bölüm 1072, süre Nazeat, aýat 27-46
bölüm 1072, süre Nazeat, aýat 27-46
راهی بسوی نور (1072)
Nazeat süresi, 27, 28, 29, 30, 31, 32 we 33-nji aýatlar:
أَأَنتُمْ أَشَدُّ خَلْقاً أَمِ السَّمَاء بَنَاهَا (27) رَفَعَ سَمْكَهَا فَسَوَّاهَا (28) وَأَغْطَشَ لَيْلَهَا وَأَخْرَجَ ضُحَاهَا (29) وَالْأَرْضَ بَعْدَ ذَلِكَ دَحَاهَا (30) أَخْرَجَ مِنْهَا مَاءهَا وَمَرْعَاهَا (31) وَالْجِبَالَ أَرْسَاهَا (32) مَتَاعاً لَّكُمْ وَلِأَنْعَامِكُمْ (33)
<< sizi ýaratmak kynrakmy ýada onuň ýaradan asmany? // depesini galdyryp ony berkitdi // gijesini garaňky, gündüzini hem aýdyň etdi // we ondan soň ýeri (ýaradyp) ýaýratdy // we ondan suwny we ýaýlym meýdanlary ýüze çykardy // we daglary mäkäm edip dikeltdi // bularyň hemmesi siziň we mallarňyzyň haýyrlanmagy üçindir. >>
Mundan ozal hem aýdyşymyz ýaly bu süräň asly mazmuny elmydama kapyrlar arkaly inkär edilip şübhe bildirilýän kyýamat hakdadyr. bu aýatlar perwerdigäriň asman we ýeri ýaratmakdaky gudratyna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: Sizi kyýamatda ýaňadandan ýaratmak kynrakmy ýada hudaý arkaly ýaýraň we azamatly edilip ýaradylan asman? elbet hudaý arkaly ýasalan asmanda köp şarlar we kähkeşanlar bardyr welin olaryň arasynda ajaýyp düzgün bardir we siz hatda asmanda bar bolan käkeşanlary we ýyldyzlary hem sanamakdan ejiz we natuwandyrsyňyz? Soň bu uly jahanda bar bolan möhüm düzgünleriň birine diýmek garaňkylyk we ýagtylyk düzgünleriň birine diýmek garaňkylyk we ýagtylyk düzgüniň çalyşyp durmaklaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : gijesini garaňky we gündüzini aýdyň we nurana etdi. aýatmak ýerli ýer şarynyň düzgünli suratda öz daşyna aýlanmagy bilen ýer şarynda ýaşaýanlara gije-gündiz düzgüni ýüze çykjakdyr we bolaryň diýmek gije gündiziň her gaýsy hem ynsanyň we beýleki närseleriň ýaşaýyşlarynda möhüm roldan paýlydyr.
Perwerdigär şeýle bir şarlaryň arasynda siz ynsanlaryň dogulyp eklenmegiňiz üçin ýer şaryny saýlap tekizledi we şonda siziň ýaşaýyşyňyza gerek bolan esbaplary we mümkinçilikleri taýýarlap goýdy. Suw ýaşaýşyň çeşmesi we göz başydyr ony çeşmelerde we akarlarda rowan aýlandyryp bütin agçlaryň we ösümlikleriň ösmegi ugurda şert döretdi. bu mesele hem siz ynsanlaryň we haýwanlaryň şeýle bir nygmatlardan peýdanlanmagyňyz üçindir . şeýlede daglary dikeldip ynsanlary howply tupanlardan aman saklady we ýer şarynda ýaşaýanlara asuda örni döretdi.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- hudaý we kyýamaty inkär edýänler bilen garşylaşmakda sorag bilen ýüzlenmek täsirliräkdir tä olaryň özleri oýlanypda jogaba ýeterleri ýaly.
2- asman we zemine häkim bolan düzgüni tanamak bizi dana we gudratly perwerdigäriň barabarynda pes päl edýändir.
3- maddy nygmatlardan haýyrlanmakda ynsan we haýwan birek-birek bilen deňdirler emma ynsanyň haýwandan afzal bolmagynyň sebäbi onuň manawy kemal derejelerini elgerip bilýänligidir.
Nazeat süresi, 34, 35, 36, 37, 38, 39, 40 we 41-nji aýatlar:
فَإِذَا جَاءتِ الطَّامَّةُ الْكُبْرَى (34) يَوْمَ يَتَذَكَّرُ الْإِنسَانُ مَا سَعَى (35) وَبُرِّزَتِ الْجَحِيمُ لِمَن يَرَى (36) فَأَمَّا مَن طَغَى (37) وَآثَرَ الْحَيَاةَ الدُّنْيَا (38) فَإِنَّ الْجَحِيمَ هِيَ الْمَأْوَى (39) وَأَمَّا مَنْ خَافَ مَقَامَ رَبِّهِ وَنَهَى النَّفْسَ عَنِ الْهَوَى (40) فَإِنَّ الْجَنَّةَ هِيَ الْمَأْوَى (41)
<< şol uly hadysaň ýüze çykan mahaly // şol günde ynsan öz amallaryna oýlanýandyr // ýatlaýandyr we dowzah her bir görýän kişä äşgär bolýar // ýöne srekeşlik eden adam // we dünýewi ýaşaýyşy ahyretiň ýaşaýşyyndan gowyrak gören adam // şeksiz onuň jaýy dowzahdyr // ýöne her kim perwerdigäriniň ornundan gorkup öz nebsini haý-höwesden gurasa // şeksiz onuň jaýy behiştdir. >>
Bu aýatlar kyýamatda ýagşylaryň we ýamanlaryň ýagdaýlaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: uly kyýamat gopguny ýüze çykyp ynsanlar ýaňadan direlenlerinde her bir ynsan öz ýerine ýetiren ýagşy we ýaman işlerini ýadyna düşürýär. Emma şeýle bir ýatlama onuň üçin peýdaly boljak däldir sebäbi ol öz günälerinden toba eder ýaly dünýä dolanyp biljek däldir. hak we adalat ýolundan dänip dünýewi ýaşaýyşy hemme zatdan gowyrak bilen adam we maddy peýdalary üçin haky aýak aşaga taşlan adam kyýamatda dowzaha giriftar boljakdyr emma her kim hudaý tarapyýn bolup öz nebs isleglerini kantrul edip başaran bolsa, onuň jaýy behişt bolup şeýle bir ýagşy kişi ylahy rahmatdan paýly boljakdyr. Bu aýatlar ynsanyň kä bir amallarynyň kökine diýmek onuň nebs isleglerine we haý höweslerine yşarat edip bu meseläni ynsanyň döňderilmeginiň sebäbi bilýändir. Yslam şeýle bir islegleri düýp götär urup ýatyrmak bilen ylalaşýar emma ony çenden aşa azat goýmagy hem dogry bilmeýär. eýsem şeýle bir islegleri dogry ýoldan we halal şiwe bilen üpjün etmegi öňe sürýär. Yslamyň garaýşyndan nebs islegleri kantrul bolmasa ol ynsany heläkçilige duçar dýar.
Bu aýatlaryň yşarat edýän möhüm nukatlarynyň ýene birisi perwerdigäriň ornundan gurkmakdyr. Ynsan öz perwerdigäriniň mukamyny tanap onuň permanyndan boýun gaçyrmakdan gorkmalydyr we ol ylahy adyl diwanda kyýamatda huzurly bolmalydygyndan ägä bolmalydyr. Bu aýatlarda hudaýdan gorkmaklyk ara atylan däldir eýsem ýaňky aýatlar şeýle permaýyş edýär : perwerdigäriň ornundan gorkuň sebäbi mähriban hudaýdan gorkmaga hajat ýokdur eýsem onuň adalatyndan gorkmalydyr. Hamana günäkärler bir adyl gazyny görmekden gorkyp diwanyň adyny eşitmakden howp edýändirler . her bir ýagdaýda biz perwerdigäriň orun mukamyny hormatlap halygyň permanyna garşy durmakdan saklanmalydyrys.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- dünýeden haýyrlanmak erbet däldir eýsem dünýäni ahyretden ýeg görüp maddy nygmatlary, dini degerliklerden öňde ýerleşdirmek teleke işdir we şeýle bir howpdan gaça durmalydyrys.
2- ynsan kyýamatda öz dünýede baş goşan işlerini ýatlaýandyr.
3- perwerdigäriň howpy ýokdur. Eýsem onuň adalat orny ynsanyň zulum we günäden gorkmagyna sebäp bolýandyr sebäbi ol ylahy diwanda jogap bermelidir.
4- yslam , nebs isleglerini kantrol etmekligi nygtaýandyr. Şu ýerlikde ne aşa gaty gitmekligi kabul edýändir nede ony urup ýatyrmagy kabul edýändir.
Nazeat süresi, 42, 43, 44, 45 we 46-njy aýatlar:
يَسْأَلُونَكَ عَنِ السَّاعَةِ أَيَّانَ مُرْسَاهَا (42) فِيمَ أَنتَ مِن ذِكْرَاهَا (43) إِلَى رَبِّكَ مُنتَهَاهَا (44) إِنَّمَا أَنتَ مُنذِرُ مَن يَخْشَاهَا (45) كَأَنَّهُمْ يَوْمَ يَرَوْنَهَا لَمْ يَلْبَثُوا إِلَّا عَشِيَّةً أَوْ ضُحَاهَا (46)
<< eý pygamber! senden kyýamatyň wagty haçan? diýip sorarlar // sen ol barada gurruň etmäge ne derkär? (seň oň bilen işiň bolmasyn) // Onuň soňy we agybaty perwerdigäriň bilendir // seň borjuň diňe ondan gorkýan adamlara duýduryş bermeklikdir // Şony (kyýamaty) görenlerinde, göýä dünýede we ahyretde bir gije ýa bir gündiz galmadyk ýaly bolarlar. >>
Kyýamaty inkär edýänleriň bahanalarynyň birisi-de şudur welin eger kyýamat gopjak bolsa onuň dikeljek zamany haçan boljakdyr we hiç kim hem onuň boljak zamanyndan habarly däldigi sebäbi onuň bolmagy hakdaky gürrüň hem esassyzdyr. Elbetde bir işiň haçan boljakdygy belli bolmasa , onuň hiç haçan boljak däldigi manasynda däldir sebäbi biziň hemmämiziň bir gün dünýeden gaýtjakdygymyzy bilýäris ýöne onuň wagty we zamany belli däldir şondan gelende ölümiň bütin ynsanlara ýüze çykjakdygy inkär edip bolmajak hakykatdyr. emma hiç kim onuň zamanyny bilýän däldir . bu süräniň soňky aýatlary münkirleriň kyýamatyň haýsy wagytda boljakdygy hakdaky soraglaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : pygamber ilata duýduryş berip kyýamatyň boljakdygy barada ilata ägälik bermeklige borçlydyr hatda pygamberiň özi hem kyýamatyň haýsy wagytda boljakdygyny bilýän däldir we bu iş hudaýa degişlidir . kyýamaty inkär edýänler kyýamatyň wagty hakda sorag etmegiň ýerine öz ömürleriniň kyýamatdaky ömürleri hakda ne çende gysga boljakdygyny bilmelidirler sebäbi olar kyýamatda aýaga örenlerinde dünýede ýaşaýan 70-80 ýyl ömürlerini göýä ýarym gön ýaly görjekdirler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwreýän sapaklary:
1- kyýamatyň wagtyny bilmesizlik ynsanyň kyýamatyň asly hakdaky ynamyna zyýan ýetirmeli däldir. Möhüm bolup durýan zat kyýamatyň zamany dälde eýsem kyýamatyň berhaklygyna imanly bolmakdyr.
2- pygamberleriň borçlary ilata duýduryş bermekdir olary bir meseläni kabul etmeklige mejbur etmek däldir her kim islese kabul edip gutular, islemese inkär edip heläk bolar.
3- dünýe uly we bakydyr diýip oý etmäliň dünýäň ahyretiň barabaryndaky bütin ömri , diňe ýarym gün ýalydyr we ondan artykmaç däldir.
//////////////
Nazeat süresiniň soňy