Oct 20, 2025 09:39 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1045, süre Nuh, aýat 1-14

bölüm 1045, süre Nuh, aýat 1-14

راهی بسوی نور (1045)

Nuh süresi

Gurhany kerimiň mübärek Nuh süresi Mekgede inendir we onuň 28 aýaty bar.gurhanyň kä bir sürelerinde Nuh pygamberiň başdan geçmesi beýan edilip getirlendir emma bu süre hezreti Nuh (a)ň pygamberligi bilen başlanansaň şol at bilen tanalýandyr . ylahy pygamberleriň arasyndan hezreti Nuh(a) ilaty hidaýat etmek üçin uzak wagty saryp edendir emma diňe bir näçe adam oňa iman getirdiler . Nuh(a) şerigata eýe bolan ilkinji ululazym pygamberdir onuň pygamberligi hem jahanlyk bolup ýörite bir kowuma has däldir.

Nuh süresi, 1, 2, 3 we 4-nji aýatlar:

إِنَّا أَرْسَلْنَا نُوحًا إِلَى قَوْمِهِ أَنْ أَنْذِرْ قَوْمَکَ مِنْ قَبْلِ أَنْ یَأْتِیَهُمْ عَذَابٌ أَلِیمٌ ﴿١﴾ قَالَ یَا قَوْمِ إِنِّی لَکُمْ نَذِیرٌ مُبِینٌ ﴿٢﴾ أَنِ اعْبُدُوا اللَّهَ وَاتَّقُوهُ وَأَطِیعُونِ ﴿٣﴾ یَغْفِرْ لَکُمْ مِنْ ذُنُوبِکُمْ وَیُؤَخِّرْکُمْ إِلَى أَجَلٍ مُسَمًّى إِنَّ أَجَلَ اللَّهِ إِذَا جَاءَ لا یُؤَخَّرُ لَوْ کُنْتُمْ تَعْلَمُونَ ﴿٤﴾

<< biz Nuhy kowumunyň üstüne ýollap oňa aýtdyk “güýçli azap depelerinden inmänkä öz kowumyňa duýduryş ber” diýip // Nuh olara aýtdy: eý meniň kowumum men sizler üçin äşkär duýduryş berijidirin // tä alla bendelik ediň we onuň bilen tersleşmekden saklanyň we maňa eýeriň // şeýtseňiz alla sizi ýalkar we ölümiňizi belli bir zamana çenli yza oklar, sebäbi ajalyňyz ýetse oňa yza oklamak bolýan däldir- eger bilýän bolsaňyz.- >>

Pygamberler ilaty hudaýa tarap çagyrmak üçin gorkuzmak we buşluk bermek şiweden haýyrlanandyrlar emma Nuh pygamberiň kowumy gaty jedelkeş bolansaň olara buşlyk bermek täsirsiz bolupdyr. şol sebäpli hem Nuh(a) elmydam öz kowumyny ylahy jezalar bilen gorkuzyp olara duýduryş beripdir şeýdip hem olary jezalandyrmak we azapdan gorkuzyp hudaýa tarap çagyrypdyr. Nuh(a)ň ilaty öňe tarap çagyrýan meseleleri üç bolupdyr: deslap, durly butlara eýermekden daş durup ýeke hudaýa iman getirmekleri , ikinjisi : hudaýyň permany bilen terisleşmekden daş durmaklary, üçünjisi hem hudaýyň pygamberine eýerip onuň alla tarapyndan getiren kanunlaryna boýun bolmaklary bolupdyr.

Elbet Nuh pygamber (a) gorkuzmak we duýduryş bermekden soň ilata ýüzlenip egerde günä işlerden saklansaňyz perwerdigär siziň geçmişde baş goşan günäleriňizi bagyşlap siz şol günäler sebäpli jezalandyryljak dälsiňiz we uzakrak ömürden hem paýly boljakdyrsyňyz diýip buşluk berýär.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- perwerdigär ilata hüjjetini gutarmak üçin pygamberleri iberendir we hiç kim butlary ybadat etmek üçin ýada günä işlere baş goşmak ugurda bahanasy boljak däldir .

2- ilaty gyflat ukusyndan oýandyrmak ugurda gorkuzmak we duýduryş bermek gereklidir. elbet bu iş mähiribanlyk bilen bolmalydyr.

3- pygamberleriň buýruklaryna boýun bolmany we takwany hem göz öňüne almany diňe hudaýa ynamly bolmak ýeterlik däldir .

4- iman we salyhy amallar günäleriň bagyşlanmagyna we ynsanyň ömrüniň uzak bolmagyna sebäp boljakdyr.

Nuh süresi, 5, 6, 7, 8 we 9-njy aýatlar :

قَالَ رَبِّ إِنِّی دَعَوْتُ قَوْمِی لَیْلا وَنَهَارًا ﴿٥﴾ فَلَمْ یَزِدْهُمْ دُعَائِی إِلا فِرَارًا ﴿٦﴾ وَإِنِّی کُلَّمَا دَعَوْتُهُمْ لِتَغْفِرَ لَهُمْ جَعَلُوا أَصَابِعَهُمْ فِی آذَانِهِمْ وَاسْتَغْشَوْا ثِیَابَهُمْ وَأَصَرُّوا وَاسْتَکْبَرُوا اسْتِکْبَارًا ﴿٧﴾ ثُمَّ إِنِّی دَعَوْتُهُمْ جِهَارًا ﴿٨﴾ ثُمَّ إِنِّی أَعْلَنْتُ لَهُمْ وَأَسْرَرْتُ لَهُمْ إِسْرَارًا ﴿٩﴾

<< Nuh aýtdy : bar hudaýa! men gije gündiz öz kowumy saňa tarap çagyrdym// ýöne meniň çakylygym olaryň hakdan köpräk gaçmaklaryndan aýry täsiri bolmady // we haçanda olary (saňa tarap çagyryp belki) sen olary ýalkarsyň (diýip) olar barmaklaryny gulaklaryna dykyp egin-başlaryna bürenip (gaçdylar) we menliklenip barýan ýollaryna aýak dirediler //  soň men olary gygyryp seň emriňe tarap çagyrdym // Soň hem äşgär we ýaşryn suratlarda olara (hakykaty) beýan etdim. >>

Bu aýatlar hezreti Nuhuň hudaý bilen sözleşip ol hezretiň öz kowumyndan bolan nägiligine yşarat edýär we Nuh (a)ň kowumynyň ne-çende kineli we jedelkeş bolandyklaryny ýatlaýar. Olar barmaklaryny gulaklarynda goýup Nuh pygamberiň sözüni eşitmejek bolýanmyşlar ýada ol hezret bilen ýüz be ýüz bolmajak bolup egn-eşiklerini başlaryna çekýänmişler. Emma şol bir ýagdaýda hem hezreti Nuh (a) ilaty hudaýa çagyrmakdan saklanmany eýsem bütin ýagdaýlarda ilin we birin ýagdaýlarda ilaty hudaýa tarap çagyrdylar . we şeýdip-de olary ylahy jezadan halas etmek üçin talaş edýänmişler emma olar özlerini beýlekilerden we Nuh pygamberden ýokary saýyp ol pygamberi akylsyz we däli-telbe diýip aýdypdyrlar.

Hakyň gözleginde bolan ynsan elmydam hakykaty tapmak üçin beýlekileriň sözlerini diňläp entişeleri bilen tanyş bolmagyň yzynda bolýar Emma öz nebs islegleriniň yzynda bolýanlar özi bilen pikirdeş bolmadyklaryň sözlerini eşitmekden gaçýar. Eger hem hak sözüni eşidäýse öz duşmançylygyny äşgär edip ony kabul etmekden saklanýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- pygamberler öz boryçlaryny berjaý kylmagyň yzynda bolandyrlar olar hemä ilin hemde birin suratda ilaty çagyrýanmyşlar emma ilat köplenç olara iman getirmeýärdiler şol bir ýagdaýda hemeleriň talaşlarynyň netijesi az bolsada öz ylahy tekliplerinden saklanmandyrlar.

2- eger ynsanda kabul etmek ýöriteligi bolmasa haka ymtylmagyň ýerine hakdan gaçyp hatda hak bilen duşmançylyk etjekdir.

3- jedelkeşlik we phyrlanmak , menlikli bolmak , ynsany haky kabul etmekden alyp galýar we onuň hakyň garşysynda durmaklygyna sebäp bolýar.

4- hidaýat etmek we haka çagyrmak , ilatyň ýagdaýlaryna , zamanlaryna we mekanlaryna görä bolmalydyr kä mahallarda äşgär we ilin suratda , kä mahallarda birin we syrly suratda gizleýn ýagdaýda ýerine ýetmelidir.

Nuh süresi, 10, 11, 12, 13 we 14-nji aýatlar:

فَقُلْتُ اسْتَغْفِرُوا رَبَّکُمْ إِنَّهُ کَانَ غَفَّارًا ﴿١٠﴾ یُرْسِلِ السَّمَاءَ عَلَیْکُمْ مِدْرَارًا ﴿١١﴾ وَیُمْدِدْکُمْ بِأَمْوَالٍ وَبَنِینَ وَیَجْعَلْ لَکُمْ جَنَّاتٍ وَیَجْعَلْ لَکُمْ أَنْهَارًا ﴿١٢﴾ مَا لَکُمْ لا تَرْجُونَ لِلَّهِ وَقَارًا ﴿١٣﴾ وَقَدْ خَلَقَکُمْ أَطْوَارًا ﴿١٤﴾

<< olara aýtdym : perwerdigäriňizden magfyrat talap ediň we ol gaty ýalkowjydyr” diýip // tä ol asmandan yzly-yzyna ýagyn ibersin // we sizi köp baýlyk we perzent bermek bilen goldajakdyr we al-ýaşyl öwüsýän baglary we akyp duran akarlary erkiňizde goýjakdyr // (onda) näme üçin siz perwerdigäriň azamatyny ykrar etmeýärsiňiz? // ol sizi durly tapgyrlarda ýaradan halynda. >>

Bu aýatlar Nuh pygamberiň öz kowumyna bolan buşluklaryny beýan edip perwerdigäriň çäksiz magnawy we maddy lotuflaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : günälerden toba etmek allanyň ozalky günäleriňi magfyrat etmegine sebäp bolýar we sizi jezalandyrmakdan geçip siziň dünýedäki ýaşaýyşyňyzy hem oňatlandyrjakdyr siziň ryzkyňyzyň köpelmegi we rysgalyňyzyň hem artmagy, ýagynyň ýagmagyna baglydyr ol hem hudaýyň erkindedir we siziň onda roluňyz ýokdur . eger akarlaryň dolmagyny we bag bagçalaryň hem önüminiň köpelmegini isleýän bolsaňyz onda hudaýyň siziň geçmişiňizi magfyrat etmegi üçin ozalky günälerňizden saklanyň, sebäbi perwerdigär diseň bagyşlaýjy we magfyrat edijidir.

Aýatlaryň dowamynda näme üçin sizi eneňiziň garnyndan bu günki ýaşaýyş tapgyryna çenli ekläp ýetişdiren halyga hiç hili orun mertebe haslamaýarsyňyz we ondan rahatlyk bilen boýun gaçyrýarsyňyz diýlip beýan edilýär.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- günälerden magfyrat talap edip toba etmeklik hemä ynsanyň dünýäsini abatlaýandyr hemde kyýamatda azapdan gutuldyrýandyr.

2- ýer şarynda ýaşaýan närseleriň we ynsanlaryň ýaşaýyşynyň dowamly bolmagy ýagynyň inmegine baglydyr we bu mesele hem diňe allanyň erkindedir onda egerde öz ýaşaýyşymyzyň dowam tapmagyny isleýän bolsak onda biziň ýaradylmyşymyz we ýaşaýyşymyz onuň erkinde bolan hudaýa tarap gitmelidiris.

3- din , dünýäň abat bolmagy bilen çapraz däldir eýsem malyň we perzentleriň köp bolup dünýäň hem abat bolmagy dindarlygyň eserlerinden hem bolup bilýändir.

4- ynsan öz ýaradylmyş tapgyrlaryna oýlanmak we pikir etmek bilen ýaradylmyşyň azamatyna göz ýetirip başarjakdyr.

 

/////////////