Nov 17, 2025 11:14 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1079, süre Mutäffefin, aýat 18-36

bölüm 1079, süre Mutäffefin, aýat 18-36

راهی بسوی نور (1079)

Mutäffefin süresi, 18, 19, 20, 21, 22, 23, 24, 25, 26, 27 we 28-nji aýatlar:

كَلَّا إِنَّ كِتَابَ الْأَبْرَارِ لَفِي عِلِّيِّينَ (18) وَمَا أَدْرَاكَ مَا عِلِّيُّونَ (19) كِتَابٌ مَّرْقُومٌ (20) يَشْهَدُهُ الْمُقَرَّبُونَ (21) إِنَّ الْأَبْرَارَ لَفِي نَعِيمٍ (22) عَلَى الْأَرَائِكِ يَنظُرُونَ (23) تَعْرِفُ فِي وُجُوهِهِمْ نَضْرَةَ النَّعِيمِ (24) يُسْقَوْنَ مِن رَّحِيقٍ مَّخْتُومٍ (25) خِتَامُهُ مِسْكٌ وَفِي ذَلِكَ فَلْيَتَنَافَسِ الْمُتَنَافِسُونَ (26) وَمِزَاجُهُ مِن تَسْنِيمٍ (27) عَيْناً يَشْرَبُ بِهَا الْمُقَرَّبُونَ (28)

<< olaryň guman edişileri ýaly däldir eýsem ýagşy adamlaryň amal depterleri Elliýindedir // we elliýiniň nämedigini sen bilmersiň ? // ol ýazylan kitapdyr // we mukarribler ony görjekdirler // dogrudanda ýagşy kişiler naz-nygmatda bolarlar // tagtlaryň üstünde ýaplanyp gözlärler // olaryň keşiplerinden nygmatlaryň terligini we täzeligini duýjaksyňyz // möhür urlan içgiden içiriljekdirler // onuň möhüri müşükdendir we (oňa muştak bolup) ýaryşýanlar bir-birinden öňtelemelidirler // we (möhürlenen bu içgi) içine Täsnim goşulan (içgi)dir // ol çeşme, mugarripleriň içýän çeşmesidir. >>

Geçen gepleşikde , kyýamatda betkärleriň ýazgytlaryndan gurruň bolup olaryň orunlarynyň dowzahyň iň pes ýerinde we teýindedigine yşarat boldy . bu aýatlar , ýagşy kişileriň kyýamatdaky orun mertebelerine yşarat edip şeýle permaýyş edýär : olaryň amal hatlary ýokary we degerli mertebededir we onuň nähili belendlikde ýerleşen digi hatda gumanlara hem sygýan däldir we hiç kim onuň azamatyna göz ýetirip başarjak däldir . sebäbi alla tagala şeýle ýazgydy olara haslandyr we ylahy dergäde hurmatly bolan perişdelere we ylahy öwliýalar şeýle bir işe şaýatlyk berjekdirler.

Soň ýagşi kişileriň behiştdäki orun-mertebelerine yşarat edip olara has bolan kä bir ylahy nygmatlary sanap geçýär. Olaryň paýly bolan nygmatlaryny wasp edip bolýan däldir ol nygmatlar allanyň olara bolan ýörite lutfy hasaplanýandyr we olar hem ylahy jemalyň göz başy bolan şol nygmatlardan hezil alýandyrlar . behiştiler jennetde bar bolan gözel tagtlara ýassanyp behiştiň gözleri gamyşdyjy gözel nygmatlaryna ser edýändirler we çäksiz şat we hoşaldyrlar. We elbetde şeýle bir hoşluk olaryň keşiplerinde hem äşgärdir . dünýede şatlyk meýlislerde kapyrlar şerap içip mes boln bolsalar kyýamatda ylahy perişdeler arkaly behiştilere hödür-kerem edilip päk we ýakymly isden paýly bolan möhürli şerap olara beriljekdir. we ol şerap ynsanlaryň aklyna zyýanly däldir behişti içgiler ynsanda huş , akyl we şatlyk döredýändir we ýer ýüzünde şerapharlar arkaly ýüze çykýan her hili meslikden we ýaramaz çykyşlardan daşdyr bu behişti şerap olary , lezzetdir hoşlugyň uwjyna ýetirýär şol bir ýagdaýda olar ýaramaz sözleri beýan etmekden ýada erbet işlere baş goşmakdan daşdyrlar. bu bölümiň soňky aýatlary , şuhynly beýan bilen mömüinleri şeýle bir behişti ýokary mertebelere ýetmek ugurda we taýsyz nygmatlara ýetmek üçin ýaraşmaklyga çagyryp olary şeýle bir işe şuhlandyrýandyr.Bu aýatlaryň dowamynda , täsnim adly çeşmeden üpjin bolýan şeraba we içgä yşarat edilýär ol çeşmeden hem mukarrepler içip ondan haýyrlanjakdyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- dünýede alla tagala ynsanlary meslige giriftar bolmakdan alyp galmak üçin şeraby gadagan edendir emma kyýamatda onuň ýerini dolduryp behiştilere bir hili şeraby hödürlejekdir welin onuň hiç hili ýaramaz yzgelimleri ýokdur eýsemde ynsany şatlygyň owjyna ýetirýändir.

2- behişti nygmatlardan paýly bolmak we iýip içmek bir nygmatdyr we belent orundan behiştiň gözel ýerlerini tomuşa etmek ýene bir nygmat hasaplanýandyr.

3- dünýedäkiler gudrat we baýlyga ýetmek ugurda birek-birek bilen ýaryşýandyrlar emma möminler ahyretiň nygmatlaryny we behiştdäki ýokary derejeleri elgermek ugurda talaş edýändirler.

Mutäffefin süresi, 29, 30, 31, 32, 33, 34, 35 we 36-njy aýatlar:

إِنَّ الَّذِينَ أَجْرَمُوا كَانُواْ مِنَ الَّذِينَ آمَنُوا يَضْحَكُونَ (29) وَإِذَا مَرُّواْ بِهِمْ يَتَغَامَزُونَ (30) وَإِذَا انقَلَبُواْ إِلَى أَهْلِهِمُ انقَلَبُواْ فَكِهِينَ (31) وَإِذَا رَأَوْهُمْ قَالُوا إِنَّ هَؤُلَاء لَضَالُّونَ (32) وَمَا أُرْسِلُوا عَلَيْهِمْ حَافِظِينَ (33) فَالْيَوْمَ الَّذِينَ آمَنُواْ مِنَ الْكُفَّارِ يَضْحَكُونَ (34)‏ عَلَى الْأَرَائِكِ يَنظُرُونَ (35) هَلْ ثُوِّبَ الْكُفَّارُ مَا كَانُوا يَفْعَلُونَ (36)

<< betkärler dünýede elmydama möminlere gülýärdiler // we haçanda olaryň ýanyndan geçenlerinde birek-birege göz-gaş kakyp olary masgaralaýardylar // onsoň öýlerine dolanmaly bolanlarynda (möminleri masgaralandyklary üçin) hoşlyk edip dolanýardylar // we haçanda olary görenlerinde "şeksiz bu bolar gümradyrlar" diýip aýtýardylar // emma olar , mömüinlere gözüwçi ibermändiler // bes indi bu gün möminler kapyrlara gülýändirler // olar arkalaryny tagta berip duran hallarynda (kapyrlary) gözleýändirler // "kapyrlar öz eden- etmişleriniň jezasyna ýetdilermi?" diýip. >>

Bu aýatlar kapyrlaryň dünýede möminleri masgaralamaklaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : bu günki gün behişte dahyl bolýan kişiler dünýede köp kynçylyklara gabat gelendirler we alla tagala onuň ýerine olara şeýle bir uly paý padaş haslandyr olar dünýede durly şekillerde harlanyp masgaralanandyrlar emma şol bir ýagdaýda hem öz pikirlerinden we ýollaryndan saklanmany imanlarynyň ugurunda berk we gaýym durandyrlar. Kyýamata ynamlary bolmadyk günäkärler hem ilat arasynda mömüinleri masgaralaýardylar hemde özara ýygnaglarynda olar hakda ýaramaz sözleri aýdýardylar olar gölüp möminleri akylsyz , nadan we gümra kişiler diýip tanatýardylar . emma kyýamatda , iman ähli bolanlar dowzahylara gülüp şeýle aýdýarlar . siziň dünýede ýalan saýyp bizi şol sebäpli masgaralaýan zadyňyzy bu günki gün öz güzüňiz bilen gördüňizmi? Siziň dünýedäki gülkileriňiz nirededir? siziň malyňyz, baýlygyňyz we gudratyňyz indi nirededir? siz şolar bilen bizi kiçeldip masgaralaýardyňyz, indi biz gümradykmy ýada siz?

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- iman ähli bolanlar , günäkärler tarapyndan durly töhmetler we harlanmalar bilen ýüz be ýüz bolmaklyga taýýar bolmalydyrlar.

2- günäkärleriň ugur ýollarynyň biri olaryň şorta sözleri ýasapda möminleri masharalamaklarydyr.

3- günäkärler menlik ýüzünden pahyrlanyp özlerini möminlerden üstem saýýarlar we özlerine olar hakda her näme sözi aýtmaklyga rugsat berýärler.

4- günäkärleriň dünýedäki gülkileri bir gün gutarjakdyr emma olaryň ahyretdäki gam gussalary we azaplary hiç mahal gutarjak däldir.

 

/////////////

Mutäffefin süresiniň soňy