانَ شَرُّهُ مُسْتَطِيراً (7) وَيُطْعِمُونَ الطَّعَامَ عَلَى حُبِّهِ مِسْكِيناً وَيَتِيماً وَأَسِيراً (8) إِنَّمَا نُطْعِمُكُمْ لِوَجْهِ اللَّهِ لَا نُرِيدُ مِنكُمْ جَزَاء وَلَا شُكُوراً (9) إِنَّا نَخَافُ مِن رَّبِّنَا يَوْماً عَبُوساً قَمْطَرِيراً (10) فَوَقَاهُمُ اللَّهُ شَرَّ ذَلِكَ الْيَوْمِ وَلَقَّاهُمْ نَضْرَةً وَسُرُوراً (11)
<< dugrydan-da ýagşy we azada ynsanlar hoşboý atyrlar bilen hoşboý bolan jamlardan işjekdirler // ol çeşmäň suwundanki allanyň bendeleri ondan içýärler we isleseler ony akdyrýarlar // Olar öz eden nezirlerine (ähtlerine) wepa edýärdiler we şeri ýaýbaň bolan günden gorkýardyrlar // we allanyň dostlygy üçin ýetim we ýesir adamlara öz iýän damaklaryndan iýdirýärdiler // biz diňe allanyň razylygy üçin size damak berýarys we sizden paý padaş we gadyrdanlyga garaşmaýarys // biz perwerdigärimizden gaty agyr we elhenç gün sebäpli howp edýäris // bes perwerdigär hem olary şol güniň şerinden aman saklap olara uly şadlyk we şadyýanlygy bagyş etdi. >>
Geçen aýatlaryň soňunda kapyrlaryň kyýamatdaky ýagdaýlaryna yşarat bolandyr emma bu aýatlar ýagşy adamlaryň we erenleriň kyýamatdaky hal-ýagdaýlaryny beýan edip şeýle diýär : olaryň behişte giren mahallarynda ýakymly isli içgiler bilen garşy alynjakdyrlar bu içgiler behiştdäki datly akarlardan göz baş alýandyr we her ýerde behişt ähli yrada etse ol çeşmeler ýerden syzyp akjakdyrlar . aýatlaryň dowamynda , ýagşy adamlaryň nähili bolup behişt ählinden bolandyklaryna yşarat bolup şeýle getirilýär: “ olar öz hudaýlary bilen bolan ähtlerine wepa edip bir işe hötdämen bolsalar ony gowy suratda ýerine ýetirýändirler sebäbi olar kyýamat güniniň azabyndan howp edýändirler we her hili jogapkärçiliklerinde keýeňlik eden ýagdaýlarynda uly jezaň bardygyny bilýändirler.
Behiştileriň möhüm nyşanlarynyň birisi-de olaryň güzeştli we bagşyşly bolmaklarydyr . olar özlerine gerek bolan zatlaryny mätäçlere bagyş edip goly darlaryň asudalygy üçin özlerine kyn tutýandyrlar . elbet halys hudaý üçin bolan ynfak degerlidir we onda hiç hili maddy we dünýewi nepler bolmaly däldir . elbet alla tagala ylahy niýetler bilen goly darlary özünden öňde görüp elmydama özüniň hudaý dergähindäki jogapkärçilikleri hakda aladaly bolan kişini kyýamat gününde howplardan we azaplardan gorap aman saklajakdygy belli zatdyr. şeýlelik bilen ol şatlykda we rahatlykda behişte ýol aşyp biljekdir. tefsirçileriň ynamlaryna görä bu aýatlar hezreti resuly äkrem (s)ň ähli beýtiniň geçirimliligini wasyp etmek ugurda inendir . rowaýatlarda gelşine görä ymam häsän(a) we ymam hoseýin (a) çagalykda syrkawlapdyrlar şonda hezreti resuly äkrem (s) olary soramak üçin hezreti aly (a)ň öýne baryp olaryň sagalmaklary üçin sadaka çykarmaklaryny hödür beripdir . şeýlelik bilen ol 2 çaga hezreti aly(a) we hezreti patma zähra(s) 3 günläp araza tutupdyrlar . emma agyz açar üçin olaryň öýlerinde hiç hili damak bolmandyr. şonda hezreti aly(a) arpa garz alyp çörek edipdir. her üç gijede edil agyz açar mahaly bir mätäç gelip olardan iýmit damak diläpdir. Şonda ol beýik ynsanlar öz agyz açarlaryny hudaýyň yrazylygy üçin olara bagyşlapdyrlar we özleri swu bilen agyzlaryny açypdyrlar . bu aýatlar şol beýikleriň güzeştleri we geçirimli bolmaklary hakdadyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- bu dünýede , iman ähli bolanlaryň hudaý ýolunda çekýän kynçylyklary kyýamatda iň oňat suratda ýeri dolduryljakdyr .
2- hudaýyň ýagşy bendeleri beýlekilere haýyr ýetirip salyhy amallar ugrunda talaş edýändirler. bu meseläniň manasy hem hudaýa bolan bendeligiň ýagşylykdan aýry däldigidir.
3- yslam durly gatlaglardan bolan mätäçleriň hemaýatçysydyr we köpçülikde ýoksullygyň köküni kesmek üçin iman ählini ynfak we haýyr işler üçin şowklandyrmalydyr.
4- ynsanyň amalyna degerlik bagyş edeýän zat onuň päk we arassa niýeti we yhlasydyr eger iş hudaý üçin bolsa degerlidir ýogsa diňe ilatyň oňlamagy çäginde galjakdyr.
5- mömin adamlar hudaýyň permany bilen tersleşmekden gorkýandyrlar şol sebäpli hem işlerini ilatyň oňlamagy üçin dälde eýsem hudaýyň razylygy üçin ýerine ýetirýändirler.
6- hudaýdan gorkmagyň netijesi onuň gahryndan aman galmak we ynsanyň kyýamatda şat we hoşal bolmagydyr.
////////////