bölüm 1039, süre Älhakga , aýat 13-24
bölüm 1039, süre Älhakga , aýat 13-24
راهی بسوی نور (1039)
Älhakga süresi, 13, 14, 15 we 16-njy aýatlar:
فَإِذَا نُفِخَ فِی الصُّورِ نَفْخَهٌ وَاحِدَهٌ ﴿١٣﴾ وَحُمِلَتِ الأرْضُ وَالْجِبَالُ فَدُکَّتَا دَکَّهً وَاحِدَهً ﴿١۴﴾فَیَوْمَئِذٍ وَقَعَتِ الْوَاقِعَهُ ﴿١۵﴾ وَانْشَقَّتِ السَّمَاءُ فَهِیَ یَوْمَئِذٍ وَاهِیَهٌ ﴿١۶﴾
<< onsoň Sur bir gezek çalynar // şonda ýer we daglar ýerinden goparylyp bir zarba bilen owranyp dargajakdyrlar // bes şol günde şol uly waka ýüze çykar // we asman böwsilip şol günde çaşyp gitjekdir. >>
Aýdyşymyz ýaly bu süre dünýäniň soňunda ýüze çykjak wakalary beýan edip kyýamatyň başlanjak wagtynda boljak hadysalary açyklaýar . bu aýatlaryň esasyna görä häzirki jahanda uly howply we elhenç güýçli ses bilen soňa ýedýär, şol ses bilen , ýer şary we ondaky daglar çaşyp dargajakdyrlar . ýer ýüzünde bar bolan bütin närseler we ynsanlar heläk bolup dünýe uly bir wakaň ýüze çykmagyna taýýar bolar. Bu howply gopgun diňe ýer şaryny dälde eýsem azamatly asmanlary hem çaşyryp weýran etjekdir. Dünýede bar bolan düzgün ýok bolup ýyldyzlar we asmanlyk şarlar hem öz aýlanyp duran medarlaryndan çykyp dargajakdyrlar . gurhan aýatlaryndan belli bolşuna görä Sur iki gaýtar çalynjakdyr bu uly we elhenç ses bilen hemra bolan Sur bir gezek dünýe , soňuna ýetende çalynyp ýer şarynda ýaşaýan närseleriň hemmesiniň ölmegine baryp çatjakdyr we ýene bir gezek hem ölüleriň direlmegine we kyýamatyň dikelmegine sebäp boljak zamany çalynjakdyr . şonda ölüler aýaga galyp direlip ylahy diwanyň başynda taýýar boljakdyrlar.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- häzirki dünýe panydyr we her haçan alla tagala yrada etse sur çalynyp uly we elhenç ses bilen dargap gitjekdir.
2- ýer ýzünde bar bolan düzgüniň dargamagy we ýer şarynda ýaşaýan närseleriň ölmekleri we asmanyň hem çaşyp gitmegi kyýamatyň dikelmeginiň başlangyjydyr.
3-kyýamat wakasy bu dünýede boljak uly we möhüm wakadyr we beýleki hadysalar onuň ýanynda hiçdir.
Älhakga süresi, 17 we 18-nji aýatlar:
وَالْمَلَکُ عَلَى أَرْجَائِهَا وَیَحْمِلُ عَرْشَ رَبِّکَ فَوْقَهُمْ یَوْمَئِذٍ ثَمَانِیَهٌ ﴿١٧﴾ یَوْمَئِذٍ تُعْرَضُونَ لا تَخْفَى مِنْکُمْ خَافِیَهٌ ﴿١٨﴾
<< we perişdeler onuň töwereginde bolup şol günde perwerdigäriň emri bilen sekiz perişde onuň arşyny depelerinde göterjekdirler // şol günde siz allanyň dergähinde taýýar bolup sizden hiç bir basyrgyly zat bolmaz. >>
Emma ikinji gaýtar sur çalynan mahaly uly kyýamat wakasy ýüze çykyp ynsanlar direlip alla tagalanyň dergähinde taýýar bolarlar . suryň ikinji gaýtar çalynmagyndan soň allanyň permanyny ýerine ýetiriji perişdeleriň erkindäki jahanyň dolandyryş düzgüni özgerip allanyň resulundan bolan rowaýatlar boýunça 4 adam ýada 4 topar perişdeleriň sany 8 adam ýada 8 topara artjakdyr. bu aýatlaryň sözleri , 8 adam arkaly göterilýän uly bir tagt bardygyna delalat edýän bolsada aklyň höküm etmegi boýunça alla tagala täç- tagta mätaç bolar ýaly bir maddy zat däldir we köp aýatlar hem alla tagalanyň jisim däldigini nygtaýandyr. şol sebäpli bu ýerde tagtdan maksat dünýäň dolandyryş merkezidir we alla tagala perişdeleri bu iş üçin buýrukly edendir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- kyýamatda häzirki bar düzgün ýok bolup ýene bir düzgün häkim bolýan bolsada, dünýede bolşy ýaly perişdeler allanyň buýruklaryny ýerine ýetiriji jogapkärler boljakdyrlar.
2- häzirki dünýede adamlaryň jisimleri aýan we äşgär görnüp sözleri eşdilýändir emma kyýamatda ynsanlaryň şahsyýetleriniň ýaşryn tarapy hem äşgär bolup hiç bir zat penhan galýan däldir adamlaryň pikirleri , niýetleri , çykyşlary bütin kemçilikleri we kemal taraplary bilen äşgär boljakdyr.
Älhakga süresi, 19, 20, 21, 22, 23 we 24-nji aýatlar:
فَأَمَّا مَنْ أُوتِیَ کِتَابَهُ بِیَمِینِهِ فَیَقُولُ هَاؤُمُ اقْرَءُوا کِتَابِیَهْ ﴿١٩﴾ إِنِّی ظَنَنْتُ أَنِّی مُلاقٍ حِسَابِیَهْ ﴿٢٠﴾ فَهُوَ فِی عِیشَهٍ رَاضِیَهٍ ﴿٢١﴾ فِی جَنَّهٍ عَالِیَهٍ﴿٢٢﴾ قُطُوفُهَا دَانِیَهٌ ﴿٢٣﴾ کُلُوا وَاشْرَبُوا هَنِیئًا بِمَا أَسْلَفْتُمْ فِی الأیَّامِ الْخَالِیَهِ﴿٢۴﴾
<< onda amal depderleri sag eline berilen adam aýdar : geliň meniň amal depderimi alyp okaň// men şeýle bir hasap günüň bardygyna imanym bardy // bes ol hoş ýaşaýyşdan paýly bolar // uly behişt-de // miweleri el ýeterde bolan behişt-de mesgen tutar // iýiň- içiň, noş bolsun- geçmişde eden (sogaply) işleriňiz üçin- >>
Ylahy diwan gurlup ynsanlaryň teklipleri belli bolansoň perwerdigäriň hasap kitabyndan baş ýokary çykan ynsanlar hoşal bolup begençde boljakdyrlar. olar şol hoşallykda perýad çekip “geliň meniň amal depderimi okaň” diýip aýtjakdyrlar.
Dowzahdan gutulup behişte ýol açmagyň möhüm syry şudyr welin eger ynsan kyýamatyň boljakdygyna kämil ynamly bolmasa-da şeýle bir wakaň ýüze çykmagynyň mümkindigine guman edip şübheli bolsa hatda şol guman hem ynsanlary köp ýaramaz işlereden daş saklajakdyr perwerdigär , motaffefin süresinde şeýle permaýyş edýär : az satyp kemçilik göýberýän ynsanlar , olar hatda bir gün hudaýyň dergähinde taýýar ediljekdikleri barada pikir edip guman hem edýärlermi? diýip.
Kyýamat , dowzah we behişt wakasy şeýle bir möhüm we ýazgyt bellijidir welin hatda onuň gopjakdygyna gumanly bolmak hem ynsany öz işlerinde ägä we habardar edýändir we ony köp telekeçiliklerden alyp galýandyr we behiştde bar bolan nygmatlar we mudymlyk ýaşaýyşy hem ynsanlary ýagşy işlere tarap şowklandyrýandyr we aklyň höküm etmegi boýunça hatda behişte doly ynamyň bolmasada şeýle bir paý-padaşa ýetmegiň mümkindigi ynsana ýagşy işleri ýerine ýetirmeklige itergi berýandir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- kyýamat , ynsanlaryň çykyşlarynyň adyl ýüzünden gazawat edilmegi esasynda dikelýändir şol wagtda her bir adamyň amal depderi onuň eline beriljekdir we şonuň esasynda amal ediljekdir.
2- kyýamata ynamly bolmakdan daşgary hatda öňa gumanly bolmak hem ynsany dowzahdan daş edip behişte tarap hidaýat etjekdir.
3- dünýede haram lezzetlerden daş durmak, ynsanyň behişte baryp uly nygmatlardan paýly bolmagyna sebäp boljakdyr.
/////////////