bölüm 1037, süre Galam, aýat 48-52
bölüm 1037, süre Galam, aýat 48-52
Galam süresi, 48-nji aýat :
فَاصْبِرْ لِحُکْمِ رَبِّکَ وَلا تَکُنْ کَصَاحِبِ الْحُوتِ إِذْ نَادَى وَهُوَ مَکْظُومٌ ﴿٤٨﴾
<< onda sabyr edip perwerdigäriň permanynyna garaş we balyk eýesi (Ýunys) ýaly bolma , ol zaman ki gaty tokat mahaly dileg edip ( öz kowumyny jezalandyrmakda howlukdy). >>
Geçen gepleşikde Mekge müşrükleriň pygamberiň garşysyndaky duşmançylyk edip jedel etmeklerine yşarat boldy. bu iş hezretii resul äkrem(s)ň olar hakdaky gargyşyna sebäp bolmagy mümkindi. Şol sebäpli alla tagala öz pygamberine ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: müşrikleriň yza-ezýetleriniň garşysynda sabyrly bol we alla tagalanyň seniň üstünlik gazanmagyňa sebäp boljak mümkinçilikleri taýýarlamak üçin perman çykarmagyna garaş . bu aýatyň dowamynda , hezretii Ýunys(a)ň wakasyna yşarat edilip şeýle gelýär : onuň ýaly bolma ol öz kowumyny azaplandyrmak üçin sabyrly bolmany howlukdy emma özi ylahy jeza giriftar boldy we ol deňizde balygyň garnynda esir boldy . ol şol bir ýagdaýda hudaýa ýüzlenip "bar hudaýa! men özüme zülüm etdim emma sen öz bendeleriňe zülüm etmekden päk we daşdasyň" diçip aýtdy.
Gurhany kerimiň mübärek Änbiýa süresiniň 87 we 88-nji ýada Saffat süresiniň 139-njy aýatyndan 148-nji aýatlaryna çenli hem hezretii Ýunys pygamberiň dessanyna yşarat bolandyr gurhanyň aýatlarynyň esasy boýunça hezretii Ýunys , ençeme ýyll öz kowumyny hudaýa tarap çagyrany soň olardan numyt bolup öz kowumyndan jyda bolup bir gämä tarap gaçyp adýar şol gämi ýolagçy we ýükden doly bolan mahaly we deňizde hereketde bolan ýagdaýynda birdenkä tupan ýüze çykyp derýa tolkunly bolýar. Şonda gämidäkiler bir näçe adamy derýa oklamak karara gelýärler we bu iş üçin näçe gaýtar çek adýarlar we her gezekde hem Ýunys pygamberiň ady çykýar. Olar çäresiz ony deňize oklaýarlar . şol mahalda uly balyk Ýunys pygamberi ýuwudýar emma ol hudaýyň yradasy bilen balygyň garnynda diri galýar. Ýunys şol balygyň garnynda we garaňkylykda öz günäsine göz ýetirýär we şol sebäpli hem bütin durky bilen perwerdigäre ýüzlenip toba edýär we alla tagaladan magfyrat dileýär. Perwerdigär hem onuň tobasyny kabul edip ýunys pygamberi gutuldyrýar şeýlelik bilen balyk deňiziň kenarynda ýunysy azat edýär.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- ilaty hidaýat etmek üçin sabyrly bolmak gereklidir şol sebäpli dini ýayradyş berýän adamlar hiç haçan beýlekileri hidaýar edip başarmakdan sowyp numyt bolmaly däldirler we şu ugurda köpräk talaş etmelidirler.
2- ylahy pygamberler elmydama alla tagalanyň emrine boýun bolandyrlar we gerek bolan ýerinde alla tagala olary käýändir ýada olary tenbih edýändir.
Galam süresi, 49 we 50-nji aýatlar:
لَوْلا أَنْ تَدَارَکَهُ نِعْمَةٌ مِنْ رَبِّهِ لَنُبِذَ بِالْعَرَاءِ وَهُوَ مَذْمُومٌ ﴿٤٩﴾ فَاجْتَبَاهُ رَبُّهُ فَجَعَلَهُ مِنَ الصَّالِحِینَ ﴿٥٠﴾
<< egerde perwerdigäriň lutfy keremi bolman bolsady şeksiz ol käýilen halynda (balygyň garnyndan) daşary taşlanardy // ýöne perwerdigäri ony saýlap ony salyhy adamlaryň hatarynda ýerleşdirdi. >>
Bu aýatlar perwerdigäriň , hezreti Ýunys pygambere bolan lutfy kereminiň inmegine yşarat edýär hezreti Ýunys(a) öz goýberen ýalňyş işini boýun alyp toba edeni soň alla tagala tarapyndan ýalkandy. ýaňky aýatlar şu ugurda şeýle diýär: Ýunys , alla tagala tarapyndan onuň gerşine oklanan permani terk etmegi zerarly jezalandyrmaga laýykdy emma ol alla tagalanyň rahmatyna gabat gelip balygyň garnyndan halas bolýar. Şondan soň perwerdigär ýenede ony , kowumyny hidaýat etmäge saýlaýar şondan soň Ýunys pygamber ýenede öz kowumyna dogry ýoly görkezmek üçin olara tarap gidýär. Bu aýatlardan belli bolşuna görä alla tagala ilaty hidaýat etmek ugurda öz pygamberleriniň hatda kiçi gyflatlaryny we keýeňlik etmeklerini kabul edýän däldir we olary gaty suratda jezalandyrýandyr. Hatda gurhany kerimiň mübärek hakge süresiniň 44nji aýatyndan 47nji aýatlarynda gelşi ýaly alla tagala öz pygamberine haýbat atyp egerde sözleriň bir näçesinihem nahak perwerdigäre degişli edip görkezse onda onuň damaryny gyrjakdyr we hiç bir kimse ylahy yradanyň öňünde durup başarjak däldir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1-Doga edip toba bilen ylahy jezalary we azaplary dep edipde ylahy lotyf we merhemete duş bolup boljakdyr.
2-Öz günälerini boýun alyp ötünç soraýanlary kawmaly däldir eýsem olaryň köp çilige ögürlip başarmaklaryna şerit döretmelidiris we hata eger ylaýyk häsiýetlerden pzýly bolsalar olara jogapkär çiliklerei hem tabşyrmalydyrys.
Galam süresi, 51 we 52-nji aýatlar:
وَإِنْ یَکَادُ الَّذِینَ کَفَرُوا لَیُزْلِقُونَکَ بِأَبْصَارِهِمْ لَمَّا سَمِعُوا الذِّکْرَ وَیَقُولُونَ إِنَّهُ لَمَجْنُونٌ ﴿٥١﴾ وَمَا هُوَ إِلا ذِکْرٌ لِلْعَالَمِینَ ﴿٥٢﴾
<< we kapyrlar gurhany diňlänlerinde öz gözleri bilen seni almaklary mümkindir we şonda olar " bu adam däli-telbedir" diýip aýdarlar // emma (aslynda) bu (Gurhan) dünýedäkiler üçin pend we nesihatdan başga zat däldir. >>
Bu süre , müşrükleriň hezreti resul äkrem (s) bolan ýaramaz töhmetleri şol sanda ol hezreti däli-telbe diýip atlandyrmaklary bilen başlandy Galam süresiniň soňky bölümi bolan bu aýatlar ýenede şol meselä öwrülip hezreti resuly äkrem (s) ýüzlenip şeýle permaýyş edýär : seniň duşmanlaryň , gurhany kerimiň aýatlaryny eşitýän mahallary gahar gazaba duşup şeýle bir narahat bolýandyrlar welin göýä olar öz gaharly we kineli gözleri bilen seni ýere ýapypda seni aradan aýyrjak bolýandyrlar . olar seniň şeýle bir geňg we ajaýyp aýatlary okyp başarmagyňa jydap başarýan däldirler . we şeýle bir aýatlar bilen ilaty özüňe tarap dartyp bilmegini çekip bilýän däldirler . olar öz garaýyşlaryndan seni däli telbe hesipleýärläer we seni jynyň täsirinde bolan şahirlar ýaly şeýle bir ady bolamdyk ajaýyp sözleri dile getirýän dirsiň diýip beýan edýärler. Emma hakykat şudyr welin gurhany kerim hezreti resuly äkremiň sözi däldir we olar pygamber(s)-y jadygöýlikde ýada jynlar bilen baglanşykda bolmaklykda aýyplamaklary dogry däldir sebäbi gurhany kerim allanyň sözidir we ol ilaty hidaýat etmek üçin hezreti resul äkremiň ýüregine inip ylham bolandyr . we ol hezretleri hem bu sözleri ilata talawat edýändir . şeýlede bu aýatlar , göz degme meselesine hem yşaratt edýär . rowaýatlarda hem gelşine görä ilat bu meselelerden aman galmak üçin dogadan kömek almalydyrlar . lotyf we muhabbet ýüzünden bolan garamagyň täsiri , kine ýüzünden bolan garaýyşyň täsirinden parhlydyr gözlemek arkaly döreýän güýç , garşydaky tarapa täsir galdyrýandyr, we bu meseläni inkär edip bolýan däldir . bu mesele hamana mähr-muhabbet ýada kine-küdüret we ýigrenç sebäpli aýdylýan sözleriň garşy tarapda täsir galdyrşy ýaly aramlyga ýada gorky we gaýga sebäp bolýandyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
- yslamyň duşmanlary hezreti resuly äkrem(s)ň şahsyýetini pese gaçyryp harlamak üçin talaş edýändirler we her bir zamanda ýaramaz sözleri ol hezret hakda beýan edýändirler.
- duşmanlar , gurhan we hudaý resulyna garşy ýaýradyşlyk hüjümlere baş goşýarlar we şeýdip-de musulmanlarda şek şübhe döretjek bolýarlar.
- gurhan bütin kowumlara we milletlere inen hidaýat kitabydyr . şeksiz , bu günki gün musulmanlaryň duş bolup duran kynçylyklary hem olaryň gurhanyň aýatlaryny unutmaklary üçindir.
///////////
Galam süresiniň soňy