Nov 15, 2025 14:30 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1074, süre Äbäsä, aýat 24-42

bölüm 1074, süre Äbäsä, aýat 24-42

راهی بسوی نور (1074)

Äbäsä süresi, 24, 25, 26, 27, 28, 29, 30, 31 we 32-nji aýatlar:

فَلْیَنْظُرِ الإنْسَانُ إِلَى طَعَامِهِ ﴿٢٤﴾ أَنَّا صَبَبْنَا الْمَاءَ صَبًّا ﴿٢٥﴾ ثُمَّ شَقَقْنَا الأرْضَ شَقًّا ﴿٢٦﴾ فَأَنْبَتْنَا فِیهَا حَبًّا ﴿٢٧﴾ وَعِنَبًا وَقَضْبًا ﴿٢٨﴾ وَزَیْتُونًا وَنَخْلا ﴿٢٩﴾ وَحَدَائِقَ غُلْبًا ﴿٣٠﴾ وَفَاکِهَةً وَأَبًّا ﴿٣١﴾ مَتَاعًا لَکُمْ وَلأنْعَامِکُمْ ﴿٣٢﴾

<< Onda ynsan öz iýmitine garasyn // biz ýagyn görnüşinde asmandan suw inderdik // soň toragy ýagşy suratda böwüsdik // soň (toragyň içinde) dänr baryny gögertdik // şeýlede üzümi we gök otlary // we zeýtuny we hurma agagyny // we bol agaçly baglary // we miwäni we otly ýaýlymlary // tä siz we mallarňyzyň  olardan haýyrlanar ýaly. >>

Geçen aýatlarda ölüleriň kyýamatda direlip topragyň astyndan çykýandyklaryna yşarat bolany soň bu aýatlarda ynsanyň ýaşaýyşynyň dowam tapyp onuň ösüp eklenmegine gerek bolan iýmite we onuň kesgitliji roluna üns berilip nygtalýar sebäbi eger ynsana iýmit-damak ýetmese ol çagalykda ýok oljakdyr şol sebäpli soňraky aýatlarda ynsana bähbitli bolan bir näçe iýmit damaga yşarat bolýar. Bu arada ajaýyp zat şudyr welin olaryň hemmesi ösümliklerden ele gelýändirler bu mesele hem ösümlikleriň we durly däneleriň we miweleriň ynsanyň iýmitlenmeginde möhüm roldan paýly bolandygy sebäplidir. Bu aýatlarda suwuň ähmiýetine hem yşarat bolandyr. Suw ýaşaýyşyň düýp- maýasydyr we ol perwerdigäriň lutfy keremi bilen asmandan ýagyş suratynda inýändir. Akarlar, çeşmeler , karyzlar we suwuň guýylary , öz suw süýşürintgilerini ýagyndan üpjün edýändirler we olaryň çeşmesiniň hemmesi ýagyndan gözbaş alýandyr.

Hudaýyň yradasy bilen topragyň içinde jaýlanan däne bir tarapdan ýagynyň inmegi bilen gomda kök urup başaşak gidýän bolsa ýene bir tarapdan topragy böwsüp ýeriň ýüzüne çykýandyr.

Hakykatda biz her gün 3 wagtda iýýän iýmit damaklarymyzy göni ýada göni bolmadyk tärde ösümliklerden , dänelerden we otlardan taýýarlaýandyrys hatda iýýän durly miwelerimiz hem toprakdan emele gelýändir. olaryň etlerinden we süýtlereinden haýyrlanýnan mallarymyz hem , toprak arkaly önderilen ösümlikler we gök otlardan iýmitlenýändirler . bu aýatlarda , iýmit taýdan degerli we baý bolan üzüm , sebzi , zeýtun we hurma maddalara yşarat bolandyr soň hem durly miwelerden paýly bolan köp agaçly baglara yşarat bolýar.

Elbetde bu aýatlarda ynsanda öz iýmitine karamaly diýmekden maksat ýüzleý suratda iýmit damagyny gözlemek dälde eýsem onuň ajaýyp durkyna we gurulşygyna oýlanmak we dykgat etmekdir. Hakykatda ynsan iýmit maddalaryň keşbine oýlanmak bilen alla tagalanyň ösümlikleri ösdürmekdäki gudratyna üns berip şükürli bolmak ruhyýany özünde daýandyryp bilýändir. ähli beit (a) hem iýmit damakdan maksat diňe ynsanyň garnyna girýän maddalar dälde eýsem adamyň öz pikri iýmitini hem kimlerden alýandygyny we ruhyny näme zatlardan iýmitlendirýändigini bilmelidir ýene bir ybaratda ynsan öz ylymdyr ägäliginiň haýsy ýerden suw içýändigine dykgat durmalydyr sebäbi egerde onuň alýan maglumatlary pasyt bolsa ol ynsanyň ruhyny we janyny howpa düşürip ony heläklejekdir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsany pikir taýdan ösdürip ony kemal derejelerine ýakynlaşdyrmaýan iýmitler we içgiler hakykatda haýwanlyk işlerdir we ynsanyň ornuny haýwanlaryň derejesine çenli pese düşürýändir.

2- ýagynyň ýagmagy we ösümlikleriň ösüp ýeriň içinden çykmagy, dünýede kyýamatyň sahnasynyň bir nushasydyr.

3- üzüm , hurma we zeýtun ýaly kä miweleriň atlary ençeme gaýtar gurhanda getirlendir bu mesele hem olaryň ynsanyň iýmitlenmeginde möhüm orunlarynyň bardygyny görkezýändir.

Äbäsä süresi, 33, 34, 35, 36, 37, 38, 39, 40, 41 we 42-nji aýatlar:

فَإِذَا جَاءَتِ الصَّاخَّةُ ﴿٣٣﴾ یَوْمَ یَفِرُّ الْمَرْءُ مِنْ أَخِیهِ ﴿٣٤﴾ وَأُمِّهِ وَأَبِیهِ ﴿٣٥﴾ وَصَاحِبَتِهِ وَبَنِیهِ ﴿٣٦﴾ لِکُلِّ امْرِئٍ مِنْهُمْ یَوْمَئِذٍ شَأْنٌ یُغْنِیهِ ﴿٣٧﴾ وُجُوهٌ یَوْمَئِذٍ مُسْفِرَةٌ ﴿٣٨﴾ ضَاحِکَةٌ مُسْتَبْشِرَةٌ ﴿٣٩﴾ وَوُجُوهٌ یَوْمَئِذٍ عَلَیْهَا غَبَرَةٌ ﴿٤٠﴾ تَرْهَقُهَا قَتَرَةٌ ﴿٤١﴾ أُولَئِکَ هُمُ الْکَفَرَةُ الْفَجَرَةُ ﴿٤٢﴾

<< bes şol elhenç ses eşidelen mahaly // ynsanyň öz dogunyndan gaçýan gününde // we enesinden we atasyndan // we başdaşyndan we perzentlerinden gaçýan gününde // şol gün her kim öz başy bilen gaýdyr (we başgalaryň dadyna ýetişmääge wagty ýokdur) // käleri görersiň welin ýüzleri ýalpyldap durandyr //  ýüzlerinde gülki we şatlyk bardyr // käleri hem görersiň welin ýüzlerini gubar basandyr // we tüm-garaňkylyk olary gurşap alandyr // olar şol pasyk kapyrlardyr. >>

Äbäsä süresiniň soňky aýatlary bolan bu aýatlat kyýamatyň sahnasyny teswirleýändir we ynsanlara şolardan habarly bolmak bilen dünýede öz işleri hakda esewan bolmaklaryny tapşyryp kyýamatda kowum-garyndaşlardan olara hiç peýdaň bolmajakdygyny ýatlaýandyr . deslap kyýamat güni elhenç sesiň eşidiljekdigine yşarat bolup şeýle permaýyş edilýär : kyýamatda ynsanlar eklhenç ses bilen toprakdan örjekdirler . ol ses şeýle bir imendirji boljakdyr welin ynsany özünden başga bütin zatlardan gapyl edip ony bütin baglanşyklardan üzjekdir. Olar öz ene atalary , başdaş ýa perzentleri we doganlarynyň gözleginde bolmany hatda olary görseler-de  görmedik ýaly bolup olardan gaşjakdyrlar . sebäbi şol mahalda her kim öz işlerine oýlanyp başy bilen gaý boljakdyr we beýlekilere üns bermeklige wagt etjek däldir . olar ne biriniň ýükini galdyryp başarjakdyr nede ýene birinden kömek alyp biljekdir. aýatlaryň dowamy , adamlaryň kyýamatdaky ýagdaýlaryna yşarat edýär. kyýamatda her kimiň işleriniň täsirleri we onuň akydalary olaryň keşplerinde peýda we äşgär boljakdyr . käler şeýle bir hoşhal we şat boljakdyrlar welin imanyň ýagtylygy we nury olaryň keşibinde görünjekdir. olar behişte tarap barýan ýagdaýlarynda şatdyrlar. käleriň ýüz gözleri gara ört bolup olaryň keşpleri tüm garaňkylykda bolup ýüz gözlerinde nur boljak däldir. olar şeýle bir gam we dert bilen aglamyşlap dowzaha tarap gitjekdirler, bu topar şol kapyrlar we pasyklardyrlar we dünýede hiç haçan ýaramaz işlerden saklanan däldirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- içeri maşgala düzgüni kyýamatda çaşyp aradan aýrylýandyr.

2- dünede öz geljekleriniň pikrinde bolup , içeri maşgala we gowum garyndaşlyk ýaly baglanşyklar olary ters ýola çekmän kişiler kyýamatda bagtyýar boljakdyrlar.

3- behiştileriň keşpleri şat we hoşhal we açykdyr we şu hili keşbiň özi bir degerlikdir.

4- kapyçylyk we günäň içgin garaňkylygy , kyýamatda günäkärleriň keşplerinde peýda bolup erbet ýürekli ynsanlar şeýle bir günde belli we äşgär boljakdyrlar.

 

/////////////

Äbäsä süresiniň soňy