bölüm 1042, süre Mäarej, aýat 1-10
bölüm 1042, süre Mäarej, aýat 1-10
راهی بسوی نور (1042)
Mäarej süresi
Gurhany kerimiň mübärek Mäarej süresi Mekgi sürelerden bolansaň onda köplenç kyýamat , jezadyr padaş hakda gürrüň bolýar we 44 aýatdan hem ybaratdyr. Bu sürede behiştileriň we dowzahylaryň sypatlary ara atylýar. Kä bir tefsirçileriň hakydalaryna görä bu süräniň kä bir aýatlary Medinede inendir.
Mäarej süresi, 1, 2, 3 we 4-nji aýatlar:
سَأَلَ سَائِلٌ بِعَذَابٍ وَاقِعٍ ﴿١﴾ لِلْکَافِرینَ لَیْسَ لَهُ دَافِعٌ ﴿٢﴾ مِنَ اللَّهِ ذِی الْمَعَارِجِ﴿٣﴾ تَعْرُجُ الْمَلائِکَهُ وَالرُّوحُ إِلَیْهِ فِی یَوْمٍ کَانَ مِقْدَارُهُ خَمْسِینَ أَلْفَ سَنَهٍ ﴿۴﴾
<< bir dilegçi durmuşa geçerli bir azaby diledi // ol (azap) kapyrlar üçindir we onuň öňüni alyp biljek adam ýokdur // We (ol) alla tarapyndan uly derejelere eýedir // perişteler we ruh , uzaklygy 50 müň ýyllyk günde oňa tarap ýokary çykýarlar. >>
Bu aýatlarda kä bir adamlaryň hudaý resuly bilen duşmançylyk etmekleriniň beýanydyr hezreti resuly äkrem(s) ylahy permany ilata ýetirenlerinde münkirleriň biri şeýle diýdi : aýdýan zadyň öz tarapyňdanmy ýada hudaýyň tarapyndan? eger hudaýyň tarapyndan bolsa onda aýt : hudaýyň asmandan bir daş iberip meni öldürsin : taryhyň şaýatlyk bermegi boýunça onuň islän zady durmuşa geçendir bir daş asmandan gelip ony heläk edendir.
Aýatlaryň dowamynda şeýle gelýär: haky inkär edip kufre baş goşan adamlar azaba giriftar bolandyrlar we hiç kim onuň öňüni alyp başaran däldir sebäbi bu azap derejeleriň eýesi bolan pwerwerdigäriň tarapyndandyr we ol her bir perişte üçin kä bir mertebeleri we derejeleri haslandyr we her gaýsy özüne görä derejä we orna eýedir. Kyýamat gününde ruh we perişteler her güni 50 ýyl bilen barabar bolan zamanda hudaýyň permanyny almak üçin ýokary çykýarlar we permany alanlarysoň öwrülip gelýärler we ony kyýamat meýdanynda taýýar bolanlar hakda durmuşa geçirýärler. nähili bir güniň 50 müň ýyl bilen barabar bolýandygy hakda hem aýtmak ýerli welin häzir hem kä bir asmanluk şarlarda güniň uzaklygy parhlydyr mysal üçin aýdar bolsak aý şarynda bir güniň mütdeti ýer şarynyň 2 heptesi bilen deň gelýändir sebäbi gün bir şaryň öz medaryna bir gaýtar aýlanmagy bilen hasyl bolýandyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- hudaýyň permanynyň we resuly äkrem (s)ň garşysynda durup olary inkär etmäliň sebäbi bu mesele bizi hak bilen duşmançylyk etmegiň tersin izgelimlerine giriftar etjekdir.
2- azap inmägä dünýede toba edip magfyrat talap etmek bilen biz ony özümizden daş edip başarjakdyrys emma kyýamatda azapdan gaçmak mümkin däldir.
Mäarej süresi, 5, 6 we 7-nji aýatlar :
فَاصْبِرْ صَبْرًا جَمِیلا ﴿۵﴾ إِنَّهُمْ یَرَوْنَهُ بَعِیدًا ﴿۶﴾ وَنَرَاهُ قَرِیبًا ﴿٧﴾
<< onda sapyr et , özi hem ýagşy sabyr // sebäbi olar şol güni daş görýändirler // ýöne biz ony ýakyn görýändiris. >>
Hezreti resüly äkrem(s) we musulmanlar Mekgede ýaşaýan zamanlary elmydama müşrükleriň we garşydaşlaryň agramlary we gynaglary astynda bolandyrlar. Bu aýatlar olara ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: olaryň berýän yza- ezýetleriniň garşysynda durup numytlyga duçar bolmaň we nägile hem bolmaň sebäbi ylahy jezany kapyrlar daşda görýändirler emma ol ýakyndyr we olar dünýede we ahyretde bu işleri üçin jezalandyryljakdygyny güman etmeýarlar. Emma olaryň jezalary golaý we berkdir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- garşylaryň gara ýapyp masgara etmekleriniň barabarynda ruhdan düşmeli däldir eýsem sabyr edip çydamly bolmalydyr we hudaýa töwekgel edip olaryň garşysynda durmak gerekdir.
2- kyýamata imanly bolmak , kynçylyklary aňsat edýändir we ynsanyň kynçylyklaryň garşysynda çydam görkezip sabyrly bolmagyna sebäp bolýandyr.
Mäarej süresi, 8, 9 we 10-njy aýatlar:
یَوْمَ تَکُونُ السَّمَاءُ کَالْمُهْلِ ﴿٨﴾ وَتَکُونُ الْجِبَالُ کَالْعِهْنِ ﴿٩﴾ وَلا یَسْأَلُ حَمِیمٌ حَمِیمًا ﴿١٠﴾
<< asmanyň demir ýaly közäp gyzarjak gününi (ýadyňa sal) // we daglaryň saýylan ýüň ýaly boljak gününi // we (şol günde) hiç dost- dogan öz ýakyn dost- doganyň hal-ýagdaýny soramaz.>>
Bu aýatlar dünýäniň soňuna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: şol günde asmanlar çaşyp dargap erip gaýnajakdyr we ol göýä gaýnap duran şar ýaly bolup görünjekdir daglar owranyp çaşyp pytrajakdyrlar soň bir tupanyň ösmegi bilen daglar çaşyp saýylýan ýüň ýaly pytrajakdyr. Şol günde ýer şary we asman birek- birege çolaşyp jahanyň düzgüni özgerjekdir kyýamat dikelip täze dünýe dörejekdir şol zamanda ynsanlar täze bir ýaşaýyşy tejribe edip başlajakdyrlar . şol eýýamda , adam oglunyň amallaryna ýetişiklik edilmek işi şeýle bir kyn we elhenç boljakdyr welin hiç bir dost öz dostunyň ýagdaýyny sorjak däldir. Her kim öz başy bilen gaý bolup özüni halas etmegiň pikrinde boljakdir we öz ýakyn dostuny halas etmäge oýlanyp hem ýörjek däldir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- dünýädäki düzgün bir gün çaşyp soňa ýetip gutarjakdir.
2- bu dünýede bar bolan dostlukly aragatnaşyklar , ahyretde boljak däldir we olardan peýda hem ýokdur şol sebäpli bu dünýedäki wagtlaýyn dostluklar zerarly kyýamatdan we ebedi dünýeden gapyl galmaly däldir.
////////////