Nov 15, 2025 14:21 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1073, süre Äbäsä, aýat 1-23

bölüm 1073, süre Äbäsä, aýat 1-23

راهی بسوی نور (1073)

Äbäsä süresi

Geçen gepleşikde Nazeat süresiniň ýörüminiň soňlamagy bilen bu kepleşikde gurhany kerimiň mübärek Äbäsä süresiniň ýörümini başlamakçy . bu süräniň aýatlarynyň inmegi gözi batyl bir adam bilen bolan ýaramaz çykyşyň bolmagy üçindir. Emma umuman bu süräniň aýatlary beýleki Mekgi süreler ýaly köplenç kyýamata degişli bolup şol günde möminleriň we kapyrlaryň duş boljak ýazgytlary baradadyr .

Äbäsä süresi, 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9 we10-njy aýatlar :

عَبَسَ وَتَوَلَّى ﴿١﴾ أَنْ جَاءَهُ الأعْمَى ﴿٢﴾ وَمَا یُدْرِیکَ لَعَلَّهُ یَزَّکَّى ﴿٣﴾ أَوْ یَذَّکَّرُ فَتَنْفَعَهُ الذِّکْرَى ﴿٤﴾ أَمَّا مَنِ اسْتَغْنَى ﴿٥﴾ فَأَنْتَ لَهُ تَصَدَّى ﴿٦﴾ وَمَا عَلَیْکَ أَلا یَزَّکَّى ﴿٧﴾ وَأَمَّا مَنْ جَاءَکَ یَسْعَى ﴿٨﴾ وَهُوَ یَخْشَى ﴿٩﴾  فَأَنْتَ عَنْهُ تَلَهَّى ﴿١٠﴾

<< ýüzüni çitip dolandy // gözi batyl bir kişiň, ýanyna gelenligi üçin // sen nä bilersiň belkide ol päklige ýüzlendi // ýada oňa duýduryş berilsein , berilen duýduryş oňa peýdaly bolsun // ýöne özüni baý saýýan kişi // sen oňa üns beresiň // ýöne ol özüni päklejek bolmasa seň gerşiňde borç bolmaz // we emma howlugyp seň ýanyňa gelen ol kişi // (alladan) gorkýan ýagdaýynda // sen oňa üns bermeýärsiň (ondan gapyl galýarsyň) >>

Taryhy rowaýatlarda gelşine görä Goraýşyň başlyklaryndan bolan bir topar resuly äkrem (s)ň huzuryna baranlarynda hezreti muhammet(s) olary yslama dinine tarap çagyrypdyr. ol hezretler, Goraýşyň başlyklaryny musulman edip olar tarapyndan musulmanlara ýetişýän yza ezýetleri kesilmekçi bolupdyrlar. şol ýagdaýda gözi batyl bir kişi bu meýlise gelip gaty ses bilen hezreti muhammet (s)den oňa gurhan talawat edip bermegini talap edipdir. Ol, hezreti resul äkrem(s)ň ýanynda kimleriň bardygyny görüp bilmeýändigi sebäpli öz islegini gaýtalaýanmyş. Şonda ol ýerdäki adamlaryň birisi ýada aýdylşyna görä hezreti resul äkrem(s)ň özi ol gözi batyl kişiden meýlisiň hormatyny sasklamandygy sebäpli ynjyp ýüzüni turşudypdyr . şol zamanda bu aýatlar inip ýüzüň turşudylmagyny ýaramaz iş bilipdir hatda egerde ol tarapyňdaky kişiň gözi batyl bolupda şeýle bir ýagdaýy görüp başarmaýan bolsa-da bu iş ýazgarlypdyr . aýtmak ýerli bu aýatda , şol ýüzüni turşudan kişiň hezreti resuly äkrem(s)ň özi bolandygyna degişli gürrüň ýokdur. We bu aýatlar hezreti resul äkrem(s)ň gylyk häsiýeti hakda bolan ýagşy ýüritelikler bilen jebis gelýän däldir. mysal hökmünde aýdar bolsak gurhany kerimiň mübärek Galam süresiniň 4-nji aýatynda alla tagala hezretI resul äkrem (s)ň ýagşy we beýik gylyk häsiýetlere eýedigini aýdandyr. Emma eger şeýle bir işi hezretI resulY äkrem(s) arkaly ýerine ýeten bolsa-da onuň päkliginiň tersine ýerine ýeten amal däldir we hakykatda bu aýatlar gurhanyň hak we ylahydigine bir delil bolup başarýandyr sebäbi hezreti resuly äkrem(s) özüniň hudaý arkaly ýazgarlan aýatlaryny hem ilata okap berendir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- gözi batyl adamlara we beýleki maýyp ynsanlara hormat goýmak köpçülige gereklidir. Sebäbi maýyplyk bir adamyň şahsýatynyň pesligi üçin däldir.

2- ahlagy ýüritelikleriň degerligi içgin bir zatdyr. oňa görä şol gözi batyl adamyň ýüzüni turşudan adamy görsede- görmesede bu işiň telekliginde hiç täsiri ýokdur.

3- köpçülikde ýaşaýan adamlaryň garyp we ýoksyl ýada baranda bolmaklary ýada olaryň jysmy ýagdaýlary biziň olar hakdaky çykyşlarymyzda täsirli bolmaly däldir we biz bu toparlar bilen Iki hili çykyş etmeli däldiris .

4- hakykatda yslama tarap gelýän kişide hak sözi täsir galdyrýandyr we olar päklik we takwaň gözleginde bolýandyrlar.

Äbäsä süresi, 11, 12, 13, 14, 15 we 16-njy aýatlar:

کَلا إِنَّهَا تَذْکِرَةٌ ﴿١١﴾ فَمَنْ شَاءَ ذَکَرَهُ ﴿١٢﴾ فِی صُحُفٍ مُکَرَّمَةٍ ﴿١٣﴾ مَرْفُوعَةٍ مُطَهَّرَةٍ ﴿١٤﴾ بِأَیْدِی سَفَرَةٍ ﴿١٥﴾ کِرَامٍ بَرَرَةٍ ﴿١٦﴾

<< daşda bol beýle boluşdan ” şeksiz bu aýatlar öwüt-nesyhatdyr” // bes herkim islese ondan pent alar // (bu aýatlar) gymmatly sahypalarda bitdirlendirler // beýik orunly we päk // ilçileriň elinde // ýagşy we  belent mertebeli (ilçileriň elinde) >>

Ýüzüni turşydan adama nesyhat bermek we onuň ýaramaz işini ýazgarmak hakda bolan geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: bütin aýatlar , ynsanlara duýduryş beryp olary oýandyrmaklyga degişlidir we bu aýatlar iman ähline , köpçilikde ýaşaýan ejiz adamlar bilen ýagşy çykyşlary etmeklerini tapşyrýandyr. Aýatlaryň dowamy gurhanyň aýatlarynyň başynyň hudaý tagala bilendigini nygtap perwerdigäriň permany bilen perişdeleriň bu aýatlary ýokary älemde ýazylan luhlar esasynda hezreti resuly äkrem(s)ň mübärek kalbyna inip ol hezretleri hem şol aýatlary ilata talawat edýändigini beýan edýändir.

Şeksiz bu sahypalar we luhlar degerli belent orunly we päkdir we näpäkleriň eli oňa ýetip zyýan ýetirmekden amandadyrlar. bu aýatlar , degerli ilçiler arkaly ýada ýokary derejeli ylahy perişdeler arkaly hezreti resul äkreme inendir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapakalry:

1- gurhany kerimiň aýatlary ynsanlaryň ýaramazlyklardan gaça durup gowulyklara ýetmekleri üçin talaş etmekleri baradadyr we şeýlede ynsanlaryň gaýnamlarynyň oýanmagyna sebäp bolýandyr.

2- gurhanyň orun mertebesi her bir kitap we ýazylan hatdan ýokarrakdyr we näpäk adamlaryň elleri oňa ýetip ony gyşardyp başarjak däldirler.

3- ylahy perişdeler wähi aýatlaryny ýetirmekde araçydyrlar we olar gurhanyň aýatlaryny şol perwerdigäriň permaýyş edişi ýaly hezreti resuly äkrem(s)ň kalbyna inderendirler.

Äbäsä süresi, 17, 18, 19, 20, 21, 22 we 23-nji aýatlar :

قُتِلَ الإنْسَانُ مَا أَکْفَرَهُ ﴿١٧﴾ مِنْ أَیِّ شَیْءٍ خَلَقَهُ ﴿١٨﴾ مِنْ نُطْفَةٍ خَلَقَهُ فَقَدَّرَهُ ﴿١٩﴾ ثُمَّ السَّبِیلَ یَسَّرَهُ ﴿٢٠﴾ ثُمَّ أَمَاتَهُ فَأَقْبَرَهُ ﴿٢١﴾ ثُمَّ إِذَا شَاءَ أَنْشَرَهُ ﴿٢٢﴾ کَلا لَمَّا یَقْضِ مَا أَمَرَهُ ﴿٢٣﴾

<< Ölüm bolsyn bu ynsana (sebäbi) ol şeýle bir kapyr we näşükürdir // meger alla ony nämeden ýaradypdyr? // ony Bir damja suwdan ýaradyp ony düzgüne saldy // soň onuň ýoluny aňsatlaşdyrdy // onsoň ony öldürip gabyrda goýdy // soň her zaman islese ony (direldip gabyrdan) çykarar // ýöne onuň edýän gümany ýaly däldir sebäbi heniz emre eýeren dääldir. >>

Geçen aýatlarda ynsanlaryň ägä bolup ahlagy ýaramazlyklardan daş bolmaklary barada gurhanyň ýerine ýetirýän roluna yşarat boldy indi bu aýatlarda şeýle gelýär: Gurhanyň hidaýatyny kabul etmäni oňa iman getirmeýän ynsanlaryň sany az däldir olar şeýle bir ylahy uly nygmatyň gadryny bilmäni ona kapyrlyk edýändirler . näşükür we kapyr ynsanlara ölüm, ýaşamakdan gowyrakdyr. Sebäbi olar her näçe ýaramaz we batyl ýolda bolsalar şonçada hak we hakykatdan daş duşup köpräk jezalara giriftar boljakdyrlar . aýatlaryň dowamy kapyrçylygyň göz başyna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : olaryň menliklenip pahyrlanmaklary olaryň hakykatyň barabarynda şeýle çykyşlara baş goşmaklaryna sebäp bolýandyr emma olar özleriniň ne çende ejiz we pesdiklerine üns bermeýärler olar nämeden ýaradylandyklaryny bilmeýärlermi? Alla tagala olary degersiz damja suwdan ýaradyp olara dogry ölçegler esasynda jysym agzalaryny berip ýagşy suratda olaryň ruhlaryny we jysymlaryny kämilleşdirdi aýtmak ýerli alla tagala dogry ýoly , akyl , pitret we wähi esasynda ynsana gözrkezip şu ýoldan hem hak ýoluny tanap hidaýat we sagadat ýolunda hereket etmekligi oňa aňsatlaşdyrandyr ema ony ýoly saýlamakda azat goýdy we ol öz yradasy bilen dogry ýoly aşmalydyr.

Emma ynsan dünýede öz işiniň soňuny ýada şol ölümini onudyp baky galarynmykam diýip guman edýändir emma eger ol ölüme oýlanyp ylahy nygmatlardan usully we dogry suratda haýyrlanmak-da talaş etse ol öz okyplaryny we göwrümlerini ýone ýere elden berip köýdürjek däldir.

Eger ynsan ölüme we ondan soňraky dünýä hakda oýlanyp bir gün öz baş goşan amallary hakda jogap bermeli boljakdygyna oýlansa öz amallary we çykyşlary hakda köpräk dykgat etjekdir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- menlikli bolmak ynsany hudaýyň barabarynda näşükür edipde onuň soňuny küfre baryp ýetirjekdir .

2- eger ynsan özüni bir damja suwdan emele gelendigine we soňda bir maslyga öwrüljekdigine oýlansa, ol kapyrlyk etmekden we menliklenmekden saklanjakdyr.

3- perwerdigär hak ýoluny saýgaryp başarmak ýoluny ynsan üçin aňsat edendir we onuň gyşyk ýola gidip küfre duçar bolmagy üçin hiç bir bahanasy boljak däldir.

 

//////////////