Jan 14, 2026 13:03 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1048, süre Nuh, aýat 21-28

bölüm 1048, süre Nuh, aýat 21-28

راهی بسوی نور (1048)

Nuh süresi, 21, 22 we 23-nji aýatlar:

قَالَ نُوحٌ رَبِّ إِنَّهُمْ عَصَوْنِی وَاتَّبَعُوا مَنْ لَمْ یَزِدْهُ مَالُهُ وَوَلَدُهُ إِلا خَسَارًا ﴿٢١﴾ وَمَکَرُوا مَکْرًا کُبَّارًا ﴿٢٢﴾ وَقَالُوا لا تَذَرُنَّ آلِهَتَکُمْ وَلا تَذَرُنَّ وَدًّا وَلا سُوَاعًا وَلا یَغُوثَ وَیَعُوقَ وَنَسْرًا ﴿٢٣﴾

<< nuh aýtdyr : bar hudaýa: ilat meniň permanymdan boýun gaçyrdylar we maly we perzendi, olaryň zýanyny artdyrmakdan aýry olara hiç peýdasy bolmadyk kişä eýerdiler // we kowumyň barandalary uly hilä baş goşup // aýtdylar: magbutlaryňyzy taşlamaň şol sanda Wäddä , Suwä , Ýägus , Ýäguk we Näsr butlaryndan el çekmäň. >>

Gurhany kerimiň mübärek änkäbut süresiniň 14-nji aýatyna görä hezeti Nuh pygamber (a.s) 950 ýyllap öz kowumynyň arasynda ýaşap olary ýeke hudaýa tarap çagyrdy emma şol uzak mütdetiň gidişinde diňe sanlyja adamdan başga  iman getiren bolmady. bu aýatlarda nuh pygamber perwerdigäre nägile bolup "meniň kowmym şu mütdetiň boýunda men bilen tersleşdiler olar maňa eýermegiň ýerine gudrat we baýlyga eýe bolan baranda adamlaryň ýanyna gidip olaryň butparazlyga aýak diremek hakda bolan sözlerini eşitdiler" diýip aýtdy. ol kowumyň başlyklary bir hili bernama düzdiler welin ilat daşlardan we agaçlardan ýasalan butlary öz hudaýlary ýaly görüp öz ýazgytlaryny hem şol hudaýlaryň razyçylygyny gazanmak üçin talaş etmekde bular ýaly pylan düzdiler. emma hema gudrat we baýlyk hemde şol butlary ybadat etmek we olara sygynmak ilat üçin zyýan we zererden başga zady yzyna tirkemedi emma olar hatda bu hakykata hem düşünmediler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ilatyň köpüsi hakykaty tanapda oňa eýermegiň ýerine köpçilikde bar bolan baranda we gudratly adamlara eýerýärler we olaryň ýoly dogry mykam diýip oý edýärler bolaryň ynamlaryna görä şol kişilere eýermeklik olar üçin sagadat we bagtyýarlyk getirjekdir.

2- taryhyň gidişinde elmydam uly köpüilik pygamberleriň çakylyklarynyň garşysynda durup olar bilen garşylaşandyrlar. Biz akyda degişli işlerde hak we hakykatyň gözleginde boljak bolup talaş etmelidiris we şu ugurda esewan bolmalydyrys. şeýle işlerde adamlaryň azlygy ýada köpligi biziň haky batyldan saýgaryp başarmagymyzda ölçeg däldir.

3- butparazlyk adam oglunyň taryhynda uly geçmişe eýedir we ilkinji uly pygamberlerden bolan nuh (a.s)ň zamanyndan bäri bolandyr.

Nuh süresi, 24 we 25-nji aýatlar:

وَقَدْ أَضَلُّوا کَثِیرًا وَلا تَزِدِ الظَّالِمِینَ إِلا ضَلالا ﴿٢٤﴾ مِمَّا خَطِیئَاتِهِمْ أُغْرِقُوا فَأُدْخِلُوا نَارًا فَلَمْ یَجِدُوا لَهُمْ مِنْ دُونِ اللَّهِ أَنْصَارًا ﴿٢٥﴾

<< dogrudanda köp adamy gumra etdiler onda bar hudaýa! zalymlara gumralykdan başga zady arytdyrma // olar eden etmişleri sebäpli gark boldular we (ölümden soň bärzahde) tutaşyp duran oda döşdüler şonda olar özleri üçin hudaýdan başga himaýatçi tapmadylar. >>

Hem geçmişde hemde häzirki dünýede, elmydam tanymal we belli şahsyýetler bolandyrlar welin olar ahlak we akyda taýdan pysada duçar bolandyrlar. ilat hem olaryň çykyşlaryna we sözlerine üns bermek bilen bile- bile ýada bilmezden bu hili adamlary özlerine ülňi tutunýarlar. bu hili adamlar ilaty gümra etmekleri üçin uly medeni zulma baş goşýarlar. şunuň özi hem olaryň gümralyklaryny arytdyrýandyr . gurhany kerim bu köpçüligiň ilatynyň şum agybatlaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: şol başlyklar ýada meşhur şahsyýetler şeýlede olara eýerýän ilat günäleri üçin azaba düçar boljakdyrlar we olara ylahy jezadan gutulmak ugurda hiç hili ýol we çäre ýokdur. Nuh(a.s)-yň kowumynyň kapyrlary hem ylahy perman bilen ýüze çykan uly silde gark boldular we olaryň jesetleri-de suwuň üstünde peýda boldy emma ruhlary kyýamata çenli dowamly boljak bärzäh odunda ýanjakdyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- köpçülikde ýaşaýan meşhur medeni, werzyşy, hünär we köpçülikli şahsyýetler, öz çykyşlaryna habardar bolmalydyrlar . sebäbi olaryň çykyşlary çöpçülikde ýaşaýan uly gatlagda täsir galdyrýandyr we hatda olaryň gümralyga duş bolmaklary hem mümkindir.

2- zülüm diňe maddy ýada jismi däldir eýsem mümkin medeni zülümiň howpy olardan hem güýçliräk bolsun.

3- ylahy jezalar diňe ahyrete degişli däldir kä mahallar hem alla tagala biziň öz baş goşan işlerimiz sebäpli ýada beýlekilere ybrat bolar ýaly şu dünýede hem jezalandyrýandyr.

4- köp mal-mülke we baýlyga eýe bolmak ýada köp dost-ýardan we tarapdardan paýly bolmak ahyret äleminde peýdaly boljak däldir we ynsany dowzah azabyndan halas edýän däldir.

Nuh süresi, 26, 27 we 28-nji aýatlar:

وَقَالَ نُوحٌ رَبِّ لا تَذَرْ عَلَى الأرْضِ مِنَ الْکَافِرِینَ دَیَّارًا ﴿٢٦﴾ إِنَّکَ إِنْ تَذَرْهُمْ یُضِلُّوا عِبَادَکَ وَلا یَلِدُوا إِلا فَاجِرًا کَفَّارًا ﴿٢٧﴾ رَبِّ اغْفِرْ لِی وَلِوَالِدَیَّ وَلِمَنْ دَخَلَ بَیْتِیَ مُؤْمِنًا وَلِلْمُؤْمِنِینَ وَالْمُؤْمِنَاتِ وَلا تَزِدِ الظَّالِمِینَ إِلا تَبَارًا ﴿٢٨﴾

<< we nuh aýtdy : bar hudaýa! kapyrlaryň hiç birini ýer ýüzünde baky goldyrma // sebäbi olary baky galdyrsaň olar bendeleriňi azdyrjakdyrlar we näşükür we pasyk perzentlerden aýry nesli getirjek däldirler // bar hudaýa! meni we ene- atamy we iman bilen öýime gadam goýýan her bir imanly zenany we erkeki magfyrat et we zalymlaryň heläkçiliginden aýry zadyny artdyrma. >>

Geçen aýatlarda nuh(a.s)-yň kowumynyň gark edilmeginden gürrüň boldy bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: nuh pygamberiň islegi bilen kapyrlary jezalandyrmak işi ýerine ýetdi. ol hezret öz kowumyny lagnat etdi we hudaýdan kapyrlaryň hiç birini goýmazlygy talap etdi sebäbi olary hidaýat etmekden tutuş numyt bolupdy we olaryň nesillerini hidaýat etmägä umytly däldi. Olaryň hemmesi zalymlaryň we başlyklaryň täsiri astyndadylar we ol başlyklar hem ilaty nuha garşy durmaklyga tarap çagyrýardylar we hak sözüni eşitmekleriniň öňüni alýardylar.

Hezeti Nuh (a.s) 950 ýyl çakylykdan soň indi heç bir kimiň hidaýat bolmajakdygyna göz ýetirip olaryň nesilleriniň diňe kufry we şirki dünýede ýaýbaňlaşdyrjakdygyna göz ýetirmek bilen perwerdigärden şeýle bir bolaşyklygy adamlaryň ýer ýüzünden ýok edilmeklerini isledi. şeýlelik bilen diňe imanly adamlar diri galyp towhyd şerygatyny ýürgin etdiler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- onuň bütin esaslaryny pysad we gümralyk gurşap alan köpçülik heläkçilige duçar boljakdyr .

2- ene-ata, öz perzentleriniň hidaýat bolmaklarynda ýada gümralyga uçramaklarynda möhüm rola eýedirler we soňraky nesiller hem ozalky terbiýelenen nesilleriň dowamydyrlar.

3- dogalarda, iman ähline rahmat we magfyraty, zalymlara hem heläkçiligi we ýok olmaklygy talap edeýliň.

 

////////////

Nuh süresiniň soňy