Jan 14, 2026 13:23 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1050, süre Jyn, aýat 8-15

bölüm 1050, süre Jyn, aýat 8-15

راهی بسوی نور (1050)

Jyn süresi, 8, 9 we 10-njy aýatlar:

 وَأَنَّا لَمَسْنَا السَّمَاءَ فَوَجَدْنَاهَا مُلِئَتْ حَرَسًا شَدِیدًا وَشُهُبًا ﴿٨﴾ وَأَنَّا کُنَّا نَقْعُدُ مِنْهَا مَقَاعِدَ لِلسَّمْعِ فَمَنْ یَسْتَمِعِ الآنَ یَجِدْ لَهُ شِهَابًا رَصَدًا ﴿٩﴾ وَأَنَّا لا نَدْرِی أَشَرٌّ أُرِیدَ بِمَنْ فِی الأرْضِ أَمْ أَرَادَ بِهِمْ رَبُّهُمْ رَشَدًا ﴿١٠﴾

<<we biz asmany agtaryp hemme ýeri güýçli garawullardan we şahap oklaryndan doly gördük // mundan ozal asmanlarda oturup ogryn diň salýardyk, ýöne indi her kin ogryn diň salsa bir şahabyň bokyda durandygyny görer // (şol ýagdaýda) ýer ähli üçin şer ýazylypdyrmy? Ýada olaryň perwerdigäri olary hedaýat etmegi ýazypdyrmy? >>

Grçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly jynlardan bir topary gurhanyň aýatlaryny , hezreti resuly äkrem (s.w)-yň dilinden eşidenleri soň ol hezrete iman getirdiler onsoň hem yslam şerigatyny jynlaryň arasynda ýaýradyş berip başladylar. bu aýatlar şol mömin jynlaryň sözleriniň dowamyndadyr olar öz kowumlaryny yslama tarap çagyrmakda olara aýtdylar: biz jynlar mundan ozal hem asmanlarda şol ýerdäki gürrüňlere gulak salyp käbir habarlary elgerip başarýardyk emma indi asmanlarda güýçli gorawullar bardyr. her kim ogrylykda gürrüňleri diňlejek bolsa bir şahap olary yzarlaýar we olara asmanlara ýol açmaklyga rugshat bermeýär. olar şu meselä aýak direýärler welin bu ýagdaýyň üýtgemegi ýada azabyň inmeginiň nyşanasy we zemin ähline bolan şerçiligiň alamatydyr ýada täze pygamberiň ýer ählini hidaýat etmek üçin pygamberçilige bellenmeginiň nyşanasydyr.

Elbetde mömin jynlar asmanlarda ýagdaýyň bu hili üýtgemegini öz sözleriniň dogrydygynyň alamaty bilip bu meseläni ilaty hidaýat etmek üçin allanyň yradasy bilýardiler sebäbi olar aýatlary diňlemek bilen allanyň täze kitap bilen täze bir pygamberi olara iberendigine göz ýetirdiler. Gurhany kerimiň saffat süresiniň 7-nji aýatyndan 10-njy aýatyna çenli aýatlaryň açyklamasynda hem beýan edilşi ýaly şeýtanlar älemi dolandyrylýan merkeziň golaýyna baryp perişdeler arkaly dolandyrylýan garargäde aýdylýan sözleri ogrynlykda diňläp olaryň maksatlarynyň tersine amal etmekçi bolýardylar.

Emma olar haçan-da bu örä golaýlanlarynda garawullar arkaly yza serpdirilip şol makandan kowulýardylar. Gurhanyň maksady bu aýatlaryň sözleri ýüzleý meselelere yşarat edýärmi ýada temsil görnüşinde işlere yşarat edýärmi? Bu sorag barada gurhan tefsirçileriniň arasynda tapawutly garaýyşlar bardyr. tefsirçileriň köpüsiniň ynamlaryna görä bu aýatlaryň ýönekeý lafyzlary maksat däldir eýsem bu lafyzlar bir hili akly meseleleri düşnükli zatlara meňzetmeklikdir edil gurhanda getirlen Luh, galam, Arş we Kürs sözleri ýaly.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- yslam pygamberiniň pygamberçilige bellenmegi älemiň düzgüninde käbir üýtgeleňleri yzyna tirkändir we olaryň biri hem jynlaryň asmanlarda huzurly bolmaklarnyň öňüni almakdyr.

2- gurhanyň inmegi bilen jynlaryň asmanyň habarlaryny bilmek üçin ogrynlukda diň salmaklary kesilip kähinleriň olardan ýaramaz peýdalanmaklary gutarandyr.

Jyn süresi, 11, 12, 13, 14 we 15-nji aýatlar :

 وَأَنَّا مِنَّا الصَّالِحُونَ وَمِنَّا دُونَ ذَلِکَ کُنَّا طَرَائِقَ قِدَدًا ﴿١١﴾ وَأَنَّا ظَنَنَّا أَنْ لَنْ نُعجِزَ اللَّهَ فِی الأرْضِ وَلَنْ نُعْجِزَهُ هَرَبًا ﴿١٢﴾ وَأَنَّا لَمَّا سَمِعْنَا الْهُدَى آمَنَّا بِهِ فَمَنْ یُؤْمِنْ بِرَبِّهِ فَلا یَخَافُ بَخْسًا وَلا رَهَقًا ﴿١٣﴾ وَأَنَّا مِنَّا الْمُسْلِمُونَ وَمِنَّا الْقَاسِطُونَ فَمَنْ أَسْلَمَ فَأُولَئِکَ تَحَرَّوْا رَشَدًا ﴿١٤﴾ وَأَمَّا الْقَاسِطُونَ فَکَانُوا لِجَهَنَّمَ حَطَبًا ﴿١٥﴾

<< dogrudan-da biziň kälermiz ýagşy, kälerimiz hem ýaramaz bolup hersi bir tüslidirler // dogrydan-da biz hiç haçan allanyň yradasyna üstem çykyp bilmejekdigimizi we onuň güýçli golundan gotulup bilmejekdigimizi bilýäris // biz ( gurhanyň) hedaýatyny işiden badymyza oňa eýerdik, onda her kim öz perwerdigärine iman getirse ne sogabyň azlygyndan nede ýoluň kynlygyndan gorkar // we biziň bir toparymyz musylman, bir toparymyz hem azgyndyrlar. Emre boýun bolanlar hakykatyň gözlegindedirler // ýöne azgynlar, jähennemiň odunydyrlar. >>

Geçen aýatlarda gelşi ýaly, imanly jynlar beýleki jynlar gurhany eşitmeklige çagyrdylar şonuň dowamynda bu aýatlarda şeýle gelýär: jynlaryň arasynda durly we paryhly toparlar bardyr käleri salyhy bolup ýagşy işleriň gözlegindedirler, käleri hem erbet bolup ýaramaz işleriň gözlegindedirler. şu meseleden belli bolşuna görä ygtyýar we yrada azatlygy diýlen asyl jynlaryň arasynda hem bardyr şol sebäpli olaryň her gaýsy öz erk-ygtyýarlary bilen öz ýollaryny saýlaýandyrlar. käler şeýtan ýaly, özgeleri aldap olary ýaramaz işlere tarap çekjek bolýandyrlar, käleri hem şeýle däldirler. emma hudaýyň buýruklaryndan boýun gaçyryp beýlekileri ýaramaz ýollara çekmekçi bolýan jynlar bilmelidirler olar hiç haçan ylahy gudratdan gaçyp başarjak däldirler we hiç haçan hudaýyň yradasyna üstem çykyp biljek däldirler.

imanly jynlar ýene bir gezek "biz gurhanyň aýatlaryny diňläp hidaýat bolduk we oňa iman getirdik diýip nygtaýarlar, eger sizi iman we gurhana tarap çagyrýan bolsak biz mundan ozal onuň hakdygyna iman getirendiris we ony kabul edendiris biziň akydamyza görä her kim hudaýa iman getirip hezreti resuly äkrem (s.w)yň pygamberligini we gurhan kerimiň hakdygyny kabul etse onuň ýagşy işlerine ýagşy paý-padaş beriljekdigine şek şübhe ýokdur sebäbi bu hili kişiler perwerdigäri alym , hekim we adyl bilýärler we onuň ynamy boýunça ol öz ýagşy işleriniň sogabyndan paýly bolup onuň paý-padaşyna hem kem köstsiz ýetjekdir.

Mömin jynlar bagtyýarlyk we sagadata ýetmegiň ýoly allanyň garşysynda boýun bolmakdyr diýip nygtaýandyrlar we her kim şeýle bir işi ýerine ýetirmese ol dünýäde özüne we beýlekilere zulum etjekdir we ahyretde hem dowzah oduna giriftar bolup gurhanyň ýörümi boýunça dowzahyň oduny boljakdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- jynlar, adamlar ýaly erk-ygtyýardan paýlydyrlar şol sebäpli hem olaryň arasynda imanly , kapyr , salyhy we pasyk jynlar bardyr.

2- hudaýa imanly bolan kişi öz ýagşy işleriniň paý-padaşy hakda hiç hili gaýgy edýän däldir, ol öz ýagşy işleriniň padaşyny kem köstsiz aljakdygyna ynamlydyr.

3- hak we batyly saýgarmagyň ýollarynyň biriside, oňa eýerýänleriň ýazgytlaryny deňeşdirmek bilen mümkin bolýandyr. haka eýerýänler ösüşe, hidaýata we düzüdişlige ýedýändirler ýöne batylyň ýolunda bolanlar zulumdyr elgatyjylyga we adalatsyzlyga gabad gelýändirler.

4- kyýamat diňe ynsanlara has däldir jynlar hem kyýamat diwanynda taýýar bolup olaryň käleri behişte, käleri hem dowzaha girjekdirler.

 

////////////