Jan 14, 2026 12:47 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1047, süre Nuh, aýat 15-20

bölüm 1047, süre Nuh, aýat 15-20

راهی بسوی نور (1047)

Nuh süresi, 15 we 16-njy aýatlar:

أَلَمْ تَرَوْا کَیْفَ خَلَقَ اللَّهُ سَبْعَ سَمَاوَاتٍ طِبَاقًا ﴿١٥﴾ وَجَعَلَ الْقَمَرَ فِیهِنَّ نُورًا وَجَعَلَ الشَّمْسَ سِرَاجًا ﴿١٦﴾

<< görmeýärsiňizmi? perwerdigäriň ýedi gat asmany nähili birek-biriniň depesinde ýaradandygyny // We aýy olaryň arasynda ýagtylandyrdy we güni ýalpyldap duran çyra öwürdi. >>

Hezreti Nuh (a) öz pygamberçilik döwründe ilaty hudaýyň asmandaky nyşanalaryny barlamaklyga çagyryp olara ýüzlenip: kim ýedi gat asmany siziň depäňizde ýaratdy ? siziň ybadat edýän butlaryňyz şeýle bir işi başarýarlarmy? Olaryň öz özleri ýaradylanmykam? we olar halga mätäç dälmi ? diýerdi. kä bir rowaýatlaryň şeýlede uly mufasserleriň ynamlaryna görä biz ýyldyzlardan näme zatlary görýän bolsak olaryň hemmesi ilkinji asmana degişlidirlaer we beýleki gat asman birek-biriniň üstünde dikeldilip bu günki ynsanyň el ýeterinden we ylmyndan daşarydadyr. Elbetde geljekde adam oglunyň ylmynyň ösüp ýaýbaňlaşmagy netijesinde ynsanyň şeýle bir nätanyş giň älemi tanamagy hem mümkindir. Asmanda bar bolan ýyldyzlaryň we şarlaryň arasyndan ynsanyň ýer ýüzündäki ýaşaýyşyna ähmiýetliräk bolan şar we ýyldyz şol gün we aýdyr. Sebäbi güneşiň nury we yssylygy gündizlerine ynsanlaryň , haýwanlaryň we ösümlikleriň ýaşaýyşlarynyň jan maýasydyr şeýlede aýyň gijelerdäki ýagtylygy garaňky gijelerde hasda çöllerde ýolagçylar üçin ýol görkeziji bolýandyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapakalry :

1- ýaradylmyş älemi ynsanyň şu mahala çenli görüp tanaýan möçberinde diýseň uly we giňdir . onda öz ylymymyza pahyrlanyp menliklenmäýliň.

2- hudaý tanamagyň ýollarynyň biriside asmanlaryň şeýlede milionlarça ýyldyzlardyr şarlaryň azamatyna üns bermeklikdir olar öz ogurlarynda hereketde bolup hiç haçan öz ugurlaryndan çykýan däldirler .

3- ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ýaşaýyşlary şeýlede gün-oňşuklary , güne we aýa baglydyr bularyň ikisi-de perwerdigäriň ýaradanlaryndandyr olaryň adam oglunyň ýaşaýyşynda galdyrýan täsirlerine üns bermeklik hudaý tanjylygyň ýollaryndandyr.

Nuh süresi, 17 we 18-njy aýatlar :

وَاللَّهُ أَنْبَتَکُمْ مِنَ الأرْضِ نَبَاتًا ﴿١٧﴾ ثُمَّ یُعِیدُکُمْ فِیهَا وَیُخْرِجُکُمْ إِخْرَاجًا ﴿١٨﴾

<< we perwerdigär sizi ösümlik ýaly ýerden gögertdi // soň sizi şol ýere öwürjekdir we ýene bir sapar sizi ýenede çykarjakdyr. >>

Bu aýatlar ynsanyň ýaradylmyşyna we onuň ýer ýüzündäki ýaşaýyşyna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: siz ýüzleý suratda eneňiziň räheminden dünýä inen bolsaňyz, siziň hemmäňiz ösümlik ýaly ýeriň içinden baş çykarýarsyňyz . siziň nutfaňyz ene-ataňyzyň iýen imitindendir we şol imit hem göni ýada göni bolmadyk suratlarda toprakdan göz baş alandyr. Hakykatda ynsan arkaly saryp edilip onuň ösüşine ýardam berýän damak, ýerden emele gelýändir ýada göni suratda otlardan we imitlik dänelerden we miwelerden üpjün bolandyr ýada ýene ýere we topraga bagly bolan haýwanlaryň eti ýaly zatlardan üpjün bolýandyr .ölümden soň hem siz ýenede ýeriň gujagyna dolanjaksyňyz we ýerde galyp hudaýyň yrada eden zamanynda ýenede ýerden daşary çykjaksyňyz. Elbet bu gezek ösümlikler ýaly göni suratda topragyň içinden daşary çykjaksyňyz we ozalky ýaly enäniň räheminde tapgyrlaýyn özgermeklige mätäçlik ýokdur. Şeksiz sizi şol deslapda toprakdan ýaradan gudrat ýenede topraga öwürlen ýagdaýňyzda size jan berip toprakdan çykaryp başarjakdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ýer şary alla tagalanyň bütin janly närseleri jansyz topragyň içinden ýaradyp bilmek gudratynyň görnüşi we jylwasydyr.

2- bizi toprakdan ýaradan gudrat ölümden soň ýenede toprakdan çykarp başarjakdyr.

Nuh süresi, 19 we 20-nji aýatlar:

وَاللَّهُ جَعَلَ لَکُمُ الأرْضَ بِسَاطًا ﴿١٩﴾ لِتَسْلُکُوا مِنْهَا سُبُلا فِجَاجًا ﴿٢٠﴾

<< we perwerdigär siz üçin ýeri düşelen düşek ýaly edip goýdy // tä ondaky sansyz ýollardan islän ýeriňize gider ýaly. >>

Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar ýer ýüzündäki nygmatlara yşarat edip şeýle permaýyş edýär : ýer şary siziň we beýleki närseleriň imit-damak çeşmesi bolmakdan daşgary , bir hili tekiz we ýaýbaň ýaradylandyr welin siz onda mesken tutup asudalykda gatnawda bolup başarýarsyňyz, çenden aşa gaty ýada çenden aşa sos we ýumşak däldir . ýer şarynyň yssysy hem närseleriň yssylyga bolan mätäçliklerini üpjün edip olaryň gerek mukdarynda bolýandyr . çenden aşa gyzgyn bolup yssylygy ynsana azar berýän däldir ýada sawuk bolup ýaşaýyşa selteň salýan däldir. Ýeriň dag dereleri hem bir hilidir welin olaryň aralarynda gelim gidimde bolmak miýesser bolýandyr. Diýmek daglaryň arasyndaky ýollardan we hatda dereleriň içinden gatnap sapar edip bolýandyr . geçmişden şu mahala çenli hem şu ýer ýüzündäki ýollardan ýolagçylar gatnap ýüklerini maksada aşyrypdyrlar.

Bir sözde aýdar bolsak ýer şary bir hili ýaradylandyr welin ynsanlar üçin gerek bolan bütin ýaşaýyş şeritler onda taýýardyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- perwerdigär ýer şaryny ynsanyň ýaşaýyşy üçin taýýarlandyr we bütin tebigy we magdan maddalary onda ynsan üçin bardyr.

2- tebigy mümkinçiliklerden oňat haýyrlanmak üçin giň ýollar gereklidir we perwerdigär hem şeýle bir şertleri ýerde taýýarlandyr.

 

//////////////