bölüm 1053, süre Müzzämmil, aýat 1-9
bölüm 1053, süre Müzzämmil, aýat 1-9
راهی بسوی نور (1053)
Müzzämmil süresi
Geçen gepleşikde jen süresiniň gürrüňniň soňlamagy bilen bu gün müzzämmil süresini başlamakçy. Mekgede inen bu süräň 20 aýaty bardyr. müzzämmil süresi gijelerinde gurhan talawat edip ybadat üçin oýanmaklygy we gündizlerinde ylahy borçlary ýerine ýetirmek ugurda taýýar bolmaklygy tabşyrmak bilen başlanyp süräniň dowamynda kapyrlaryň we müşrikleriň bildirýän tersleşmelerine sabyrly bolup olaryň garşysynda çydamly bolmagyň zerurlygyny tabşyrmak bilen dowam edýär.
Müzzämmil süresi, 1, 2, 3, 4 we 5-nji aýatlar:
یَا أَیُّهَا الْمُزَّمِّلُ ﴿١﴾ قُمِ اللَّیْلَ إِلا قَلِیلا ﴿٢﴾ نِصْفَهُ أَوِ انْقُصْ مِنْهُ قَلِیلا ﴿٣﴾ أَوْ زِدْ عَلَیْهِ وَرَتِّلِ الْقُرْآنَ تَرْتِیلا ﴿٤﴾ إِنَّا سَنُلْقِی عَلَیْکَ قَوْلا ثَقِیلا ﴿٥﴾
<< eý özüne dolanyp ýatan kişi! // gijäniň entejiginden galanyny oýa geçir // gijäň ýarysyny ýada (ýarysyndan) entejigini kem // (ýada entejik onuň ýarysyna) artdyr we gurhany dykgat bilen tärtil tärde oka // sebäbi biz basymlykda seniň (gursagyňa) agyr kelamy ( gurhanyň aýatlaryny) guýjakdyrys. >>
Bu aýatlar hezreti resuly äkrem (s.w)-e ýüzlenip aýdylandyr. Ol gijede egneşigini öz daşyna dolap dinç alyp durka perwerdigär oňa gijäň ýarysyny dinç al, ýarysynda hem ybadat we namaz üçin oýa bolup gurhan talawat et diýär. Perwerdigär bu tagat-ybadatdan soň hem öz agyr borjyňy berjaý kylmak diýmek ilaty hudaýa tarap we dogry ýola hidaýat etmek üçin taýýar bol diýip buýruk berýär. Bu aýatlar iki ýörite meseläni nygtaýar, birisi gijäň oňat salymlaryndan hudaýy ybadat etmek üçin peýdalanmak we ýene birisi hem gurhan talawat etmek we onuň aýatlarynyň manalary barada oýlanmakdyr. elbet gurhany, onuň aýatlary hakda oýlanmak bilen okamalydygy belli bir zatdyr şeýle bolan ýerinde, hudaýyň kelamyny diňlemeklik zerurlyklardandyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- yslamy medeniýetinde gije diňe dinç almak üçin däldir-de eýsem imanly ynsan gijäniň bir bölümini hudaýy ybadat etmeklige haslamalydyr.
2- ilaty hidaýat etmek borja eýe bolan pygamberler gijelerine oýanyp ybadat etmeklige borçly bolandyrlar. Şeýdip-de öz agyr jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmek üçin gerek bolan ruhy taýýarlygy elgerendirler.
3- namazdan aýry wagtlarda gurhan talawat etmeklik, onuň ynsanyň ruhynda galdyrýan gowy täsirleri galdyrýandygyny mälim edýändir.
Müzzämmil süresi, 6, 7, 8 we 9-njy aýatlar :
إِنَّ نَاشِئَةَ اللَّیْلِ هِیَ أَشَدُّ وَطْئًا وَأَقْوَمُ قِیلا ﴿٦﴾ إِنَّ لَکَ فِی اَلنَّهَارِ سَبْحًا طَوِیلا ﴿٧﴾ وَاذْکُرِ اسْمَ رَبِّکَ وَتَبَتَّلْ إِلَیْهِ تَبْتِیلا ﴿٨﴾ رَبُّ الْمَشْرِقِ وَالْمَغْرِبِ لا إِلَهَ إِلا هُوَ فَاتَّخِذْهُ وَکِیلا ﴿٩﴾
<< dogrudanda gijelerinde (ybadat üçin) oýanmak kyndyr, ýöne (ybadat) dogryrak we berkräkdir // we seniň gündizlerine gelim-gidimiň (we etmeli işleriň) köpräkdir // we perwerdigäriň adyny ýatlap diňe oňa könül bergin // ol gündogaryň we günbataryň perwerdigäridir we ondan özge alla ýokdur, bes diňe oňa töwekgel edip ony hemaýatçy bilgin. >>
Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar gijelerine oýa bolup namaz okap tagat- ybadatda bolmagyň täsirlerine yşarat edip şeýle permaýyş edýär: gijelerinde ýerine ýetirilýän ybadatlaryň galdyrýan täsiri gündizlerinde edilýän ybadatlardan köpräkdir sebäbi ynsan gijelerinde beýleki wagytlardan asudarak we rahatrak bolup onuň ruhy doga-dilegler üçin taýýarrak bolýandyr. elbet gijelerinde ukydan oýanyp namaza durmaklygyň aňsat däldigi we kynçylyk bilen hemradygy bellidir. ýöne gije oýanyp ybadat etmeklik, nefis isleglerine garşy göreşmek bilen hemra bolansaň ynsanyň beýleki nebs islegleriniň garşysynda yradasynyň berkimegine sebäp bolýandyr. bu gürrüňmize mysal getirer bolsak oraza tudýan adam bir aýyň boýunda iýmek- içmak ýaly lezzetleriň we nebs islegleriň garşysynda durum görkezýär we şeýdip hem özüni ýylyň boýunda , nebsiň haramy islegleriniň garşysynda durum görkezip başarmagy üçin taýýarlaýar.
Gurhany kerim ybadat we agşam namaz üçin gijelerine ukydan oýnaýan ynsanlar hakda sejde süresiniň 7-nji aýatynda hem şeýle permaýyş edýär: hiç kim allanyň olar üçin näme zatlary süýşürip goýandygyny bilýän däldir gijäniň ýarynda gurhan talawat etmeklik hem ynsanyň ruhynda we kalbynda köpräk täsir galdyrýandyr. ynsanyň gözi aýatlary görýär, dili bolsa şolary talawat edýär we gulagy hem hudaýyň kelamyny eşitýär şeýlelik bilen gijäniň ýarynda göz- gulak we dil bir-birleri bilen ugurdaş bolýarlar. Aýatlaryň dowamy ýene bir gezek hezreti resuly äkremiň gündizdäki agyr jogapkärçiligine yşarat edip şeýle permaýyş edýär: sen gündizine ilaty hudaýa tarap çagyryp olary dogry ýola hidaýat etmek we butparazlykdan we ýaramaz işlerden alyp galmak üçin talaşdasyň şol sebäpli hem seniň borjyň agyrdyr şeýle bir agyr işleri ýerine ýetirmek üçin hem ruhy taýdan kuwwatlanmak zerur bolup durýandyr. Onda gijelerinde oýanyp namaz okap gurhan talawat edip doga-dilegde bolmak bilen özüňi kuwwatlandyrmaly bolýarsyň, şeýdip hem gündizlerde çekýän zähmetleriň üçin gerek bolan taýýarçylygy gazanmaly bolýarsyň.
Ýörite şertlere mätäç bolan namaz we ybadat şeýlede gurhany talawatyndan daşgary aýatlaryň dowamynda ýene şeýle gelýär: gündiziň boyunda haçan-da pursat tapsaň we her hal-ýagdaýda bolsaň hudaýyň ýadynda bolup zikir aýt şeýdseň hudaýdan başga bolan zatlar senden daş boljakdyr we sen diňe asman we zeminiň perwerdigärine we günbatardyr gündogar onuň hökmürowanlygynyň astynda bolan perwerdigäre ýürek baglajakdyrsyň dogrudan-da diňe ol älem-jahanyň häkimidir we diňe ol ybadat edilmäge ylaýykdyr we şonda başga hiç kim ynsan üçin daýalga bolup başarjak däldir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1-iki ýüzli bolmakdan daş bolup pes pällik bilen gijelerine oýanypda ýerine ýetirilýän ybadatyň ynsanyň ruhynda galdyrýan täsiri köpräk bolýandyr.
2- gijelerinde hudaý bilen arabaglanşykda bolmaklyk, gündizlerine ýeňiş gazanmak üçin gereklidir we şeýle bir baglanşyk hem gijelerinde ýerine ýetirilýän ybadatdan we okulýan gurhandan hasyl bolýandyr.
3- hudaýyň zikri we ýady bilen bolmak, beýlekilerden tamaň özülmegine sebäp bolup hudaýa ýürek baglamaklyga şert döredýändir.
4- beýlekilere daýanmagyň ýerine hudaýa töwekgel etmek, akly bilen sazdaşdyr. sebäbi gündogar bilen günbataryň hemmesi perwerdigäriň hökmürowanlygynyň astyndadyrlar.
/////////////