bölüm 1078, süre Mutäffefin, aýat 1-17
bölüm 1078, süre Mutäffefin, aýat 1-17
راهی بسوی نور (1078)
Mutäffefin süresi
Mutäffefin süresi Mekgi süreleriň sanyndan bolup 36 aýatdan ybaratdyr. Bu sürede beýleki Mekgi sürelerde bolşy ýaly kyýamatda hasap kitabyň ediljegine yşarat bolýandyr şeýlede kyýamatda ýagşylaryň bilen betkärleriň ýazgytlaryny deňişdirip ynsanlara sagadat ýoluny görkezilýändir.
Mutaffefin süresi, 1, 2, 3, 4, 5 we 6-njy aýatlar :
وَيْلٌ لِّلْمُطَفِّفِينَ (1) الَّذِينَ إِذَا اكْتَالُواْ عَلَى النَّاسِ يَسْتَوْفُونَ (2) وَإِذَا كَالُوهُمْ أَو وَّزَنُوهُمْ يُخْسِرُونَ (3) أَلَا يَظُنُّ أُولَئِكَ أَنَّهُم مَّبْعُوثُونَ (4) لِيَوْمٍ عَظِيمٍ (5) يَوْمَ يَقُومُ النَّاسُ لِرَبِّ الْعَالَمِينَ (6)
<< Wý bolsun az satýanlaryň halyna // haçanda ilatdan almaly bolanlarynda peýmanany dolduryp alýarlar // olara bemeli bolanlarynda az ölçäp berýärler // olar , megerde kyýamatda mähşur boljakdyklaryna şek edýärlermi? // ol ulug günde // ilatyň älem-jahanyň perwerdigäriniň garşysynda dik durjak gününde. >>
Yslamy medeniýetinde dindarlyk diňe hudaýy ybadat etmek we namaz, oraza we haj ýaly ybady myrasymlary ýerne ýetirmeklik däldir eýsem susial we yktysady aragatnaşyklar hem beýleki ynsanlaryň hak hukuklaryny goramak hem dini bernamalaryň sanyndan hasaplanýandyr. gurhan aýatlaryň köpüsinde we hudaý resuly şeýlede ähli beýit (ä)ň köp rowaýatlarynda ilatyň hukuky beýan edilip olary göz öňüne almaklyk hem nygtalandyr. bu aýatlar yktysady alyş-berişleriň äpetleriniň birine yşarat edip az satmaklygy ýazgarýar . bu aýatlarda alla tagala haryt etmekde ýada satmakda garşydaky tarapyň hakyndan azrak zady oňa tölemek barada duyduryş berýär we eger dünýede hem bir kişi bilipde sizden hysarat talap etmesede bu iş ylahy depterde bitdirilip bu işi eden adam kyýamatda ilatyň hakynyň zaýlanmagy hakynda jogap gaýtarmaly bolar. bu aýatlarda möhüm bolup durýan meseleleriň ýene birisi şudur welin onda garşydaky tarapyň möminligi hakda gürrüň bolan däldirde eýsem Nas sözünden söhbet bolandyr dimek bütin adamlary öz içine alýandyr ýene bir ybaratda ilatyň hukukyny göz öňüne almagyň şerti olaryň mömin bolmagy däldir eýsem her kim her kowum , her nyžat, mezhep we mektepden bolsada onuň köpçülikdäki hak hukuky göz öňüne alynmalydyr . şeýlede kyýamata ynamly bolmakdan gürrüň bolan däldir sebäbi hatda bir kyýamatyň boljakdygyna gumanly bolmak hem ýeterlikdir we ol ynsanlary köp günälerden we teleke işlerden alyp galýandyr mysaly şu dünýedäki ýaşaýyşda hem bir imit-damagyň şübheli bolaýmagyna gumanly bolmak we onuň zäherlenmegine şübheli bolmak adamy şol damagy iýmekden alyp galýandyr . hatda eger şol damak tagamly we süýji bolsada ynsan ony iýmkden saklanýandyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- az satmaklyk diňe satyjylara we tüjjärlere mahsus däldir eýsem mugallymlary , işçilerei , injinerleri , tebipleri we ýene köp işleriň eýelerini öz içine alýandyr we olar, köpçülikde ýerne ýetirýän hyzmatlarynda kemçilik goýbermeli däldirler.
2- yktysady düzgünlik we köpçülikde adalaty göz öňüne almaklyk taryh boýunda ylahy pygamberleriň esasy bernamalaryndan bolandyr.
3-kyýamatyň berhaklygyna ynamly bolmak hatda guman mukdarynda bolsada ol ynsany köp günälerden alyp galýandyr we şeýle bir ynam ygtykat köpçülikde daýandyrylmalydyr şol sebapli köp yktysady pysatçylyklaryň öňüni almagyň ýoly hem ýüreklerde kyýamatyň ýadyny diri saklamakdyr.
Mutaffefin süresi, 7, 8, 9, 10, 11, 12, 13, 14, 15, 16 we 17-nji aýatlar:
كَلَّا إِنَّ كِتَابَ الفُجَّارِ لَفِي سِجِّينٍ (7) وَمَا أَدْرَاكَ مَا سِجِّينٌ (8) كِتَابٌ مَّرْقُومٌ (9) وَيْلٌ يَوْمَئِذٍ لِّلْمُكَذِّبِينَ (10) الَّذِينَ يُكَذِّبُونَ بِيَوْمِ الدِّينِ (11) وَمَا يُكَذِّبُ بِهِ إِلَّا كُلُّ مُعْتَدٍ أَثِيمٍ (12) إِذَا تُتْلَى عَلَيْهِ آيَاتُنَا قَالَ أَسَاطِيرُ الْأَوَّلِينَ (13) كَلَّا بَلْ رَانَ عَلَى قُلُوبِهِم مَّا كَانُوا يَكْسِبُونَ (14) كَلَّا إِنَّهُمْ عَن رَّبِّهِمْ يَوْمَئِذٍ لَّمَحْجُوبُونَ (15) ثُمَّ إِنَّهُمْ لَصَالُوا الْجَحِيمِ (16) ثُمَّ يُقَالُ هَذَا الَّذِي كُنتُم بِهِ تُكَذِّبُونَ (17)
<< olaryň guman edişleri ýaly däldir, eýsem betkärleriň amal depterleri sejjendedir // we sen sejjiniň nämedigini bilip bilmersiň? // ol, ýüze çykmagynda şek bolmadyk ýazylan takdyrdyr // şol gün tekzyp edijileriň ýagdaýy waydyr // olar jeza gününi inkär edýän adamlardyr // günäkärlerden aýry hiç kim ony inkär edýän däldir // haçanda biziň aýatlarymyz oňa okalanda aýdar "bu zatlar geçmişdäki ertekileridir” diýip // hergiz beýle däldir, ýöne olaryň eden etmişleri olaryň ýüreklerini posladandyr // hergiz beýle däldir ýöne olar şol günde öz perwerdigärleriniň lutfy kereminden mahrumdyrler // soň şübhesiz dowzaha girjekdirler // onsoň olara aýdylar "bu zat, siziň şol ýalan bilýän zadyňyzdyr” diýip. >>
Tereziden ogurlamak baradaky geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar şeýle permaýyş edýär : az satmaklyk we terezini ýeňil çekmeklik, ynsany başga günälere tarap iterýändir. sebäbi bu ýoldan ele gelýän gazanç haram lukmadyr we ol hem ynsanyň durkunda tersin täsir galdyryp ony pysada tarap hidaýat edýändir we elbetde pasyk we betkär adamlaryň kyýamatdaky ýazgytlary hem bellidir. Eger teleke ynsan toba etmese we kyýamatyň ýady ony erbet işlerden saklamasa onda günä işe aýak diremeklik ony hidaýat ýolundan daşaldyp onuň hatda gurhan aýatlaryny hem gadym yýamlaryň ertekileri ýaly görmeklerine sebäp boljakdyr . şeýle bir gyşarnyga duş bolan gümra ynsan pygamberleri ýalançy bilip olar ilaty gorkyzmak ugurda dowzah oduny ara atandyrlar diýip beýan etjekdirler. hakykat şudur welin ynsanyň kalby günä arkaly garalyp ony hakykaty saýgarmakdan mahrum edýändir we ony allanyň lutfy keremini duýmakdan alyp galýandyr. Şeýlelik bilen bu hili adamlar kyýamatda erbet ýazgyda duçar boljakdyrlar. aslynda ynsanyň ýüregi aýna ýalydyr we haçanda şeýle bir aýnanyň ýüzüni tot-tozan basyrsa ol asta-ýuwaşdan öz durylygyny elden berip bar bolan hakykatlary bolşy ýaly görkezip başarjak däldir. bu tot-tozanlar köňelse hem ol garalyp hiç bir nur ony ýagtylandyryp başarjak däldir . ynsan günä işlere aýak diremek bilen ruhy taýdan garaňkylykda gark bolup hatda günä işler hem onuň ýanyna gözel bolup jilwelenjekdir şeýle bir kişi dogry ýoly gyşyk ýoldan saýgaryp biljek däldir we soňda ol günä batgalygynda giriftar boljakdyr . bu bolsa adam ogluna iň howply zatdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- tereziden ogurlamak we ilatyň malyny iýmek oly günälerdendir ol din taglymatna ters gelmek bilen ynsany dinsyzlyga we kapyrlyga tarap çekýändir .
2-bir adam günä işe adat etse, onuň hatda hudaýyň kitabyny ýalan bilip pygamberleriň sözlerini hem mashara etmegi mümkindir.
3- günä işlere aýak diremek ynsanyň ýüregini garaldyp ony hakykatlary duýmakdan mahrum etjekdir.
4- ynsanyň çykyşlary we sözleri, onuň pikirlerinde we ynam-ygtykadlarynda täsir galdyryp ruhunyň özgermegine hem sebäp boljakdyr.
5- alla tagala ynsany , päk we sagdyn durky esasynda ýaradandir bu ynsan hem kä mahallarda günä aýak diremek bilen öz durkuny bulaşdyryp arasta gaýnamyny aradan aýryp bilýändir.
//////////////