bölüm 1049, süre Jyn, aýat 1-7
bölüm 1049, süre Jyn, aýat 1-7
راهی بسوی نور (1049)
Jyn süresi
Gurhany kerimiň Jyn süresi Mekgede inen süreleriň sanyndan bolup onuň 28 aýaty bardyr. Bu süräniň aýatlarynyň köpüsi hem Jyn adly gşze görünmeýän närse hakdadyr. Jyn ynsan ýaly akyl , düşüm , yrada we ygtyýardan paýly bolup tekliplidir. Onuň erkek we urkaçysy bolup nesil öndürmäge ukyplydyr olaryň käleri mömin, käleri hem kapyrdyrlar. şol sebäpli ynsanlar ýaly olaryň käleri behişte, käleri hem dowzaha girjekdirler. gurhany kerimiň beýleki süreleriniň kä bir aýatlarynda hem Jyn meselesi hakda gürrüň bolandyr. emma Jyn ady bilen tanalýan bu sürede olaryň edýän kapyrçylygy we imanlary hakda gürrüň agtarlandyr.
Jyn süresi, 1, 2 we 3-nji aýatlar :
قُلْ أُوحِیَ إِلَیَّ أَنَّهُ اسْتَمَعَ نَفَرٌ مِنَ الْجِنِّ فَقَالُوا إِنَّا سَمِعْنَا قُرْآنًا عَجَبًا ﴿١﴾ یَهْدِی إِلَى الرُّشْدِ فَآمَنَّا بِهِ وَلَنْ نُشْرِکَ بِرَبِّنَا أَحَدًا ﴿٢﴾ وَأَنَّهُ تَعَالَى جَدُّ رَبِّنَا مَا اتَّخَذَ صَاحِبَةً وَلا وَلَدًا ﴿٣﴾
<< aýyt: maňa wahy boldy, jynlaryň bir topary gurhany eşiden mahallary "dogrudan-da bize geň galdyryjy gurhanyň aýatlaryny eşitdik" diýip aýtdylar // (ýene olar aýtdylar) : "ol (gurhan) bizi dogry ýola hedaýat edýär şonuň üçin biz oöa iman getirdik we hiç kimi perwerdigärimize şärik tutunmaýarys" // we biziň perwerdigärimiz bolan ol (alla) özüne hergiz başdaş ýada perzent alan däldir. >>
Bu aýatlara görä hudaý resuly jynlary gören däldir eýsem perwerdigär wahy arkaly jynlaryň bir topary seniň gurhan talawatyňy diňlediler we oňa iman getirdiler diýip habar berendir. Sebäbi ony dgerli sözler bilip ony diňlemekden haýran galdylar.
Jynlar öz kowumlaryna tarap öwrülip olary hem gurhany kabul edip hudaý resulyna iman getirmeklige çagyrdylar we şeýle diýdiler : bu ösüşiň jan maýasy bolan hemmeleri dogry ýola hidaýat edýän kitapdyr şol sebäpli biz oňa iman getirdik we ýeke taňra sygynýandyrys, onuň ne şärigi bardyr nede başdaş we perzendi .
Ol hudaýyň orun-mertebesi biziň tanaýan barça zatlarmyzdan belent we ýokarydyr we başdaşdyr perzendiniň bolmagy barada oňa ýapylýan bütin zatlardan päkdir kä bir batyl akydalar jyny hudaýyň başdaşy we perişdäni onuň gyzy diýip tanadýarlar.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- ylahy jahan tanyjylygyň esasynda barlyk älemi diňe biziň görýän zatlarymyza çäklenýän däldir eýsem jahanyň köp hakykatlary biziň gözlerimizden pynhandyr olara gaýyp älemi diýlip aýdylýandyr.gaýba şeýlede wahy arkaly bize habar berilen görünmeýän zatlaryň bardygyna imanly bolmak hudaýa iman getirmegiň zerurlyklaryndandyr. Gurhanda gaýtar-gaýtar onuň barlygyna yşarat bolan görünmeýän zatlaryň biri hem şol jynlardyr.
2- beýlekileriň sözlerini kabul etmegiň ölçegi şudyr welin şol söz ol ynsany ösüş we kemala ýetirsin we ony batyl pikirlerden daşda saklasyn.
3-her hili içgin we daşgyn şirklerden päk bolan iman peýdaly we degerlidir.
Jyn süresi, 4 we 5-nji aýatlar:
وَأَنَّهُ کَانَ یَقُولُ سَفِیهُنَا عَلَى اللَّهِ شَطَطًا ﴿٤﴾ وَأَنَّا ظَنَنَّا أَنْ لَنْ تَقُولَ الإنْسُ وَالْجِنُّ عَلَى اللَّهِ کَذِبًا ﴿٥﴾
<< we geň galmaly zat olda biziň nadanymyz (iblis) alla barada bihuda sözleri aýdýar // yns we jyn hergiz ýalan zady alla ýapmaýarlar mykam diýip güman edýärdik. >>
Bu aýatlar Jynlaryň arasynda gyşarnykly we hurapa pikirleriň bardygyny mälim edýär şol sebäpli mömin Jynlar beýlekilere düşündiriş berip biz Jynlardan we ynsanlardan hiç kim hudaýa ýaramaz gürrüňleri ilteşikli etmezler mykam diýip güman edýärdik welin käbir nadanlar hudaýa meňzeş we şärik we başdaş we perzent kaýyl bolup ýaramaz sözleri aýdýarlar ýada jynlardan bolan iblis ýaly hudaýa imanly bolup ony ybadat edenseňler perişdeleriň ýanynda ýerleşip özlerini ynsandan ýokarda görüp hudaýyň buýrugyndan boýun gaçyrandyrlar .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- pikri azgynçylyklar we hurapalaryň garşysynda sada pikirli bolup çaltlykda olara ynanmaýlyň we nädogry pikirleriň täsiri astynda galmalyň .
2- nahak sözleri aýtmak nadanlykdan nyşandyr.
3- köp ynsanlar akyl nygmatyndan paýly bolsalarda emma gyşarnykly oý pikirleri kabul edip nadan we akylsyz adamlaryň hatarynda ýerleşýärler .
Jyn süresi, 6 we 7-nji aýatlar :
وَأَنَّهُ کَانَ رِجَالٌ مِنَ الإنْسِ یَعُوذُونَ بِرِجَالٍ مِنَ الْجِنِّ فَزَادُوهُمْ رَهَقًا ﴿٦﴾ وَأَنَّهُمْ ظَنُّوا کَمَا ظَنَنْتُمْ أَنْ لَنْ یَبْعَثَ اللَّهُ أَحَدًا ﴿٧﴾
<< adamzatdan bolan erkekler, jynlardan bolan erkeklere pena getirýärdiler. Şeýdip hem olaryň azgynçylygynyň artmagyna sebäb bolýarlar // we olar hem siziň güman edişiňiz ýaly alla hiç kimi direltmez diýip güman etdiler. >>
Gyşarnygyň we hurapaçylygyň sebäpleriniň ýene biri ynsanlaryň jynlardan hayrlanmaklarydyr we hud şonuň özi hem olaryň gümralyga duş bolmaklaryna sebäp bolýandyr. mysaly kähinleriň we jadygöýleriň taryh boýunda baş goşýan işleri ýaly olar jynlara üstem çykyp gelejek hakda bolan käbir habarlardan ägä bolýardylar we şeýlelik bilen ilaty özlerine tarap çagyryp olary hudaý ýolundan alyp galýardylar.
Bu ýatlaryň esasyna görä jynlaryň erkekleri gurhanyň aýatlaryny diňlänleri soň hudaý resuluna iman getirip beýleki jynlara ýüzlenip şeýle diýdiler: ynsanlardan bolan bir topar adamlar hem sizler ýaly hudaý, hiç kimi pygamberlige bellemez mykam we kyýamaty dikeltmez mykam diýip güman edýärdiler şol sebäpli hem yslam pygamberiniň resalatyny we kyýamaty inkär etdiler emma siz hem biz ýaly gurhanyň aýatlaryny diňleseňiz yslam pygamberiniň hakdygyna göz ýetirip oňa iman getirjeksiňiz we kyýamatyň haklygyna ynamly boljakdyrsyňyz.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- resalaty we kyýamaty inkär etmegiň esasy ylym , ägälik we mantyk ýüzünden bolan deliller däldir eýsem gümanly bolup şübheli bolmak şeýle bir inkäre sebäp bolandyr.
2- jynlara tarap gidýän ynsanlar köplenç ýaramaz maksatlar sebäpli bu işe baş goşýandyrlar bu bolsa ýaramaz iş we nadanlykdan göz baş alyan gümralyga sebäp bolýandyr.
3- jynlar bilen arabaglanşykda bolup gelejekden habar berýän adamlaryň huzuryna barmaklygy gurhan ret edýändir.
//////////////