Oct 20, 2025 09:33 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1044, süre Mäarej, aýat 23-35

bölüm 1044, süre Mäarej, aýat 23-35

راهی بسوی نور (1044)

Mäarej süresi, 23, 24 we 25-nji aýatlar:

الَّذِینَ هُمْ عَلَى صَلاتِهِمْ دَائِمُونَ ﴿٢٣﴾وَالَّذِینَ فِی أَمْوَالِهِمْ حَقٌّ مَعْلُومٌ ﴿٢۴﴾ لِلسَّائِلِ وَالْمَحْرُومِ ﴿٢۵﴾

<< olara namazlaryna gaýym bolan adamlardyr // we olaryň mallarynda belli edilen haklar bardyr // saýyllar we garyplar üçin .>>

Geçen gepleşikde maly meselelerde bahyl bolmak we ýaşaýyşyň kynçylyklaryndan zeýrenmekligiň ynsanlaryň umumy ýüriteliklerindendigi we diňe mömin we namazhon adamlaryň şeýle bir pursatlardan daşda durýandyklary beýan edildi . bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: elbet bütin namazhonlar şeýle däldirler eýsem hakyky namazhonlar elmydam we yzy giderli namazlaryny ýerine ýetirýärler olar namazyň şertlarini göz öňüne almak bilen namazyň wagty giren badyna jemagat gurap namazlaryny okaýandyrlar. bu hili adamlar halyklary bilen müdimlik arabaglanşykda bolmakdan daşgary hudaýyň halgyna hem pikir edip öz mallarynyň bir bölümini mätäçlere haslaýarlar we mahrumlaryň hal-ýagdaýlaryna ýetişiklik etmekde keýeňlik goýberýän däldirler. Olar hema maly wajybatlaryny şol sanda üşür zekatlaryny berýärler hemde doly sahawat we ýagşylyk ýüzünden ynfak edip ýoksyllary goldaýandyrlar şeýlelik bilen özlerini dünýeparaz ynsanlaryň sypatlaryndan şol sanda bahylçylykdan daş saklap goraýandyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ahlagy ýaramazlyklardan we erbet işlerden daş durmak namazyň möhüm täsirlerindendir elbet bu hili täsirler diňe namazyň şertlerini göz öňüne almak bilen yzy giderli namazy ýerine ýetirýän ynsanlarda hasyl bolýandyr.

2- mömin ynsan hemä perwerdigär bilen müdimlik arabaglanşykdadyr hemde hudaýyň ýaradan bendeleri bilen aragatnaşykda bolýandyr ol namaz we ybadatyň ýany bilen köpçülikde bar bolan kynçylyklardan hem gapyl galýan däldir.

3- alla tagala biziň mallarymyzda mätäçlere hem paý goýandyr onda olara berýän zatlarymyz olaryň haky bolýandyr we biz olara minnet goýmaly daldiris.

Mäarej süresi, 26, 27 we 28-nji aýatlar:

وَالَّذِینَ یُصَدِّقُونَ بِیَوْمِ الدِّینِ ﴿٢۶﴾ وَالَّذِینَ هُمْ مِنْ عَذَابِ رَبِّهِمْ مُشْفِقُونَ ﴿٢٧﴾ إِنَّ عَذَابَ رَبِّهِمْ غَیْرُ مَأْمُونٍ ﴿٢٨﴾

<< olar jeza (kyýamat) gününi tasdyklaýandyrlar // we perwerdigärleriniň azabyndan gokydadyrlar // sebäbi perwerdigärleriniň azabyndan amanda däldirler. >>

Geçen aýatlarda hakyky namazhonlaryň ýüritelikleri beýan edildi bu aýatlar şeýle permaýyş edýar: olar kyýamaty tasdyklaýandyrlar şol sebäpli hem her bir işi edenlerinde allanyň permanyndan daşary çykamaýly diýip habardar bolýandyrlar. Sebäbi olar hudaýyň permanyndan boýun gaçyryp serkeş bolmaklygyň howply izgelimleri yzyna tirkejek digine ynamlydyrlar bu howplardan ne gaçyp boljakdyr we nwdw ondan aman galyp başarjakdyrlar . dünýedäki ýaşaýyşda umum ilatyň oddan gorukşylary ýaly we özlerini ondan daşda saklaýşlary ýaly iman ähli bolannlar hem duzah odundan howp edip özlerini şeýle bir agybata baryp çatjak işlerden daşda saklaýandyrlar. Şu esas boýunça hakyky namazhonlar men behişt ählindendirin diýipde duzah odundan hem aman bolaryn diýipde batyl gumana duş bolýan däldirler . eýsem olar hem elmydama şeýitani waswasalaryň garşysynda bolupda özlerini takwa galkany bilen şu hili gyşarnyklardan we ýaramaz işlerden daş saklap goramak ugurda talaş edýärler .

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary:

1- hudaýa bolan iman ynsanlaryň durkyna bir hili ornamaly dyr welin olar elmydama özlerini hudaýyň huzurynda bilipde onyň razylygynyň tersine bolan her hili erbet işlerden goryksynlar.

2- dini menliklenmek hauwpy dimek kä bir adanlar diňä namazy okypda enfak etmekleri sebäpli behişte ýol açyp başararlar mykan diýip guman edýärler  we bu howp elmydama iman ähli bolanlara abanyp durýandyr hatda kä bir namazhonlaryň hem ýaramaz işlere duş bolmaklary üçin duzahy bolmaklary mümkindir.

Mäarej süresi, 29, 30, 31, 32, 33, 34 we 35-nji aýatlar:

وَالَّذِینَ هُمْ لِفُرُوجِهِمْ حَافِظُونَ ﴿٢٩﴾ إِلا عَلَى أَزْوَاجِهِمْ أَوْ مَا مَلَکَتْ أَیْمَانُهُمْ فَإِنَّهُمْ غَیْرُ مَلُومِینَ ﴿٣٠﴾ فَمَنِ ابْتَغَى وَرَاءَ ذَلِکَ فَأُولَئِکَ هُمُ الْعَادُونَ﴿٣١﴾ وَالَّذِینَ هُمْ لأمَانَاتِهِمْ وَعَهْدِهِمْ رَاعُونَ ﴿٣٢﴾ وَالَّذِینَ هُمْ بِشَهَادَاتِهِمْ قَائِمُونَ﴿٣٣﴾ وَالَّذِینَ هُمْ عَلَى صَلاتِهِمْ یُحَافِظُونَ ﴿٣۴﴾ أُولَئِکَ فِی جَنَّاتٍ مُکْرَمُونَ﴿٣۵﴾

<< we synlaryny günäden guraýan adamlar // diňe başdaşlaryna we gyrnaklaryna kanagat etseler ýazgarylmazlar // we her kim bulardan aşa gitse ol hetdini saklamaýanlardan bolar // we amanatlara we eden ähdine hurmat goýýan adamlar // we eden şaýatlyklarynyň üstünde durýan adamlar // we öz namazlaryna (yz giderli) esewan bolýan adaamlar // olar behişdiň baglarynda sylaga mynasyo boljakdyrlar. >>

Bütin ynsanlara şol sanda namazhon möminlere howply bolan uçutlaryň biri olaryň sagdyn bolmadyk aragatnaşyklara we şergy bolmadyk jynsy baglanşyklara giriftar bolmaklarydyr . ynsan gaýym durmasa iň kiçi meseleler bilen hem şeýle bir ýaramaz günälere bulaşmagy mümkindir . bu aýatlar şeýle permaýyş edýär : köpçülikli aragatnaşyklarda päkligi goramak zerurdyr we her kim diňe baş çatyşmak bilen öz jynsy mätäçliklerini üpjün etmelidir .şeýle bolman ýagdaýynda ynsan öz dogry ýolundan azaşyp gyşarnyga uçramagy mümkindir. Amanatdarlyk we köpçülikli şeýlede içeri maşgaladaky ähdi peýmanlara wepaly bolmak hem bu aýatlarda nygtalan meselelerdendir. Şeýle bir häsiýetlere eýe bolan ynsan hatda ilatyň hak hukukyndan arka çykmak üçin gazyň ýanyna baryp mazlum adamlaryň nepine şaýatlyk bere we hiç bir zatdan gorkmaz. Ol şeýle bir köpçülikli işleriň ýany bilen öz namazyny ilkinji wagytda ýerine ýetirip ony soňra goýmaz.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- yslam ara-myýanalyk ýoly nygtaýandy , bu din ne ynsanyň jynsy meýillerini orup ýatyrýandyr nede ony çenden aşa azat goýýandyr. Eýsem bu hili mätäçligiň usully ýolundan üpjün bolmagyny göz öňüne alýandyr.

2- howp elmydama ynsanyň bukusyndadyr şol sebäpli ol elmydam özüni şeýtanlykly waswasalar we haý höwesleriň garşysynda goryp menliklenmeli däldir.

3- imanyň nyşanasy diňe namaz okamak ýada ynfak etmekde däldir eýsem amanatdarlyk we içeri maşgaladaky şeýlede köpçülikdäki peýmanlaryňa hötdämen bolmak hem imanyň nyşanalaryndandyr.

 

///////////////

Mäarej süresiniň soňy