Jan 31, 2026 09:48 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1063, süre Ynsan, aýat 12-22

bölüm 1063, süre Ynsan, aýat 12-22

راهی بسوی نور (1063)

Ynsan süresi, 12, 13, 14, 15, 16, 17 we 18-nji aýatlar:

وَجَزَاهُم بِمَا صَبَرُوا جَنَّةً وَحَرِيراً (12) مُتَّكِئِينَ فِيهَا عَلَى الْأَرَائِكِ لَا يَرَوْنَ فِيهَا شَمْساً وَلَا زَمْهَرِيراً (13) وَدَانِيَةً عَلَيْهِمْ ظِلَالُهَا وَذُلِّلَتْ قُطُوفُهَا تَذْلِيلاً (14) وَيُطَافُ عَلَيْهِم بِآنِيَةٍ مِّن فِضَّةٍ وَأَكْوَابٍ كَانَتْ قَوَارِيرَا (15) قَوَارِيرَ مِن فِضَّةٍ قَدَّرُوهَا تَقْدِيراً (16) وَيُسْقَوْنَ فِيهَا كَأْساً كَانَ مِزَاجُهَا زَنجَبِيلاً (17) عَيْناً فِيهَا تُسَمَّى سَلْسَبِيلاً (18)

<< we olar eden sabyrlary üçin olara jennet bilen ýüpekden dokalan lebaslar padaş berildi // olar şol ýerde tagtlara ýaplanyp ýaşarlar olar ne günüň şöhlesinden azar görerler ne-de howaň sowuklygyndan // we agaçlaryň kölegesi olara ýakyn we miweleri hem olaryň el ýeterlikindedir // olaryň daşyndan imitden doly kümüş gap-gaçlar şeýlede içgilerden doly süýşe jamlar aýlanyp olara hödür-kerem ediler // Şol kümüş gap-gaçlar gözel suratda ýasalyp munasyp ölçegde bejerlendirler //şol ýerde içine zänjäbil gatylyp taýýarlanan içgiler olara içiriljekdir //"Selsebil" diýlip atlandyrlan çeşmeden içiriljekdirler. >>

Geçen gepleşikde Öwliýalaryň we Erenleriň boluşlaryna yşarat boldy olar özleri mätäç bolsalarda damaklaryny goly dar adamlara bagyşlap 3 gün yzly-yzyna agyzlaryny , suw bilen açdylar. bu aýatlar şol ýagşy kişileriň paý- padaşlaryna yşarat edip şeýle diýýär: olaryň kyýamatdaky orunlary nygmatdan doly bolan behiştdir, Sebäbi olara öz nebs islegleriniň garşysynda durum görkezip sabyrly boldular we öz gerek zatlaryny mätäçlere bagyşladylar we şolardan hiç hili gadyrdanlyga hem garaşmaýardylar. esasan ylahy paý-padaşlar ynsana onuň sabyr we çydam görkezmegi babatly berilýändir. Hudaýyň adam ogluna belli eden teklipleriniň garşysynda sabyrly bolmak haram lezzetler barabarynda sabyr edip durum görkezmek şeýlede ynsana ýedýän musybatlar we kynçylyklaryň garşysynda sabyrly bolmak şol sandandyr. Bu aýatlar behiştileriň ýaşajak mekanlarynyň bir bölümine yşarat edip şeýle permaýyş edýär : olar doly asudalykdan we rahatlykdan paýly bolan ýakymly howaly mekanda ýaşaýandyrlar ne güneşiň yssysy olara ezýet berjekdir nede agyr sowuklar olary ynjytjakdyr. Ýüpekden bolan egin-eşiklerden haýyrlanyp haýbatly we gözel tagtlara ýaplanyp doly asudalykdan paýlydyrlar. olar behiştiň gözelliklerinden hezil alýarlar we tagtlarynyň astynda akarlar rowanadyrlar, ýaşyl we belent agaçlar olara kölege berip şol agaçlaryň miwesi hem olaryň el ýeterindedir. Miweleri ýygmak olara rahatdyr we miweleri ýyganlarynda tiken olaryň ellerine ötjek däldir we hatta miweleri ýygmak üçin herekete düşüp talaş etmeklik hem gereklidir. perwerdigär perişdeleri gözel ynsanlaryň suraty bilen , behiştileri garşy alyp durmaklyga buýrukly edendir. Olar elmydam durly hilli imitler we içgiler bilen behiştileri garşy alyp durandyrlar. Kömüşden bolan duryja gözel jamlar bilen düregei içgiler bilen behiştilere gonak darlyk edýändirler . elbet gurhanda we rowaýatlarda yşarat bolan nygmatlara meňzeş nygmatlar bu dünýede ýokdur we gurhan , ynsanyň zehini we pikrini bu nygmatlar bilen tanyş etmek üçin olaryň kälerini sanap kä ýüriteliklere yşarat edýändir. Bu aýatlar şol behiştdäki içgileriň birine yşarat edip şeýle permaýyş edýär : bulur ýada şol süýşeden bolan jamlarda Selsebil adly çeşmeden ýakymly isli içgiler taýýarlanyp behiştilere hödürlenýändir we behişti adamlar şondan hezil alyp içýändirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- hudaý ýolunda öz wezipelerini ýerine ýetirip sabyrly bolýanlara ylahy paý- padaşlar bardyr.

2- jisimiň razylygy we ruhyň asudalygy , allanyň behiştilere berjek uly paý-padaşydyr we Erenler we öwliýalar şondan paýly boljakdyrlar.

3- behiştiň howasy diseň ýakymlydyr, ne sowuk nede yssydyr.

4- behiştde hyzmatkärler bardyr we olar elmydama behiştilere hyzmat edip olaryň gerekliklerini üpjün edýändirler.

Ynsan süresi, 19, 20, 21 we 22-nji aýatlar:

وَيَطُوفُ عَلَيْهِمْ وِلْدَانٌ مُّخَلَّدُونَ إِذَا رَأَيْتَهُمْ حَسِبْتَهُمْ لُؤْلُؤاً مَّنثُوراً (19) وَإِذَا رَأَيْتَ ثَمَّ رَأَيْتَ نَعِيماً وَمُلْكاً كَبِيراً (20) عَالِيَهُمْ ثِيَابُ سُندُسٍ خُضْرٌ وَإِسْتَبْرَقٌ وَحُلُّوا أَسَاوِرَ مِن فِضَّةٍ وَسَقَاهُمْ رَبُّهُمْ شَرَاباً طَهُوراً (21) إِنَّ هَذَا كَانَ لَكُمْ جَزَاء وَكَانَ سَعْيُكُم مَّشْكُوراً (22)

<< we olaryň daşynda (hiç mahal garramaýan) ýaş oglanlar hyzmat üçin aýlanyp durarlar haçan-da olara gözüň düşende, çaşan merwerler ýaly bolup görner. // we şol mekana ser salaňda bol nygmatly bir giň ýurdy görjeksiň // olar ýüpekden dokalan ýaşyl reňkli galyň egin-eşegleri giýnip kümiş bizelikler bilen özlerini bezändirler we perwerdigärleri olary päk içgileri içirdip sylaýandyr // Bu, size bolan padaşdyr we siziň eden talaşyňyz kabul bolandyr. >>

Bu aýatlar , behiştdäki hyzmatkärleri wasyp edip şeýle permaýyş edýär: olar ýaş we gözel keşipden paýlydyrlar we elmydam doly şowhunlyk bilen merwer ýaly behiştileriň daşyndan aýlanyp olara hyzmat edýändirler .  bu aýatlaryň dowamynda şeýle getirilýäär: Behiştiler bir hili ýaradylandyrlar welin olar hiç mahal ynsanyň gözünden gaçýan däldirler we biz ynsanlar üçin hemişe täzeligi bardyr. we perwerdigär , behiştilere bir hili ýaşaýyş bagyş edendir welin onuň çägi ýokdur şeýlelik bilen behiştiler wasyp edip bolmajak ýagdaýa duş boljakdyrlar. aýatlaryň dowamy behiştileriň eşiklerine yşarat edip şeýle permaýyş edýär: eşikleri ýüpekdendir we bizelikleri hem gözleri gamaşdyrjydyr we olar göýä padyşalar ýaly hezzetden we hurmatdan paýly boljakdyrlar. Geçen aýatlarda , behişti sagylar arkaly hödürlenýän ýakymly içgilere yşarat bolsada bu aýatlar tähur şeraba yşarat edýär we perwerdigär bu içgi bilen behiştileri gandarýar bu ozalky içgiler bilen deňärli däldir sebäbi ol sagy behiştiň hyzmatkärleri däldir-de eýsem perwerdigäriň özidir. Bu tähur we päk şerap behiştileriň ruhlaryny her hili näpäklikden we bulaşyklardan arastalap saplaýandyr. Dünýedäki şeraplar ynsanyň aklyna zyýan ýetirip ony zaýalaýan bolsa bu tähur şerap hapalyklary ýok edip ynsany , perwerdigäriň dergähine ýakynlaşdyrýandyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwreýän sapaklary:

1- behiştiler padşalar ýaly uly we gözel baglarda ýaşaýandyrlar olar haýbatly hökmetden we sultanlykdan paýly bolup ýurt çäkleri hem ýaýbaňdyr hyzmatkärler hem elmydama olara hyzmat edip olaryň asudalygynyň esbap şaýlaryny taýýarlaýandyrlar.

2- mätäçlere we goly darlara gözegçilik edýän adamalar goly darlardan minnetdarlyk tamasyny etmeli däldirler. eýsem alla tagaladan tamakin bolmalydyrlar.

3- perwerdigär älemdäki nygmatlaryň hemmesiniň eýesidir we haçan onuň razylygy üçin talaş etsek ol hem bizden gadyrdanlyk etjekdir.

 

////////////