bölüm 1052, süre Jyn, aýat 23-28
bölüm 1052, süre Jyn, aýat 23-28
راهی بسوی نور (1052)
Jyn süresi, 23 we 24-nji aýatlar:
إِلا بَلاغًا مِنَ اللَّهِ وَرِسَالاتِهِ وَمَنْ یَعْصِ اللَّهَ وَرَسُولَهُ فَإِنَّ لَهُ نَارَ جَهَنَّمَ خَالِدِینَ فِیهَا أَبَدًا ﴿٢٣﴾ حَتَّى إِذَا رَأَوْا مَا یُوعَدُونَ فَسَیَعْلَمُونَ مَنْ أَضْعَفُ نَاصِرًا وَأَقَلُّ عَدَدًا ﴿٢٤﴾
<< (meniň borjum allanyň wahysyny) size ýetirmekdir we allanyň bilen onuň resulunyň emrinden boýun gaçyrýanlar hökman jähennemiň oduna düşüp şonda hemişelik galjakdyrlar // wada berilen zady öz gözleri bilen görerler şonda kimiň ýaranlarynyň azdygyny we hemaýatçysynyň ejizdigini bilerler. >>
Tersleşik bildirýänleriň ýersiz ýere pygamberden bolan tamalarynyň garşysynda bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: pygamberleriň işi ylahy sargytlary ilata ýetirmekden ybaratdyr we olar ilatyň ünsüni özlerine çekmek üçin ylahy sargytlara bir zady öz ýanlaryndan artdyrmaga ýada azaltmaga hakly däldirler eýsem olar diöe ylahy wahyny kem-köstsiz ilata ýetirmelidirler we eger ilat olaryň pygamberçiliklerini inkär etseler bu işleriniň ýaramaz yzgelimleri hakda duýduryş bermelidirler.
kapyrlar we müşrükler, musulmanlary ejiz hasaplap olary harlaýarlar ýöne alla tagala şu dünýede hurlanan salyhy möminler ahrda gudrata ýetip jahana hökümet etjekdirler diýip wada berendir. Bu ylahy wadadyr we gurhany kerimiň mübärek nur süresiniň 55-nji aýatynda hem beýan edilendir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- pygamberleriň pygamberçiliklerini inkär edip olar bilen garşylaşmak hakykatda hudaýy inkär edip onuň bilen tersleşik bildirmek hökmündedir şu sebäpli bu mesele agyr jezany yzyna tirkejekdir.
2- hudaýyň salyhy bendeleriniň we imanly hur-humsylaryň baýar güýçlere üstem çykjakdyklary ylahy wadadyr .
3- içi boş gudratlara daýanmaýlyň olar özlerini ylahy yradanyň garşysynda gorap başarjak däldirler.
Jyn süresi, 25 we 26-njy aýatlar:
قُلْ إِنْ أَدْرِی أَقَرِیبٌ مَا تُوعَدُونَ أَمْ یَجْعَلُ لَهُ رَبِّی أَمَدًا ﴿٢٥﴾ عَالِمُ الْغَیْبِ فَلا یُظْهِرُ عَلَى غَیْبِهِ أَحَدًا ﴿٢٦﴾
<< aýt: wada berilen zadyň wagty golaýmy? Ýada perwerdigärim onuň zamanyny uzaklaşdyrypdyrmy? (diýip) // (ol) gaýypdan habarlydyr we hiç kimi özüniň gaýyp dünýäsinden habarly edýän däldir. >>
Geçen aýatda möminleriň kapyrlara üstem çykjakdyklary hakda hudaýyň beren wadasyna yşarat boldy. Bu aýatlar hezreti resuly äkrem (s.w)-e ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: kapyrlar ylahy wadalary masgaralap käbir sözleri aýtýarlar welin olaryň jogabynda şeýle di "penhan ylym hudaýa degişlidir we men bu wadaň haçan durmuşa geçjekdiginden habarly däldirin sebäbi hudaýlykly hekmet bolmasa alla hiç kimi öz ylmyndan ägä edýän däldir". Elbet eger ilat dünýede hudaýlykly gaharyň we jezaň haçan injekdigini bilselerdi onda olary synamagyň manasy boljak däldir, sebäbi ilat ylahy azabyň injek zamanyny bilseler şonuň esasynda öz ýagşy ýada ýaman işlerine bernama düzüp şol esasda amal etjekdirler. hakykatda biz öz işlerimiziň netijesine haçan paý-padaş ýada jeza beriljekdigini bilmesek şonda ylahy synaglar manaly boljakdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- pygamber bilmeýän zadyny açaçan ilata aýdyp "men bilmeýärin" diýmeklige borçlydyr . onda ynsanyň "men kä bir zatlary bilmeýän" diýip ykrar etmegi, oňa aýyp däldir.
2- barlyk diňe görünýän we duýulýan zat däldir köp zatlar hem gaýyp dünýäsine degişlidir ýöne hakykatda bardyr.
3- gaýyp ylmy hudaýa mahsusdyr we pygamberler öz ýanlaryndan geljek we gaýyp äleminden habarly däldirler .
Jyn süresi, 27 we 28-nji aýatlar:
إِلا مَنِ ارْتَضَى مِنْ رَسُولٍ فَإِنَّهُ یَسْلُکُ مِنْ بَیْنِ یَدَیْهِ وَمِنْ خَلْفِهِ رَصَدًا ﴿٢٧﴾ لِیَعْلَمَ أَنْ قَدْ أَبْلَغُوا رِسَالاتِ رَبِّهِمْ وَأَحَاطَ بِمَا لَدَیْهِمْ وَأَحْصَى کُلَّ شَیْءٍ عَدَدًا ﴿٢٨﴾
<< diňe özüniň saýlan pygamberi bolmasa (habarly etmez, şonda hem) olara esewan bolar ýaly öňlerinden we yzlaryndan garawullary belläp goýýandyr // tä allasynyň sargytlaryny (doly suratda) halka ýetirip bilsinler (alla) olaryň ýanyndaky zatlardan doly habarlydyr we her zady, sany bilen bilýändir. >>
Geçen aýatlara görä gaýyp ylmy hudaýa degişlidir we hiç kim ondan ägä däldir. Şol aýatlaryň dowamynda bu aýatlar käleri aýry edip şeýle permaýyş edýär: hudaýyň saýlan pygamberi, allanyň islegi bilen wahy arkaly gaýyp işlerden habarly bolup başarýandyr. mysaly gurhany kerimiň köp aýatlary grçen kowumlara degişlidir emma pygamber äkrem(s.w) taryhy kitaplar ýada taryh ýazyjylar bilen ara baglanşykda bolmazdan olary ylahy wahy arkaly bilip ilata ýetirendir.
Bu aýatlaryň dowamy ylahy pygamberleriň ylahy aýatlary alyp ilata ýetirmekde her hili ýalňyşdan amandyklaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: pygamberi, şeýtenlaryň , jyn we ynsyň şerinden gorap saklamak üçin käbir perişdeler allanyň tarapyndan borçly bolandyrlar we olar ylahy sargytlaryň kem-köstsiz ilata ýetirilmegini kantural edýändirler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- pygamberler hudaýyň islegi we yradasy bilen gaýyp äleminden habarly bolýandyrlar we şeýdip hem öz pygamberçilik wezipelerini ýagşy suratda ýerine ýetirýändirler.
2- perwerdigär öz pygamberlerine kämil suratda habardardyr we olar allanyň gözügçiliginde dogry we kämil suratda, allanyň wahy eden aýatlaryny ilata ýetirýändirler.
3-allanyň yradasy bilen pygamberler we öwliýalar bolmasa, özlerini gaýypdan habarly görkezip gelejekden habar berýän adamlar ýalançydyrlar.
4- hudaýyň ylmy hemme zady öz içine alýandyr.
////////////
Jyn süresiniň soňy