Oct 20, 2025 09:04 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1040, süre Älhakga , aýat 25-37

bölüm 1040, süre Älhakga , aýat 25-37

راهی بسوی نور (1040)

Älhakga süresi, 25, 26, 27, 28 we 29-njy aýatlar:

وَأَمَّا مَنْ أُوتِیَ کِتَابَهُ بِشِمَالِهِ فَیَقُولُ یَا لَیْتَنِی لَمْ أُوتَ کِتَابِیَهْ ﴿٢۵﴾ وَلَمْ أَدْرِ مَا حِسَابِیَهْ ﴿٢۶﴾ یَا لَیْتَهَا کَانَتِ الْقَاضِیَهَ ﴿٢٧﴾ مَا أَغْنَى عَنِّی مَالِیَهْ ﴿٢٨﴾ هَلَکَ عَنِّی سُلْطَانِیَهْ ﴿٢٩﴾

<< we amal depderi sol eline berlilen kişi şeýle diýer: “käşki amal depderimi maňa bermän bolsalardy” // we hasabymyň nämedigini bilmän bolsadym // käşki ölüm meniň işimiň soňy bolsady // baylygym meň derdime ýaramady // gudratym elimden gitdi. >>

Geçen gepleşikde amal depderleri olaryň sag eline berilen adamlardan gürrüň boldy, olar hoşhallyk edip amal depderlerini beýlekilere görkezerler. Olar özleriniň behişte barýandyklary üçin sagadatly adamlar duýarlar. Emmä bu aýatlar amal depderleri sol tarapyndan berilen adamlara yşarat edýär bu hili adamlar jähänneme tarap itiklenip äkidiljekdirler. amal depderi sol eline berilen kişi öz hasabatyna şaýat bolanda erbet işleri üçin puşman we şermende bolup “eý käş bu amal depder maňa berilmän bolsady we men ondan bihabar bolsadym” diýip içini gepleder. Ol eý käş men şu salymda jan berip şeýle bir elhenç we eýmendirji ýagdaý bilen ýüz be ýüz bolmasadym diýip aýdar. ol , men dünýede orun, mukam we mal-mülke eýe bolandygym sebäpli bagtyýar mykam diýip güman edýärdim emma indi görýärin welin şeýle bir güýç- gudrat we baýlyklardan hiç hili peýda ýok we elim boşandyr diýip aýdar. Geň zat şudur welin olar dünýäde ölümden howp edip ondan gaçýandylar emma kyýamatda bir ýagdaýa gabat gelýärler welin hatda ölümi arzulap alladan özleriniň heläk bolmaklaryny isleýändirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ynsanlaryň dünýäde eden-etmişleriniň kyýamatda olara görkezilmegi, ynsanlara şu dünýede dogry ýoly saýlamaklaryna kömek berýändir.

2- kyýamat , erbet ynsanyň toba edip öwrülmeginiň jaýy däldir we hasrat we puşmanlykdan başga zat oňa nesip etjek däldir.

3- baýlyk we gudratdan kyýamatda peýda ýokdur we teleke ynsan ahyretde hasratda bolup gamgin boljakdyr.

Älhakga süresi, 30, 31, 32, 33 we 34-nji aýatlar:

خُذُوهُ فَغُلُّوهُ ﴿٣٠﴾ ثُمَّ الْجَحِیمَ صَلُّوهُ ﴿٣١﴾ ثُمَّ فِی سِلْسِلَهٍ ذَرْعُهَا سَبْعُونَ ذِرَاعًا فَاسْلُکُوهُ ﴿٣٢﴾ إِنَّهُ کَانَ لا یُؤْمِنُ بِاللَّهِ الْعَظِیمِ ﴿٣٣﴾ وَلا یَحُضُّ عَلَى طَعَامِ الْمِسْکِینِ ﴿٣۴﴾

<< aýdylar “ony tutup zynjyrlaň” // onsoň ony oda atyň // soň ony uzynlygy 70 kez bolan zynjyr bilen bendi ediň // sebäbi ol uly hudaýa iman getiren däldir // we halky, mätäç adamlara damak bermekleri üçin şowklandyrmaýardy. >>

Kyýamatda günäkär ynsanlaryň hasratda bolup gamly bolmaklary olara peýda berjek däldir. azap perşdeleri olaryň el aýaklaryny zyjyrlap dowzaha oklajakdyrlar dowzahda hem olar beýleki dowzahylaryň zynjyrlaryna çatyljakdyrlar we ol dowzahylar hem beýleki toparlara baglanandyrlar. Gurhany kerimiň bu aýaty iki zady beýan edýändir. Biri harlanmagy we günäkär tekepbirli ynsanlaryň aýak aşakda galyp şikese duş bolmaklary, ýene biri hem dowzahyň azabynyň ne çende güýçli boljakdygyny beýan edýändir.

Emma möhüm nukat şu güýçli azabyň delilidir onuň sebäbine soňraky aýat-da yşarat bolup şeýle permaýyş edýär: pygamberleriň çakylygyna we hakykatyň açyklanmagyna karamazdan olar uly hudaýa iman getiren däldirler we ýaşaýyşlarynyň boýdan başynda öz inkärlerine aýak dirändirler. Olar köpçüligiň mätäçleri we golydarlary hakda bi-parh bolup ne özleri olara medet ýetirendirler nede beýlekileri şeýle bir işe şowklandyrandyrlar.

Älhakga süresi, 35, 36 we 37-nji aýatlar:

فَلَیْسَ لَهُ الْیَوْمَ هَا هُنَا حَمِیمٌ ﴿٣۵﴾ وَلا طَعَامٌ إِلا مِنْ غِسْلِینٍ ﴿٣۶﴾ لا یَأْکُلُهُ إِلا الْخَاطِئُونَ ﴿٣٧﴾

<< bes bu gün olara bu mekanda hemaýatçy tapmarsyň // we olara çirikden aýry damak tapylmaz // we ony gönäkärlerden başga hiç kim imez. >>

Dünýede kä mahallarda gerekli wagtlarda dostlar ynsanyň dadyna ýetişip olary kynçylyklardan gutuldyrýandyrlar emma kyýamatda ynsanlaryň arabaglnşyklary üýtgäp hiç kim hiç kimiň dadyna ýetişjek däldir. indi kowum garyndaşy bolsun ýada dostlary bolsun, parh etmeýär. Dünýede diňe öz nebis isleglerine we garnynyň dolmagyna pikir edip mätäçleri we açlary doýurmaklyga oýlanmaýan kişi kyýamat-da imitlenmek üçin artyndy we çirikdir gandan başga damagy tapjak däldir. gurhanyň beýleki aýatlarynda hem dowzahylaryň damaklarynyň ajy , ýokumsyz isli we ýandyryjy bolýandygyna yşarat bolup ynsanlara , goly darlar hakda bi-tapawut bolmaklary barada duýduryş berilendir. Elbet şeýle bir imendiriji azaplar duşmançylyk we jedelkeşlik ýüzünden hudaýyň garşysynda durýan adamlara we tagutlara hasdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- dost saýlamakda habardar bolmak gereklidir. sebäbi kä adamlar dost bolan bolup ynsany dowzaha tarap hidaýat edýändirler. bu hili adamlar kyýamatda bize kömek ýetirip bizi dowzahdan halas edip başarjak däldirler.

2- köpçülikde ýaşaýan goly dar adamlar hakda parhsyz bolmaklyk , bagyşlanmajak günälerdendir we uly we agyr jezany hem yzyna tirkeýändir.

 

/////////////