Jan 31, 2026 09:26 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1055, süre Müddässir , aýat 1-14

bölüm 1055, süre Müddässir , aýat 1-14

راهی بسوی نور (1055)

Müddässir süresi

Geçen gepleşikde müzzämmil süresiniň gutarmagy bilen bu gepleşikde müddässir süresini başlamakçy. bu sürä Mekgi sürelerdendir we onuň 56 aýaty bardyr. müfässerleriň nazarlaryna görä , hezreti resuly äkerm (s.w) öz boýruguny äşgär suratda beýan etmeli bolanda bu sürä ol hezrete inendir. bu sürede beýleki Mekgi süreler ýaly ölümden soň direlmek , kyýamat , şyrky garşy göreşmek we şu ýolda berk bolmak ýaly meseleler hakda gürrüň bolandyr. bu sürede şeýlede dowzahylaryň sypatlaryna hem yşarat bolýar.

Müddässir süresi, 1, 2, 3, 4, 5, 6 we 7-nji aýatlar:

یَا أَیُّهَا الْمُدَّثِّرُ ﴿١﴾ قُمْ فَأَنْذِرْ ﴿٢﴾ وَرَبَّکَ فَکَبِّرْ ﴿٣﴾ وَثِیَابَکَ فَطَهِّرْ ﴿٤﴾ وَالرُّجْزَ فَاهْجُرْ ﴿٥﴾ وَلا تَمْنُنْ تَسْتَکْثِرُ ﴿٦﴾ وَلِرَبِّکَ فَاصْبِرْ ﴿٧﴾

<< eý egin-eşigine bürenip ýatan kişi! // tur we duýduryş bir // we perwerdigäriňi ulula // we egin-eşigiňni arastala // hapalyklardan daş dur // we minnet goýma we zyýada talap bolma // we perwerdigäriň üçin sabyrly bol. >>

Bu aýatlar hezreti resuly äkrem (s.w)-e ýüzlenip inendir we ol hem ýaşrynlykda çagyrmaklygyň soňuna ýetip ol hezretiň öz çakylygyny äşgär etmeklige boýrukly bolan zamanyna degişlidir. ol äşgär suratda ilata duýduryş bermek üçin aýaga galmaly bolýar we eger butparazlygy dowam berip ýaramaz işlerden el çekmeseňiz erbet yzgelimlere duçar boljakdyrsyňyz diýip müşrükleri we kapyrlary gorkuzmaly bolýar. ol şeýlede perwerdigäriň adyny ululdyp ýalan magbutlary hem batyl yglan etmeli bolýar. Şeýlede şirik we butparazlyga degişli bütin nyşanalary aýryp beýleki atlaryň hudaýyň adynyň ýanynda tutulmagyna garşy göreşmeli bolýar. namazy tekbir we alla äkber aýtmak bilen başlamalydyr. Alla tagalany wasyp etmekden ulurak bilmelidir we mekge ilatyna ybadatyň diňe hudaý üçin bolmalydygyny belli etmeli bolýar. perwerdigäriň öz prgamberine bolan soňky permany, özüni ýüzleý suratda we içgin tarapdan her bir bulaşykdan päkläp arastalamagydyr .

Şeýle bolan ýagdaýynda onuň kelamy ilatyň ýüregine ornap çakylygy täsirli boljakdyr şeýlede pygamber(s.w) hudaýyň gahar-gazabyna sebäp boljak her bir işden gaça durup özüni ýaramazlyklardan daşda saklamalydyr.

Aýatlaryň dowamy ol hezreti hudaýa we beýlekilere her hili minnet goýmakdan saklanmaklyga çagyryp şeýle permaýyş edýär: hudaýy ybadat edýäniň üçin perwerdigäre minnet goýma we öz ýagşy işleriňi ulatma eýsem hudaýa şukurly bolmalydyr bu aýatlarda ýene şeýle gelýär: ylahy borçlary ýerine ýetirmek ýolda käbir kynçylyklaryň we agyr ýagdaýlaryň bolmagy tebigydyr we onuň üçin sabyrly we çydamly bolmalydyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanlar köp howplar we ýalňyşlyklar bilen duş bolýandyrlar we hakykatda ylahy pygamberleriň aýaga galmaklary ilaty oýandyrmak we olara dünýede we ahyretde bar bolan durly howuplar barada duýduryş bermekdir.

2- ululyk hudaýa degişlidir elbet her kimiň ýanynda hudaý uly bolsa beýlekileriň onuň huzurynda kiçi boljakdygy belli bir zatdyr we ol hiç kimi hudaýdan ýeg görjek däldir.

3- imanyň gerekligi hemä ýüzleý taýdan päklenmek hemde magnawy arastalykdan we ýürek päkliginden paýly bolmakdyr.

4- hudaýy ybadat edip ynfak etmegimiz üçin hudaýa minnet goýmak barada esewan bolalyň şeýlede ilata hyzmat etmek üçin olara minnet goýmaly däldiris.

 

Müddässir süresi, 8, 9, 10, 11, 12, 13 we 14-nji aýatlar:

فَإِذَا نُقِرَ فِی النَّاقُورِ ﴿٨﴾ فَذَلِکَ یَوْمَئِذٍ یَوْمٌ عَسِیرٌ ﴿٩﴾ عَلَى الْکَافِرِینَ غَیْرُ یَسِیرٍ ﴿١٠﴾ ذَرْنِی وَمَنْ خَلَقْتُ وَحِیدًا ﴿١١﴾ وَجَعَلْتُ لَهُ مَالا مَمْدُودًا ﴿١٢﴾ وَبَنِینَ شُهُودًا ﴿١٣﴾ وَمَهَّدْتُ لَهُ تَمْهِیدًا ﴿١٤﴾

<< onda Sur çalynan mahaly // şol gün gaty ýowuz gün bolar // we kapyrlara aňsat gün bolmaz // meni , ýaňyzlykda ýaradanym bilen ýeke galdyr // we oňa gaty köp mal berdim // we hemişe ýanynda taýýar bolan ogullary berdim // we (her zatdan) nygmatlary onuň üçin taýýarlap goýdym. >>

Bu süräniň ikinji aýatynda gorkuzmak we duýduryş bermek permany gelendir. bu aýatlar ylahy duýduryşlaryň kälerine yşarat edip şeýle permaýyş edýär: kyýamat dikelen mahaly kapyrlar we münkirler üçin agyr we elhenç gün boljakdyr. Sebäbi olar haky eşdip düşünipde ony kabul etmäge taýyn bolan däldirler. soň gurhan hezreti resuly äkrem (s.w)-yň döwründe bar bolan garşylyk görkezýän Wälid ebnI mugaýra yşarat edýär ol guryýşyň başlyklaryndan bolan müşrük adamdy. hudaý tagala ýaňky aýatlaryň dowamynda şeýle permaýyş edýär: perwerdigär oňa köp baýlygy we perzentleri berip onuň asudalygyna gerek bolan mümkinçilikleri taýýarlapdi. Ýöne şonda-da ol ylahy dergähe şükürli bolmagyň deregine kapyrlyk edip hudaýyň resulunyň garşysynda durdy we hudaý resuluny jadygöý diýip atlandyrýardy , ol şeýlede ilaty pygamber äkremiň sözlerini diňlemekden alyp galýardy.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- öz baýlyklarymyza menliklenip pahyrlanmalyň biz bir gün dünýä gelip bir gün hem gaýtjakdyrys we hiç bir zady özümiz bilen äkitjek däldiris. bu meseläni unutmalyň ýeke we elimiz boş dünýä gelendiris we ýekelikde eli boş hem dünýäden gaýtjakdyrys.

2- kyýamat haky inkär edip kapyr bolýanlara agyr we elhenç boljakdyr.

3- pygamber äkrem (s.w) wahy sargytlary ilata ýetirmeklige borçlydyr we onuň garşysynda durýan kapyrlaryň jezasyny hudaýa tabşyrmalydyr.

 

//////////////