bölüm 1051, süre Jyn, aýat 16-22
bölüm 1051, süre Jyn, aýat 16-22
راهی بسوی نور (1051)
Jyn süresi, 16 we 17-nji aýatlar :
وَأَلَّوِ اسْتَقَامُوا عَلَى الطَّرِیقَةِ لأسْقَیْنَاهُمْ مَاءً غَدَقًا ﴿١٦﴾ لِنَفْتِنَهُمْ فِیهِ وَمَنْ یُعْرِضْ عَنْ ذِکْرِ رَبِّهِ یَسْلُکْهُ عَذَابًا صَعَدًا ﴿١٧﴾
<< we eger hak ýolunda mäkäm dursalar olary (hak) suwundan gandarjakdyrys // Olary asudalykda we bol nygmatda synap görmek üçin , we perwerdigär zikir etmekden ýüz öwürýän adamy güýjürgeýän azaba giriftar etjekdiris. >>
Geçen gepleşikde ýagşylaryň we erbetleriň padaşlaryna we jezalaryna yşarat boldy. bu aýatlar iman ähli bolanlaryň dünýädäki paý-padaşlaryna yşarat edip şeýle diýar: eger jyn we ynsan, allaga boýun bolsalar we şu ýolda berk dursalar, ylahy bereketler olaryň üstünden inip köp nygmatlardan paýly boljakdyrlar. elbet her bir nygmatyň jogapkärçiligi bardyr we ondan dogry ýolda haýyrlanmalydyr. haçan-da nygmat köpelende ynsan synaw astynda bolýar we nygmatyň köpdigi ony menlik we gaflat belalaryna giriftar edýärmi ýada onuň ilata ilaýtada mätäçlere köpräk hyzmat etmegine şert döretýärmi? şonda Belli bolýandyr. Tejribeden hem belli bolşuna görä ynsanyň baýlyk bilen synalmagy, onuň ýokluk we garyplyk bilen synalmagyndan kynrak bolýandyr. Sebäbi baýlygyň köp bolmagy , ynsanyň gaflata duçar bolup maddy lezzetlere gark bolmagyna sebäp bolýandyr emma ýoksullyga duçar bolaý adamlaryň umuman ýürekleri ýuka we ynjyk bolup köpräk hudaýa üns berýändirler . şol sebäpli aýatlaryň dowamynda şeýle gelýär : her kim, nygmatyň köpligi sebäpli allanyň ýadyndan gapyl galyp ondan ýüz öwürse ol şu dünýede agyr jeza duçar boljakdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1-öz imanyny gorap allanyň ýolunda berk heret edýän kişi şu dünýäde onuň netijesini görüp rysgalynyň açylmagyna şaýat boljakdyr.
2- hak ýolunda gaýym durmaklyk degerli zatdyr. elbetde her bir dürüm görkezmeklik hem degerli däldir sebäbi käler ýaşaýyşlarynda jedelkeşligiň üstünde aýak direýärler.
3- ryzkyň köpelmegi ylahy synawyň netijelerindendir we bu mesele ynsanyň pahyrlanmagyna we menlikli bolmagyna sebäp bolmaly däldir.
Jyn süresi, 18 we 19-njy aýatlar :
وَأَنَّ الْمَسَاجِدَ لِلَّهِ فَلا تَدْعُوا مَعَ اللَّهِ أَحَدًا ﴿١٨﴾ وَأَنَّهُ لَمَّا قَامَ عَبْدُ اللَّهِ یَدْعُوهُ کَادُوا یَکُونُونَ عَلَیْهِ لِبَدًا ﴿١٩﴾
<< we dogrudan-da metjitler alla degişlidir, onda perwerdigär bilen hiç kimi çagyrmaň // we haçanda allanyň bendesi (muhammet) ybadata duran mahaly uly halk onuň üstüne dökülerdiler. >>
Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: hudaý ýolunda jydam görkezmegiň nyşanlarynyň biriside şudyr welin metjitlerde we aýry ybadat jaýlarda alla ybadat edilmelidir we ondan başga her bir zat bolsa ol ybadat edijidir, magbut däldir . şol zamanda mäsjitilharamda we käbede durly butlar bardy we müşrükler, olara togap edýärdiler. häzirki ýagdaýda hem hristiýanlaryň klysalarda , isa mäsih (a.s)-i hudaýyň ogly adynda ybadat ediýändirler. taryhda gelşine görä hezreti resüly äkrem (s.w)-yň mäsjidülharamda namaza duran wagytlarynda müşrükler ol hezretiň daşyna halga gurup ony masgaralaýanmyşlar. olar galmagal- jenjel turuzyp ol hezretiň sesiniň ilata eşdilmeginiň öňüni aljak bolýanmyşlar.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- yslamda metjidiň orun-mertebesi ýokarydyr we metjitler ynsanlaryň eýeçiliginde däldirler eýsem hudaýa degişlidirler.
2- hiç haçan hiç kimi hudaýyň ýanynda karar berip ony allanyň hatarynda bilmek dogry däldir.
4- hudaýy ybadat edip oňa bende bolmak bütin kemalçylyklara we borçlara ýetmegiň başlangyjydyr. hezreti resuly äkrem (s.w) eger şeýle bir belend orna ýeten bolsa onuň diňe hudaýa bendelik etmegi üçindir.
Jyn süresi, 20, 21 we 22-nji aýatlar :
قُلْ إِنَّمَا أَدْعُو رَبِّی وَلا أُشْرِکُ بِهِ أَحَدًا ﴿٢٠﴾ قُلْ إِنِّی لا أَمْلِکُ لَکُمْ ضَرًّا وَلا رَشَدًا ﴿٢١﴾ قُلْ إِنِّی لَنْ یُجِیرَنِی مِنَ اللَّهِ أَحَدٌ وَلَنْ أَجِدَ مِنْ دُونِهِ مُلْتَحَدًا ﴿٢٢﴾
<< olara aýT: "men diňe öz perwerdigärimi çagyrýaryn we hiç kimi oňa şärik tutunmaýaryn” // (ýene) aýt: "men siz üçin hiç bir zyýanyň ýada peýdaň eýesi däldirin" // aýd: hiç kim allanyň garşysynda maňa penakär bolmaz we hergiz alladan gaýry meniň penakärim ýokdur" diýip. >>
Bu aýatlarda hudaý resuly, özüniň hudaý bilen bolan baglanşygyny bir tarapdan, ýene bir tarapdan hem özüniň ilat bilen bolan baglanşygyny beýan edip şeýle getirýär “ men hudaýyň bendesidirin diňe ony ybadat edýärin we özlerini hudaýyň şärigi bilýän zatlaryndan byzardyryn, egerde men hudaýyň permanyndan boýun gaçyrsam hiç kim meni onuň jezasyndan gorap başarmaz, men beýleki ynsanlar ýaly bir ynsandyryn we meniň başgalar bilen bolan parhym şudur welin men hudaýyň tarapyndan ilaty hak ýoluna çagyrmaklyga borçly bolandyryn, men öz tarapymdan size ne zyýan ne-de peýda ýetirip bilýän däldirin"
Şu aýatlaryň esasynda hudaý resuly , hudaýdan garaşsyz bolan rola eýe däldir we bütin gudratlar hem perwerdigäriň erkindedir. Eger perwerdigär bir zerer we zyýan ýada musybata yrada etse ol onuň öňüni alyp başarjak däldir. emma hudaýyň ýollan resuly hökmünde ondan şeýle bir zyýanyň öňüne geçmegini isläp başarýandyr we onuň islegi hem hudaý tarapyndan kabul boljakdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- pygamberleri pygamberçylyk ornuna ýetiren zat olaryň hudaýa bende bolup ony ybadat etmekleri we her hili şirkden gaça durmaklary bolandyr.
2- her kim ösüş we hidaýat ýoluny kabul etmese uly puşmanlyga we zyýana duçar boljakdyr.
3- ylahy kanunyň garşysynda hemmeler deňdirler we hiç kim parh goýuljak däldir hatda pygamberler hem allanyň permenyndan boýun gaçyrsalar olar hem allanyň gaharyndan aman galjak däldirler.
/////////////