Nov 16, 2025 10:01 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1075, süre Täkwir, aýat 1-14

bölüm 1075, süre Täkwir, aýat 1-14

راهی بسوی نور (1075)

Täkwir süresi

Gurhany kerimiň mübärek täkwir süresi 29 aýatdan ybarat bolup Mekgede inen süreleriň biridir. bu sürede indiki jahanyň başlangyjyna we bu dünýäniň soňunda ýüze çykjak wakalara yşarat bolýar bu ýene bir bölüminde hem gurhanyň ýokary ornundan gürrüň bolýar .

Täkwir süresi, 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8 we 9-njy aýatlar :

إِذَا الشَّمْسُ كُوِّرَتْ (1) وَإِذَا النُّجُومُ انكَدَرَتْ (2) وَإِذَا الْجِبَالُ سُيِّرَتْ (3) وَإِذَا الْعِشَارُ عُطِّلَتْ (4) وَإِذَا الْوُحُوشُ حُشِرَتْ (5) وَإِذَا الْبِحَارُ سُجِّرَتْ (6) وَإِذَا النُّفُوسُ زُوِّجَتْ (7) وَإِذَا الْمَوْؤُودَةُ سُئِلَتْ (8) بِأَيِّ ذَنبٍ قُتِلَتْ (9)

<< günüň düýrlenjek zamany // we ýyldyzlaryň sönjek mahaly // we daglaryň herekete düşjek wagty // we gymmatly baýlyklaryň ätiberlip unudyljak mahaly // we ýaban haýwanlaryň mähşur bolup bir ýerde ýygnanjak mahaly // we deňizleriň tutaşyp joşa geljek zamany // we janly zatlaryň öz jübitlerine birikjek mahaly // şonda dirilikde gömülen gyzlardan soraljak // "haýsy günä üçin öldürildiňiz” Diýlip. >>

Bu aýatlar bu dünýäniň soňunda we kyýamatyň bosagasynda ýüze çykjak imendiriji hadysalary beýan edýär . deslap güneşiň ýagdaýyna görä yşarat edýär . aýtmak ýerli gün, şämsi mänzumanyň merkezinde ýerleşip ýanyp duran ýyldyzdyr we hemme ýere hem ýagtylyk saçýandyr. Ylmy taýdan her bir sekuntda günüň agramyndan 4 milion tonna energiýa öwrülip onuň göwrüminden azalýandygy belli bolandyr bu gidiş bilen günüň ömri gutarýança dowamly boljakdyr. Gurhan bu aýatlarda açaçan bu jahanyň soňunda ýüze çykjak hadysa yşarat edýär we ol hem günüň düýrlenip sönmegidir bu mesele hem gurhanyň ylmy mugjyzalaryndandyr. elbetde bu gopgun şarlaryň arasynda bar bolan düzgüniň bozulmagyndan bir nyşana we alamat hem bolsa bolamalydyr. Kyýamatyň başlangyjynda ýüze çykjak hadysalaryň ýene biri asmanda parlap duran ýyldyzlaryň sönmegidir we olar hem güneş ýaly nursyz we garaňky boljakdyrlar. soňraky aýatlarda bu iki asmanlyk alamatlardan soň daglaryň ýerden goparylyp olaryň bölek-bölek boljakdyklary beýan edilýär . kyýamatyň bosagasynda ýüze çykjak ýene bir waka hem ynsanlaryň kyýamatyň gelmeginden gala-gup bolup öz baýlyklaryny we mallaryny goýup diňe özlerini gutuldyrmaga pikir etmekleridir. Bäşinji alamat, haýwanlaryň geň hereketleridir olar ýünekei boluşlarynda birek-birekden gorkup bir birinden gaçýan bolsalar kyýamatyň başyndan ýer şarynda ýüze çykýan wakalardan gorkup öz ýaşaýan mekanlaryndan çykyp gorkyjyndan bir mekanda ýygnanjakdyrlar. derýalaryň suwlarynyň joşmagy hem kyýamatda ýüze çykjak alamatlaryň altylanjysydyr. şol ýagdaýda hem bu alamatlar görnüp başlananda ynsanlar hem öz amallary we çykyşlary esasynda özlerine meňzeş adamlar bilen diýmek ýagşylar ýagşy kişiler bilen ýamanlar hem ýamanlar bilen hemra boljakdyrlar. aýatlaryň dowamynda arabyň nadanlyk döwürlerinde bar bolan elhenç wakalaryň birine yşarat bolýar ol hem gyzlaryň dirilikde gömülmekleridir. perwerdigär şol zamanda bu mazlum çagalaryň ganlaryny sorap şeýle bir rähemsizlik bilen öz perzentlerini öldüren müşrüklerden "olaryň günäleri nämedi we haýsy ýazyk üçin olary diri gömdüňiz" diýip sorajakdyr . taryhy rowaýatlar esasynda müşrükleriň şeýle bir işden bolan delilleri olaryň gaty ýoksul bolmaklary ýada ýersiz ýere gaýratly bolup olaryň öz gyzlarynyň duşmanlar we kesekiler arkaly ýesir bolmaklaryndan howp edip şeýle bir işe baş goşmaklarydyr elbetde häzirki medeniýetli dünýede hem şeýle bir jenaýatlar başgaça görnüşlerde ýüze çykýandyr . eger gadym nadanlyk döwürde kä bir adamlar akylsyzlyk ýüzünden şeýle bir wahşyçylykly işe baş goşan bolsalar bu iş öňde baryjy nadanlyk medeniýetinde hem dogudy düşürmek ýaly azatlyklaryň galybynda kanuny suratda kä bir ýurtlarda ýörgündir . gadym nadanlyk asrynda dogutlary dünýä inmekden soň öldürýän bolsalar häziri täze nadanlyk asyrda hem olar eneleriň göwresinde öldürýändirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- kyýamatyň bosagasynda dünýe zemin we asmanda bar bolan düzgün özgerip çaşjakdyr.

2- ynsanlaryň we haýwanlaryň ýaşaýyşlaryna häkim bolan düzgün hem kyýamaty bosagasynda özgürüp kyýamatyň elhenç wakalarynyň tasiri astynda boljakdyr.

3- ýaşamak her bir ynsanyň belli hakydyr we hiç bir kim hatda ene ata hem ony beýlekilerden alyp başarmaga hakly däldir

4- mazlumdan arka çykmak musulman bolmasada ylahy emirdir we ýaş ýada jynys onda rully däldir. mysaly geçen döwürlerde dirije gömülýän dogutlar musulman däldiler . emma yslam şeýle bir “ýaramaz we howply waka bilen güýçli suratda garşylyk görkezendir.

Täkwir süresi, 10, 11, 12, 13 we 14-nji aýatlar :

وَإِذَا الصُّحُفُ نُشِرَتْ (10) وَإِذَا السَّمَاء كُشِطَتْ (11) وَإِذَا الْجَحِيمُ سُعِّرَتْ (12) وَإِذَا الْجَنَّةُ أُزْلِفَتْ (13) عَلِمَتْ نَفْسٌ مَّا أَحْضَرَتْ (14)

<< we amal depterleri açyljak mahaly // we asmanyň öz jaýyndan goparyljak wagty // we dowzahyň odunyň alawlajak mahaly // we haçanda behiştiň (öz ähli üçin) ýakyn getirilen mahaly // şonda hekim özüniň näme tedärik görendigini biler. >>

Ýer, asman we diri närseler üçin köp howply hadysalaryň ýüze çykmagynyň yzy bilen dünýä, kyýamatyň dikelmegine taýýar bolýandir , ynsanlar allanyň adyl dywanynda taýýar bolup olaryň amal depderleri ellerine beriljekdir. Şonda ol öz amal depderlerini görenleri soň özüniň uly-kiçi işleriniň ne çende dykkat bilen ýazga geçirilendigini biljekdir . şol ýagdaýda adam oglunyň gözünden örtgi aýyrylyp dünýede göz bilen gorup bolmaýan perişdeler aýan boljakdyrlar . dünýede görünmeýän behişt we dowzah hem äşgär boljakdyr. We ýagşylar we ýamanlar öz amallary boýunça behişte ýa-da dowzaha ýakynlajakdyrlar olar öz bütin işleriniň yzgelimlerine şaýat bolup amallarynyň netijelerini görýändirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- perwerdigär ynsanlaryň bütin amallarynda ägä bolup öz ylmy esasynda gazawatçylyk edýän bolsada hudaýyň gazawatçylygyndan öňürti ynsanlar öz amal perwendelerini görýändirler . hak tagalanyň gazawatçylygyny görüpde ganagatlanar ýaly.

2- kyýamatda hejap we örtgiler aradan aýyrylyp ynsanlar dünýede duýmaýam hakykatlaryny şol mekanda duýjakdyrlar.

 

////////////