Jan 04, 2026 13:30 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1045, süre Mearej, aýat 36-44

bölüm 1045, süre Täkwir, aýat 36-44

راهی بسوی نور (1045)

Mearej süresi, 36, 37, 38 we 39-njy aýatlar:

فَمَالِ الَّذِينَ كَفَرُوا قِبَلَكَ مُهْطِعِينَ ﴿۳۶﴾ عَنِ الْيَمِينِ وَعَنِ الشِّمَالِ عِزِينَ ﴿۳۷﴾ أَيَطْمَعُ كُلُّ امْرِئٍ مِنْهُمْ أَنْ يُدْخَلَ جَنَّةَ نَعِيمٍ ﴿۳۸﴾ كَلَّا إِنَّا خَلَقْنَاهُمْ مِمَّا يَعْلَمُونَ ﴿۳۹﴾

<< kapyrlyk edýänlere näme boldy? Saňa tarap ylgaýarlar // sag- soldan, topar-topar boluşyp // olarň her gaýsy nygmatdan doly behişte giriziler mykam diýip güman edýärlermi? //hergiz biýle bolmaz, biz olary öz bilýän zatlaryndan ýaradandyrys. >>

Gurhany kerimiň geçen aýatlarynda möminleriň we namazhonlaryň ýöriteliklerine we olaryň kyýamatda gabat geljek ykballaryna yşarat boldy. Şol gürrüňiň dowamynda gurhany kerimiň bu aýatlary kapyrlaryň we müşrükleriň saýlan ýollarynyň ýalyňyşlygyna yşarat edip aýdýar: olar dünýede maddy hal-ýagdaylarynyň möminlerden gowyrakdygyna aldanyp bir wagt kyýamat gopsada ol ýerde hem hal-ýagdaylary gowyrak bolup behiştden orun alarlar mykam diýip güman edýändirler emma olaryň dünýäde mal ýygnamaga bolan haryslygy kyýamatda behiştden tamakin bolmaklary bilen dogry okaýan däldir. Menlikli- tumakly adamlar kyýamatda hem ýagdaylary möminlerden gowyrak bolarmykam diýip oý edýändirler welin olaryň dünýedäki mal-mülkleri kyýamatda olaryň derdine ýarajak däldir we iman bilen sogaply işler esasynda, ynsanlaryň amallaryna ýetişiklik boljakdyr. Kapyrlar we günäkär adamlaryň bolsa bu zatlardan bähreleri boljak däldir.

Gurhany kerim kapyrlaryň we müşrükleriň şeýle bir tamakinlikniň garşysynda aýdýar: olar ne sebäbden özlerini möminlerden üstem saýýarlar? Emma aslynda olar hem biliki ynsanlar ýaly bir damja porsy suwdan ýaradylyp maddy we jismi taýdan olaryň üstemligine hiç bir delil ýokdur, ruhy taýdan hem ynsanyň üstemligi iman we takwa esasyndadyr. Şu jähetden hem kapyrlaryň we günäkär adamlaryň elleri boşdyr. Onda olar näme zada guwanyp menliklenýärlerkä?

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-gurhany kerimiň şeýle bir özüne çekiji häsiýeti bardy welin yslam pygamberi gurhany talawat eden mahaly ilat ylgaşyp ol hezretiň töweregine üşýärdiler.

2-özüňi behişt ählinden saýmaklyk menlikliligiň nyşanalaryndandyr. Hakyky mömin adam hergiz öz amallaryna menliklenip şu mahaldan özüni behişti saýýan däldir eýsem elmydama özüni allanyň ýanynda taksyrkär bilýändir.

3-haçanda menliklik belasyna giriftar bolsak özümiziň nämeden ýaradylandygymyza bir oýlanmalydyrys şonda menliklener ýaly elimizde hiç bir deliliň ýoklugyna göz ýetirjekdiris.

Mearej süresi, 40 we 41-njy aýatlar:

فَلَا أُقْسِمُ بِرَبِّ الْمَشَارِقِ وَالْمَغَارِبِ إِنَّا لَقَادِرُونَ ﴿۴۰﴾ عَلَى أَنْ نُبَدِّلَ خَيْرًا مِنْهُمْ وَمَا نَحْنُ بِمَسْبُوقِينَ ﴿۴۱﴾

<<Günbataryň we gündogaryň perwerdigärine ant bolsun, biz kadyrdyrys // olardan gowyragyny ýaratmaga, olar hergiz bizden öňe geçip bilmezler >>

Gurhany kerimiň bu aýatlary dürli gündogarlara , günbatarlara ant içmek bilen başlanýar. Güneş her günde doganda belli bir mekandan dogýandyr pasyllaryň üýtgemegi bilen onuň ertilerine dogýan, agşamlaryna ýaşýan mekanlary üýtgeýändir, hatda şugüni bilen ertiri parh rdýändir. Şu jähetden bir ýyl günleriniň sanyna görä güneşiň dogýan we ýaşýan mekanlary bardyr. Netijede bir ýylyň boýunda 365 gündogar we günbatar mekany bardyr. Şonuň üçin gurhany kerim bu aýatlarda gündogara we günbatarlara ant içendir.

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar: şu azamatly jahany ýaradan alla islese kapyrlary, lunapyklary we günääkär adamlary ýok edip olaryň ýerine gowyragyny getirip bilýändir we hiçkim we hiç gudrat hem onuň öňünde dorup bilmez, onda ynsanlaryň menliklenip özlerini gowy adamlar bilmäge, kyýamatda hem jaýlaryny hükman behişt bilmeklerine hiç delilleri ýokdur.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-gurhany kerim bu aýatlarda dürli gündogarlardan we günbatarlardan gürrüň gozgamak bilen güneşiň her günde aýry- aýry ýerlerden dogup/ aýry- aýry ýerlerden hem ýaşýandygyna yşarat edendir. Bu gopgun bolsa bir ylmy gopgundyr we ýer şarynyň togalak bolup güniň töweregine aýlanýandygyny mälim edýändir.

2-allanyň ýaradan barlygy şeýle bir tertip-düzgün esasynda işleýändir welin mysal üçin ýylyň 365 gününde, güneşiň her günden nireden dogup nireden ýaşýandygyny ylmy jähetden dykkat bilen hasaplap bolýandyr.

3-hiç mahal özümizi özgelerden artykmaç bilip allayň artykmaç edip ýaradan bendese hasaplamaly däldiris, sebäbi alla islese bizi ýok edip biziň ýerimize gowyragyny getirip bilýändir.

Mearej süresi, 42, 43 we 44-nji aýatlar:

فَذَرْهُمْ يَخُوضُوا وَيَلْعَبُوا حَتَّى يُلَاقُوا يَوْمَهُمُ الَّذِي يُوعَدُونَ ﴿۴۲﴾ يَوْمَ يَخْرُجُونَ مِنَ الْأَجْدَاثِ سِرَاعًا كَأَنَّهُمْ إِلَى نُصُبٍ يُوفِضُونَ ﴿۴۳﴾ خَاشِعَةً أَبْصَارُهُمْ تَرْهَقُهُمْ ذِلَّةٌ ذَلِكَ الْيَوْمُ الَّذِي كَانُوا يُوعَدُونَ ﴿۴۴﴾

<<Onda goý olar bihuda görläp oýun etsinler tä wada berilen gün gelsin we görsinler // toprakdan gopup ylgajak günleri, diýersiň welin oturdylan beleglere tarap ylgaýandyrlar // güzleri aşakdyr we harlyk olary gorşap alandyr. Şeýle bir gün bolar olara wada berilen gün. >>

Pygamberler ynsanlary gogry ýola hedaýat etmeklige boçlydyrlar. Olar bu möhümi ýerne ýetirmek bilen hakykaty ilata äşkär etmek üçin elde baryny gaýgyrman tagalla etmelidirler ýöne haçan ilat jedel edip olary masgaralap olaryň üstünden gülseler bu borç olaryň üstünden aýrylýandyr. Pygamberleriň çakylygy öwüt-nesihat bilen ýada delil getirmek bilen bolmalydyr. Delil isleýänlere delil getirmelidir ýöne wagyz etmek bilen haky kabul edýänlere bolsa şol wagzyň özi ýeterlikdir.

Ýöne bu arada käler özleriniň näädogry pikirleri esasynda haky kabul etmekden boýun gaçyrýarlar. Olar dünýäniň geler-geçer güýmenjelerine maşgul bolup bu dünýäden soň ýene bir dünýäniň bardygyny kabul etmejek bolup tagalla edýärler. Şonuň üçin hem taňry tagala bu aýatlarda öz resuluna ýüzlenip: olara wagzyň we öwüt-nesihatyň peýdasy ýokdur, olar bilen işiň bolmasyn tä kyýamatda ölileriň ýaňadan direlmeklerini öz gözleri bilen görsinler" diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-wagyz edip adamlary dogry ýola çagyrmak peýda beren ýagdaýynda dowam edilmelidir emma peýdasy bolmasa olary öz erklerine goýbermelidir.

2-kyýamatda ynsanlaryň gabyrdan gopmaklary bir jismi gopgundyr ýogsa ynsanyň ruhy onuň jismi bilen gabyrda gömülýän däldir. Ynsan ölen mahaly bolsa onuň ruhy jisminden jyda bolýandyr.

3-kyýamatyň berhaklygy allanyň beren wadasydyr, allanyň beren wadasyna bolsa ikilik ýokdur, onda kyýamat barada allanyň beren wadasyny unutmaýlyň, sebäbi kyýamat gopan soň biziň elimizden hiç bir iş geljek däldir.

 

/////////////

Mearej süresiniň soňy