bölüm 1041, süre Älhakga , aýat 38-52
bölüm 1041, süre Älhakga , aýat 38-52
Älhakga süresi, 38, 39, 40, 41, 42 we 43-nji aýatlar:
فَلا أُقْسِمُ بِمَا تُبْصِرُونَ ﴿٣٨﴾وَمَا لا تُبْصِرُونَ ﴿٣٩﴾ إِنَّهُ لَقَوْلُ رَسُولٍ کَرِیمٍ ﴿۴٠﴾ وَمَا هُوَ بِقَوْلِ شَاعِرٍ قَلِیلا مَا تُؤْمِنُونَ ﴿۴١﴾ وَلا بِقَوْلِ کَاهِنٍ قَلِیلا مَا تَذَکَّرُونَ ﴿۴٢﴾ تَنْزِیلٌ مِنْ رَبِّ الْعَالَمِینَ﴿۴٣﴾
<< bes ant bolsun görýän zatlaryňyza // şeýlede görmeýän zatlaryňyza // dogrudan-da bu söz (gurhan) keramatly resuluň sözidir // we bir şahyryň sözi däldir- her çen sizlerden az adamlar getirselerde- // (bu gurhan) nede bir kähiniň sözidir -her çen az adamlar ondan ybrat alsalarda- // eýsem ol jahanyň perwerdigäriniň tarapyndan inen zadydyr. >>
Bu aýatlar , hezreti resuly äkremi kähin ýada şahyr diýip tanadýanlara bir jogap bolup gurhanyň aýatlarynyň alla tarapyndan inýändigini nygtaýandyr . gurhanda alla tarapyndan ýaradylan gopgynlara ant içmek ýürgin zatdyr emma bu aýatlarda hemä görünýän hemde görünmeýän zatlara ant içilendir we hakykatda bütin ýaradylmyş älemi öz içine alýan zatlara kasam edilendir. Sebäbi dünýede kä bir zatlary göz bilen görüp bolýandyr emma jynlar we perişteler ýaly närseleri hem göz bilen görmeklik mümkin däldir . gurhan kerimde bir hili düzgin bar bolansaň müşrükler , hudaý resulyny şahyr diýip adlandyrýardylar we ol , ilaty özüne tarap darytmak üçin şygyr galybynda beýan edýär diýip ýaýratýardylar. Şeýlede gurhanyň kä bir aýatlary hem geçmişde ýüze çykan wakalardan ýada geljekde boljak hadysalardan gürrüň bolansaň olar hezret resul äkrem (s) kahyn diýip oňa tömet ýapýan myşlar . sebäbi şol zamanda , kahynlar , jynlar we şeýitanlar bilen arabaglanşyk gurup kä bir gaýypda bar bolan wakalardan habar berýän myşlar. Bu ýaramaz tömetleriň garşysynda jogap şudyr welin gurhany kerimiň aýatlarynda bir hili düzgün bolup şahyrana ybaratlar bolsa-da ol şygyr däldir sebäbi şygyr şahyryň hyýal güýjinden göz baş alyp onuň duýgularyny beýan edýän ybaratdyr emma gurhanyň aýatlary röwşen hakykatlar we çüň mygaryflary beýan edip açyklaýar we bu şiwe şahyrlaryň gumanlary we duýgylary bilen sazdaş däldir . şeýlede hezreti resuly äkrem (s)ň ýaşaýyşyna göz aýlanyňda ol hezretiň sözleriniň we çykyşlarynyň kähinler bilen hiç hili meňzeş tarapynyň ýoklygyna göz ýetirmek bolýar we ol hezretleri hiç haçan şeýtanlar bilen arabaglanşykda bolan däldir hatda hezreti resuly äkrem (s)ň wähi adynda ilata aýdan sözleri onuň hadyslary we özünden ýädigär galdyran sözleri bilen parh edýändir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- dünýe mady zatlara çäklenip durýan däldir bu dünýede göz bilen görüp bolmaýan kä bir maddy bolmadyk zatlar hem bardyr we biz beýle zatlary öz duýgylarymyz bilen düşünip bilýän däldiris.
2- gurhany kerim hezreti muhammed(s)ň sözleri däldir-de eýsem hudaýyň kelamydyr . ol öz pygamberçilik borjuny ýerine ýetirmekde emin we dogryçy bolup öz tarapyndan hiç bir zat gurhandan kemeldip ýada oňa goşan däldir .
3- taryhyň boýunda köp şahyrlar we kähinler gelip gidendirler emma olaryň hiç birinden gurhany kerimde gelen belent magnaly kitap berjaý galan däldir . eger hezreti muhammed(s) hem şahyr ýada kähin bolan bolsady ol hem taryhyň gidişinde ýitrim bolardy , emma bu günki gün hem görüp durşumyz ýaly dünýede köp ilat onuň şerigatyna eýerip ýaşaýandyrlar.
Älhakga süresi, 44, 45, 46 we 47-nji aýatlar:
وَلَوْ تَقَوَّلَ عَلَیْنَا بَعْضَ الأقَاوِیلِ ﴿۴۴﴾ لأخَذْنَا مِنْهُ بِالْیَمِینِ ﴿۴۵﴾ ثُمَّ لَقَطَعْنَا مِنْهُ الْوَتِینَ ﴿۴۶﴾ فَمَا مِنْکُمْ مِنْ أَحَدٍ عَنْهُ حَاجِزِینَ ﴿۴٧﴾
<< we eger ol (muhammet) kä sözleri ýalandan biziňki (allanyňky) diýsedi // biz berk onuň ýakasyndan ýabyşardyk // soň ýürek damaryny gyrarsyk // şonda sizden heç kim onuň jezalandyrylmagynyň öňüni alayp bilmerdiňiz. >>
Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar hezreti resulyň ylahy wähi aýatlary ýetirmekdäki amanatdarlygyna yşarat edip şeýle diýär: egerde ol öz resalatyny we teklipini berjaý kylmakda biziň aýtmadyk zadymyzy beýan eden bolsady biz onuň ýaşaýyş damaryny gyryp ony agyr suratda jezalandyrardyk we hiç kim hem ony şeýle bir jezadan halas edip başarmazdy.
Bu güýçli duýduryş, gurhanyň el degrilmändigini we hezreti resuly äkrem (s)ň kelamy däldigini mälim edýändir. bu sözler gurhanyň kelamy bolup hezreti resuly äkrem (s)ň kalbyna inendir we ol pygamber hem hiç bir kem-köstsiz ony kämil suratda ilata ýetirendir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- gurhany kerim bir şahyryň ýada kähiniň sözi däldigä bärde dursun eýsem ol hatda hezreti resuly äkrem (s)ň hem kelamy däldir we ol hezretleri pygamberçilige belleneni soň öz sözlerini , hudaýyň kelamy hökmünde tanadan däldir .
2- gurhan kämil amanlykdan paýlydyr sebäbi alla tagala gurhany her hili gyşarnykdan we kem-köstlikden goraýandyr şol sebäpli gurhany kerimiň şol inen zamanyndan şu mahala çenli bu kitap her hili ýaramazlyklardan we gyşarnyga duş bolmakdan aman galandyr.
3- ylahy gahar gazabyň garşysynda hiç kim hatda hudaý resuly hem jydam görkezip başarmak gudratdan paýly däldir.
Älhakga süresi, 48, 49, 50, 51 we 52-nji aýatlar:
وَإِنَّهُ لَتَذْکِرَهٌ لِلْمُتَّقِینَ﴿۴٨﴾ وَإِنَّا لَنَعْلَمُ أَنَّ مِنْکُمْ مُکَذِّبِینَ ﴿۴٩﴾ وَإِنَّهُ لَحَسْرَهٌ عَلَى الْکَافِرِینَ ﴿۵٠﴾ وَإِنَّهُ لَحَقُّ الْیَقِینِ ﴿۵١﴾ فَسَبِّحْ بِاسْمِ رَبِّکَ الْعَظِیمِ ﴿۵٢﴾
<< we dogrudan-da bu kitap takwa adamlar üçin ýatlaýjy kitapdyr // we biz siziň araňyzda kä bir inkär edijileriň bardygyny gowy bilýäris // we şeksiz şeýle bir inkär etmek , kyýamatda kapyrlaryň hasrat çekmeklerine sebäp boljakdyr. // we dogurdan-da gurhan mäkäm hakykatdyr // onda uly perwerdigäriň adyna tesbih aýt. >>
Ilat asmanlyk kitap we ylahy aýatlaryň garşysynda iki topar bolýarlar: bir topary ony kabul edip pend we nesihatlaryny işe alyp päklige we takwalyga ýüzlenseler ýene bir topar ony inkär edip özlerini bu aýatlardan mahrum edýärler . elbet bu topar hatda kyýamaty-da inkär edip kapyrlyk ýoluny saýlandyklary üçin uly hasrata duçar bolýandyrlar . elbet kapyrlaryň we müşrikleriň kapyrlyk edip inkär etmekleri gurhanyň hakykatyndan we onuň ber-haklygyndan zerre-de kemmez. Sebäbi bu kelam ynamly hak kelamydyr we soňky söz şudur welin iman ähli perwerdigäriň azamatyna üns berip ony her hili ýetneçilikden we nuksanlykdan daş bilýändirler .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapkalary:
1- hak sözlerini kabul etmek üçin päk ruhýe we takwa gereklidir we takwa bolmadyk adamlar hak bilen jedel edip duşmançylyk edýändirler .
2- münkürleriň we kapyrlaryň garşysynda iman ähli, allanyň azamatyny ýatlap , alla her hili ýaramazlygy ýapmakdan daş durýandyrlar.
/////////////
Älhakga süresiniň soňy