bölüm 1054, süre Müzzämmil, aýat 10-20
bölüm 1054, süre Müzzämmil, aýat 10-20
راهی بسوی نور (1054)
Müzzämmil süresi, 10, 11, 12, 13 we 14-nji aýatlar:
وَاصْبِرْ عَلَى مَا یَقُولُونَ وَاهْجُرْهُمْ هَجْرًا جَمِیلا ﴿١٠﴾ وَذَرْنِی وَالْمُکَذِّبِینَ أُولِی النَّعْمَةِ وَمَهِّلْهُمْ قَلِیلا ﴿١١﴾ إِنَّ لَدَیْنَا أَنْکَالا وَجَحِیمًا ﴿١٢﴾ وَطَعَامًا ذَا غُصَّةٍ وَعَذَابًا أَلِیمًا ﴿١٣﴾ یَوْمَ تَرْجُفُ الأرْضُ وَالْجِبَالُ وَکَانَتِ الْجِبَالُ کَثِیبًا مَهِیلا ﴿١٤﴾
<< We (duşmanyň) aýdýan zatlaryna sabyrly bol we ýagşy suratda olardan ýüz öwrüp olardan araňy aç // we meni, tekzip ediji baýar adamlar bilen öz erkime goý we olara azajyk pursat ber // elbetde biziň ýanymyzda jähennemiň tutaşyp duran ody bilen zynjyrlar bardyr // we bokurdakdan geçmeýän tagam bilen elhenç azap bardyr // şol günde ýer we dag lerzana düşip daglar çäge ýaly süýşip gitjekdirler. >>
Geçen gepleşikde hezreti resuly äkrem (s.w)-yň gijelerinde oýanyp gurhan talawat etmegi, nýaza we ybadat bilen maşgul bolmagy we şonuň bilen hem öz agyr borjyny amala aşyrmak ugurda taýýarçylyk tapmagy barada gürrüň boldy. indi bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: ilaty hudaýa tarap çagyrmagyň garşysynda käler masgaralamak we harlamak bilen hezreti resuly äkrem (s.w)-yň garşysynda durýarlar ýöne ol hezretleri olaryň garşysynda sabyrly bolup açyk göwün we giň gursak bolup şolaryň işlerinden geçmelidir. sowaş toplumynda akyl bilen diniň hökmi boýunça duşmanlara gaýtawul görkezilmelidir. Emma dogra çagyryp hidaýat etmek tapgyrda pygamberler we olara eýerýän adamlaryň tersleşik görkezýänler bilen özleri ýaly çemeleşmegiň ýerine olaryň garşysynda sabyrly bolup ylaýyk suratda olardan çekeräk durmaklary gereklidir we olary öz ýagdaýlaryna goýmalydyrlar. elbetde tersleşik bildirýänleri öz hallaryna goýmagyň manasy pygamberçylyk wezipesini terk etmek manasynda däldir eýsem olara öz duşmançylyklaryndan saklanmaklary üçin mölet bermekdir şeýle bir iş bilen olaryň öz pitnelerinden we duşmançylykly işlerinden saklanmaklary mümkindir.
Eger möhlet bermek we oňşarnykly ýollardan çykyş etmek bilen olar ýenede duşmançylyk edip haka garşy dursalar olar üçin dowzahda güýçli azaplar taýýar edilendir şol günde hatda azamatly daglar hem owranyp, tommaryp duran çäge ýaly ýel bilen pytrap gitjekdirler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- garşylar tarapyndan ýola goýulýan we aýdylýan ýaramaz sözler we çykyşlar we masgaralanmak ýaly işler bilen çemeleşmegiň ýoly sabyrly bolmakdyr, ne olaryň özi ýaly bolup gaýtawul görkezmelidir nede hak ýolundan el çekmelidir.
2- ýaramaz sözleri aýdyp dil bilen dalaýan adamlaryň gaşysynda ylaýyk we ýagşy suratda gyraga çekilip olary hudaýa tabşyrmalydyr.
3- köp mümkinçiliklerden we baýlykdan paýly bolmaklyk, pygamberleri we dinleri tekzip etmeklige şert döredýändir we taryh boýunda hem müşrikleriň we kapyrlaryň başlyklary umuman köpçüligiň baranda gatlaglaryndan bolandyrlar.
Müzzämmil süresi, 15, 16, 17, 18 we 19-njy aýatlar:
إِنَّا أَرْسَلْنَا إِلَیْکُمْ رَسُولا شَاهِدًا عَلَیْکُمْ کَمَا أَرْسَلْنَا إِلَى فِرْعَوْنَ رَسُولا ﴿١٥﴾ فَعَصَى فِرْعَوْنُ الرَّسُولَ فَأَخَذْنَاهُ أَخْذًا وَبِیلا ﴿١٦﴾ فَکَیْفَ تَتَّقُونَ إِنْ کَفَرْتُمْ یَوْمًا یَجْعَلُ الْوِلْدَانَ شِیبًا ﴿١٧﴾ السَّمَاءُ مُنْفَطِرٌ بِهِ کَانَ وَعْدُهُ مَفْعُولا ﴿١٨﴾ إِنَّ هَذِهِ تَذْکِرَةٌ فَمَنْ شَاءَ اتَّخَذَ إِلَى رَبِّهِ سَبِیلا ﴿١٩﴾
<< siziň (amalaryňyza) şaýat bolar ýaly size tarap pygamberi iberdik (mundan ozal hem) Fyrownyň üstüne pygamber iberşimiz ýaly // (ýöne) Fyrown biziň iberen pygamberimiz bilen tersleşdi, bes biz ony güýçli azaba giriftar etdik // siz hem şeýtseňiz nähili özüňizi -çagany garradýan- günüň azabyndan gorap bilersiňiz? // asman şol günüň azabyndan gorkup böwsiler (onda bilip goýuň) allanyň wadasy hükmanydyr // dogrudanda bu (aýatlar) bir duýduryşdyr, onda her kim islese (bu aýatlara) daýanyp öz perwerdigärine tarap ýoluny tapsyn. >>
Bu aýatlar müşrüklere we kapyrlara ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: näme üçin musa we fyrownyň geçmişlerinden ybrat almaýarsyňyz? Meger fyrown we onuň ýaranlarnyň hezreti musa (a.s)y tekzip edip dünýede nähili azaplara duçar bolandyklaryny görmediňizmi? Siz özüňizi dünýe we ahyretde boljak ylahy jezadan aman görýärsiňizmi?ol gün şeýle bir agyr we ekhenç gündir welin çagany garrydyp asmanlary böwüsjekdir, siz bu wadalaryň içi boş mykam diýip guman etmäňiz, bu her bir işe gudratly bolan we jahanyň perwerdigäriniň wadasydyr we onda şek şübhe ýokdur. Onda ömrüňiz gutaryp giç bolmanka, öz ýoluňyzy saýlaň we bilip goýuň perwerdigär mejburlykda sizi dogry ýola saljak däldir. eýsem siziň özüňiz, ygtyýar bilen haky tanap ony saýlamalysyňyz.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- pygamberler diňe öz ymmatlaryny hak ýoluna tarap ýolbaşçylyk edýän däldirler olar şolaryň işlerine hem güwä we şaýatdyrlar. Hezreti resuly äkrem (s.w)-yň öz ymmatyna şaýat we güwä bolşy ýaly.
2- geçmişdäkileriň taryhy geljekkiler üçin çyra ýalydyr we olar şondan ybrat almalydyrlar .
3- kapyrlar üçin kyýamatda ylahy jezadan gutulmak üçin ýol we gaçalga ýokdur.
4- pewerdigär ynsany azat ýaradyp ondan öz erk- yradsy bilen hak ýoluny saýlap hudaýa tarap öwrülmegini isländir.
Müzzämmil süresi, 20-nji aýat:
إِنَّ رَبَّکَ یَعْلَمُ أَنَّکَ تَقُومُ أَدْنَى مِنْ ثُلُثَیِ اللَّیْلِ وَنِصْفَهُ وَثُلُثَهُ وَطَائِفَةٌ مِنَ الَّذِینَ مَعَکَ وَاللَّهُ یُقَدِّرُ اللَّیْلَ وَالنَّهَارَ عَلِمَ أَنْ لَنْ تُحْصُوهُ فَتَابَ عَلَیْکُمْ فَاقْرَءُوا مَا تَیَسَّرَ مِنَ الْقُرْآنِ عَلِمَ أَنْ سَیَکُونُ مِنْکُمْ مَرْضَى وَآخَرُونَ یَضْرِبُونَ فِی الأرْضِ یَبْتَغُونَ مِنْ فَضْلِ اللَّهِ وَآخَرُونَ یُقَاتِلُونَ فِی سَبِیلِ اللَّهِ فَاقْرَءُوا مَا تَیَسَّرَ مِنْهُ وَأَقِیمُوا الصَّلاةَ وَآتُوا الزَّکَاةَ وَأَقْرِضُوا اللَّهَ قَرْضًا حَسَنًا وَمَا تُقَدِّمُوا لأنْفُسِکُمْ مِنْ خَیْرٍ تَجِدُوهُ عِنْدَ اللَّهِ هُوَ خَیْرًا وَأَعْظَمَ أَجْرًا وَاسْتَغْفِرُوا اللَّهَ إِنَّ اللَّهَ غَفُورٌ رَحِیمٌ ﴿٢٠﴾
<< aslynda perwerdigär sen we saňa eýerýänleriň gijelerinde oýanyp gijäniň üçden ikisini ýada ýarysyny ýada üçden birisini ybadat edýändiklerini bilýändir. Gije-gündiziň hasaby allanyň ýanyndadyr we ol onuň hasabyny dykgat bilen bilmeýändiňizi hem bilýändir, bes ol sizi bagyşlady, indi gurhandan bilýänjäňizi okaň, basymlykda araňyzda hasta adamlar bolar ýene bir topar adam hem allanyň pazlyndan (öz ryzyklaryny gowalap) sapara giderler. Ýene bir topary hem allanyň ýolunda jyhat ederler (gurhanyň talawatyndan galarlar) onda siz başardyňyzdan (olaryň ýerine hem) talawat ediň we namaz okap zekat beriň we ( allanyň ýolunda sadaka berip) allaga ýagşy garz beriň we öňünden ýagşy işlerden alla tarap iberýän zatlaryňyza gowy suratda uly serpaý beriler we alladan ýalkaw diläň (sebäbi) dogrudanda ol ýalkawçy mähribandyr.>>
Gurhany kerimiň müzzämmil süresiniň soňy bolan bu aýatda gijelerde adamlaryň öz jismi kuwwatlary we iş ýagdaýlaryna görä gurhan talawat etmekleri tabşyrylýar şeýlede namaz, zekat we ynfak meseleleri hem nygtalýar. soň gysga emma kämil ybaratda şeýle gelýär: her bir haýyr işi etseňiz hudaýyň ýanynda galyp kyýamatda hudaýyň tarapyndan uly paý-padaş oňa haslanjakýar. soňda bu aýatyň dowamynda şeýle gelýär: eger siz ýalňyşyp günä eden bolsaňyz ýalkaw diläň we perwerdigär siziň günäleriňizi geçjekdir we sizi özüniň lutfy merhemetine saljakdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- yslam kämil dindir. gijelerde we gündizlerde ybadat etmek, garyp-gasarlara ýetişikli edilmek , ýagşy işleri amala aşyrmak şeýlede beýleki degişli meseleler ynsanlaryň ýaşaýşynda göz öňüne alynandyr.
2- diniň boýruklary adamlaryň ýagdaýlaryna görädir we yslamda ynsanyň ýagdaýyndan we güýjinden artyk teklip ýokdur.
3- halal maly gazanmak ugurda talaş etmek her çen kynçylyk bilen hemra bolýan bolsada yslamda kabul edilýändir we adamlara ylahy pazylat hem hasaplanýandyr.
4- ynsanyň ýagşy işleri hudaý ýanynda saklanyandyr we hiç mahal aradan aýrylýan däldir.
////////////
Müzzämmil süresiniň soňy