bölüm 1043, süre Mäarej, aýat 11-22
bölüm 1043, süre Mäarej, aýat 11-22
راهی بسوی نور (1043)
Mäarej süresi, 11, 12, 13 we 14-nji aýatlar:
یُبَصَّرُونَهُمْ یَوَدُّ الْمُجْرِمُ لَوْ یَفْتَدِی مِنْ عَذَابِ یَوْمِئِذٍ بِبَنِیهِ ﴿١١﴾ وَصَاحِبَتِهِ وَأَخِیهِ﴿١٢﴾ وَفَصِیلَتِهِ الَّتِی تُؤْوِیهِ ﴿١٣﴾ وَمَنْ فِی الأرْضِ جَمِیعًا ثُمَّ یُنْجِیهِ ﴿١۴﴾
<< olary olara görkeziler, şonda günäkärler şol güniň azabyndan gutulmak üçin öz pezentlerinide Fidýe bermegi arzuw eder // şeýlede başdaşyny we doganyny // we dünýede olara penalanýan gowum-garyndaşlaryny // şeýlede ýer ýüzündäki zatlaryň hemmesini öwezine berip gutulmagy arzuw edeler. >>
Geçen gepleşikde dowzahylaryň kyýamatdaky erbet ýagdaýlaryna we ýeke ýalňyz galyp penasiz bolmaklaryna yşarat boldy. Hatda olaryň ýeke we ýakyn dostlaryndan hem aýra düşüp olaryň hem kömeklerinden mahrum bolýandyklaryny beýan etdik . bu aýatlar şol gürrüňiň dowamynda şeýle permaýyş edýär : diňe dostlardan dälde eýsem dünýede ynsana hymaýatçy we arka bolan başdaşdyr perzentler , doganlar we beýleki kowum garyndaşlar hem ynsana peýdaly bolýan däldirler we olary gutuldyryp başarýan däldirler. Şol günde ynsanyň özüni halas etmek üçin hatda bütin dost ýarlaryny , kowum garyndaşlaryny tanyşlaryny we ýer ýüzünde ýaşaýan ilaty hem peda etmeklige taýyn bolmagy geň zat däldir. Emma dowzahylar kyýamatda şeýle bir zady arzuw edýändirler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- kyýamatda dostlar we tanyşlar , birek biregi görüp başarýarlar emma birek birege kömek ýetirip başarmaýarlar we bu waka ajy wakadyr . hamana , ata öz perzendiniň derýada garyk bolup durandygyny görüpde ony halas edip bilmeşi ýaly gynandyrjydyr ýada hatda özüni halas etmek üçin perzendini gark etmekligi elhenç wakadyr.
2- dünýede başdaşyň we perzentleriň ýada dost ýarlaryň we kowum garyndaşlaryň razylygyny gazanmak üçin hudaýyň razylygynyň tersine bir işe baş goşmakdan saklanmak gereklidir. Sebäbi kyýamatda biziň işlerimiz hudaý arkalydyr we olar biziň dadymyza ýetişip başarjak däldirler.
Mäarej süresi, 15, 16, 17 we 18-nji aýatlar:
کَلا إِنَّهَا لَظَى ﴿١۵﴾ نَزَّاعَهً لِلشَّوَى ﴿١۶﴾ تَدْعُو مَنْ أَدْبَرَ وَتَوَلَّى ﴿١٧﴾ وَجَمَعَ فَأَوْعَى﴿١٨﴾
<< hergiz (olaryň arzuwy hasyl bolmaz) ot alawlar// (ol ot) Kelläň we endamyň hamyny (ýagyp) soýýan otdyr // syrtyny tutup ýüz öwrenleri çagyrýandyr // şeýlede töweregine üşürýänleri. >>
Gurhany kerim äp äşkär we açyk suratda şeýle permaýyş edýär: kyýamatda ynsanyň dowzahdan gutulmagy üçin hiç bir isleg kabul däldir we hiç bir kimse başga biriniň ýerine dowzaha atyljak däldir, ne ata oglunyň ýerine, nede ogul atasynyň ýerine , ne zenan başdaşynyň ýerine, nede är zenanasynyň ýerine jezalandyryljakdyr. Şol günde içeri maşgalalyk baglanşyklar ýok bolup aradan aýryljakdyr we ataň perzentleri hakda bolan weliligi şeýlede başdaşlaryň birek birege bolan hak-hukuklary ýok boljakdyr . kyýamatda jezalandyrmagyň ölçegi diňe adamyň dünýedäki amaly esasynda boljakdyr . şol sebäpli , her kim hudaýyň permanyndan boýun gaçyrsa we onuň buyruklaryndan ýüz öwürse dowzah oduna giriftar boljakdyr we kyýamatda buýruklaryň garşysynda durup başarjak däldir. Her kim dünýede öz ömrüni diňe baýlyk ýygnamak bilen geçiren bolsa kyýamatda ol baýlyklar onuň dadyna ýetişjek däldir bu baýlyklar ne dünýede ony ölümden halas etjekdir nede kyýamatda ony otdan gutuldyryp başarjakdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- dünýede ynsan allanyň buýruklaryndan ýüz öwrüp başarýandyr emma kyýamatda dowzahyň ody şeýle bir serkeş adamlary özüne tarap çekip olary gurşap aljakdyr we şol mekanda olar otdan gaçyp başarjak däldirler .
2- yslamda mal ýygnamak erbet iş däldir eýsem teleke bolan zat şol baýlyklardan aýrylmasyzlyk we ony ilata gulluk etmek üçin sarp etmezlikdir.
Mäarej süresi, 19, 20, 21 we 22-nji aýatlar:
إِنَّ الإنْسَانَ خُلِقَ هَلُوعًا ﴿١٩﴾ إِذَا مَسَّهُ الشَّرُّ جَزُوعًا ﴿٢٠﴾ وَإِذَا مَسَّهُ الْخَیْرُ مَنُوعًا ﴿٢١﴾ إِلا الْمُصَلِّینَ ﴿٢٢﴾
<< dogrudanda ynsan gaty harys we sabysyz ýaradylandyr // haçanda oňa zyýan ýetende hawsala düşýandir // haçanda haýyr ýetişende bahyl we görip bolýandyr // Meger namaz gylýanlar bolmasa. >>
Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: ynsanyň maddy we gaýnamyn durky bir hilidir welin ol harysdyr we öz bar zatlaryny beýlekilerden gaýgyrýandyr. emma pygamberleriň mektebinde terbiýelene ynsanlar we möminler şeýle bir ýöritelikden paýly däldirler . we olar harys we bahyl bolmagyň ýerine , ynfak edip sahawatçylyk işlere ýüzlenýärler elbet şu hili işler bilen olaryň içgin göwrümleri hem artyp giňelýändir.
Bu topar adamlar ýoksyllyga duçar bolup ýada ýaşaýyşyň beýleki kynçylyklaryna giriftar bolsalarda zeýrenip şikäýet edip nägile bolýan däldirler . şu hili oňyn häsiýetler hem namazyň we hudaýyň ýadynda bolmagyň ýanynda hasyl bolýandyr . namaz okaýan ynsan , dünýäniň gözelliklerine aldanmany eýsem hudaýa töwekgel edip kynçylyklaryň garşysynda çydamly bolýandyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- köp ýaramazlyklaryň köki bahylçylyga we harys bolmaklyga öwrülýändir.
2- hudaýdan daş düşen ynsanyň ýüregi dardyr ol asudalyk zamanynda beýlekilere bahyl bolup kynçylyklar bilen hem ýüz be ýüz bolanda nägile bolup zeýrenýändir.
3- diňe hudaý bilen bolup namaz ähli bolan ynsanlaryň ýürekleri giňdir we olar ýaşaýyşyň inim-çykymly ýagdaýlarynda özlerini ýitirýän däldirler.
/////////////