Nov 17, 2025 09:36 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1077, süre Infetar , aýat 1-19

bölüm 1077, süre Infetar , aýat 1-19

راهی بسوی نور (1077)

Infetar süresi

Infetar süresi Mekgede inendir we onuň 19 aýaty bardyr bu sürede beýleki Mekgi sürelerde bolşy ýaly köplenç kyýamat hakda gürrüň bolýandyr.

Infetar süresi, 1, 2, 3, 4 we 5-nji aýatlar :

إِذَا السَّمَاءُ انْفَطَرَتْ ﴿١﴾ وَإِذَا الْکَوَاکِبُ انْتَثَرَتْ ﴿٢﴾ وَإِذَا الْبِحَارُ فُجِّرَتْ ﴿٣﴾وَإِذَا الْقُبُورُ بُعْثِرَتْ ﴿۴﴾ عَلِمَتْ نَفْسٌ مَا قَدَّمَتْ وَأَخَّرَتْ ﴿۵﴾ 

<< asmanyň böwsilen mahaly // we ýyldyzlaryň çaşýp döküljek wagty // we deňizleriň bir- birine birikjek mahaly // we gabyrlaryň agtar- düňter boljak mahaly // şol wagytda her kimse öňden ýada soňra iberen zadyny bilýändir. >>

Gurhany kerimiň durly sürelerinde gelen aýatlara görä dünýe kyýamatyň bosagasynda çaşyp älem-jahanda bar bolan düzgün dargajakdyr , ýyldyzlar öz aýlanýan medarlaryndan daşary çykyp bir-birleri bilen çakyşyp ýok boljakdyrlar. ýer şarynda hem sarsgynlar bolup daglar dargap derýalaryň suwlary ýeriň ýüzüni aljakdyr. ýer ýarylyp daglar od pyşgyrjakdyrlar . we olardan çykýan gyzgyn we ergin matyrýalar deňizlere tarap akyp onuň suwuny hem gaýnatjakdyr şeýlelik bilen bu jahan ýok olup ahyretiň täze dünýesi dikeljekdir we onuň hem özüne mahsus kada-kanunlary we düzgünleri boljakdyr. Täze düzgünde ýaşaýyş ýaňadandan başlanyp ölen ynsanlar toprakdan örjekdirler we dünýede , agaçlaryň we ösümlikleriň toprakdan çykyp ösümlikler ýaly olar ýerden galjakdyrlar. bir dänäniň topragyň içinde bolýan mahalynda ondan bir kämil agajyň emele gelşi ýaly, ölen adamyň DNA-nden hem ženetik ýollar arkaly ynsany kyýamatda ýaňadan ýasamak mümkindir. kyýamat ýüze çykanysoň ynsan , ylahy adyl dywanda huzurly bolup öz işlerine jogap bermeli boljakdyr. onuň eline berilýän amal depterden aýry ynsan özüniň dünýäde näme işleri edendigini we öz amal depterinde näme zatlaryň bardygyny bilýändir. hakykatda ynsanyň işleri 2 hillidir öz ýaşaýyşynyň zamanynda ýerine ýetiren işleri şeýlede onuň ölüminden soň onuň işleriniň täsirleri ölen adama ýetişip durjakdyr.  Meselem bir adam dirikä medrese , metjid we keselhana ýaly peýdaly mekanlary guran bolsa onuň täsirleri ol adam ölen soň hem oňa ýetişip durjakdyr. ynsan dirikä öz işlerinden ägädir emma hakykatda öz ýagşy we ýaman işleriniň soňraky yzgelimlerinden hem habarly boljakdyr . yslamy rowaýatlarda gelşine görä her kim ýagşy amaly il arasynda däp etse, hemä öz işleriniň netijesinden hemde beýlekileriň şol işlere eýermekden hasyl bolýan sogapdan paýly boljakdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- jahandaky düzgün mudymlyk däldir we dünýäni ýaradan taňry yrada etse ony edip bilýändir.

2- Maad jysym bilen boljakdyr we şoda, ölen ynsanlar öz jysmlary bilen öz görlerinden turjakdyrlar.

3- kyýamat , ägälik günidir we ynsanlar öz ýaşaýyşynda we ondan soňraky döwürlerden ýüze çykan ýagşy ýaman işlerinden doly habarly ediljekdirler.

Infetar süresi, 6, 7, 8, 9, 10, 11 we 12-nji aýatlar :

یَا أَیُّهَا الإنْسَانُ مَا غَرَّکَ بِرَبِّکَ الْکَرِیمِ ﴿۶﴾ الَّذِی خَلَقَکَ فَسَوَّاکَ فَعَدَلَکَ ﴿٧﴾ فِی أَیِّ صُورَهٍ مَا شَاءَ رَکَّبَکَ ﴿٨﴾ کَلا بَلْ تُکَذِّبُونَ بِالدِّینِ ﴿٩﴾ وَإِنَّ عَلَیْکُمْ لَحَافِظِینَ ﴿١٠﴾ کِرَامًا کَاتِبِینَ ﴿١١﴾ یَعْلَمُونَ مَا تَفْعَلُونَ ﴿١٢﴾

<< eý ynsan! näme zat seni , kerim perwerdigäriň garşysynda menliklendirdi? // ol seni ýaratdy we seň ynnam agzalaryňy sazlaşykly edip goydy // ol islese sizi (bu gözel keşipden aýry) şekillerde hem ýaradyp bilýärdi // şonda-da siz kyýamat gününi ýalan bilýärsiňiz // we şeksiz size (perşdelerden bolan) gorwullary belläp goýandyr // (olar siziň amallaryňyzy ýazýan) hormatly kätiplerdirler // olar siziň edýän her bir işiňizden habarlydyrlar. >>

Bu aýatlar ynsana ýüzlenip şeýle permaýyş edýär : näme zat siziň perwerdigäriň garşysynda durup pahyrlanyp menlikli bolmagyňyza sebäp boldy? ol perwerdigär sizi ýaradandyr we bütin okyplaryň we güýjüňiz we gudratyňyz hem ondandyr we ol öz lutfy keremi bilen hiç bir zady sizden gaýgyran däldir. perwerdigär sizi degersiz bir damja suwdan rähemiň garaňkylygynda ýaratdy we sizi iň oňat suratda düzgünleşdirdi bütin endam agzalaryňyzy gözel şekilde ýaradyp ennam agzalaryňyzy hem sazlaşdirdi. gurhany kerimiň Tin süresiniň 4-nji aýatynda hem gysga ybarat bilen ynsanyň şeýle bir gelşikli suratda ýaradylandygyna yşarat bolandyr. Hakykatda ynsanyň perwerdigäriň garşysynda menlikli bolmagynyň göz başy onuň hudaýyň dinini we jeza gününi inkär etmegine dolanýandyr. ol öz işleriniň hasap-kitapsyz mykam diýip guman edýändir emma perwerdigär bütin ynsanlara goragçylary karar berip olaryň her bir amallaryny ýazga geçirýändir. Bu perişdeler kerim we hormatlydyrlar we olar elmydama biziň işlerimize habardar bolup ony ýazga geçirýändirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1-Gaflatda bolup menliklenmek , ynsana uly äpetdir we onuň öz işleriniň yzgelimlerinden gapyl galmagyna sebäp bolýandyr.

2- hudaýyň ynsana bolan lutfy keremi çäksizdir we şeýle bir rahmat ynsanyň bütin ýaşaýyşynda äşgärdir.

3- perişdeler älem jahanyň buýrukçylarydyr olar ynsany gorap onuň işlerini ýazga geçirmeklige borçlydyrlar.

Infetar süresi, 13, 14, 15, 16, 17, 18 we 19-njy aýatlar :

 إِنَّ الأبْرَارَ لَفِی نَعِیمٍ ﴿١٣﴾ وَإِنَّ الْفُجَّارَ لَفِی جَحِیمٍ ﴿١۴﴾ یَصْلَوْنَهَا یَوْمَ الدِّینِ ﴿١۵﴾ وَمَا هُمْ عَنْهَا بِغَائِبِینَ ﴿١۶﴾ وَمَا أَدْرَاکَ مَا یَوْمُ الدِّینِ ﴿١٧﴾ ثُمَّ مَا أَدْرَاکَ مَا یَوْمُ الدِّینِ ﴿١٨﴾ یَوْمَ لا تَمْلِکُ نَفْسٌ لِنَفْسٍ شَیْئًا وَالأمْرُ یَوْمَئِذٍ لِلَّهِ ﴿١٩﴾

<< şeksiz salyhy adamlar naz-nygmatyň içindedirler // we günäkärler hem lawurdap duran oduň içindedirler // jeza gününde oňa girerler // we bir salym-da ol  otdan daşlaşyp bilmezler // we sen jeza günüň nähili gündigini bilýärmisiň? // we ýenede jeza günüň nähili gündigini bilýärmisiň? // şol günde hiç kim ýene biriniň azabyny dep edip bilmez we şol günde emir diňe allanyň emridir. >>

 Bu aýatlar boýunça ynsanlar kyýamatda 2 topara bölünýärler ýagşylar we ýamanlar. Ýagşy adamlar, arasta niýetde bolup ýagşy işleri ýerine ýetirýän adamlardyr emma ýaman adamlar hem ýa ýamanlyk ýüzünden ýüzleýi suratda ýagşy işleri ýerine ýetirýän kişilerdir ýada olaryň hemä amallary hemde niýetleri erbetdir we olar pasykdyrlar we hapalyga giriftardyrlar päk adamlar hem behiştiň nygmatlarynda mudymlyk peýdalanýandyrlar we erbet kişiler hem dowzah oduna duçar bolup birje salym hem ondan gutulyp bilýän däldirler. Bu aýatlar , şeýle bir uly günüň ähmiýetini ýatlamak üçin 2 gaýtar sen şol günüň nähilidigini ne bilýärsiň diýip nygtaýar. Kyýamatdan hatda hezreti resuly äkrem(s) şol maad hakdaky ägäligi we maglumaty bilen onuň nähilidiginden habarly daldir we onuň haçan ýüze çykjakdygyny bilýän däldir . şeýlede hiç kim ýene biri hakda bir işi edip ony dowzahdan gutuldyryp başarjak däldir ýada ony behişde salyp biljek däldir meger hudaýyň islegi we yradasy bolmasa. şol günde hiç kimiň erik ygtyýary ýok we bütin işler hudaýa degişlidir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1-Kyýamatda ýagşylaryň we ýamanlaryň ýazgytlaryny deňäp görmek bilen mudymlyk sagadata we bagtyýarlyga sebäp boljak ýoly saýlap başarjakdiris.

2- kyýamatyň ýagdaýy ynsanyň akly we tejribe ylymlary bilen düşnükli däldir we onuň bilen tanyş bolmagyň ýoly diňe ylahy wahydyr.

3- kyýamatda hiç kim öz gowum garyndaşlaryndan ýada dost ýarlaryndan kömek alyp başarýan däldir we her kim öz işlerine jogapkärdir.

 

/////////////

Infetar süresiniň soňy