Oct 20, 2025 08:48 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1038, süre Älhakga , aýat 1-12

bölüm 1038, süre Älhakga , aýat 1-12

راهی بسوی نور (1038)

Älhakga süresi

Geçen gepleşikde mübärek galam süresiniň tefsiriniň soňuna ýetmek bilen bu gepleşikde gurhany kerimiň Hakga süresi hakda taýýarlanan gürrüň bilen hezmatyňyzda bolarys. bu süräň 52 aýaty bolup ol Mekgede inen süreleriň biri dir kyýamatyň atlarynyň üçüsi bu sürede getirlendir . hakga süresinde , ozalky kowumlaryň  dünýedäki şum ýazgytlary , kyýamatyň dikeldilmegi we dowzahylaryň we behiştileriň boluşlary hakda gürrüň edilendir.

Älhakga süresi, 1, 2, 3, 4 we 5-nji aýatlar:

الْحَاقَّهُ ﴿١﴾ مَا الْحَاقَّهُ ﴿٢﴾ وَمَا أَدْرَاکَ مَا الْحَاقَّهُ ﴿٣﴾ کَذَّبَتْ ثَمُودُ وَعَادٌ بِالْقَارِعَهِ﴿۴﴾ فَأَمَّا ثَمُودُ فَأُهْلِکُوا بِالطَّاغِیَهِ ﴿۵﴾

<< ol, ýüze çykyjydyr // ol ýüze çykyjy nämedir? // we sen ol ýüze çykyjyň nämedigini nä-bilersen // semut we Ad kowumlary ol uly we elhenç gopgunly inkär etdiler // şonda semut kowumy eden serkeşligi üçin heläk boldular. >>

Hakga bir berk wakanyň ýüze çykmagyny nygtaýan manada bolup kyýamatyň atlarynyň biridir we bu söz kyýamatyň hökmany ýüze çykmagyny nygtaýan wakaýa sözi ýalydyr. Emma soňraky aýatda ýenede Hakga sözüniň gaýtalanmagy , kyýamatyň azamatyny beýan etmek üçindir we hatda pygamber hem onuň azamatyna göz ýetirip başarjak däldir . käleriň oý pikirleri bilen günäkär we ýaramaz adamlaryň jezalandyrylmagy diňe ahyretdedir we zalymlar we sütümkärler dünýede öz hallaryna goýberlendirler bu aýatlaryň dowamynda Ad we sämud kowumlaryň jezalandyrylmaklaryna yşaratt bolýar alla tagala sämud kowumy hakda şeýle permaýyş edýär: bu kowum dargadyjy we serkeş azabyň inmegi bilen heläk bolandyr bu azap ýerden we asmandan olara inendir şol wakada ýer güýçli suratda sarsdy we asmandan azap nazyl bolup ýyldyrym çakdy netijede olaryň ýaşaýan öýleri özleri bilen hemra dargap ýykylyp ýok boldy. Sämud kowumy Arap ýarym adasynyň demir gazygynda daglyk sebitde ýaşaýan myşlar hezreti Salyh pygamber (a) olary dogry ýola hidaýat etmek üçin buýrukly boldy emma olar iman getirmekden saklanyp ol hezrete şeýle diýdiler : eger dogry aýdýan bolsaň aýdýan azatlaryňy bize tarap inder.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýan sapaklary:

1- kyýamat uly we howply gündir .

2- ylahy jeza , dünýede we ahyret hakdyr we onuň ýüze çykjakdygy hökmanydyr onda ony ýalana çykaryp serkeş bolmagyň ýerine , beýik perwerdigäriň permanlaryna boýun bolaýlyň.

3- dünýedäki ylahy jezalardan gapyl bolmaýlyň we bütin jezalar kyýamatda ýüze çykar mykam diýip pikir etmäýliň.

Älhakga süresi, 6-7 we 8-nji aýatlar:

وَأَمَّا عَادٌ فَأُهْلِکُوا بِرِیحٍ صَرْصَرٍ عَاتِیَهٍ ﴿۶﴾سَخَّرَهَا عَلَیْهِمْ سَبْعَ لَیَالٍ وَثَمَانِیَهَ أَیَّامٍ حُسُومًا فَتَرَى الْقَوْمَ فِیهَا صَرْعَى کَأَنَّهُمْ أَعْجَازُ نَخْلٍ خَاوِیَهٍ ﴿٧﴾ فَهَلْ تَرَى لَهُمْ مِنْ بَاقِیَهٍ ﴿٨﴾

<< we emma Ad kowumy , sowuk , ýangynly we dargadyjy ýel bilen ýok boldular.// perwerdigär 7 gije we 8 gün yzly-yzyna ony , olara musallat etdi . onda eger şol mahalda şol mekanda bolan bolsadyň şol günlerde aýakdan düşüp heläk bolan kowumy gürerdiň göýä olar içi boşap çüýrän Hurma agaçlary ýalydylar // onda olardan diri galan bir kimsäni gördüňmi? >>

Bu aýatlar Ad kowmunyň şum agybatyna yşarat edýär. Bu kowum ýakymly howadan paýly bolan arap adasynda ýaşaýardylar olaryň boýlary uzyn we heýkelleri haýbatlymyş , ekiş ýerleri al ýaşyl we abadan myş. emma pygamberleri hezreti hud (a) tekzip edipdirler we onuň bilen duşmançylyk edip oňa garşy durupdyrlar. Perwerdigär hem 7 gije gündiz dowamly bolan sowuk we weiran ediji ýel bilen olaryň ýaşaýyşlaryny ýok edipdir we bu kowumdan hiç bir nam nyşan galmandyr. olaryň jesetleri-de gurama agaji ýaly ýere gaçypdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ýönekei mahallar-da ýel we ýagyn ýaly tebigy gopgunlar allanyň nygmaty hasaplanyp adam oglunyň hezmatyndadyrlar . emma eger alla yrada etse bu zatlar adam ogluna heläklenmegiň abzalyna öwrülip sil we tupan ýaly dargadyjy bolýandyr.

2- öz jismi güýç kuwwatymyza menlikli bolup pahyrlanmaýlyň eger hurma agajy ýaly dik we beýik heýkelden paýly bolsak-da ylahy gaharyň garşysynda dyza çökjekdiris.

Älhakga süresi, 9, 10, 11 we 12-nji aýatlar :

وَجَاءَ فِرْعَوْنُ وَمَنْ قَبْلَهُ وَالْمُؤْتَفِکَاتُ بِالْخَاطِئَهِ ﴿٩﴾ فَعَصَوْا رَسُولَ رَبِّهِمْ فَأَخَذَهُمْ أَخْذَهً رَابِیَهً ﴿١٠﴾ إِنَّا لَمَّا طَغَى الْمَاءُ حَمَلْنَاکُمْ فِی الْجَارِیَهِ ﴿١١﴾ لِنَجْعَلَهَا لَکُمْ تَذْکِرَهً وَتَعِیَهَا أُذُنٌ وَاعِیَهٌ ﴿١٢﴾

<< we Fyrown we ondan ozalky adamlar şeýlede ýer bilen ýegsan bolan şähirleriň ilaty (lut kowumy) hatakär boldular// bes perwerdigärleriniň permanyndan boýun gaçyrdylar we hudaý olara agyr azaby ýollady. // dogrudan-da (Nuhyň zamanynda) biziň yradamyz bilen suw joşanda , sizi ol gämä mindirdik // we ony eşiden gulaklar berk tutup sizlere duýduryş bolar ýaly etdip goýduk. >>

Bu aýatlar , Fyrown we Nemrud ýaly serkeş we togýan eden adamlaryň we lut we Nuh ýaly pygamberleriň kowumlarynyň ýazgytlaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : ol adamlaryň ýada kowumlaryň ylahy pygamberler bilen bolan çykyşlary bir hilidi welin hudaý olary agyr we elhenç azaba duçar etdi . elbetde bu serkeş toparlaryň her birisi bir hili azaba giriftar boldular . Fyrown we onuň goşuny Nil derýasynda garyk boldular, Nuh kowumy  hem tupana we sile duş bolup heläk boldular.

We lut kowumy hem ýer yranmasy we asmanlyk däşlar bilen ýok boldular . şu arada hezreti Nuh pygamberiň zamanyndaky tupan we sil bir hili ýaýbaňdy welin , diňe ol hezrete iman getirip ol pygamber bilen gämä minen adamlar gutulyp halas bolupdyrlar, şol sebäpli alla tagala , arap ýarym adasynyň ilatyna ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: Biz sizi şol gämä ýükledik, şol zamanda zemin we asmandan suw joşdy we hemme zady we hemme adamlary özünde garyk etdi . bu aýatlaryň soňunda hem şeýle bir nokata yşarat bolýar welin durly jezalaryň bardygynyň beýan edilmegi şu sebäplidir welin ol size pend we nesihat bolar ýaly we eger gulagyňyz eşidip ýüregiňiz hem bu nesihatlary kabul etse we geçmişdäki kowumlaryň ýazgydyndan ybrat alsaňyz onda siz gutuljaksyňyz .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- hudaý pygamberleriň permanyndan boýun gaçyrmak , hudaýyň permanyndan boýun gaçyrmak hökmündedir we agyr azaby yzyna tirkejekdir.

2- alla tagala hekmet esasynda pygamberleri ýollaýandyr we öz adalaty esasynda bir kowuma tarap pygamberi iberip hakykaty olara röwşen eden bolsa we ol kowum şonda-da öz azgynçylygyny dowam eden bolsa, olara azap inderýändir.

3- geçen milletleriň taryhyny okamak we olardan pend almak bilen ynsan dogry ýoly tapyp sagadatly bolup biljekdir.

 

/////////////